Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ileri tutulýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Amatly geosyýasy ýerde ýerleşýän Türkmenistan köp möçberdäki uglewodorod serişdelerine eýedir. Biziň ýurdumyz uglewodorod çig malynyň halkara bazarlaryna iberilmeginiň ygtybarlylygyna we goraglylygyna durnukly ösüşiň möhüm ugry hökmünde garaýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlary boýunça göni gepleşikleriň gerimini giňeldýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar. Bu ugurda CNPC, «Dragon Oil», “Hyundai”, LG, “Lukoýl”, ARETI we başga-da köp sanly abraýly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, ýurdumyzyň ygtybarly we durnukly ösüşiniň uly geljegini üpjün edýän taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bu günki gün ösüşiň täze many-mazmunyna öwrülýär.
Garaşsyz bilermenleriň geçiren barlaglarynyň netijesi boýunça Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň goruna dünýäde baý ýurtlaryň hatarynda ykrar edilmeginiň esasynda ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmaga, energiýa serişdeleriniň eksportynyň çäklerini tapgyrlaýyn giňeltmäge gönükdirilen energetika strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini iberijiler we sarp edijiler üçin amatly şertleriň döremegine, Türkmenistan üçin täze sarp edijileriň bazarlaryny açmaga oňyn şertleri döredýär we biziň ýurdumyzda işlemek isleýän daşary ýurt maýa goýujylaryň gyzyklanmalaryny has-da artdyrýar.
Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käninde gaz arassalaýjy zawodlaryň işe girizilmegi ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda soňky döwürde amala aşyrylan uly işleriň biridir. Soňky ýyllarda iri möçberli Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Eýran gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň taslamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hem uly öňegidişlikler bar. Ýerli gurluşykçylaryň güýji bilen Gündogar — Günbatar içerki magistral gaz geçirijisini gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçjek bu gaz geçirijisiniň energetika strategiýamyzy amala aşyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr. Bu gaz geçiriji ýurdumyzda halkalaýyn gaz akdyryjy ulgamy emele getirmäge hem-de gündogar we günbatar ugurlarynda tebigy gazyň uly möçberini göni geçirmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiziň 11-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdeleriniň doly gaýtarylandygy barada habar berildi. Bu biziň döwletimiziň halkara giňişliginde ynamly we ygtybarly hyzmatdaşdygyny nobatdaky gezek görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän we gol çekýän her bir Karary, Maksatnamalary uzak geljegi nazarlaýar. 2007-nji ýylyň 29-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Amyderýanyň sag kenaryndaky Samandepe meýdançasyndan öz gözbaşyny alýan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisine ak pata beripdi. Şeýlelikde, milli Liderimiziň «Bagtyýarlyk şertnamalaýyn sebiti» diýip at beren, Amyderýanyň sag kenaryndaky nebitli-gazly ýataklary özüne birleşdirýän sebitde uly işleriň başy başlandy.
«Asyryň taslamasy» adyny alan iri maýa goýum taslamasy bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşyk ýoly Özbegistanyň, Gazagystanyň ymgyr çölleriniň, dag- düzleriniň içi bilen geçip, ol iki ýyldan sähelçe gowrak wagtyň içinde Hytaýyň bellenilen çäklerine baryp ýetdi. 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Amyderýanyň sag kenarynyň Samandepe meýdançasynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisine türkmen tebigy gazynyň ilkinji akymy goýberildi we bu ýerdäki gazy gaýtadan işleýän zawodyň işe girizilmegine badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, bu işler hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlar bilen energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça öňde goýýan maksatnamalary esasynda ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň halkara derejesindäki ähmiýeti-de uludyr. Bu uly transmilli gaz geçirijisini öz üstünden üstaşyr geçirýän ýurtlar halkara energetika ulgamyna goşulmaga-da mümkinçilik aldylar. Bu babatda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy olar üçin-de nusga alarlykdyr. Häzirki wagtda türkmen «mawy ýangyjy» bu iri gaz geçiriji arkaly Hytaý halk Respublikasynyň senagat taýdan ösen künjeklerine baryp ýetýär. Energetika babatda özara hyzmatdaşlyk Türkmenistany we Hytaý halk Respublikasyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge goşmaça itergi berdi.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy hem bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşlere beslenýändiginiň bir beýanydyr.
Eziz Watanymyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de pajarlap ösmegi üçin hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli işleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Serdar GELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.