Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ösüşi, ilkinji nobatda, ylmyň ýeten derejesi bilen kesgitlenilýär. Ylmyň soňky gazananlary jemgyýetiň ösüşini täze hil derejesine çykarmakda, okgunly ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» işi döwrüň talabyna laýyk gurnamaga esas berýär. Bu resminamada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we gurallary, şeýle hem garaşylýan netijeler öz beýanyny tapýar. Işewürligiň we maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegine, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilendir.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň kämil döwlet syýasatynyň ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýandygyna kepil geçýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns gönükdirilip, täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň hünäri kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugurdan degişli sapaklar geçilýär.
Döwlet edaralarynyň sanly ulgama geçmegini möhüm wezipe hökmünde kesgitläp, milli Liderimiz dürli pudaklarda elektron görnüşli hyzmatlar ulgamyna geçilmegiň zerurdygyny belleýär. Bu işleri ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe ministrliklerde we pudaklaýyn edaralarynda internet ulgamynyň web-sahypalary taýýarlanýar, olaryň bar bolanlary kämilleşdirilýär. Şeýle hem olarda hyzmatlary ýerine ýetirmek wezipeleri onlaýn görnüşinde amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetmek, elektron senagatyny kemala getirmek, aň-bilim maýasyny döretmek, işewürlik, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna eýe bolmak milli Liderimiziň beýik maksatlarynyň, döwletli tutumlarynyň özeninde durýan durmuş hakykatydyr.
Sanly ykdysadyýet durmuşymyzy tehnologiýalaşdyrmakdyr, elektron maglumatlary utgaşdyrmakdyr. Milli Liderimiz döwletimiziň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we sanly ykdysadyýete geçmek boýunça öňe sürýän wezipeleri ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Olar iň häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrýarlar. Bu bolsa raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň işewürleri daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini peýdalanyp, bazar gatnaşyklaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrýarlar. Munuň özi bütin dünýäde giňden ýaýran we netijeliligi subut edilen ugurlardyr.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan giň göwrümli işler ähli pudaklaryň we döwlet dolandyryş edaralarynyň tehnologik taýdan utgaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň ägirt uly serişde we önümçilik mümkinçilikleriniň esasynda ykdysady bilimiň kämilleşdirilmegini üpjün eder. Milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze tapgyra geçmek döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň senagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde amal boldy. Sanlylaşdyrmak işleri, hususan-da, ýangyç-energetika we obasenagat toplumlarynda we beýleki pudaklarda has-da işjeň dowam edýär. Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna netijeli goşulyşmagy, özara peýdaly söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi ýaly ugurlar ýurdumyzyň geljekki ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Ylmy-tehniki ösüşiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň döremegi tutuş adamzat üçin möhüm meseleleriň ylalaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda ähmiýetlidir. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ähli döwlet maksatnamalaryny we iri ykdysady taslamalary, şeýle hem durmuş syýasatyny halkara derejesinde ösdürmekde sanly tehnologiýanyň ähmiýeti ýokarydyr.
Ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri dünýäniň köp sanly ýurtlary we halkara bilermenleri tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolýar. Şunlukda, syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, abraýly halkara guramalaryň bilermenleri türkmen döwletiniň ýeten derejesini hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly we häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk gelýän syýasatynyň anyk netijesidigini nygtaýarlar.
Jennet BEGLIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.