2021-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň her ýylky geçirilýän maslahatynyň çäklerindäki nobatdaky ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýagny, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriň gatnaşmagynda Halkara Pul gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa boýunça departamentiniň direktory Jihad Azur we Türkmenistan boýunça wekiliýetiň ýolbaşçysy Çad Staýnberg bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň gelejegi baradaky çaklamalar, ykdysady we maliýe syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary şeýle hem Halkara pul gaznasy (HPG) bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary boýunça özara pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda, orta möhletde dünýädäki COVID-19 pandemiýasynyň we nebitiň bahasynyň düşmeginiň Türkmenistanyň ykdysadyýetine we maliýe pudagyna ýetiren täsiri, Halkara Pul Gaznasy tarapyndan ýurdumyza berilýän teniki goldawlary hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jihad Azur, Halkara Pul Gaznasy tarapyndan tehniki goldawlaryň berilmeginiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini we ýurdumyza býujet we salgyt ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça ýardamlaryň beriljekdigini nygtady. Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere sary ynamly öňe alyp barýan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin döwletli tutumlary amala aşyrýan, döwletimiziň bütindünýäde abraý-mertebesini belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç bolmagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi