Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty netijesinde bank ulgamyny ösdürmekde hem-de onuň kanunçylyk binýadyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde möhüm çäreler üstünlikli durmuşa geçirildi. Milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamyň, innowasion tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagynyň netijesinde raýatlara täze bank hyzmatlary elýeterli edildi we hyzmatlar hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Bank kartlarynyň ulanylmagy zähmet haklarynyň onuň üsti bilen tölenilmegine, ygtybarly pul geçirimleriniň gysga wagtda nagt däl görnüşde amala aşyrylmagyna, karz almak we goýum goýmak işlerini, pul dolanyşygyny kämilleşdirmäge uly ýardam etdi. Karz edarasy tarapyndan karz serişdeleri berlen raýatlaryň karzyň esasy bergisini gaýtarmak we oňa hasaplanan göterimlerini tölemek amallaryny bank kartlaryny ulanyp, bankomatlaryň, «Internet bank» we «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde amala aşyrylmagy bu ugurdaky işleriň has-da öňe ilerlemegini üpjün etdi. «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky we şahamçalary tarapyndan «Goýum bank karty» we täze «Maşgala» atly kart hyzmatlary ýola goýuldy. «Maşgala» kartyny ulanmak bilen, maşgala agzalaryna islendik wagt islendik ýerlerdäki bankomatlardan nagt görnüşinde pul almaklyga, söwda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki durmuş hyzmatlary nokatlarynda nagt däl görnüşinde hasaplaşmaklyga giň mümkinçilikler döredildi. Aşgabat şäher telefon ulgamy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV we beýleki durmuş hyzmatlary üçin tölegleri, Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň degişli töleglerini we menzilara tölemek mümkinçiligi üstünlikli ýola goýuldy.
Goý, milli ykdysadyýetimizi beýik ösüşlere besleýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Gülşirin HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Galkynyş» şahamçasynyň hukukçysy.