Telekeçilik — zenanlaryň durmuşynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly şanly hem taryhy wakalara baýlygy bilen durmuşyň her bir ugruna öz täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde ykrar edilip, halkymyzyň gurmak, döretmek, täze sepgitlere ýetmek baradaky asylly hem yhlasly maksatlaryna uly itergi berýär. Munuň özi döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy has-da pugtalandyrýan döwrümizi öňküden-de beýgeldýär. Bu ruhy ýokary göteriliş zeminiň zynaty, gözelligiň hem ar-namysyň baýdagyna deňelýän mähriban zenanlarymyzyň hem ykbalynda bagtyýarlygyň nury bolup şugla saçýar. Häzirki gülläp ösüş döwrümizde zenanlar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda tutanýerli hem joşgunly zähmet çekip, gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Zenanlaryň döwre gatnaşygyny işjeňleşdirmekde hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýän zenanlar guramasy bolsa olaryň ukyp-başarnyklaryny, nusgalyk göreldelerini giňden açyp görkezmekde, bitewi bir maksada birleşdirmekde esasy orun eýeleýär. Zenanlar guramasynyň alyp barýan işleri döwrüň ösüşine laýyk hereket etmek ýaly asylly maksady göz öňünde tutýar. Şu nukdaýnazardan zenanlaryň işjeňligini artdyrmak, yzygider gözlegleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, durmuşa gatnaşygyny pugtalandyrmak maksadynda işler oýlanyşykly häsiýetde durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda Işewür zenanlar merkezi hereket edip, ol eli işli, ukyp-başarnykly zenanlara goldaw bermek, olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagyna ýardam etmek maksadyny nazarlaýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek baradaky syýasy başlangyç zenanlaryň durmuşyna hem uly täsirini ýetirýär. Çünki zenanlaryň halk hojalygynyň dürli ugurlaryndaky mümkinçilikleri bu günki gün ýurduň özgertmelere esaslanýan beýik ösüşinde has aýdyň duýulýar. Telekeçilik bilen meşgullanýan zenanlaryň aglaba köplügi, halypa-şägirtlik ýoluny yzygider dowam etdirmekdäki göreldeleri bilen, olaryň işini has ýaýrawly häsiýetde dowam etmeklerine ýakyndan ýardam bermekde merkeziň tagallalary uly ähmiýete eýedir.

Geçen ýylyň güýzünde Işewür zenanlar merkeziniň welaýatymyzda ýörite bölüminiň döredilmegi bilen, telekeçi zenanlaryň durmuşynda täze öwrülişik emele geldi. Iki ýüzden gowrak agzany özüne birleşdirýän bu bölüm ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleri bilen meşgullanýan, şeýle hem aýratyn başarnykly zenanlary goldamagy, olary telekeçilik işine ugrukdyrmagy maksat edinýär. Agzalarymyz bilen öňde durýan wezipeler, täze gözlegler, belent maksatlar barada pikir alyşmak, maslahatlaşmak, zerur ýerinde ýardam bermek ýaly meseleler boýunça duşuşyklar yzygider geçirilýär. Munuň özi işewür zenanlaryň ýa-da bolmasa telekeçilik ugrunda ýaňy ädim ädýän zenanlaryň işleriniň has-da ugrugyp gitmegine uly täsirini ýetirýär. Hususan-da, olaryň önümleriniň sergisini guramak arkaly bir-biri bilen ýakyndan pikir hem tejribe alyşmaklaryna mümkinçiligiň döredilmegi, Hormat hatlary bilen höweslendirilmegi bölümiň işiniň ilerlemegini üpjün edýär.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan çäkmen dokaýan, toý hyzmatlary bilen meşgullanýan, Gurbansoltan eje adyndaky etrapdan aýna-gapy ýasaýan, gurluşyk işlerini alyp barýan, Akdepe etrabyndan suwkädiden sowgatlyk önümleri ýasaýan, matadan gurjak tikýän, Görogly etrabyndan keteni dokaýan, Gubadag, Ruhubelent etraplaryndan haly dokaýan, Daşoguz şäherinden milli hem döwrebap biçüwdäki lybaslary tikýän telekeçi zenanlar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda uly işleri alyp barýarlar.

Ýeri gelende, biziň «Bagtyýar eýýam» okuw merkezimiziň «Ýylyň işewür okuw merkezi» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 3-nji orna eýe bolandygyny bellemelidiris. Merkezimizde rus, iňlis dilleri, matematika dersi boýunça okuwlar geçilýär. Üstümizdäki ýyly şygaryna laýyk dabaralandyrmak, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli okuw merkezimiziň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde bäsleşik gurap, onda 1-nji orny eýelän mekdep okuwçylaryna saýlan ugry boýunça bir möwsüm mugt okamaga mümkinçiligiň döredilendigini ýatlamalydyrys. Bu, elbetde, diňe bir merkezimiziň mümkinçiligini açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, täzeçe gözleglere ýol açýandygyny hem aýdyň alamatlandyrýar. Şeýle üýtgeşmeleriň, öňe ilerlemeleriň, bir-birege kömek-goldawlaryň, tejribe alyşmalaryň telekeçi zenanlaryň her biriniň alyp barýan işlerinde öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýarys. Çünki öz ukyp-başarnygyňy doly açyp görkezmäge, tejribäňi ýaýmaga döredilýän uly mümkinçiliklerdir şertler olaryň bu maksadynyň amala aşmagyna doly esas berer.

Nesip bolsa, geljekde telekeçi zenanlaryň sanyny artdyrmaga, olaryň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga bölümimiz tarapyndan uly ýardam berler, täze maksatlara daýanýan işler yzygider durmuşa geçiriler. Zenan mertebesini beýgeldýän, olaryň asylly zähmetine uly hormat goýýan Gahryman hem mähriban Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

Jahan MAŞALOWA,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanyndaky Işewür zenanlar merkeziniň welaýat bölüminiň başlygy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/33477