Daşarky bazarlarda ilslegli ýüplükler

Mähriban Prezidentimiz daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň gerimini giňeltmekde, özümizde öndürilýän önümleriň halkara bazarlaryna çykarylýan möçberlerini yzygiderli artdyrmakda hususy pudagyň öňünde anyk wezipeleri goýýar. Balkanabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Batly gadam» hususy kärhanasy şol wezipelere mynasyp goşant goşmagy baş maksadyna öwren hususy kärhanalaryň biridir.

Kärhananyň ýüplük we jorap öndürýän fabriginde bereketli topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän «ak altyny» senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly ondan önüm almak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy önümçilik enjamlaryna, kämil tehnologiýalaryna daýanýan hususy kärhanada öndürilýän nah ýüplüklere hem-de jorap önümlerine müşderileriň arasynda islegiň yzygiderli ýokarlanýandygyny bellemek gerek. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen döwrüniň zähmet görkezijileri hem tassyklaýar. Anyk maglumatlara salgylanyp aýdanyňda, “Batly gadam” hususy kärhanasynyň kämil önümçilik enjamlarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýan zähmet toparynyň tagallalary bilen ýylyň başyndan bäri öndürilen nah ýüplükleriň umumy möçberi 1 müň 976 tonna ýetdi. Şonça möçberdäki ýüplükleriň 1 müň 753 tonnasynyň daşarky sarp edijilere ugradylandygyny bellemek gerek. Ýüplükler, esasan, Türkiýe, Russiýa, Eýran hem-de Polşa döwletleriniň bazarlarynda ýerleşdirilýär. Bu ýerde öndürilýän ýüplüklere daşarky sarp edijileriň arasynda islegiň barha artýandygy bolsa guwandyryjydyr.

Öndürilýän ýüplükleriň belli bir möçberi hususy kärhananyň jorap önümçiligi bölüminde çig mal hökmünde ulanylýar. Munuň üçin ýüplükler ilki bilen fabrigiň ýüplük boýagy bölüminde dürli reňklere boýalýar. Şunda müşderileriň reňklere bolan islegleri aýratyn göz öňünde tutulýar. Bölümde her iş gününde 5 tonna çenli ýüplükleri boýamaga zerur şert-mümkinçilikler bar.

Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe sarp edijilere ugradylan jorap önümleriniň umumy mukdary 12 million 422 müň 530 jübütden geçdi. Şonuň 10 million 861 müň jübütden gowragy ýubileý ýylynyň başyndan bäri öndürilen jorap önümlerine degişlidir. Türkmen pagtasyndan öndürilýän önümleriň bu görnüşi, esasan, içerki bazarda ýerleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet derejesinde edýän aladalarynyň çäklerinde «Batly gadam» hususy kärhanasyna hem ýer bölekleri uzak möhlet bilen ulanmaga berildi. Häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda dürli oba hojalyk ekinleri bilen birlikde, gowaça ösdürip ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Munuň özi hususy kärhananyň çig mal üpjünçiligini berkitmäge, öndürilýän önümleriň müşderiler üçin elýeterli bolmagyna oňyn itergi berýär.

Arkadag Prezidentimiziň berkarar Diýarymyzda hususy işewürligi goldamakda durmuşa geçirýän döwletli tutumlaryna mynasyp iş bilen jogap bermek hem-de beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly senesini ýokary zähmet görkezijileri bilen garşylamak hususy kärhananyň agzybir zähmet toparynyň esasy maksady bolup durýar.

Nurmämmet HYDYROW.

Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32355