Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisiniň barşynda bu ugra aýratyn ähmiýet berildi. Onda Prezident Maksatnamasynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenmegi şeýle diýmäge esas berýär.
Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň Döwlet býujeti boýunça maslahat geçirmegi we onuň ähli maddalaryna seretmegi öňde duran wezipeleriň hatarynda görkezdi.
Türkmenistanyň Döwlet býujeti kanun derejesinde kabul edilýär we hökmany amal edilmeli wezipe bolup durýar. Döwlet býujetinde Türkmenistanyň indiki ýyl üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Şeýlelikde, Döwlet býujeti ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýyllyk maksatnamasyna öwrülýär. Ýyllyk maksatnama we onuň esasynda utgaşdyrylyp taýýarlanan pudaklaýyn hem-de sebitleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň mundan beýläk hem depginli ösüşini saklamaga, maýa goýum işjeňligini yzygiderli üpjün etmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, durmuş taýdan goraglylygy berkitmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu möhüm resminama düzülende, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynda kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipeler, milli özgertmeler maksatnamalary, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy», şeýle hem beýleki milli, döwlet, sebit we pudak maksatnamalary nazara alynýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegi iri möçberli durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol maksatnamalaryň esasy ugry bolup durýar. Milli Liderimiziň oýlanyşykly ykdysady strategiýasy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün edýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Durmuş ulgamynda zähmet haklarynyň we ilatyň beýleki girdejileriniň ýokarlandyrylmagy, adamlaryň saglygynyň pugtalandyrylmagy we ömrüniň dowamlylygynyň artdyrylmagy babatda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekmegi ähli halkymyzy begendirdi. Milli Liderimiz ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagtynyň gelendigini, munuň bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidigine, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidigine ünsi çekmek bilen, esasy syýasatymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygardygyny belledi.
Durmuş ulgamy we ulgam emele getiriji pudaklar býujetden maliýeleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmegiň möçberi ýurduň Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň ep-esli bölegini düzýär. Ilatyň girdejileriniň artmagyny üpjün etmek we ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak, zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek möhüm orun tutýar.
Maksatnamalaýyn ösüş ýoly milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem sebitleri has-da batly depginler bilen sazlaşykly ösdürmegi, ilatymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny göz öňünde tutýar hem-de ol döwletiň golaýdaky we geljekdäki maksatlaryna hyzmat edýär, Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagy üçin ygtybarly binýady döredýär. Bu bolsa ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň adam hakyndaky aladalaryna ýugrulan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň has-da dabaralanmagyna oňyn şertleri döredýär.
Selbi ANNAORAZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.