Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Garaşsyz Türkmenistan düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.
Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan täze ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýar. Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri durnukly derejede saklanýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen kynçylyklara garamazdan, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,1 göterim möçberde saklanylmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde bellenilişi ýaly, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge, pudaklaryň işine täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hut şunuň özi hem Türkmenistanyň ähli görkezijiler boýunça ösüşiň täze derejesine çykmagyny üpjün edýär.
Mälim bolşy ýaly, giňişleýin mejlisde ähli ugurlar, Diýarymyzyň welaýatlarynyň ýeten sepgitleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşmalar boldy. Aýratyn-da, döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda we gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijelerine ünsi çekip, bu pudaklaryň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmeginiň zerurdygyny belledi. Mejlisiň dowamynda: “Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli gurluşygynyň tamamlanmagy meýilleşdirilýän hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan binalaryň we desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmegi, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynda möhüm hasaplanylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini, şol sanda sementi, demir gurnamalaryny, köp mukdarda timarlaýyş serişdelerini öndürýän kuwwatly senagaty döretmek häzirki zamanyň möhüm talaby bolup durýar. Milli Liderimiziň bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak barada beren tabşyryklary ykdysadyýetimiziň gurluşyk ulgamynyň sazlaşykly ösüşini üpjün eder.
Häzirki döwürde dünýäniň köp döwletlerinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar zerarly, gurluşyk we önümçilik işleriniň depginleri pese düşdi. Iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi togtadyldy. Munuň özi gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň işine ýaramaz täsirini ýetirýär.
Biziň ýurdumyzda pandemiýa ýokanjyna garşy öz wagtynda we netijeli göreş çäreleriniň geçirilmegi bilen COVID-19-yň ýetirip biljek zyýanynyň öňi alnyp, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly işi dowam etdirilýär. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýylyň alty aýynda ýurdumyzda 32 sany iri desganyň, meýdany 325 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup, ulanmaga berlendigini aýratyn bellemek gerek.
Milli gurluşyk ulgamynda senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, durmuş ulgamyna degişli beýleki desgalaryň bina edilmegine möhüm ähmiýet berilmegi milli Liderimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyny nazarlaýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Ýeri gelende aýtsak, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bina edilýän dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesi utgaşdyrylýar.
Şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň gönüden-göni tagallasy bilen oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda pagtanyň we bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Ýurdumyzyň gallaçy kärendeçileriniň yhlasly zähmeti netijesinde, 1 million 400 müň tonna däne hasylynyň ýygnalyp alynmagy döwletimizde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegini kepillendirdi.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çig mal känleriniň ýeterlik bolmagy mineral dökünleri öndürýän täze zawodlary gurmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa, milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýerden goşmaça hasyl almagyň, oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda dökünler bilen üpjün etmegiň gözbaşydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek, döwlet kärhanalaryny kem-kemden hususylaşdyrmak ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşini üýtgetmek döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda elektron senagatyny döretmek, munuň üçin bolsa degişli hünärmenleri taýýarlamak meseleleriniň wajypdygyny nazarda tutup, hormatly Prezidentimiz bu ugurda zerur işleriň geçirilmelidigini, elektron senagatyny ösdürmegiň wezipeleriniň oňyn çözülmelidigini esasy ugur hökmünde kesgitledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda, aýratyn-da, elektron senagatyny ösdürmekde ähmiýetlidir.
Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz dünýäde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy sebäpli, ulag kärhanalarynyň häzirki kynçylykly döwürde birnäçe çäklendirmelere sezewar bolandygyny aýdyp, ýurdumyzyň ulag ulgamyna degişli edaralaryna döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigini aýtdy. Munuň özi degişli pudaklaryň dolandyryş düzümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmekde has-da möhümdir. Şeýle hem milli Liderimiz degişli düzümlere häzirki zaman tehnologiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda zerur teklipleri taýýarlamak barada anyk görkezmeleri berdi. Bu bolsa häzirki çylşyrymly döwürde degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmegine kömek eder.
Dünýäde pandemiýa sebäpli emele gelen ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň, şol sanda döwlete dahylly bolmadyk ulgamyň ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömek bermek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen, söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny kemala getirmek meseleleri ähmiýetli hasaplanylýar.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmäge, hususy taraplaryň önümçilikleriniň gerimini mundan beýläk hem giňeltmäge, ekologik taýdan arassa we ýokary hilli ýerli gök-bakja önümlerini, miweleri, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmäge gönükdirilýän giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär. Munuň özi degişli düzümleriň ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda halkara derejedäki hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giňişleýin mejlisde belleýşi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçiriljek Bütindünýä sergisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegi hem-de sergide Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň giňden görkezilmegi ähmiýetlidir. Munuň özi Bitarap Diýarymyzyň dünýädäki abraýynyň belende galmagynda wajypdyr.
Sanly ulgam arkaly ýerli hem-de daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň öňe ilerlemegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň mahabatyny ýetirmek we bu ugurda alnyp barylýan işler bilen daşary ýurt sarp edijilerini tanyşdyrmak meseleleriniň möhümdigine ünsi çekýär. Munuň özi bir pursatlaýyn däl-de, uzak möhletleýin esasda alnyp barylýan işlere öwrülmelidir.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, geçen ýarym ýylda dünýä ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiziň ornuny berkitmek boýunça işler dowam etdirildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli harytlary öndürýän innowasion senagat kärhanalaryny döretmek işleri depginli alnyp baryldy.
Ulag üpjünçilik, bilim we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, adam hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, ählumumy howpsuzlygy berkitmek bilen bagly işjeň hyzmatdaşlyk dowam edýär.
Mahlasy, şu döwürde ylmyň täze gazananlarynyň, halkara tejribäniň we dünýä nusgalyk milli ýörelgeleriň işjeň ulanylmagy netijesinde ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üpjün edildi. Munuň özi Arkadag Prezidentimiziň durmuş ulgamyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34257