Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

Duşuşyk 2021-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda geçirildi.

 Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.

Duşuşygyň başynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri myhmanlary mähirli garşyladylar we özleri bilen tanyşdyrdylar.

Soňra, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýokarlanýandygyny bellemek bilen, hususan-da ykdysady-söwda ulgamynda hyzmatdaşlygyň artýandygyny aýtdy.Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde, 2020-nji ýylda iki ýurduň söwda dolanşygynyň 1 374 mln. amerikan dollaryna barabar bolandygy barada duşuşygyň barşynda bellenilip geçildi.
Mundan başga-da, göni daşary ýurt maýasyny çekmekligiň ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe sürülýändigi barada ministr Muhammetgeldi Serdarow belledi.

Duşuşygyň dowamynda, jenap Ýewgeniý Grigorýew türkmen tarapyny bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak boýunça ähli mümkinçilikleri döredýändiklerini bellemek bilen, ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin dürli ugurlarda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem, 2020-nji ýylda ýurdumyz bilen Sankt-Peterburg şäheriniň arasyndaky söwda dolanşygynyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 29 % ýokarlandy diýip myhman belläp geçdi. Şol bir wagtda, 2020-nji ýylda iki ýurduň söwda dolanşygynyň 39 % ýokarlanandygy bellenip geçildi.

Soňra, jenap Çernisyn Fýodora söz berildi. Ol hem, öz çykyşynda türkmen tarapyna Russiýa Federasiýasynyň adyndan mähirli salam bilen ýüzlenip, şu aşakdaky ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

  • Gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek;
  • Rus tarapynyň gämi gurluşyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge, şol sanda tehniki kömekleri bermäge taýýardyklary barada belledi. Şeýle hem, mümkinçilikleri hödürlemek we giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen wekiliýetini Russiýa Federasiýasyna sapara çagyrdy.
  • Metallurgiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk (işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk);
  • Şu ýyl Russiýa Federasiýasynda geçiriljek Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak;
  • Ýurdumyzda alnyp barylýan «Ahalsiti» we «Aşgabatsiti» taslamalary üçin KAMAZ kompaniýasynyň elektrik awtobuslaryny üpjün etmek;
  • Türkmenistanyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk etmek;
    Sankt-Peterburgyň we Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandan islendik oba hojalyk önümlerini satyn almaga taýýardygy barada bellenildi;
  • Aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlyk (özygtyýarly internet, internet çeşmeleriniň ulanylyşyna gözegçilik);
  • Ulag we logistika;
  • Saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk, howa gatnawy üçin PCR ulgamynyň ulanylmagy;
  • Elektron söwda ulgamy;
  • Döwrebap salgyt hyzmatyny (tehniki enjamlar we programma üpjünçiligi) döretmek. Russiýa Federasiýasy ýazgylary ýöretmek we internet arkaly salgyt tölemek üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda kömek bermäge taýýar diýip belledi. Türkmenistanda doly awtomatlaşdyrylan salgyt gullugyny döretmek;

Duşugyň dowamynda, ministr Muhammetgeldi Serdarow Russiýa Federasiýasynyň wekillerine çykyşlary üçin sag bolsun aýdyp, rus tarapy bilen hyzmatdaşlyk etmäge mydama taýýardyklary barada belledi we iş duşuşygyny jemledi. Duşuşyk örän hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi