Garaşsyzlyk ýyllarynda balkanabatly nebitçiler, gazçylar Goturdepe, Barsagelmez, Uzboý, Demirgazyk Goturdepe ýaly nebitgazly meýdanlarda ýerasty tebigy baýlyklary senagat taýdan gaýtadan özleşdirmek işlerine önjeýli goşant goşýarlar. Nebitgaz senagatyny milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudaklarynyň biri hasaplaýan Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň mundan beýläk-de ähli ugurlarda ynamly ösüşini üpjün etmek üçin ulgamyň işini has-da kämilleşdirmek babatda öňde goýýan anyk wezipelerine mynasyp goşant goşmak bolsa, olaryň esasy maksatlary bolup durýar. Munuň özi türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak arkaly ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Pudakda dürli ugurlarda zähmet çekýän balkanabatlylar ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň ýokary ruhubelentlikde garşylanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» tresti tarapyndan döwlet ammaryna akdyrylan 1 million 821 müň tonnadan gowrak nebit çig malynyň çykarylmagynda ähli yhlas-başarnyklaryny, iş tejribelerini orta goýdular. Şeýle-de gürrüňi edilýän döwürde döwlet konserniniň sebitde iş alyp barýan «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan gazylan 71 müň 877 metr ulanyş we gözleg maksatly çuňluklaryň geçilmeginde-de el-ele berip zähmet çekdiler. Munuň özi trest boýunça 12 guýynyň gazuw işleriniň tamamlanmagynda hem olaryň mynasyp goşantlarynyň bardygyna doly şaýatlyk edýär.
«Nebitgazçykaryş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýjylarynyň gazanýan zähmet üstünliklerinde balkanabatly hünärmenleriň mynasyp paýy bar. Ýylyň başyndan bäri önüm bermesini kemelden ýa-da kesen guýularyň 329 sanysynda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Şonça guýularyň 273-sinden gaýtadan önüm almak işleri ýola goýuldy. Bu bolsa iş meýilnamasyndakydan 19 guýy köpdür. Netijede, abatlanan guýulardan geçen döwürde goşmaça alnan «gara altynyň» umumy mukdary 91 müň 394 tonna golaýlady.
Ýetilýän sepgitler şäheriň bu senagat pudagynda zähmet çekýän bagtyýar ýaşaýjylarynyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenen uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, onuň täze gorlaryny gözläp tapmak babatda kesgitlenen wezipeleriň oňyn çözgütlerine eýe bolmagyndaky ählumumy tagallalarda agzybirlikli zähmetiň nusgasyny görkezýändikleriniň tassyknamasydyr.