Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna ynamly barýan ata Watanymyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmek babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy taryhy taýdan gysga wagtda kemala getirildi hem-de uzak möhletli geljekde döwletiň durnukly ösmegi üçin berk binýat döredildi.
Bu gün ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa, azyk senagaty, oba hojalyk ulgamlary ýokary derejede hereket edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda, uzak möhletli geljegi nazarlap, durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen, hormatly Prezidentimiziň başyny başlan ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirilýär.
Soňky 10 — 15 ýylyň dowamynda milli taslamalaryň, meýilnamalaryň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirildi. Bularyň özi ykdysadyýetiň ösüşine durnukly häsiýet berýär. Hil taýdan öňegidişlikleri üpjün edýär. Bu amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň ilatynyň durmuşyny düýpgöter özgertdi, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň has ýokary derejesini üpjün etdi.
Gysga wagtyň içinde Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilen ägirt uly işler, olaryň hatarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny, Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Eýran, «Gündogar — Günbatar» gaz geçirijilerini, «Demirgazyk — Günorta» transmilli demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Kerki şäherlerinde gurlan Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny görkezmek bolar.
Ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň özenini tutýan iri önümçilik desgalary: Mary, Garabogaz karbamid zawodlary, Gyýanlyda gazhimiýa toplumy, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ýeke-täk zawod hem-de döwrebap aýna kombinaty, sement we beýleki gurluşyk harytlar zawodlary, şeýle hem ýurdumyzyň hususyýetçileriniň önümçilikleri, welaýatlardaky ýyladyşhanalary — bularyň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär, ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýşa, bilime, medeniýet ulgamyna, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna gönükdirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgütlerine laýyklykda ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmeginde maliýe-bank ulgamy möhüm orun eýeleýär. Bu ulgam pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. Bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.
Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan oba daýhanlaryna hemaýat etmek, daýhan hojalyklaryny ösdürmek hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, şeýle hem senagaty we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin karz serişdeleriniň berilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde raýatlaryň ýaşaýyş jaý, durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Bu maksat bilen, raýatlarymyza ýokary amatlyklary bolan, jaýlardan öý satyn almak üçin örän amatly şertlerde ýeňillikli ipoteka karzlary bermek boýunça berlen tabşyryklaryň netijesinde, ilatymyza uzak möhletli esasda, ýagny 30 ýyla çenli, ýylda 1 göterim bilen, bäş ýyl ýeňillikli möhletde, ýagny esasy bergini soň üzüp başlamak şertinde berilýän karzlary aýtmak bolar.
Maliýe-bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny, hususan-da, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda bank kartlaryny giňden ulanmak, elektron resminamalar dolanyşygyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Internet-bank hyzmatlary ösdürilýär.
Ýurdumyzda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle hem telekeçilik işini amala aşyrýan şahslar tarapyndan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça ýüzlerçe internet web-saýtlary döredildi. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň ähli görnüşleri sanly ulgam arkaly hödürlenýär. Elektron resminama dolanyşyk ulgamy gurnalyp işe girizildi. Sanly ulgam arkaly jemagat hyzmatlarynyň, ýol gözegçilik gullugynyň tölegleri kabul edilýär, mundan başga-da internet web-saýtlarda harytlaryň elektron söwdasy doly ýola goýlup, ilatymyz tarapyndan giňden peýdalanylýar.
Ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuş we ykdysady syýasatda degerli netijeleri gazanmak, bazar gatnaşyklaryna geçmegiň gerimini giňeltmek, ykdysady ösüşiň durmuşa gönükdirilen ugruny dowam etmek, ilaty elýeter hem-de ýokary hilli lukmançylyk, bilim hyzmatlary bilen üpjün etmek, oňyn görkezijileri saklap galmak boýunça netijeli çäreler görülýär.
Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň umumy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, hemme ýerde sagdyn durmuşy ornaşdyrmak, ähli zady öz içine alýan, adalatly hem-de gowy hilli bilim almak üçin şertleri döretmek, gender deňligini üpjün etmek, suw hem-de energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny senagatlaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylýar.
Döwletimiziň ähli babatdaky ösüşlerine badalga berip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda dünýä nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiň başlygynyň orunbasary.