Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysy derejesine eýe bolmagy milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşine, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegine, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňemegine, şeýle-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegine oňyn täsir edýär. Geljegi uly täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamakda-da, üstünlikli durmuşa geçirmekde-de bu derejäniň uly ähmiýetiniň boljakdygy aýdyňdyr.
Ýurdumyzda kabul edilen köp sanly maksatnamalara we konsepsiýalara laýyklykda, strategik wezipeler meýilleşdirilýär, umumy ykdysady meýilnamalar taýýarlanylýar. Bazarda bäsdeşlikli gurşawy goldamak we ýekemenligiň (monopoliýa) öňüni almak, daşary söwda bahalary bilen içerki bahalaryň amatly gatnaşygyny üpjün etmek, hümmetsizlenme ýagdaýlaryny öwrenmegiň esasynda durnukly bahalary üpjün etmek «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» nyrh syýasaty boýunça öňde goýulýan wezipeler bolup durýar. Bu wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bahalary düzgünleşdirmek, onuň bazara we bahalara, önümçiligiň ösüşine we önümiň hiliniň ýokarlanmagyna, girdejileriň ykdysadyýetiň pudaklarynyň we bölekleriniň, sebitleriň, kärhanalaryň we raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň arasynda adalatly paýlanmagyna edýän täsirini amatly etmäge mümkinçilik berer.
Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň içinde söwda ulgamynda ilata hödürlenýän harytlaryň görnüşleri düýpli artdyrylyp, bazar bolçulygy döredildi. Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatyna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberiniň esli azaldylyp, hususy pudagyň işine döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw-hemaýat berilmegi bilen, milli önümlerimiziň barha köp görnüşleri bu gün ak bazarlarymyzy bezeýär. Özi-de, olar amatly bahadan halka ýetirilýär.
Ylmyň gazananlaryndan ugur alnanda, Türkmenistanyň býujet, maliýe, salgyt, pul-karz, nyrh we daşary ýurt puly syýasaty özara ylalaşylyp düzgünleşdirilýän we utgaşykly alnyp barylýan, ähli gatnaşyjylaryň bilelikde hereket etmegini talap edýän gatnaşyklaryň özara baglanyşykly toplumyndan ybaratdyr. Bu toplumda geljekki döwür üçin maliýe meýilnamasy görnüşinde işlenip taýýarlanýan we tassyklanýan döwlet býujeti esasy orun eýeleýär. Býujet ulgamyna girýän pul serişdeleri gaznalarynyň jemi döwletiň maliýe özygtyýarlylygynyň kepili bolup çykyş edýär.
Ýurduň we çäkleriň üpjünçilik derejesi, biziň pikirimizçe, meýilnamalaşdyrmagyň bitewi ulgamyny emele getirmeli. Munda daşary ýurt tejribesine salgylansak, strategik meýilnamalaşdyrmak hakynda kanunlar kabul edilip, şolarda meýilnamalaşdyrmak ulgamy kesgitlenýär. Meýilleşdirmegiň her bir zynjyrynyň — kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji döwlet edaralarynyň jogapkärçiligi jikme-jik bellenilip, meýilnama görkezijilerini emele getirmegiň usullary anyklanýar.
Ýurdumyzda önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak, täze tehnologiýalary özünde jemleýän önümçilikleri döretmek, işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmak, ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek, durmuş ulgamlaryny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyny ösdürmäge uly üns bermek, döwlet bilen hususy eýeçiligiň arasynda jebis hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Döredilýän önümçilikleri bazar ykdysadyýetiniň şertlerine mümkingadar çalt uýgunlaşdyrmak, täze we öňki hereket edýän önümçilikleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ösen tehnologiýalary we innowasiýalary ulanýan dürli eýeçilik görnüşlerine daýanyp ösýän önümçilikleri döretmek, dolandyryşyň has kämil, bazar şertlerine doly uýgunlaşan usullaryny ulanmak aýratyn ähmiýete eýedir.
Dünýä ykdysadyýetini ösdürmek, söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek boýunça işlerde Bütindünýä Söwda Guramasynyň barha artýan ähmiýeti hem bellärliklidir. Türkmenistan bu guramanyň synçy derejesine eýe bolandan soň, dünýä ykdysadyýetindäki ählumumy çökgünlik ýagdaýlaryny çalt ýeňip geçmek, ony oňyn depginli ösüşe geçirmek boýunça anyk çäreleri öňe ilerletmek babatda täze mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga çalyşýar.
Aslynda-da, söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlaryndaky özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň köpugurly ykdysady mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyny, milli ykdysadyýetiň sazlaşykly hem-de toplumlaýyn ösüşini üpjün edýär. Şeýlelikde, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza, geosyýasy we geoykdysady şertlerimize, ägirt uly serişde hem-de adam mümkinçiliklerimize daýanmak arkaly Garaşsyz ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrülýär.
Gurbanjahan SUHANOWA,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň nyrh syýasaty bölüminiň baş hünärmeni.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34112