Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawody hususy kärhanalary hem-de telekeçileri işe çekmek esasynda welaýat merkezinde hem-de welaýatyň dürli künjeklerinde ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk işlerini alyp barýar. Häzirki wagtda Akdepe şäherinde bir gatly, bäş otagly jaýlaryň 4-siniň, Gurbansoltan eje şäherinde 2 gatly jaýlaryň 3-siniň, Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşligindäki täze döredilen şäherçede hem 10-a golaýynyň gurluşygy dowam edýär.
Welaýatyň iri senagat düzümleriniň biri hasaplanylýan bu kärhanada şu ýylyň bäş aýynda öndürilen gurluşyk serişdeleriniň hem-de ýerine ýetirilen dürli görnüşli önümçilik işleriniň pul mukdaryndaky möçberi 9 million manatlyga golaý boldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri bu ýerde gurnama demir-beton önümleriniň 10 müň kub metrden gowragy öndürilip, ösüş depgini üpjün edildi. Döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda hojalygy ýöretmegiň täzeçe usullarynda işleýän zawodda iň kämil hem innowasion enjamlar ornaşdyrylan täze ulgamda köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki diwarlarynyň taýýarlanyşynyň, şeýle-de ýerli gurluşyk önümleriniň esasylarynyň biri bolan hekiň öndürilişiniň möçberi artdy. Ýerli gurluşyklary ýokary hilli senagat önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmäge uly goşant goşýan kärhanada häzirki wagtda gerekli serişdeleriň 20 görnüşi öndürilýär.
Kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän düýpli abatlaýyş işleri, önümçilige ornaşdyrylan ýokary öndürijilikli enjamlar önümleriň görnüşlerini köpeltmäge, olaryň hilini gowulandyrmaga täze şertleri döredýär.
Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).