Ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak we ösdürmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde hususy ulgama aýratyn orun berilýär. Bu babatda hususyýetçilere döredilýän şertlerdir mümkinçilikleriň netijesinde, türkmen telekeçileri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly möhüm işleri alyp barýarlar.
Obasenagat toplumynda we gaýtadan işleýän senagatda ýöriteleşen hususyýetçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýarlar. Telekeçiler et-süýt önümleriniň, gök we miwe şireleriniň, şireli suwlaryň, gaplanan önümleriň we konditer önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýärler. Türkmen telekeçileri suwarymly ýerleri özleşdirip, şol ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, miweli baglary hem-de üzüm nahallaryny ekmegiň, ýyladyşhana hojalyklarynyň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümleriniň öndürilişini artdyrýarlar. Munuň özi içerki bazary azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge hem-de eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Üstümizdäki ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda umumy meýdany 35 gektara barabar bolan, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýyladyşhana toplumlarynyň işe girizilmegi hem ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän ägirt uly işleriň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek we ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Hususy işewürler gurluşyk, senagat, ulag-logistika ulgamlaryny, himiýa önümçiligini, hyzmat ediş hem-de söwda ulgamlaryny ösdürmäge-de önjeýli goşant goşýarlar. Bu bolsa, halkymyzy ýokary islegden peýdalanýan harytlar bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmaga, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlaryndan ruhlanýan türkmen telekeçileriniň täze taryhy döwrümizde alyp barýan üstünlikli işleri bagtyýar halkymyzy begendirýär. Berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, onuň ykdysady kuwwatynyň artmagy, hususy pudagyň wekilleriniň alyp barýan işleriniň geriminiň giňemegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.
Gülsere KUŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.