Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy aprelinde Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak, içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegini gazanmak hem-de öndürilýän elektrik energiýasynyň eksportynyň mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň örän wajypdygyny nygtady. Elektrik energetikasy pudagynyň düzümini giňeltmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi babatda göz öňünde tutulan meýilnamalaryňdyr maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň berk gözegçilikde saklanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwletimizde gaz turbinaly elektrik beketleriniň gurulmagy ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatyny artdyrmaga, sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň hilini düýpgöter gowulandyrmaga, daşary ýurtlara, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny we ugurlaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň ygtybarly energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak hem-de elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, güýjenmesi 500 kW «Kerki» podstansiýasy gurlup işe girizildi, güýjenmeleri 220 kW bolan «Watan» we «Farap» elektrik beketleriniň durky täzelendi, Mary DES-niň güýjenmesi 500 kW açyk paýlaýjy gurluşyndan «Kerki» podstansiýasyna çenli 500 kW, «Kerki» podstansiýasyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň serhedine çenli 500 kW ýokary woltly howa elektrik geçirijileri guruldy, Mary DES-de güýjenmesi 500 kW bolan açyk paýlaýjy gurluşyň durky täzelendi. Ýokary woltly elektrik geçirijileriň we elektrik beketleriniň gurlup işe girizilmegi elektrik energiýasy iberilende ýitgileri ep-esli azaldýar. Bu bolsa ýurdumyzyň energoulgamynyň ähli böleklerini özara ätiýaçlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistan parahatçylykly durmuşy pugtalandyrmakda doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn, şol sanda energetika babatda ýardam berip gelýär. Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileriniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ulgamlar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 2018-nji ýylyň tomsunda kuwwaty sagatda 100 MWt-a barabar bolan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Netijede, türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy. Şonuň çäklerinde, türkmen hünärmenleri elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda elektrik bekedini hem-de umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamy gurdular.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň Teswirnamasyna laýyklykda, 2018 — 2027-nji ýyllarda Türkmenistandan elektrik energiýasyny ibermek we şol döwürde eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi we täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana iberiljek elektrik energiýasynyň mukdary kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Hyradyň we Kandagaryň her birine 300 MWt (jemi 600 MWt) elektrik energiýasy iberiler.
2018-nji ýylda Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz turbinaly täze elektrik bekedi gurlup ulanylmaga berildi. Utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz turbinaly elektrik bekedinde «General Electric» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan dört sany gaz we iki sany bug turbinalary arkaly elektrik energiýasy öndürilýär. Öndürilen elektrik energiýasy 220 kW hem-de 500 kW güýjenmeli açyk paýlaýjy gurluşlar arkaly Türkmenistanyň bitewi energoulgamyna berilýär.
Bu stansiýa döwrebap inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň hataryna girýär. Desganyň döwrebaplygy, ykdysady taýdan netijelidigi hem-de ekologiýa taýdan howpsuzdygy Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň, «Max Plank» energiýa institutynyň, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň güwänamalary bilen tassyklandy.
Elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisienti 57 göterim bolup, ol ýönekeý dolanyşykda işleýän desgalaryňka garanyňda, 22 göterim artykdyr. Bu döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen, her ýylda 1 milliard 100 million kub metr tebigy gaz tygşytlanýar. Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy ep-esli azalýar, atmosfera gidýän zyýanly zyňyndylaryň möçberi 2-3 esse peselýär.
Hormatly Prezidentimiziň energetika pudagyny ösdürmek boýunça kabul eden konsepsiýalaryna laýyklykda, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy, ýagny Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 MWt boljak gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň taslamasy «Sumitomo Corporation» kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlandy. Elektrik stansiýasynyň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 MWt-a barabar bolan gaz turbinaly desgalaryň üçüsini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu enjamlar dünýäde meşhur «Mitsubishi Hitachi Power Systems» kompaniýasy tarapyndan taýýarlanandyr.
Bu düzüm üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, 2015-2016-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Elektrik we ýylylyk energiýasyny öndürmegiň tehnologiýasy hünäri, şeýle-de energetika pudagynda zähmet çekýän hünärmenleriň täze tehnologiýalary öwrenmekleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş fakulteti açyldy. Bu ugurlar boýunça döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikler döredildi. Ýeri gelende bellesek, institutyň elektrik stansiýalary kafedrasynda «Mark 6 E simulýator» enjamynyň kömegi bilen tejribe geçmek arkaly ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän gaz turbinaly desgalary iş wagtynda dolandyrmagyň mümkinçilikleri düýpli öwrenilýär.
Ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak babatda uly tagallary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Şanazar ALLAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektrik stansiýalary kafedrasynyň müdiri.