KÄMIL KANUN — ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlar boýunça üstünliklere ýetilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaýbaňlanan demokratik özgertmeler milli kanunçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzda her bir adamyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny göz öňünde tutmak bilen, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny doly berjaý etmek maksatlaryndan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň öňe süren demokratiýa taglymaty 2021-nji ýylda uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Onuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň VI çagyrylyşynyň 14-nji maslahatynda häzirki döwrüň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi we täzeden rejelenildi.

Şu ýylyň 5-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň I çagyrylyşynyň 1-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalar biragyzdan makullanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek, telekeçiligiň gerimini giňeltmek syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurduň ykdysadyýetini we ýaşaýyş-durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, döwletiň, jemgyýetiň we telekeçiligiň arasynda ýokary netijeli arabaglanyşygy döretmek talap edilýär. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşinde telekeçiligiň ähmiýetini ýokarlandyrmaga we ony döwlet tarapyndan goldamaga uly üns berýär.

Häzirki döwürde raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek möhüm bolup durýar. «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik talaplaryna firma atlary dakylanda bildirilýän talaplary kesgitleýär, olaryň hukuklaryny goramakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

5 baby we 18 maddany özünde jemleýän bu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler, firma adyny ulanmaga bolan hukuk, firma atlarynyň hukuk goragy çygryndaky döwlet düzgünleşdirmesi we gözegçiligi hem-de firma adynyň berilmegi baradaky hukuk kadalar anyk beýan edilipdir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan «Firma atlary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Kanuna laýyklykda, firma adyna bolan hukugyň eýesiniň oňa degişli firma adyny ulanmaga hukugy bardyr.

Firma atlarynyň hukuk goragynyň berilmeginiň şertleri Kanunyň 7-nji maddasynda anyk kesgitlenipdir. Onda Türkmenistanda belli firma adyna, eger ol ýuridik şahslaryň birini beýlekilerden tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän we ol şahsyň amala aşyrýan işi babatda sarp edijileriň ýalňyşmaklaryna getirmeýän bolsa, hukuk goragy berilýändigi hem-de ýuridik şahsyň firma ady ýuridik şahsyň guramaçylyk-hukuk görnüşine görkezmäni we öz hususy adyny ýa-da tapawutlandyryjy manydaky adyny özünde saklamalydygy barada hukuk kadasy kepillendirilipdir.

Türkmenistanda firma adynyň hukuk goragy ýuridik şahsyň ýurdumyzyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly edarada döwlet belligine alynmagynyň esasynda ýüze çykýar. Şonuň ýaly-da, daşary ýurtly ýuridik şahsyň firma ady onuň Türkmenistanyň çäginde hökmany ulanylan we belli bolan şertinde Türkmenistanyň çäginde goralýar. Firma atlarynyň Türkmenistanyň çäginde belli bolmagynyň ölçegleri ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

Kanuna laýyklykda, firma ady firma adyny almaga gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça ygtyýarly edara tarapyndan berilýär. Firma adyny almak üçin haýyşnama ygtyýarlylygy ynanç haty bilen tassyklanylýan wekiliň üsti bilen berlip bilner.

Firma atlary hökmünde Kanunyň 12-nji maddasyna laýyklykda, bellige alnan ýa-da bellige almak üçin ygtyýarly edara berlen firma atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş-işiň meňzeş ýa-da çalymdaş görnüşleri üçin; Türkmenistanda belli bolan ylmy, edebiýat we sungat eserleriniň atlary ýa-da olaryň parçalary bilen gabat gelýän — awtorlyk hukugynyň eýesiniň ýa-da onuň oruntutarynyň razyçylygy bolmazdan; Türkmenistanda belli bolan şahsyň familiýasyna gabat gelýän — onuň razyçylygy bolmazdan; täjirçilik däl belli guramalaryň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş; beýleki eýelik edijileriň Türkmenistanyň çäginde goralýan, söz bilen ýa-da sazlaşykly şekilde aňladylan haryt nyşanlary (edilýän hyzmatyň nyşanlary), harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary bilen gabat gelýän ýa-da gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş-işiň meňzeş ýa-da, çalymdaş görnüşleri babatda şonuň ýaly-da, döwletleriň, halkara guramalarynyň atlary bilen gabat gelýän ýa-da olar bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş bolan ýagdaýyndaky esaslar bar bolsa, firma adyny bermekden ýüz dönderilýär.

Firma adynyň berilmeginiň onuň eýesiniň ilkinjiligini we bellige alnan firma adyna bolan aýratyn hukugyny güwälendirýän degişli resminama, ýagny şahadatnama bilen tassyklanylýar. Şahadatnamany bermek Türkmenistanyň firma atlarynyň Döwlet sanawyna maglumatlar girizilenden soň, bäş iş gününiň dowamynda ygtyýarly edara tarapyndan geçirilýär. Şahadatnamanyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

Aýgözel Nurlyýewa

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32478