2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregoryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk gecirildi. Bu duşuşyga ministrligiň wekilleri hem-de ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň başlygy gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda bu Merkez tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministr Muhammetgeldi Serdarow, bu Merkez bilen soňky ýyllarda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy, şeýle hem döwlet dolandyryş ugurlary bilen bagly taslamalar boýunça işjeň we netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belläp geçdi we bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdiriljekdigini nygtaldy.
Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy jenap Jon MakGregor hem öz gezeginde, Merkez tarapyndan ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň hünärmenleri hem-de hususy taraplar üçin gurnalyp geçirilen okuw maslahatlaryň, şeýle hem döwlet edaralaryna bilermen derejesinde berilen ýardamlaryň netijesinde gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi. Merkez tarapyndan amala aşyrylýan bu çäreler durmuşa geçirilende ýurdumyzyň ileri tutulýan milli ilkinjilikleri berjaý edilýändigini belläp geçdi.
Mundan başga-da, bu duşuşygyň dowamynda, gelejekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi