Ykdysady syýasatyň möhüm guraly

Çuňňur ykdysady özgerişlikleriň bolup geçýän, ykdysadyýetiň dolandyryş mehanizmine düýpli özgertmeleriň girizilýän, hojalygyň ýöredilişinde bazar usullarynyň giňden peýdalanylýan mahalynda salgyt ulgamynyň paýyna hem uly wezipeler düşýär. Salgytlaryň we gaýry maliýe usullarynyň kömegi bilen jemgyýetçilik önümçiliginiň düzümini ykdysadyýetiň maksadyna laýyk üýtgetmäge, onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreýär.

Bazar gatnaşyklary ulgamynyň düzüminde we döwlet tarapyndan ony kadalaşdyrýan mehanizminde salgytlar möhüm orny eýeleýär. Salgytlar döwletiň geçirýän ykdysady syýasatynyň wajyp guraly bolmak bilen, bazar gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi hasaplanylýar. Salgytlar ykdysadyýetiň we durmuş çygyrlarynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Salgyt çygrynda bolup geçýän özgertmeler ýurdumyzyň her bir raýatynyň döwrüň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny gazanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyzda salgyt möçberi, olaryň hasaplanylyşynyň we tölenilişiniň tertibi, maliýe jerimeleriniň we beýleki tölegleriň ulanylyşy mydama üns merkezinde saklanylýar. Salgyt salmagyň esasy ugurlary işlenilip düzülende, döwletiň içki ykdysady bähbitlerine esaslanylýar.

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 7-nji maddasynda: «Salgyt — döwlet işini maliýe taýdan üpjün etmek maksady bilen döwlet tarapyndan bellenilýän we edara görnüşli we şahsy taraplardan alynýan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan hökmany, hususy muzdsuz tölegdir» diýlip kesgitleme berilýär. Salgyt, pul ýygymy býujetiň girdejilerini üpjün edýän serişdelerdir. Salgytlar gönüden-göni döwlet çykdajylary bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli salgyt gatnaşyklaryna seljerme geçirilende, döwlet çykdajylarynyň düzümi we olaryň jemgyýetiň isleglerine laýyk gelýändigi öwrenilýär. Biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen salgyt salmagyň kämil ulgamynyň hereket etmegi üçin zerur bolan şertler döredilendir, şolara laýyklykda salgyt ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip durulýar. Şonda dünýä salgyt tejribesinden ugur alynýandygyny bellemek hem möhümdir.

Salgyt salnanda, aşakdaky ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Meselem, kärhana önüm öndürmek üçin çig mal, materiallar, iş haky, ulanyş tölegler we şular ýaly görnüşde hökmany ýagdaýda çykdajy edýär. Harajatlaryň jemi önüminiň özüne düşýän gymmatyny düzýär. Önümçiligi giňeldilen esasda amala aşyrmak üçin kärhana peýda almak zerur bolup durýar. Diýmek, öndürilen önümiň gymmaty önümiň özüne düşýän gymmatyndan we peýdadan ybaratdyr. Önüm alyja ýerleşdirilende, öndürilen önümiň gymmatyna goşmaça tölegler (eger-de öndürilen önümden goşmaça töleg tölenilmäge degişli bolsa) we goşulan baha üçin salgyt goşulýar. Ondan başga-da kärhana Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alan peýdasyndan peýdadan alynýan salgydy, emläk üçin salgydy, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy we býujete hökmany tölenilmeli gaýry tölegleri töleýär.

Salgyt salynmagyň kämil ulgamy döwlet we şahsy ykdysady bähbitleriň, şeýle-de hojalygy ýöredýän birlikleriň bähbitleriniň arasynda deňhukuklylygy üpjün edýär. Hojalygy ýöredýän birliklerden ýygnalýan salgytlar önümçiligiň ösüşini höweslendirmäge hyzmat edýär. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy döwletiň maliýe meýilnamalarynda göz öňünde tutulan ugurlary maliýeleşdirmek üçin ony salgyt usuly bilen ýygnalýan zerur bolan pul serişdeleri bilen üpjün edýär, şol babatda hereket edýän salgytlar salgyt töleýjileriň ählisi üçin ýaramly bolup durýar. Bu bolsa Türkmenistanyň salgyt ulgamynyň maýyşgaklygyny oňyn tarapdan häsiýetlendirýär.

Ogulsabyr DÖWLETOWA,

welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/33559