Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyryp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi täze belentliklere göterilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlarda rowaçlyk tapýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň miwesidir.

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan Kän müdirliginiň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy bar. Diňe bir şu ýylyň geçen dokuz aýynda magdan däl materiallary öndürmegiň meýilnamasyna 102 göterime golaý amal edildi. Şunda bitirilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 12 million manatlyga barabar boldy. Gürrüňi edilýän döwürde 3 million 170 müň manatlyk gurluşyk materiallaryny taýýarlamagyň tabşyrygyna 120 göterime barabar amal edendigimizi hem aýratyn nygtasym gelýär.

Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän we üstünlikli amala aşyrylýan taryhy çözgütlerinde Watanymyzyň günbatar sebitini ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Bu sebitiň amatly geografik ýerleşişi, howa we tebigy aýratynlyklary, gazylyp alynýan dürli tebigy baýlyklaradyr magdanlara baý ýataklary Balkan welaýatynyň ykdysady ösüşine, ilatynyň maddy hal-ýagdaýyny we iş orunlary bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga, netijeli önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depgini barha artýar. Welaýatyň etrap-şäherlerinde, oba-şäherçelerinde alnyp barylýan dürli maksatly binalary ýokary hilli senagat önümleri, gurluşyk serişdeleridir magdan däl materiallar bilen bökdençsiz üpjün etmekde hem müdirligimiziň hünärmenleri saldamly işleri bitirýär. Has takygy, kärhanamyzyň önümçilik düzümlerinde şu ýylyň başyndan bäri 1,2 million kub metre golaý magdan däl materiallar, 272 müň kub metre barabar çäge-çagyl garyndysy öndürildi. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe diwara örtülýän materiallaryň 258 müň manatlygyny taýýarlap, meýilnamany 113 göterim amal etdik. Häzirki zamanyň kämil önümçilik tehnikalary bilen ygtybarly üpjün edilen müdirligimizde we onuň günbatar sebitiň çäklerindäki önümçilik düzümlerinde öndürilýän önümleri diňe bir Balkan welaýatyna däl, eýsem, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklara hem polat ýollar arkaly yzygiderli ugradýarys.

Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli yzygiderli gurulýan dürli maksatly desgalardyr ymaratlary ýokary hilli gurluşyk serişdeleri hem-de magdan däl materiallar bilen ygtybarly üpjün etmegi baş wezipä öwren kärhanamyzyň hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary önümçilik görkezijilerine beslemek üçin şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler. Olar Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna önjeýli goşant goşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarlar.

Allamyrat GURBANDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan Kän müdirliginiň önümçilik-tehniki bölüminiň müdiri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43574