Merkezi Aziýa: hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikler

Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen 3-nji konsultatiw duşuşygy gazanylan netijeler babatda alanyňda, juda ähmiýetli boldy. Şol gün birbada 6 sany halkara derejeli çäräniň geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerine, ösüşlerine göz ýetirmäge, halklaryň milli däp-dessurlary, aşhana sungaty bilen tanyşmaga, doganlyk döwletleriň hususy pudaklarynyň wekilleri bilen özara tejribe we pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Biziň hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen milli önümleriň halkara sergisinde Gyrgyz Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň uly wise-prezidenti Roman Kasymow bilen eden söhbetdeşligimiz soňra internet arkaly dowam etdi.

— Roman Pazylowiç, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygynda sebitiň ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky teklibi öňe sürdi. Şeýle geňeşiň döredilmegi sebitiň söwda dolanyşygyny artdyrmakda neneňsi orun eýelär diýip pikir edýärsiňiz?!

— Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň öňe süren bu teklibi sebitiň işewürleriniň arasynda uly goldaw tapdy we biz muny juda derwaýys hasaplaýarys. Merkezi Aziýa döwletleriniň telekeçilerini özünde birleşdirýän Işewürler geňeşiniň döredilmegi söwda, ykdysady, energetika, ulag-logistika we innowasiýa ugurlarynda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde, bäş döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda ähmiýetli orun eýelär diýip pikir edýärin. Şeýle geňeş işewürlerimiziň maksadaokgunly hereket etmegine, täze ugurly senagat önümçilikleriniň döremegine we sebitiň bazarlarynyň özüne çekijiligini artdyrmaga oňyn täsir eder. Men gürrüňi edilýän geňeşiň beýleki sebitleriň we yklymlaryň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge-de itergi berjekdigine ynanýaryn.

Şeýle Işewürler geňeşi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň telekeçilerine gyzyklanmalaryň ähli ugurlarynda özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. Ol sebit döwletleriniň Hökümetlerine söwda dolanyşygyny ýönekeýleşdirmek we bar bolan hem-de ýüze çykyp biläýjek päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin anyk teklipleri hödürlemekde-de möhüm orun eýeläp biler.

— Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleri babatdaky ornunyň Merkezi Aziýa sebiti üçin ähmiýeti barada-da gürrüň beräýseňiz!

— Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişi Ýewraziýada möhüm ulag-logistik merkez hökmündäki ornuny berkitmäge şert döredýär. Şonuň bilen birlikde-de, Türkmenistanda üstaşyr ulag geçelgeleriniň dürli ugurlarynyň döredilmegi we olaryň binýadynyň berkidilmegi ýurda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu şertlerde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça geçýän ulag geçelgelerini özünde birleşdirýän Merkezi Aziýanyň umumy halkara ulag geçelgesini ösdürmek aýratyn möhümdir. Çünki Merkezi Aziýa ýurtlary içerki we daşarky söwdanyň ägirt uly mümkinçiliklerine eýe bolup, bu babatda entek edilmeli işler juda köp. Şeýle bolansoň, sebitiň ýurtlarynyň arasynda içerki ulag aragatnaşygyny gowulandyrmak üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri herekete girizmek zerur diýip hasaplaýaryn. Bu ýagdaý gürrüňi edilýän döwletleriň jemi içerki önüminiň öndürilişiniň ýokarlanmagyna şert döredip biler.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, häzirki zaman deňiz ulaglary arkaly ýük daşaýyş ulgamyny emele getirmekde, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa ýurtlaryna çykmakda iň amatly şertleri özünde jemleýär. Bilşiňiz ýaly, Gyrgyz Respublikasy deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň sanawyna girýär. Türkmenistanyň Halkara deňiz porty uly möçberli ýük akymlaryny üstünden geçirmek, täze hyzmatdaşlary çekmek, maýa goýumlaryny artdyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýe.

Türkmenabat — Farap aralygynda gurlan demir ýol we awtoulag köprüleri Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiligini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeledi. Şeýlelikde, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman üstaşyr ulag geçelgesiniň emele gelmegine şert döredi. Bu halkara ulag geçelgesi Gazagystanyň we Hindistanyň goşulmagy bilen has-da giňedi we sebitdäki ýurtlara Hindi ummanyna çykmaga mümkinçilik berdi. Gürrüňi edilýän geçelge Merkezi Aziýany Eýranyň Pars aýlagyndaky portlary we Oman aýlagyndaky portlar bilen birleşdirmek üçin niýetlenendir.

Gyrgyz tarapyndan Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýol taslamasynyň gurluşygy durmuşa geçirilýär, bu Ýewraziýa demir ýol ulgamynyň Merkezi Aziýadaky şahalarynyň işjeň we möhüm halkalarynyň birine öwrüler. Taslama doly durmuşa geçirilenden soňra, sebitiň ýol-ulag düzümleriniň, logistik hereketleriň mümkinçilikleri has-da artyp, sebit, sebitara hem-de yklymara ykdysady hyzmatdaşlygyň, söwda dolanyşygynyň ösmegine mümkinçilik berer.

— Sebitiň işewürleriniň bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek babatda mümkinçiliklerine nähili garaýarsyňyz?

— Merkezi Aziýa döwletleri birek-birege ýakynlaşmak, goňşy döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary pugtalandyrmak, söwda, ykdysady hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin berk binýat döredýärler. Şonuň netijesinde, soňky ýyllarda sebitdäki döwletleriň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýmaga isleg bildirýän, ýokary mümkinçiliklere eýe maýadarlar döräp ugrady. Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýeti güýçli depginde ösýär. Şeýle bolansoň, sebit geljekde halkara maýasy üçin täze merkeze öwrülip biler. Munuň üçin sebitde döwletara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we agza ýurtlaryň umumy maksatlaryna ýetmek üçin tagallalary birleşdirmek strategik taýdan möhümdir. Maýa goýumlaryny çekmek üçin oba hojalygy, maldarçylyk we syýahatçylyk pudaklary ileri tutulýan ugurlar hasaplanýar. COVID-19 pandemiýasy ählumumy ykdysady we beýleki çökgünlikleri emele getirdi. Bu, isleseň-islemeseň, Merkezi Aziýa döwletlerine-de öz täsirini ýetirdi. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, sebitde söwda, ykdysady we işewür gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bilen kanagatlanman, agzalan ugurlary täze derejelere çykarmak gerek. Çünki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlygy üçin ägirt uly mümkinçilikler, şertler, esaslar we binýatlar bar.

— Awazada geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň, bu ýurtlaryň ykdysady forumynyň we milli önümleriň halkara sergisiniň sebite etjek ykdysady täsirleri baradaky garaýyşlaryňyz biziň üçin gyzykly!

— Bu forum Merkezi Aziýa ýurtlaryna söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmaga, ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, sebitiň döwletlerini has-da jebisleşdirmäge, ykdysady nukdaýnazardan bitewi hereket etmäge we döwletleriň her biriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, bähbitleriň deňligini saklamaga kömek eder. Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleriniň syýasy, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşandygy bize şeýle netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Duşuşykda, hususan-da, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da, özara gatnaşyklaryň dürli ugurlarynda 85 şertnamany öz içine alýan ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Bu zatlaryň ählisi sebitde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle-de ykdysady mümkinçilikleriň artmagyna şert döreder.

— Roman Pazylowiç, söhbetdeşligimizi Awazanyň sizde galdyran täsirleri bilen jemläýsek?!

— Men Türkmenistanda ilkinji sapar boldum. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Halkara deňiz porty mende gaty uly täsir galdyrdy. Şu zatlaryň we sergide görkezilen önümleriň üsti bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly üstünlikler gazanandygyny görmek bolýar. Türkmenbaşy şäheriniň binagärlik gurluşy diýseň özüne çekiji. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalar hem juda ajaýyp mümkinçiliklere we görnüşe eýe. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde halkara sergini guramak pikiri diýseň ýerine düşüpdir. Onuň ýokary derejede guralmagy, göz öňünde tutulan mümkinçilikler hem şertler mende ýakymly duýgulardyr ýatlamalary galdyrdy. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlaýaryn. Goý, ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk asyrlara uzasyn! Döwletlerimiz parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy, agzybirligi hemra edinip, hemişe gülläp össün!

— Roman Pazylowiç, ýakymly söhbediňiz, hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin hoşallygymy bildirýärin. Işiňizde üstünlik hemraňyz bolsun!

Söhbetdeş bolan Ysmaýyl TAGAN.

«Türkmenistan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43720