2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda maliýe, ykdysady we bank toplumynyň guramagynda — Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet muzeýine gowşurylmagyna bagyşlanan “El hünäri ýörelge, ulus ile görelde” atly maslahat geçirildi.
Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan bu çärä maliýe, ykdysadyýet bank toplumynda zähmet çekýän zenanlar we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly şu ýylyň 18-nji maýynda «Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we döwlet baýdagynyň bellenilýän güni» hormatly Prezidentimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň
Prezidentiniň muzeýine gowşuryldy.
1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte “gyýak”, “okgözi”, “içýan agyz”, “tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda “1971 ýyl” diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr.
Mundan başga-da, Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşuryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr. Şeýle nepis el işleriniň bu ajaýyp zenan tarapyndan ýerine ýetirilmegi onuň işeňňirliginden, zähmetsöýerliginden habar berýär.
Ýarym asyr mundan ozal ýerine ýetirilen bu ajaýyp el işlerini muzeýe gowşurmak dabarasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmegi halkymyzyň durmuşynyň onuň milli mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyň görkezmek bilen birlikde, Watanymyzyň döwletlilik binýadyny hem özünde jemleýändigini subut edýär.
Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda geçirilen maslahatda çykyş edenler Ogulabat ejäniň bejeren bu kürtesiniň üstünden ýarym asyr geçse-de, onuň özüniň asyl nusgasyny saklap galandygyny belläp, reňkleriniň ýitiligini, nagyşlarynyň nepisligini, özüniň ajaýyplygyny ýitirmändigi bilen biziň günlerimize çenli saklanyp galmagynyň bu kürtä Ogulabat ejäniň ýürek mährini siňdirendigini, el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarýandygyny, millilige aňryýany bilen düşünýändigini görkezýändigini, munuň bolsa ähli türkmen gelin-gyzlaryna nusga alarlykdygyny aýratyn nygtadylar.
Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda geçirilen bu günki ajaýyp waka mynasybetli görnükli estrada aýdymçylary, bagşylar, belli aýdym-saz we tans döredijilik toparlary joşgunly çykyşlaryny tomaşaçylara ýetirdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleri wasp edýän joşgunly çykyşlara giň orun berildi. Aýdym-sazlaryň owazy ajaýyp maslahat mynasybetli guralan dabara utgaşyp, oňa baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Milli däp-dessurlarymyzy, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärini, asylly edep-ekramyny wasp edýän aýdymlar çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Maslahatyň ahyrynda milli mirasymyzy gorap saklamakda nesillere nusgalyk görelde mekdebi bolýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi