Beýik sepgitleri nazarlap

Dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän syýasatyň strategiki we möhüm ugry bolup, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Häzir bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Munuň özi oba hojalygyny hemmetaraplaýyn we düýpli özgertmek boýunça geçirilýän işleriň oňyn netijesidir. Täze kabul edilen kanunlar toplumynyň esasynda obada täze ykdysady gatnaşyklar kemala gelýär, dolandyrmagyň häzirki zaman usullary we maliýe gurallary ornaşdyrylýar.

Döwletimiz pudak işgärlerine hemmetaraplaýyn kömek berýär, oba senagat toplumymyň önümçilik düzümini gaýtadan enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga iri maýa goýumlaryny gönükdirýär hem-de pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatyny ösdürýär.

Ýurdumyzda 4-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermeginde Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň babadaýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 11-nji iýunda goşular.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda oba hojalygyny ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwletimiz oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, himiki serişdeler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary we suwaryş suwy bilen doly üpjün edilýär.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyza abadançylyk, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk dileg edip, ýerlerde galla oragyna ak pata berdiler. Olar «Çäjiňe bereket!» diýen hoşniýetli sözler bilen oraga girişdiler we nobaty zähmetsöýer kombaýnçylara berdiler.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2021-nji ýylyň galla oragy möwsüminde «СLAAS», «John Deere», «Сase», «New Holland» ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 111 sanysy işlediler. Işler iki çalşykda gije-gündiz esasda alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

Galla oragy möwsüminde, şeýle hem göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat eder. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün eder. Galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde medeniýet işgärleriniň çykyşlary we göçme söwda ýola goýlar.

Ýygnalan hasyly 156 sany kabul ediş bölümlerine, ammarlara hem-de elewatorlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 11 müňe golaýy işlediler. Galla oragynyň başlanýan döwrüne çenli degişli barlaghanalar taýýarlanyp, şolarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlär.

Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.


«Aşgabat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30840