Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň geçen ýyllary ulag we aragatnaşyk düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ýyllary hökmünde eziz Watanymyzyň ýyl ýazgysynda mynasyp orun eýeledi. Bu strategik taýdan möhüm ulgamda durmuşa geçirilýän işler dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär. Bu ýol köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de şol ýurtlaryň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidir.
Gadymy döwürlerden bäri söwda, medeni gatnaşyklar arkaly Gündogary we Günbatary, Demirgazygy hem-de Günortany birleşdiren Türkmenistan «ýedi ýoluň çatrygy» diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki wagtda Ýewropanyň hem-de Aziýanyň ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ugurlaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we bütin dünýäniň abadançylyk bähbitlerine, durnukly osüşine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, ulag pudagynda öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär.
Türkmenistan diňe Beýik Ýüpek ýoluny täze keşbinde dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem, iri halkara logistika merkezine öwrülip, sebitdäki iň möhüm ulag çatrygyna öwrülýär. Bu maksatnamalar ýurduň amatly geografiki ýerleşişi, wajyp başlangyçlary öňe sürýän we olary ilerletmek üçin amaly çäreleri görýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe ilerleýän ulag syýasaty netijesinde yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoly belli bir geografik giňişlikleriň arasyndaky ulag ugry bolmak bilen çäklenmeýär. Bu düşünje örän möhüm syýasy, ynsanperwer dünýägaraýyş manysyna eýedir. Beýik Ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklamlarda ýaşaýan halklary özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynam, özara düşünişmäge we açyklyga ýardam bermek ýörelgelerinde birleşdirýär diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Içerki hem-de halkara ugurlarda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda howa ýollaryna wajyp orun degişlidir.
Hormatly Prezidentimiz bu pudagy döwrebaplaşdyrmak meselelerine, şol sanda nowigasiýa düzüminiň ösüşine we ýolagçylara hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol Türkmenistanyň esasy howa geçelgesi bolmak bilen, yklymüsti we yklymara ugurlaryň iri üstaşyr geçelgesidir.
Düýn milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde sagatda ýolagçylaryň 100-sine hyzmat etmäge ukyply täze döwrebap howa menziliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy bolsa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi.
Däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze desganyň açylyş dabarasy hakyky baýramçylyga öwrüldi. Bu ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy we joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Şirin owazly aýdymlarda eziz Watanymyz, mähriban halkymyz hem-de Arkadag Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işleri ruhubelentlik bilen wasp edildi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Kerkiniň täze howa menzilini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Gündogdy» hususy kärhanasyna ynanyldy. Ýeri gelende aýtsak, hut şu kärhananyň gurluşykçylary we hünärmenleri 2018-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki Halkara howa menzilini gurup ulanmaga berdiler. Türkmenabadyň Halkara howa menzili ulag gatnawlarynyň möhüm çatryklarynyň biri bolmak bilen, ýurtlaryň arasyndaky dostluk we parahatçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hyzmat edýär. Ol Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegine öwrüldi.
Kerkidäki täze howa menzili 200 gektar meýdany eýeleýär. Onda howa gämileriniň uçuşlarynyň howpsuzlygyny, inžener-kommunikasiýa ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemegini, ýolagçylara ýokary derejede medeniýetli hyzmat etmegi üpjün edýän desgalaryň tutuş toplumy ýerleşýär. Ini 60 metr bolan uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 2700 metre barabardyr.
Howa menzili Türkmenabat — Kerki demir ýolunyň golaýynda ýerleşýär. Bu ýerde uçuş-gonuş zolagyndan başga-da, dikuçar meýdançalarynyň 4-si we beýleki desgalar ýerleşýär. Beýikligi 30 metre golaý bolan Howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňi guruldy. Ýolagçy terminaly hem binagärligiň häzirki zaman usullarynyň we milli binagärligiň özboluşly ýörelgeleriniň sazlaşygy esasynda guruldy. Ol 1700 inedördül meýdany eýeleýär. Bu ýerde petek satylýan kassalar, ýolagçylary bellige alyş gullugy, el goşlaryny hem-de ýükleri hasaba alyş bölümleri we beýlekiler ýerleşýär. Mundan başga-da, sowgatlyk önümleri dükany, dermanhana we beýleki desgalar ýolagçylaryň hyzmatyndadyr. 120 orunlyk garaşylýan zal hem döwrebap enjamlaşdyryldy.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda Kerkide häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze howa menziliniň açylmagy ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň has-da kämilleşdirilmegine saldamly goşant bolup, täze taryhy eýýamda milli Liderimiziň bu ulgamy ösdürmek barada öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Öwezmyrat RAHYMOW.