Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda we guramalarynda sanly elektron resminamalar dolanyşygy ulgamynyň we internet web-saýtlarynyň döredilmegi hem-de olaryň işe girizilmegi bilen bagly birnäçe resminamalar toplumy kabul edildi. Olaryň hatarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» hem tassyklandy. Şol Resminamalara laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly ösüşiň täze mümkinçilikleri döredilýär.
Häzirki döwürde sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ykdysadyýetiň görnüşlerini ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Sanly elektron resminama dolanyşygy ýurdumyzyň ministrliklerinde, bank ulgamynda, pudak edaralarynda we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalarynda maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramagyň esasynda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.
Sanly elektron resminama dolanyşygy gurnalanda ulanylýan programma, tehniki üpjünçiliklere we beýleki tehniki serişdelere, enjamlara aýratyn ünsüň berilmegi wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Sebäbi gurnaljak tehniki serişdeleriň, enjamlaryň we olarda ulanyljak programma üpjünçilikleriniň kiberhowpsuzlygyň talaplaryny berk berjaý etmegi döwrüň öňe çykaran zerurlygydyr we munda ulanylýan programma üpjünçilikleriniň ählitaraplaýyn goragly bolmagy wajyp hasaplanylýar.
Sanly elektron resminamanyň düzülişini anyklamaga mümkinçilik berýän usulda we görnüşde döredilmegi, peýdalanylmagy hem-de kabul edilmegi üçin düşnükli görnüşde bolmagy hökmany ýagdaýdyr.
Milli ykdysadyýetimiziň edara-kärhanalarynda we guramalarynda döwrebap sanly elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy bilen, sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Sanly ulgam arkaly işleriň alnyp barylmagy we durmuşa ornaşdyrylmagy hem-de bu ugurlarda dünýä tejribesinde gazanylan oňyn netijeleriň peýdalanylmagy geljekki strategik ugurlaryň biridir.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jennet GULAJOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.