Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda okgunly ösüş üpjün edilýär. Munuň şeýledigine şu ýylyň bäş aýynyň netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde giňişleýin gürrüň edildi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, bäş aýyň netijeleri boýunça jemi içerki önüm 6,1 göterim artdy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,3 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, bölek satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim artdy.
Ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 120,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa, 92,2 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Býujetden maliýeleşdirilýän we hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Rejelenen görnüşindäki Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen işleriň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de inženerçilik ulgamlaryň gurluşygy alnyp baryldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 120,8 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň geçen bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň, dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň depginli ösmegini dowam edýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistanyň daşary syýasaty ozalkysy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki halkara guramalary bolan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Birleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen giň gerimli hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde gazanylan depgin durnukly saklanýar. Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
«Aşgabat».