Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar

Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary

Aşgabat — Ahal welaýaty 16-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde gurulýan köpugurly işewür merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize bu desgada geçirilýän degişli işler, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, köpugurly işewür merkezli myhmanhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Täze toplumda myhmanlary mynasyp garşylamak, işewür duşuşyklary we dürli çäreleri, şol sanda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýerine ýetirilýän işleriň durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatyna doly laýyk gelmegini gazanmagyň zerurdygyny, binalaryň taslamalary taýýarlananda, ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Bularyň ählisi diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, Türkmenistanyň beýleki künjeklerinde hem desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilende, esasy görkeziji bolmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Laçyn” seýilgähiniň gurluşygynyň tapgyrlary we ýerleşişiniň aýratynlyklary, onuň çäginde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Wise-premýer Ş.Durdylyýew degişli taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.

Bu seýilgähi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlap açmak meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz myhmanhana-işewürlik toplumynyň golaýynda ýerleşen täze seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekip, bu ulgamdaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň, tebigy bezeg babatdaky iň gowy tejribäniň giňden ulanylmalydygyny belledi.

Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap uzalyp gidýän seýilgäh zolagynyň bezeg aýratynlyklary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilişi, şäherlileriň boş wagtlaryny göwnejaý geçirmekleri üçin seýilgähiň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülmegi boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda we onuň çäklerinde alnyp barylýan işler, bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew täze seýilgähde ekiljek bag nahallary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bag nahallarynyň görnüşleri seçilip alnanda bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary nazara alyndy.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew täze seýilgähiň bag nahallaryna degişli derejede ideg işlerini ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde seýilgähde bag nahallaryny ekmek işlerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şäherimiziň ekologiýa abadançylygyna, onda adamlar üçin ösen halkara ülňülere laýyk gelýän amatlylyk ýagdaýynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologiýa meselesine aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu ýerde bina ediljek seýilgähde adamlaryň dynç almagy üçin has amatly şertler döredilmelidir. Şoňa görä-de, ähli meselelere, şol sanda dürli görnüşli agaç nahallarynyň ekilişine, otly meýdanlaryň hem-de gül aýmançalarynyň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Laçyn” diýlip atlandyrylan seýilgähiň bezeginde milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, bu desgada alnyp barylýan işleriň ýokary hilini we bellenilen möhletde tabşyrylmagyny üpjün etmäge berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologiýa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini saklamak we baýlaşdyrmak milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda kabul edilen uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýaşyl zolaklary hem-de toplumlary döretmek we giňeltmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Bu işe tutuş halkymyz işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa hem-de daşky gurşawy goramak meselesine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, raýatlarymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde aýratyn üns berýär.

Ak mermerli paýtagtymyzy baglara beslenen şäher diýip atlandyrýarlar. Ýurdumyzyň baş şäheri seýilgähleri we seýilbaglary, ýaşyl baglarynyň köpdürlüligi bilen haýran galdyrýar. Giň meýdanlarda ýaýylyp gidýän arça, beýleki ýaprakly we pürli agaçlaryň tokaýlyklary Aşgabadyň şäher ýakasynyň hem-de Köpetdagyň eteginiň tebigatynyň aýrylmaz bölegidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip we iş saparyny dowam edip, Ahal welaýatyna bardy we şol ýerde Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan welaýatyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ýolugra hormatly Prezidentimiz welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň baş meýilnamasynyň çäklerinde bina ediljek Ahal welaýat çagalar merkeziniň ýerleşjek ýerlerini synlady. Bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow toplumyň düzüminde bina ediljek desgalar, olaryň aýratynlyklary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda körpe nesilleriň sazlaşykly ösmegi, amatly dynç almagy, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagy we çeper döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döwlet derejesinde alada edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu toplumda üpjün edilýän mümkinçilikler häzirki döwrüň ösen talaplaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir. Bu ýerde çagalaryň dynç almaklary üçin bolşy ýaly, höwes edýän hünärleriniň endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa degişli tabşyryklary berdi.

Häzirki döwürde Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginleri barha artýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň möçberli şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň derejesi barha ýokarlanýar.

Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

Bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegine 2019-njy ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Täze döwrebap şäheriň gurulmagy hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Raýatlarymyzyň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmek şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine gelende, milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we Ahal welaýatynyň häkimi garşyladylar.

Ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi hem-de milli Liderimizi täze şäheriň baş meýilnamasy, bu ýerde bina edilýän durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalarynyň, şeýle hem medeniýet toplumyna degişli desgalaryň, 3 müň orunlyk Ruhyýet köşgüniň şekil taslamalary taýýarlanyldy. Şolarda ähli zerur şertler üpjün ediler.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde gurulýan kitaphana we welaýat arhiwiniň binalary häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, sanly ulgam bilen üpjün ediler. Welaýat drama teatrynyň, muzeýiň binalary täze merkeziň çäginde ýerleşdiriljek “Ahal” binasy hem-de Döwlet baýdagynyň sütüni bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirer.

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerler, şol sanda olaryň ekologiýa ýagdaýy, seýsmik durnuklylygy hem-de beýleki degişli görkezijileri alymlar tarapyndan içgin öwrenildi. Bu ýerde dürli maksatly binalaryň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna durmuş ulgamyna degişli desgalaryň — başlangyç hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň, ýörite sungat we çagalar sungat mekdepleriniň, saglyk öýüniň, 720 orunlyk orta mekdebiň, 320 orunlyk çagalar bagynyň, köpugurly sport toplumynyň, 10 müň orunlyk stadionyň, suw toplumynyň, seýilgähleriň we dynç alyş zolaklarynyň taslamalary hödürlenildi.

Bu ýerde oba hojalyk, maliýe-ykdysadyýet, senagat-kommunikasiýa toplumlaryna degişli binalaryň, “Türkmenistan” we “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banklarynyň welaýat şahamçalarynyň, Merkezi bankyň welaýat dolandyrmasynyň, myhmanhananyň şekil taslamalary görkezildi.

Baş meýilnama laýyklykda, bu ýerde Döwlet sirki, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, söwda we dynç alyş merkezi, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasy, 360 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş hem-de “Tiz kömek” merkezleri bina ediler.

Milli Liderimiziň garamagyna ähli amatlyklary özünde jemleýän 7 gatly, 28 öýli, 56 öýli, 42 öýli, 9 gatly, 54 öýli, 5 gatly, 30 öýli we 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary hödürlenildi. Şeýle hem bu ýerde welaýatyň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurlar. Şunuň bilen bir hatarda, taslamalaryň çäklerinde ýerüsti geçelgeleriň, yşyklandyryjy ulgamyň, ýol-ulag düzümine degişli bezegleriň dürli görnüşleri görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen içgin tanşyp, gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de olary bellenen möhletde tamamlamagyň desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, bu ugurda geçirilýän işleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Desgalar gurlanda we timarlaýyş işleri geçirilende, ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologiýa we bezeg ýagdaýlaryny nazara almak bilen, olaryň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp, seçilip alynmalydyr. Binalaryň we desgalaryň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşykda binagärlik we bezeg ulgamynda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapmalydyr. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan desgalara aýratyn öwüşgin çaýýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Iri möçberli şähergurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi sebitleri senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, hususy ulgamy ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder diýip bellemek bilen, milli Liderimiz ekologiýa ýaly möhüm ähmiýetli meselä ünsi çekdi. Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezi Köpetdagyň etegindäki ajaýyp ýerde gurulýar. Şu tebigy gözelligi saklap galmak üçin “ýaşyl” tehnologiýalary giňden ulanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli işlemegi we okamagy, göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň üpjün edilmegi bilen baglylykda, sanly tehnologiýalaryň we intellektual ulgamlaryň esasynda kadaly şäher giňişliginiň döredilmeginiň esasy ýörelge boljakdygyny nygtady. Şeýlelikde, munuň özi raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly smart siti — “akylly» şäher bolar.

“Akylly» şäherler konsepsiýasynyň öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýandygyny bellemelidiris. Şolaryň kömegi bilen şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylmagyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän bitewi ekologiýa ulgamy döredilýär. Bu konsepsiýa tutuş ulgamlary özüne birleşdirýär, mysal üçin, “akylly» jaýlar, bitewi maglumatlar binýady hem-de köpugurly şäher goşundysy ýaly ulgamlary öz içine alýar. Olar ýaşaýjylara taksileri çagyrmaga, tölegleri amala aşyrmaga, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda hünärmenlerimiziň 15 müňden gowragynyň zähmet çekýändigini aýdyp, olaryň bu ýerde toplan tejribesiniň Aşgabat-sitiniň gurluşygynda hem ulanylyp bilinjekdigini belledi.

Milli Liderimiz aýdylanlary jemläp, degişli ýolbaşçylara meýilleşdirilen işleriň ählisiniň ýokary hilini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Ahal welaýatynyň häkiminiň we beýlekileriň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk we gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Gurluşyk işlerinde ýokary hiliň üpjün edilmegi hem-de olaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy desgalaryň potratçylaryna we buýrujylaryna bildirilýän üýtgewsiz talapdyr diýip, milli Liderimiz belledi we häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Gurluşyk we binagärlik ministri R.Gandymow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli binagärlik maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary, olaryň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki döwürde şäher ilatynyň oňaýly durmuşyny üpjün edýän, sanly ulgama daýanýan enjamlar ornaşdyrylan merkezleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda täze gurulýan desgalarda we binalarda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän görkezijileriň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedow özümizde öndürilýän gurluşyk serişdeleri, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we bu işlerde ýokary ekologiýa talaplaryny berjaý etmek ugrunda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maýa goýum — gurluşyk toplumynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekip, ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň möçberlerini has-da artdyrmak üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Bilim ministri O.Gurbanow häzirki döwürde ýaşlara berilýän bilimiň hilini we derejesini ýokarlandyrmak, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmak, welaýatlarda orta hünär okuw mekdepleriniň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, maglumat merkezleriniň işini kämilleşdirmekde, “akylly» şäher bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunda alnyp barylýan işler döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow lukmançylyk edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, Ahal welaýatynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleri ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, welaýatyň lukmançylygynyň sanly ulgam arkaly ösdürilmegini, welaýat çagalar öýüniň merkeziniň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri G.Agamyradow Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň çäklerinde gurulýan sport toplumlary, olarda döredilýän şertler we umuman, köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň halkara ähmiýetli sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýurduna öwrülendigini nazara almak bilen, täze toplumlarda sportuň dürli görnüşleri, şol sanda welosiped sporty bilen meşgullanmak we dürli ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine möhüm üns bermegi tabşyrdy.

Öz nobatynda, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde seýilgähler döredilende, bu ýerleriň toprak-howa şertlerini nazara alyp, degişli bag nahallarynyň seçilip alynmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu künjegiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň çäklerinde ekiljek bag nahallarynyň seçilip alynmagyna ylmy esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň çäklerinde bina edilýän Halkara ahalteke atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-önümçilik merkeziniň enjamlaşdyrylmagyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşygy meýilleşdirilen bu toplumlaryň ýurdumyzda atşynaslygy we milli atçylyk sportuny ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň desgalarynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylmagyna, olarda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy H.Hudaýgulyýew welaýatyň täze edara ediş merkezinde bina edilýän desgalarda aragatnaşyk hyzmatlaryny ýola goýmak hem-de häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde “akylly» şäher, “akylly» öý ýaly düşünjeleriň barha işjeň häsiýete eýe bolýandygyny nazara alyp, “akylly» şäherler konsepsiýasyny ösdürmek, şeýle hem köçelerdäki yşyklandyryş ulgamynda gözegçiligi ýola goýýan enjamlaryň işini ýola goýmak, bu usullary milli binagärlik ulgamynda işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň başlygy G.Akmämmedow welaýatyň täze edara ediş merkezinde häzirki zaman ulaglarynyň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, ekologiýa talaplaryny berk berjaý etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri ylmy esasda ýola goýmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz elektromobilleriň hereketi, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen “akylly» awtoduralgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşmek barada görkezme berdi.

Soňra Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy D.Hudaýberdiýewe söz berildi. Ol türkmen telekeçileriniň ähli ugurlarda bolşy ýaly, gurluşyk ulgamynda hem barha işjeňlik görkezýändigini belledi we işewürlik düzüminiň ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin Arkadag Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy.

Milli Liderimiz hususy gurluşyk kompaniýalarynyň dürli maksatly binalaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýandygyny belläp, gurluşyklarda ýokary hiliň üpjün edilmeginiň we olaryň bellenilen möhletlerde gurlup gutarylmagynyň esasy talapdygyny aýtdy we bu işlere sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine möhüm üns bermegi tabşyrdy.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň gurulýan desgalar direksiýasynyň ýolbaşçysy D.Orazow bu ýerde gurluşyk işlerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek we täzeçil usullary ornaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda dünýä tejribesinde sanly ulgamyň, Gün we ýel batareýalarynyň, ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin gözegçilik we ýangyna garşy göreş enjamlarynyň, şäher arassaçylygynda zerur hasaplanylýan täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylýandygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalaryny, ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy we ýurdumyzyň bu ugurda ýeten derejesini giňden wagyz etmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa häzirki döwürde milli parlamentde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze döredilýän döwrebap obalaryň we şäherleriň düzüm birliklerini kesgitlemek, ony kanunçylyk taýdan tassyklamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşinde kanunçylyk ulgamynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi we bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan işlere, hususan-da, ýerine ýetirilýän gurluşyklara hemmetaraplaýyn gözegçilik etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz bu ulgamda ýerine ýetirilýän işleriň döwrüň talabyna we hereket edýän kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmagynyň wajypdygyny belläp, degişli gözegçilik işlerini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gurluşyk işlerini sanly ulgam arkaly işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda gurluşygyň hil derejesi we ekologiýa ýagdaýy esasy talap hökmünde kesgitlenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow milli bilim maksatnamasyna häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmalydyrlar, olaryň ylmy işlerini peýdalanmak üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow täze edara ediş merkezinde söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini ýola goýmak, telekeçileriň alyp barýan işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň işewür düzümleriniň gurluşyk senagatynda netijeli iş alyp barýandyklaryny belläp, telekeçileriň işlerinde häzirki zamanyň ösen tejribelerini, sanly tehnologiýalary ulanmaklaryny üpjün etmek boýunça zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow täze edara ediş merkezinde ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli düzümleriň işini talabalaýyk ýola goýmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz dünýäniň iň gowy tejribesiniň işjeň ulanylmagynyň hem-de döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtap, iň täze usullary ornaşdyrmaga uly üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde seýilgähleri we tokaý zolaklaryny döretmek meseleleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösmegi, ilatyň saglygynyň berkidilmegi üçin ekologiýa wezipeleriniň çözülmeginiň wajypdygyny belläp, bu ugurdaky işlere jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäher medeniýeti babatda hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hem nusgalyk bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde, umuman, ähli ýerlerde “akylly» şäherler konsepsiýasyna möhüm üns berilmelidigini, şäheriň çäklerinde ekologiýa taýdan arassa ulaglaryň hereketiniň ýola goýulmagy, Gün we ýel batareýalarynyň işi, yşyklandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini we derejesini artdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda “Tiz kömek” hyzmatlary häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidir, bu hyzmatlara gelip gowuşýan sargytlar we olaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly wezipeler sanly ulgam arkaly dolandyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Tiz kömek” gullugynyň 03 belgisine jaň edilende, näsagyň ýerleşýän ýerini takyklap bolmaýandygyny aýdyp, bu babatda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan 112 ýa-da 911 belgini synag edip görmek barada aýtdy. Hususan-da, 112 belgä jaň edilende, degişli gulluk kömege mätäç adamyň ýerleşýän ýerini kesgitläp biler, lukmançylyk edarasy bolsa ony hassahana ýerleşdirende, näsagyň lukmançylyk kitapçasyny alyp bilýär. Munuň özi lukmançylyk hyzmatynyň şu görnüşiniň netijeli häsiýete eýe bolmagynda, gelip gowuşýan sargytlaryň ähmiýetini we onuň derejesini kesgitlemekde has-da möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli kämilleşdirmekde döwrebap sanly hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmekde hem-de şäher düzümini, ýangyn howpsuzlygy ulgamlaryny, köçeleriň yşyklandyrylyşyny döwrebaplaşdyrmakda degişli ygtybarly maglumat binýadyny döretmek hem-de tehniki enjamlaryň işleýşine talabalaýyk gözegçiligi ýola goýmak zerurdyr.

Milli Liderimiz şäherlerde we ilatly ýerlerde arassaçylygyň berjaý edilmeginiň wajypdygyny belläp, “akylly» şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, zir-zibiller üçin “akylly» gaplary ornaşdyrmak baradaky pikiri aýtdy. Sebäbi özüniň gurluşy boýunça zir-zibil gaplar dolan wagtynda hapa ýygnaýjy gulluklara habar gönderýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işiň häzirki zaman sanly ulgam arkaly dolandyrylmagyna ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Häzirki wagtda zir-zibil galyndylarynyň dünýäde uly mesele bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu babatda dünýäniň ösen tejribesinden ugur alyp, galyndylary gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Munuň özi ekologiýa meselesiniň oňyn çözülmegine hem-de şäher abadançylygynyň baş şertini emele getirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, bularyň ählisiniň köp derejeli şäher ulgamyny döretmäge, şäher gulluklarynyň ählisine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga ýardam etjekdigini aýtdy we bu işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistan oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gidip, “akylly» şäherler konsepsiýasyny hem durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň täze şäher medeniýeti babatda hem, ekologiýa nukdaýnazaryndan hem nusgalyk bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz iş saparyny tamamlap, hemmelere öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23341?type=feed

17.03.2021
Hususy pudagyň rowaç menzilleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys.

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň binýatlaýyn esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy, onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmagy, eksport kuwwatyny düýpli artdyrmagy hem-de bu ugurda hususy başlangyçlary goldamagy ösüşleriň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitleýär. Şonuň netijesinde, türkmen kärhanalary daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek önümleri öndürmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýe bolýarlar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň çäklerinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Hususyýetçiligiň goldanylmagy durnukly ösüşi gazanmakda örän ähmiýetlidir. Munuň özi hususy pudagyň önümçiligi çeýe dolandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini düýpli diwersifikasiýalaşdyrmak, täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak ýaly häsiýetleri bilen baglydyr. Mundan başga-da kiçi we orta telekeçiligiň wezipelerine täze iş orunlaryny döretmek, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeltmek, sebitleriň jemi öndüren önüminiň möçberini artdyrmak, importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümçilikleri döretmek ýaly wajyp ugurlar degişlidir.
Döwlet bilen hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dünýäde döreýän maliýe-ykdysady ýagdaýlaryň ýurduň ykdysady ösüşine oňaýsyz täsirini peseltmek babatda hem oňyn netije berýär. Gahryman Arkadagymyz telekeçiligi işjeňleşdirmek hem-de ýurdumyzyň senagat taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hususy başlangyçlary höweslendirmegiň, bu ugurda innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmagyň zerurdygyny nygtaýar. Özümizde öndürip biljek harytlarymyzy daşary ýurtlardan getirmegi bes etmegiň zerurdygyny, bu çäreleriň, ilki bilen, täze iş ýerlerini döretmäge, telekeçileriň we raýatlaryň iş orunlaryny saklap galmaga gönükdirilmelidigini öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi we 2019-njy ýylyň oktýabrynda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen, guramanyň işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslarynyň kesgitlenmegi telekeçiligi ösdürmekde möhüm ädim boldy. Häzirki döwürde birleşmäniň 26 müňe barabar agzasy bolup, ol ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biridir.
Senagatçylyk we telekeçilik işjeňliginiň ösmegine, döwletiň çäginde, şonuň ýaly-da, halkara derejede özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýän ykdysady syýasaty amala aşyrmakda onuň agzalarynyň tagallalaryny jebisleşdirmek we utgaşdyrmak birleşmäniň esasy maksatlarydyr. Şeýle düzümli wezipeleriň hatarynda Türkmenistanda telekeçilik başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady we durmuş şertleriniň döredilmegine, agrosenagat toplumynda telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan telekeçiligiň subýektlerini jebisleşdirmek, olaryň işini utgaşdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gatnaşmak we beýlekiler bar.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gysga wagtyň içinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kiçi, orta we iri kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny yzygiderli seljerip, kämilleşdirip, bu işleri Ministrler Kabineti bilen bilelikde alyp barmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagy täze iş orunlaryny döretmäge, häzirki iş ýerlerini saklap galmaga mümkinçilik berer. Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň maksatnamalary kabul edildi we şunuň bilen bagly täze maksatnamalary düzmek boýunça işler hem alnyp barylýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurup, ulanmaga berýän desgalarydyr binalary hem giň möçberli gurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylda desgalaryň onlarçasyny ulanmaga bermek göz öňüne tutulyp, olaryň ençemesinde birleşmäniň agzalary buýrujy bolup çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda hususy pudagyň kärhanalaryna iň iri we örän jogapkärli, ykdysady ähmiýetli taslamalary amala aşyrmagy ynanýar. Aşgabat — Türkmenabat awtobany, Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezi sebitde amala aşyrylýan has iri taslamalardyr.
Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýollaryň we köprüleriň gurulmagy ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatda iňňän wajypdyr. Aşgabat — Türkmenabat awtobany döwrüň ýokary talaplaryna laýyk geler, ol halkara üstaşyr ulag düzümini giňelder, goňşy ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň amala aşyrylmagyna giň şertleri döreder. Ýokary tizlikli halkara ýol goňşy ýurtlara, olaryň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli köpugurly ulag ýollaryna birikmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmekde, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde, olary gaýtadan işlemekde hem-de bu ugurda ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda TSTB-niň agzalary giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
Milli Liderimiziň «Telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakynda» Karara gol çekmegi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge giň mümkinçilik döretdi. Oňa laýyklykda, oba hojalygynda iş alyp barýan hususyýetçileriň ýüzlerçesi ýeňillikli şertler esasynda «John Deere» kompaniýasynyň iň kämil tehnikalarynyň eýeleri boldular.
Hususyýetçiler söwda we hyzmatlar ulgamyna sanly tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmakda-da görelde görkezýärler. Soňky ýyllarda birnäçe internet-söwda sahypalarynyň açylmagy, ilata eltip bermek hyzmatynyň ýola goýulmagy döwrebap amatlyklary üpjün edýär. Şulardan görnüşi ýaly, türkmen telekeçileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly barýarlar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hususyýetçilikde gazanylýan üstünlikler biri-birine ulaşyp, türkmen telekeçileriniň Gahryman Arkadagymyzyň ynamyny ödemek ugrunda ukyp-başarnyklaryny, yhlasly zähmetlerini gaýgyrmaýandyklaryna şaýatlyk edýär.
Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 13 ýyl bolýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň 17-18-nji martda geçiriljek sergisiniň hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň netijeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, kömek-goldawlary netijesinde, hususy pudagyň depginli ösüşlere beslenýändigine doly şaýatlyk eder. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen sergide senagat, oba hojalygy, gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleri, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, söwda hem-de hyzmatlar, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ugurlarda ýöriteleşen hususy kärhanalar öz gazanan üstünlikleri bilen çykyş ederler.
Döwlet Baştutanymyzyň «Telekeçileriň alyp barýan işleri Türkmenistanyň ählumumy ykdysady ulgama goşulyşmagyna ýardam etmelidir hem-de işleriň öňdebaryjy usullaryndan ugur almalydyr, şol sebäpli hem döwletimiz geljekde-de kiçi we orta telekeçiligi işjeň goldar, milli ykdysadyýetimizde onuň ornunyň giňeldilmegine ýardam berer» diýen sözleri bizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Ýurdumyzda telekeçiligiň pajarlap ösmegi babatda döredip berýän şertleri üçin milli Liderimize sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Bütin dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň berkarar bolmagy ugrunda alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin!
Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty.


https://metbugat.gov.tm/

 

17.03.2021
Daşary söwda strategiýasy: oýlanyşykly ädimler, oňyn netijeler

Dünýäde ählumumylaşmak hadysasynyň ýitileşmegi ýurdumyzyň daşary söwda-ykdysady ulgamyny döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmekde täzeçil çemeleşmeleriň ulanylmagyna şert döredýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy daşary ykdysady gatnaşyklary döwrebap derejede ösdürmek ugrunda ädilen möhüm ädimleriň ýene biri boldy. Milli ykdysadyýetiň önümçilik we eksport mümkinçilikleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam berjek bu Strategiýanyň durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýelejekdigini ynam bilen aýtmak bolar.

Daşary ykdysady syýasat hem hemişe ýurduň milli bähbitlerinden ugur alýar. Mazmuny boýunça syýasatyň bu ugry syýasy, ykdysady, durmuş mümkinçiliklerini pugtalandyrmak we dünýä ykdysadyýetine netijeli gatnaşmak üçin daşary ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek we ulanmak boýunça döwletiň anyk maksada gönükdirilen işini aňladýar. Döwlet tarapyndan daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň maksatlarynyň we wezipeleriniň kesgitlenilmegi ykdysadyýeti döwletiň kadalaşdyrmagyny aňladýar. Çünki dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we işjeňleşdirmek häzirki döwrüň möhüm meselesi bolmak bilen, ony üstünlikli amala aşyrmak wezipesi döwletiň paýyna düşýär.

Dünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde hiç bir döwlet beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmezden, milli ykdysadyýetini özbaşdak ösdürmäge ukyply däldir. Bu ählumumylaşýan ykdysadyýetiň esasy häsiýetleriniň biri bolup, ol dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady çygyrda hyzmatdaşlyk etmegiň täzeden-täze ugurlarynyň ýüze çykmagyna şert döredýär. Dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösüşi döwür bilen aýakdaş gitmek, halkara söwdanyň ösüş meýillerinden ugur alyp, milli söwda ulgamyny strategiýalaýyn ösdürmek wezipesini döwrüň wajyp wezipeleriniň birine öwürýär. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz daşary ykdysady strategiýamyzda daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegine, söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýäris» diýip, aýratyn nygtap aýdan sözleri ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde we ýönekeý bolmadyk häzirki şertlerde ony saklamakda söwda ulgamynyň ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýandygyny aňladýar. Şol forumda ýurdumyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmekde ähmiýeti ýokary täjirçilik we söwda strategiýasyny işläp taýýarlamaga-da badalga berlendigi bellenilip geçilse, ýerlikli bolar.

Dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösýän häzirki şertlerinde döwlet syýasatynda daşary söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, onuň ýurduň ösüşiniň esasy makroykdysady görkezijilerine özüniň uly täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, eksport edilýän önümleriň möçberiniň artmagy diňe bir ýurdumyza altyn pul akymlarynyň gelmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen önümleriniň daşary bazarlara çykarylmagy ýerli öndürijilerimiz tarapyndan bäsdeşlige ukyply önümleriň has-da köp öndürilmegini höweslendirýär. Netijede, jemi içerki önümiň, şol sanda öndürilýän ýokary hilli önümleriň möçberi artýar. Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri, öz gezeginde, önümçiligiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynda, işgärleriň hünär başarnyklarynyň ýokarlanmagynda, täze iş orunlarynyň döredilmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Bu aýratynlyklar daşary söwdanyň netijeli guralan, işiň oýlanyşykly ýola goýlan ýagdaýynda ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan halkara zähmet bölünişiginde öz serişde, senagat we ylmy mümkinçiliklerine doly laýyk gelýän orny eýelemäge çalyşýar. Bu strategik wezipäniň amala aşyrylmagy daşary ykdysady, şol sanda söwda gatnaşyklarynyň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagyny, ýagny daşary ykdysady syýasatyň oýlanyşykly işlenilip taýýarlanmagyny, degişli institutlaryň ösen ulgamynyň we dolandyryş mehanizminiň bolmagyny talap edýär.

Türkmenistanyň daşary söwda Strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin syýasy we ykdysady häsiýetli birnäçe şertleriň bardygy aýratyn bellärliklidir. Daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde biziň ýurdumyz bu gün bitaraplyk hukuk derejesinden ýerlikli peýdalanýar. Bu halkara hukuk derejesi söwdada özara bähbitli we deň hukukly hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin amatly içerki we daşarky şertleriň birnäçesini döredýär. Ýurdumyzda syýasy durnuklylyk, bir tarapdan, içerki önümçiligi ösdürmäge, ýagny baý tebigy serişdelerimizi senagat taýdan gaýtadan işlemegiň esasynda täze innowasion önümleri öndürmäge ýardam berse, beýleki tarapdan, ýurdumyzyň Ýewropanyň we Aziýanyň, Gündogaryň we Günbataryň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşmegi içerki ösüş üçin, şeýle hem giň halkara hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat edýän möhüm esas hökmünde çykyş edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzy Merkezi Aziýanyň ulag giňişliginiň «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» üstaşyr ulag halkasyna öwürmek ugrunda giň gerimde alnyp barylýan işler halkara söwdanyň işjeňleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda «Demirgazyk — Günorta» ugry ýük akymlarynyň Demirgazyk Ýewropadan Pars aýlagyna, «Gündogar — Günbatar» ugry bolsa Günorta we Merkezi Ýewropadan Günorta we Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna hem-de Hytaýa ýükleriň üstaşyr geçirilmegini üpjün edýär. Bu şertler daşary söwdada hyzmatdaş hökmünde Türkmenistany has-da özüne çekiji edýär.

Ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin, ilkinji nobatda, ýurtda öndürilýän harytlaryň köp görnüşliligini we hiliniň ýokarylygyny üpjün etmek zerur bolup durýar. Munuň üçin milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň has-da köp möçberde çekilmegi, şeýle-de türkmen işewürleriniň eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümleri öndürmäge çalyşmaklary täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki döwürde ykdysady strategiýada ýurduň önümçilik we söwda kuwwatyny artdyrmakda türkmen işewürleriniň mümkinçiliklerini has doly ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Kiçi we orta telekeçilige ýardam bermek we olary ösdürmek çäreleriniň döwlet syýasatynda iň möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenmegi hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Türkmenistanda iş bilen meşgullanýanlaryň 75 göterimine golaýynyň döwlete dahylly däl ulgamda zähmet çekmegi onuň döwrüň möhüm meselelerini çözmekde uly güýç bolup durýandygyna we döwlet strategiýasyny amala aşyrmakda mümkinçilikleriň uludygyny görkezýär.

Ýurduň ýakyn we orta möhlete niýetlenen daşary söwda Strategiýasy, bir tarapdan, oýlanyşykly, maksadalaýyk hereketlerden ybarat bolsa, beýleki tarapdan, häzirki döwürde dünýäniň syýasy we ykdysady giňişliginde ýagdaýlaryň diýseň çalt üýtgäp durmagy netijesinde, öňünden kesgitläp bolmaýan wakalara we barha ýitileşýän bäsleşiklere tiz seslenmegiň usullarynyň hem göz öňünde tutulmagy wajyp meseleleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan «ýol görkezijiniň» işlenilip taýýarlanmagy ýaňy-ýakynda kabul edilen söwda Strategiýasynyň oýlanyşykly düzülmeginde möhüm hasaplanýar.

Daşary söwda strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurtda diňe bir eksporta niýetlenen ýa-da importy çalyşýan harytlary öndürmek ýeterlik bolman, eýsem, olary daşary bazarlarda öňe sürmegiň usullaryny hem dogry saýlamak möhüm meseleleriň biridir. Munuň üçin daşary ýurt tejribesinde öz oňyn netijelerini görkezen usullardan peýdalanmak, ýagny söwda sergilerini we hödürleniş çärelerini, ýöriteleşdirilen simpoziumlary we amaly maslahatlary guramak, şeýle-de türkmen harytlaryny, hyzmatlaryny, intellektual eýeçiligi dünýä bazarlarynda öňe sürmek boýunça çäreleri geçirmek netijeliligi ýokary usullar hasaplanýar. Mundan başga-da, häzirki döwürde Russiýada, Belarusda, Türkiýede we Hytaýda ýerleşýän ilçihanalaryň ýanynda hereket edýän söwda öýleriniň we wekilleriniň alyp barýan işiniň beýleki ýurtlarda hem göz öňünde tutulmagy döwletara söwda gatnaşyklarynyň has-da işjeňleşmegine ýardam berjek gural bolup durýar.

Häzirki sanly eýýamda maglumat üpjünçiligi ykdysady netijeliligi gazanmagyň gymmatly we ähmiýetli serişdeleriniň biri hasaplanýar. Bu jähetden, ýurdumyzda daşary ykdysady işi ösdürmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin daşary söwda maglumatlar ulgamynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda kabul eden Karary esasynda döredilen eksport-import amallary üçin, «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara toparyň esasy maksady sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly eksport-import amallary ýeňilleşdirmek üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Bu, öz gezeginde, şeýle söwda Strategiýasynyň netijeli amala aşyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirjekdigini alamatlandyrýar.

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasynda synçynyň derejesine eýe döwlet bolup, bu dereje milli ykdysadyýetiň sazlaşykly ösüşini, daşary söwda gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň berkemegini, köptaraply hyzmatdaşlygyň giňemegini, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegi üpjün etmek bilen bir hatarda, bazar gatnaşyklarynda özgertmeleriň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin hem täzeden-täze mümkinçilikleri döredýär.

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23337

17.03.2021
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär. Häzir bu pudaga ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet ähmiýetli möhüm meseleriň arasynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işlere hem garaldy.

Baky Bitarap Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurduň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge we ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlara aýratyn ähmiýet berýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar. Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar.

Türkmenistanyň hyzmatdaşlar babatdaky bitaraplyk ugry köpugurly turba geçiriji düzümi döretmäge esaslanýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Bu düzüm geljekde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, diýmek, giň Ýewraziýa yklymynda ýaşaýan millionlarça adamyň durmuşyny has-da gowulandyrmaga ýardam eder. Halkara energiýa geçirijileri halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň gurallaryna öwrülip, sebitde jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy we ählumumy ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek wezipeleri pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, täze känlerde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegi güýçlendirmek, bu işlerde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň gerimini, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmek ýaly wezipeleri öz içine alýar. Ýurdumyzda nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlar yzygiderli gurulýar. Ahal welaýatynyň ykdysadyýetiniň häzirki ösüşinde gaz senagaty pudagynyň önjeýli paýy bardyr. Ahal welaýatynyň çäklerinde Türkmenistanyň iri gaz ýataklarynyň biri bolan Döwletabat ýatagy ýerleşýär. 2019-njy ýylyň iýun aýynda Gökdepe etrabynyň çäginde tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän, dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy açylyp, işe girizildi. Şeýlelikde, welaýatda önümiň täze görnüşiniň — “ECO-93” görnüşli benziniň önümçiligi ýola goýuldy. Bu desganyň işe girizilmegi welaýatyň çäginde täze «ykdysady ösüş nokatlaryny» emele getirmek üçin şertleri döredýär.

Ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň derejesini ýokary halkara görkezijilerine laýyk getirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda uniwersitetimizde 23 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar hem-de 5 ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlary alnyp barylýar. Uniwersitetleriň Halkara bileleşiginiň agzasy bolan uniwersitetimizde dünýäniň nebitgaz boýunça iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ýörite sapaklary guramak, tejribe alyşmak işleri ýola goýlandyr. Sanly ulgam arkaly tejribe sapaklary geçirilýär. Ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna «Sanly ykdysadyýet» dersi girizildi. Milli Liderimiz şu ýylyň 3-nji fewralynda nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça geçiren maslahatynda uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmegiň maksada laýyk boljakdygyny belläp geçdi.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy bolan nebitgaz senagatyny öňdebaryjy, düşewüntli pudaga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen, ýokary hilli we takyk maglumatlaryň alynmagy uglewodorod çig malynyň gözlegi we gazylyp alynmagy üçin harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa bar bolan ätiýaçlyk gorlary, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şonuň üçin-de, bu ulgamda sanly ulgamyň artykmaçlyklaryndan giňden peýdalanmagyň ýola goýulmagy, bu ugurdan sowatly, kämil hünärmenleri ýetişdirmek derwaýys wezipe hökmünde öňe çykýar.

Milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar esasynda öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek ykdysadyýetimizi ösdürmegiň iň ähtibarly girewidir. Döwrebap ýerli senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, ähli ulgama sanly ösüşleriň ornaşdyrylmagyna giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli işleriniň barha rowaç almagyny arzuw edýäris.

Gyzylgül MEZILOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23325

17.03.2021
Milli ykdysadyýetimiziň batly gadamlary

Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Sanly ulgamyň peýda bolmagy bilen ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Ýaşlaryň bilim almagyna, ylym öwrenmegine barha giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylym hem-de önümçilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýokary bilimli işgärleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmegiň möhümdigine hemişe ünsi çekýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak Konsepsiýasyna laýyklykda, halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym ulgamynda hem degişli işler ýola goýulýar. Sanly tehnologiýany giňden ulanmak arkaly ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiz ählitaraplaýyn ösdürilýär. Şeýle uly, beýik ösüşlerde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Bu babatda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilýändigi bellärliklidir. Sebäbi innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Şunda bilim mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyny, sanly ykdysadyýetiň berk binýadynyň goýulýandygyny aýdyň görkezýär. Sanly ykdysadyýete geçmegiň esasy serişdesi hökmünde kesgitlenen kompýuter tehnologiýasyny giňişleýin peýdalanmakda we döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde döwletimizde oňyn öňegidişlikler gazanyldy. Önümçilik binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu ugurdaky ösüşlerimize doly şaýatlyk edýär.

Sözüň doly manysynda ulgamlaýyn düzüme goşulan sanly, kompýuter tehnologiýalary ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm şerti hem-de halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň netijeli işleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki döwürde ähli maglumat ulgamlary sanly tehnologiýalaryň esasynda işleýär. Şu nukdaýnazardan, döwrebap düşünjeli kompýuter enjamlaryndan baş çykarýan, kämil tehnologiýalara erk edýän ýaşlary ýetişdirmek döwrüň möhüm talabyna öwrüldi. Şonuň üçin eziz Diýarymyzda pudaklaryň we orta hünär okuw mekdepleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde edara-kärhanalaryň binýadynda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýörite okuwlaryň guralmagy esasynda sanly ulgama geçmek işi netijeli häsiýete eýe bolýar.

Başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni ata Watanymyzda eýelenýän şeýle ýokary sepgitler, gazanylýan üstünlikler, ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, bir başa bakmak ýol-ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň bir ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň seresi bolan bu mukaddes ýol-ýörelgäniň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde has-da ösdürilýändiginiň şaýady bolmak her bir ildeşimiz üçin diýseň guwandyryjydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlyklara beslenip, göwünleri galkyndyrýar. Durnukly ösüşiň belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda milli Liderimiziň alyp barýan giň gerimli netijeli işleri halkymyzyň bagtyýarlygyna, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilendir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylýan şöhratly ýylymyzyň her bir güni, her pursady ýatda galyjy toý-baýrama, şanly wakalara beslenýär. Bu hakykat ajaýyp döwrümiziň adyna mynasyp bagtyýarlyk döwri bolup, bu günki gün agzybir jemgyýetimiziň bagtyýarlygynyň, abadan döwletimiziň berkararlygynyň mizemezdiginden habar berýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygynyň bellenilýän, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ösüşi täze belentliklere göterilýär. Biz muny halkymyzyň bagtyýar durmuşynda, Diýarymyzyň rowaçly gadamlarynda aýdyň görýäris. Il-halk bähbitli şeýle döwletli işleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, irginsiz zähmeti, halkymyza bolan belent söýgüsi bar. Goý, ata Watanymyzy ösüşiň şaýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Ýazgül MOLLAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 75-nji orta mekdebiň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23304

17.03.2021
Işewürlikde täze mümkinçilikler

Eziz Diýarymyzy ähli babatda dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli ykdysadyýetimizdäki orny barha ýokarlanýan hususy işewürlikde hem sanly ulgamyň gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän kärhanalaryň öz harytlaryny we hyzmatlaryny onlaýn usulda hödürleýänleriniň sany barha artýar.

Garaşsyz Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik üçin döredilýän şert-mümkinçilikleriň çäklerinde işewürlige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilmegi ýöne ýerden däldir. Bütin dünýäde geçirilen köp sanly barlaglaryň netijeleri we gündelik durmuşymyzda şaýat bolýan hakykatlarymyz sanly tehnologiýalaryň hem işewürler, hem müşderiler üçin ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçilikleri döredýändigini äşgär edýär. Sanly ulgam kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Çünki kiçi we orta telekeçilik ýokary derejede merkezleşdirilenligi we bazaryň özgerişine çalt uýgunlaşmak ukyby bilen tapawutlanýar. Bäsdeşlik göreşiniň ösenligi sebäpli kiçi we orta kärhanalar öz işlerine innowasiýalary we sanly tehnologiýalary has işjeň ornaşdyrýarlar. Bu bolsa tutuş ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösüş depginine oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ykdysadyýetiň hödürleýän oňaýly şertleriniň hatarynda, ilkinji nobatda, Internet tory arkaly kärhanalaryň işini kämilleşdirmäge, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmaga, bazaryň islegini öwrenmäge ýardam berýän bilimleri we maglumatlary edinmäge mümkinçiligi görkezmek bolar. Şeýle hem, sanly ulgam konsalting, ýuridik, buhgalter we beýleki zerur hyzmatlardan uzak aralykdan peýdalanmaga şert döredýär. Bu bolsa telekeçilere öz kärhanasynyň işiniň belli bir bölegini degişli ugurda ýöriteleşen hünärmenlere tabşyryp, wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga ýardam edýär.

Sanly tehnologiýalaryň kämilleşmegi netijesinde mahabatyň täze görnüşleriniň döremegi, jemgyýetçilik torlarynyň we web-sahypalaryň hödürleýän mümkinçilikleri, internet dükanlarynyň we onlaýn bazarlaryň köpelmegi işewürligi ösdürmekde täze ýeňillikleriň peýda bolmagyny şertlendirýär. Şeýle çözgütler kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan taraplara işçi güýjüniň has netijeli peýdalanylmagy, ýörite desgalary gurmak ýa-da kärendesine almak zerurlygynyň aradan aýrylmagy, söwda we logistika serişdelerine sarp ediljek serişdeleriň tygşytlanmagy ýaly artykmaçlyklary döredýär. Tygşytlanan serişdeleriň harytlaryň we hyzmatyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilmegi bolsa, hem öndürijiler, hem sarp edijiler üçin bähbitlidir.

Bu gün Garaşsyz Watanymyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, halkymyza ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän hususy işewürleriň hatary barha giňeýär. Ýurdumyzda onlaýn dükanlaryň sany we olaryň hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleriniň köpelmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Aýgül ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23174

16.03.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 15-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň baş şäherini hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek baradaky möhüm meselelere, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, ýazky ekiş möwsümine hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Wise-premýer Ş.Durdylyýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem ýazky bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Häkim, öz nobatynda, paýtagtymyzda alnyp barylýan işler, ulanylmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şanly wakalar mynasybetli açylyp, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalardaky işleri öz wagtynda, şonuň ýaly-da, bildirilýän talaplara laýyklykda, ýokary hil derejesinde tamamlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere we paýtagtymyzyň häkimine bu babatda tabşyryklar berdi.

Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri hem-de döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr. Türkmen paýtagtynyň ýokary derejesi göz öňünde tutulyp, ol ähli babatda nusgalyk bolmalydyr, munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz şöhratly seneler — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary guramak boýunça wise-premýere hem-de häkime baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de welaýatlaryň häkimlerini çagyrdy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Gök-miwe ekinleriniň, ýeralmanyň we soganyň bereketli hasylyny almak üçin zerur işler geçirilýär.

Şeýle hem häkim şu günler gar ýagyp, sowuk howanyň gelmegi sebäpli, miweli agaçlaryň hasyllylygynyň peselmezligi üçin görülýän agrotehniki çäreler, maldarçylyk hojalyklarynda mallary gyşdan dok we ýyly alyp çykmak boýunça hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlendigi, şu günler bolsa dowarlardan owlak-guzy almak möwsüminiň üstünlikli dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Hasabatyň barşynda ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek boýunça ähli çäreleriň görülýändigi bellenildi. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmek we meýilnamalaýyn işleri ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler hakynda hasabat berildi.

Häkim sebitiň täze gurulýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy barada aýdyp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen binalaryň gurluşyk depginlerini artdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň biri bolan ýaz ekişine aýratyn üns berdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, şol sanda ýerleri agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli taýýarlamak hem-de daýhanlary tohumlar bilen doly möçberde üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz bugdaý ekilen meýdanlara ýagan garyň maýsalaryň iýmitlenmegi we ösüşi üçin örän peýdaly bolandygyny belläp, bugdaýa ideg etmek hem-de bellenilen agrotehniki çäreleriň öz möhletinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça işleriň depginini güýçlendirmegi hem-de howanyň sowamagy bilen baglylykda miweli agaçlara ideg etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bereketli hasyl almak hem-de ilaty ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin gök-miwe ekinlerine, şol sanda ýeralma we sogana ideg etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz pile öndürmek boýunça möwsüme taýýarlyk görmegiň möhümdigini aýtdy.

Meýdan işleri bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz howanyň sowuk günlerinde welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek, şol sanda tohum mallaryň baş sanyny artdyrmak, täze bolan guzulary we köşekleri saklamak üçin şertleri üpjün etmek boýunça anyk görkezmeler berdi. Degişli ugurda maldarlara toplumlaýyn ýardam edilmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasynyň degişli derejede geçirilmelidigi barada aýdyp, agaç nahallarynyň zerur sanyny üpjün etmek, ýerleri ekiş üçin taýýarlamak barada degişli görkezmeler berdi.

Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekin meýdanlarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Etraplarda ýazky meýdan işlerine taýýarlyk görmek, şol sanda ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek işleri toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar.

Bugdaýa ideg etmek boýunça zerur işler geçirilýär, hususan-da, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri guramaçylykly dowam edýär. Öňde boljak baýramçylyklara, şol sanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Ýazky ýeralma, sogana ideg etmek, beýleki gök ekinleri ekmek boýunça iş depginini artdyrmak hem-de olary agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin çäreler görülýär.

Welaýatyň häkimi ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky ekiş möwsüminiň öň ýanynda geçirilýän işleriň göwnejaý guralmagyna, ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak hem-de daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleriň çözülmegine aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şunda ähli agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmegiň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi.

Güýzlük bugdaýa oba hojalyk ylmynyň görkezýän möhletlerine laýyklykda ideg işlerini dowam etmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz gar ýagyp, howanyň sowandygyna ünsi çekip, munuň bolsa ir gülleýän miweli baglaryň esasy böleginiň gülüni dökmegine getirendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz bereketli hasyl almak üçin miweli baglara, şonuň ýaly-da, ýazlyk ýeralma we sogana ideg etmek hem-de beýleki gök we bakja ekinleriniň ekişini öz wagtynda tamamlamak boýunça işleri agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen geçirmegi tabşyrdy.

Garyň ýagyp, sowuk howanyň aralaşmagy sebäpli, maldarçylyk we düýedarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy we köşek almak boýunça möwsümi ýokary derejede geçirmek maksady bilen şu döwürde maldarlaryň netijeli işlemegine goldaw berjek ähli şertleri döretmek gerek diýip, milli Liderimiz belledi. Bu işde halkymyzyň baý tejribesine hem-de häzirki zamanyň alym-zootehnikleriniň maslahatlaryna eýerilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan ähli çäreleriň üstünlikli we doly berjaý edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklar berdi.

Pile öndürmek boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine hem-de bu ugurda bar bolan meseleleri dessin çözmek babatda görülýän çärelere aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz öňde boljak köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ähmiýetini belläp, bu çäräni toplumlaýyn ylmy esasda hem-de ýerli toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açyljak desgalaryň gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmek hem-de halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim obasenagat toplumynda, gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy hem-de iş depgini, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş düzümini döwrebaplaşdyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, ýazky gowaça we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek, agrotehniki kadalara laýyklykda, güýzlük bugdaýa ideg etmek, kärendeçileri ýokary hilli tohum, dökün we suw bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýdyldy.

Şeýle hem ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, gök ekinleri ekmegiň kesgitlenen möhletlerine laýyklykda, welaýatda ekişi ýokary hilli geçirmek üçin zerur tagallalar edilýär.

Mundan başga-da, pile öndürmek boýunça işleriň meýilnamasy, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini hem-de olaryň ylmyň gazananlaryny iş ýüzünde ulanmak, ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen geçirilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz howanyň şu günlerki ýagdaýynyň ak ekinler üçin örän peýdaly bolandygyny aýdyp, meýdanlarda bugdaý maýsalaryna ideg etmek boýunça möwsümleýin işleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli geçirmek bilen bagly bolan meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmaga we gök-bakja önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu maksat bilen welaýatda ekilen ýazlyk ýeralma we sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegini hem-de meýilnama laýyklykda beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň bellenen möhletinde geçirilmegini üpjün etmek barada wise-premýere hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyz maldarlar üçin her ýylyň mart-aprel aýlarynda örän jogapkärli möwsümiň — owlak-guzy almak möwsüminiň dowam edýändigine ünsi çekdi. Şu günler garyň ýagyp, sowuk howanyň gelmegi sebäpli, maldarlara toplumlaýyn goldaw bermek zerurdyr.

Milli Liderimiz sebitiň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi barada durup geçmek bilen, köpçülikleýin bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek hem-de bag nahallaryny taýýarlamak boýunça wezipeleriň çözülmegini gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň şanyna ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny kesgitlenen möhletlere laýyklykda tamamlamak boýunça anyk görkezmeler berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde işleriň ýagdaýy, ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň depginleri barada hasabat berdi. Bugdaý ekilen meýdanlarda maýsalar mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ösüş suwy tutulýar, daýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hem-de aprel aýynda belleniljek baýramçylyklara taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.

Şeýle hem hasabatyň çäginde pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şol sanda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşyp, olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen ýeterlik üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, möwsümleýin işleriň öz wagtynda geçirilmeginiň, daýhanlary höweslendirmegiň we goldamagyň bereketli hasyl almagyň esasy şertleri bolup durýandygyny belledi.

Milli Liderimiz şu günler gar ýagyp, howanyň sowandygyny, munuň bolsa güllän miweli baglaryň esasy böleginiň gülüni dökmegine getirendigini aýdyp, ýagan garyň baglara ýetiren ýaramaz täsirini aradan aýyrmak boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaýa ýokary hilli ideg edilmegini dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, ýazlyk ýeralma we sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, gök-bakja ekinleri, gowaça üçin bölünip berlen ýerleriň degişli derejede işlenip taýýarlanylmagy, geçirilmeli işleriň agrotehnikanyň kadalaryna kybap gelmegi ähmiýetli orny eýeleýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz garyň ýagyp, sowuk howanyň aralaşmagynyň welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak boýunça möwsümi ýokary derejede geçirmegi talap edýändigini aýdyp, pudagyň zähmetkeşleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pile öndürmek möwsümine degişli derejede taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekip, kärendeçi ýüpekçileriň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertleri döretmek barada degişli tabşyryklar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny baýram etmek baradaky meselä geçip, şu ýyl şanly sene mynasybetli welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Bu babatda wise-premýere we häkime anyk görkezmeler berdi.

Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigi barada aýdyp, baýramçylyk çäreleriniň, şeýle hem bag ekmek boýunça ählihalk dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu günler gowaça ekişine toplumlaýyn taýýarlyk görülýär, güýzlük bugdaýa ösüş suwy tutulýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Ýerlerde ýeralma, sogana ideg işleri dowam edýär.

Bulardan başga-da, häkim bag ekmek dabarasyna hem-de pile öndürmegiň nobatdaky möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreleriň medeni maksatnamasy barada habar berildi. Meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli düzümleriň işlerini utgaşdyrmak üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gymmatly ekiniň kesgitlenen möhletlere laýyklykda guramaçylykly ekilmeginiň hem-de gowaça meýdanlaryna degişli derejede ideg edilmeginiň “ak altynyň” bereketli hasylyny almagyň girewidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu günler gar ýagyp, howanyň sowandygyny, şol sebäpli ir güllän miweli baglaryň esasy böleginiň gülüni dökendigini aýtdy. Milli Liderimiz miweli baglara ideg etmek işlerini degişli agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýmak barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz geljekde bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin zerur tagallalaryň birleşdirilmelidigini hem-de ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz döwrebap agrotehnologiýalary hem-de oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny işjeň ornaşdyrmagyň esasynda, pagtaçylyk we däneçilik pudaklarynyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz her ýylyň mart-aprel aýlarynda maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak möwsüminiň maldarlar üçin hakyky synaga öwrülýändigini aýdyp, garyň ýagyp, howanyň sowamagy bilen baglylykda, maldarlara hemmetaraplaýyn ýardam edip, olaryň bu jogapkärli döwürde netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly häkime anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz halkymyzy dürli önümler bilen doly möçberde üpjün etmegiň obasenagat toplumynyň esasy wezipesidigini aýdyp, häkime ýazky gök ekinlere edilýän ideg işlerini, şol sanda olara ösüş suwunyň tutulmagy hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirilmegi ýaly agrotehniki çäreleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň häkimine öňde boljak bag ekmek dabarasy bilen bagly guramaçylyk meselelerini çözmek boýunça görkezmeler berip, gymmatly dokma çig maly bolan ýüpek pilesini öndürmek boýunça möwsüme görülýän taýýarlygy üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna, eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde ýazky bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Şeýle hem, pile öndürmek boýunça bellenilen meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek möwsümine taýýarlyk görmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer howanyň birden sowamagy bilen baglylykda, bu ýagdaýyň miweçilik hojalyklaryna, maldarçylykda dowam edýän owlak-guzy möwsümine ýetiren täsirini öwrenmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, garyň ýagyp, howanyň sowamagy bilen baglylykda, bu ýagdaýyň oba hojalyk önümleriniň, şol sanda miweleriň geljekki hasylyna, owlak-guzy möwsüminiň barşyna ýetiren täsirini anyklamagy, öwrenmegi we bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlaryna ýagan garyň maýsalaryň iýmitlenmegi we ösüşi üçin örän peýdaly bolandygyny belledi. Milli Liderimiz sözüni dowam edip, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bu işe çekmegiň hem-de olar bilen bilelikde ylmy taýdan esaslandyrylan işläp düzmeleri taýýarlap, önümçilige ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedowy we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we at çapyşyklarynyň geçirilişini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň şowhunyny has-da artdyrmak, meşhur ahalteke bedewleriniň atlaryny ebedileşdirmek, şeýle hem halkara tejribelere we milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, at çapyşyklarynyň geçirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, baýramçylyk at çapyşyklarynda goýulmagy teklip edilýän kuboklaryň we baýraklaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, “Ak şäherim — Aşgabat”, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň göçme kuboklarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, “Watan goragçysy”, welaýatlaryň göçme kuboklarynyň görnüşleri, türkmen topragynda şöhrat gazanan, ýyndamlykda hem-de owadanlykda taý bolmadyk “Akhan”, “Boýnaw”, “Garader”, “Gelşikli”, “Nusaý, “Pereň», “Polatly”, “Ýanardag”, “Meleguş” ýaly türkmen bedewleriniň atlaryna goýuljak baýraklaryň görnüşleriniň taslamalary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer halkara tejribelerden ugur alnyp, atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde, at çapyşyklarynda goýumly oýunlary, ýagny totalizator oýunlaryny geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiliginiň we onuň mobil goşundysynyň taýýarlanandygyny habar berdi hem-de olary atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek üçin birnäçe teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz hödürlenen taslamalar we teklipler bilen tanşyp, käbir degişli maslahatlaryny berdi we olary, umuman, tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda döwrüň ösen tehnologik önümçiliklerini ornaşdyrmaga, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri atçylyk pudagynda, şol sanda at çapyşyklaryny döwrebap derejede geçirmekde hem işjeň ulanyp, bu meseleleriň çözülmegine yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň möhüm wezipesiniň ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny we gymmatyny hem-de atşynaslygyň däplerini gorap saklamakdan we olaryň şöhratyny bütin dünýäde has-da artdyrmakdan ybaratdygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, birleşigiň hünärmenleriniň baş maksady öňde durýan şu wezipeleri çözmäge gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy S.Berdimuhamedow şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriljek Türkmen alabaýynyň baýramyna we ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bu baýramçylyklaryň örän uly ähmiýetine ünsi çekip, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen alabaýlarynyň bäsleşikleriniň ýeňijilerine gowşuryljak baýraklar barada teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilmeginiň möhümdigini aýdyp, milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça ähli welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň barşyna gözegçilik etmek maksady bilen, şol merkezleriň gurluşygy bilen ýerinde tanyşmak barada görkezmeler berdi.

Şeýle hem, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmegiň, halkymyzyň bagtly, abadan durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23280?type=feed

16.03.2021
Berekediň gözbaşynda

Türkmenabat galla önümleri kärhanasy mundan sekiz ýyla golaý wagt ozal ― 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda açylyp, ulanylmaga berildi. Doly önümçilige 2014-nji ýylyň başynda girişen kärhanada milli Liderimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatynda alyp barýan işleriniň netijesinde önümçiligiň gerimi ýyl-ýyldan giňeýär.

Muny şu ýylyň ýanwar ― fewral aýlaryndaky görkezijiler ýene bir gezek tassyklaýar. Bu ýerde ýylyň ilkinji iki aýynda ýokary we birinji sortly unuň 7 müň 801 tonnasy taýýarlanylypdyr. Munuň özi meýilnamada görkezileninden 1 tonna kändir.

Dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyrylan kuwwatly kärhanada ýokary hilli unuň önümçiligini bökdençsiz ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Döwrebap enjamlar işleriň agramly bölegini awtomatlaşdyrylan ulgam bilen alyp barmaga mümkinçilik berýär. Eýýäm sekiz ýyldan bäri işläp gelýän kärhana 250-den gowrak adamy iş orunlary bilen üpjün edýär.

Kärhana bugdaý welaýatymyzyň ähli etraplaryndan getirilýär. Öndürilýän un bolsa diňe bir Jeýhun ýakasyndaky etraplara däl, goňşy welaýatlara hem ugradylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde Türkmenabatda öndürilýän ýokary hilli unuň hyrydary ýetik.

Un bu kuwwatly kärhananyň ýeke-täk önümi däl. Bu ýerde mannyý ýarmasy, kepek, tüwi ýaly zerur önümler hem yzygiderli öndürilýär. Kärhanada ýylyň iki aýynda öndürilen mannyý ýarmasynyň 20, kepegiň 2 müň 351, tüwiniň bolsa 576 tonnasy ilata ýetirildi.

Taýýar önümleriň ählisiniň welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň ýerlerdäki jemgyýetleri tarapyndan elýeterli bahalardan ilata hödürlenilýändigini hem aýtmak gerek. Ýyllyk kuwwaty 95 müň 700 tonna önümi öndürmäge barabar bolan kärhanada her ýyl bu sepgide golaýlaşylýar. Şeýlelikde bu kuwwatly kärhana ilatymyza onlarça müň tonna ýokary hilli un we beýleki önümleri hödürleýär.

Mele-myssyk çörek — desterhanlarymyzyň naýbaşy nygmaty. Şonuň üçin hem Türkmenabat galla önümleri kärhanasynyň agzybir işgärleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamagyň, oňa zähmet sowgatly barmagyň höwesi bilen işleýärler. Üstüne halta-halta un ýüklenilen ulaglaryň bu ýerden häli-şindi çykyp duran kerweni munuň şeýle boljakdygyna ynamyňy artdyrýar.

Gülzar BEKMÄMMEDOWA,

hünärmen.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23241

16.03.2021
Ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşlerini ornaşdyrmak we çekilen serişdeleri işjeň ulanmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmekde, töleg kartlaryny, halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmakda, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak boýunça uly işler edildi. Bularyň ählisi sanly ykdysady ulgama geçmegiň esasyny berkitdi.

Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegi bilen bank hyzmatlarynyň ähmiýeti has ýokarlanýar. Nagt däl hasaplaşyklar has uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Islendik ýerde, hatda ykjam telefonlar arkaly hiç ýere barmazdan islendik hyzmatdan peýdalanmak mümkinçiligi artýar. Müşderilere internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, ýagny internet bank, mobil bank hyzmatlary ýerine ýetirilýärkä hem şahsyýeti anyklamak tertibi ýola goýuldy. Bank ulgamynda täze iş usullaryny ornaşdyrmak ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär.

Bank işiniň kämilleşmegi bilen önümçiligiň maliýe üpjünçiligi, ilata töleg-hasaplaşyklary, karzlary, depozit we beýleki hyzmatlary amala aşyrmagyň usullary hem has ýeňilleşýär. Bu hyzmatlary has-da kämilleşdirmek maksady bilen pul-karz syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hünärmenlerimiz yhlasly zähmetleri bilen öz goşantlaryny goşýarlar. Aýratyn-da hormatly Prezidentimiziň we döwletimiziň telekeçilige maliýe taýdan goldaw bermek, telekeçiligi ösdürmek boýunça çykaran kararlarydyr beýleki möhüm resminamalary bilen baglanyşykly önümçilik karzlarynyň dürli görnüşleri ýola goýuldy. Şol möhüm resminamalar «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Kararlardyr. Bu Kararlar telekeçileri karz serişdeleri bilen üpjün etmekde berk hukuk esasyny döretdi. Bu resminamalar kiçi we orta telekeçilige degişli taraplaryň önümçilik, innowasiýa hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak we olaryň önümçiligini ösdürmek, täze iş ýerlerini döretmek, ýyladyşhanalary gurmak bilen bagly maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde giň mümkinçilikleri açdy. Bu Kararlara laýyklykda Türkmenistanyň banklaryna kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary üçin 10 ýyla, dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli möhlete ýyllyk 5 göterim bilen karzlar berilýär. Telekeçilere berilýän karz serişdeleriniň möçberi örän giňedi. Dürli möhletleýin karz serişdelerini bermek üçin özbaşdak iş bilen meşgullanýanlaryň maýa goýum taslamalarynyň we işewürlik meýilnamalarynyň bolmagy zerurdyr.

Gazanylanlar bilen çäklenmän, bank hyzmatlary yzygiderli giňeldilýär, olary hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek ugrunda aladalanylýar. Karzlar bilen geçirilýän hasap-hesip işlerinde dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryndan we täze tehnologiýalardan netijeli peýdalanylýar. Munuň özi bank bilen hyzmatdaşlyk edýänler üçin amatlylyklaryň köpelmegine getirýär.

Önümçilik maksatly karzlaryň göteriminiň pes bolmagy, karzlary üzmek üçin niýetlenilen ýeňillikli möhletiň müşderileriň bähbidinden ugur alnyp kesgitlenilmegi raýatlar üçin bähbitlidir. Karzlaryň düzüminde uzakmöhletleýin hem-de uly möçberde berilýänleriniň köpelmegi ilat üçin, aýratyn-da telekeçilik işi bilen meşgullanýanlar, öz işini ýöredýän işewürler üçin has amatlydyr. Häzirki wagtda raýatlara sarp ediş maksatly, şeýle hem telekeçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly ýeňillikli karzlaryň dürli görnüşleri berilýär. Bu bolsa raýatlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, olaryň ýaşaýyş derejesini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmäge, şeýle hem önüm öndürijileriň kämil önümçilik serişdelerini edinmeklerine, bu ugurda işjeň hereket etmeklerine oňyn täsirini ýetirýär.

Döwletimiz tarapyndan ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň ornuny giňeltmek hakynda edilýän şeýle aladalar önümçiligiň ösmegine, ilatyň saçagynda azyk önümleriniň bolçulygynyň döremegine ýardam edýär. Döwlet tarapyndan berilýän giňişleýin goldawyň artmagy ykdysadyýetimiziň ösmegine hem uly goşantdyr.

Jumamyrat WELLEKOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň buhgalter hasaby we hasabatlar bölüminiň başlygy — baş buhgalteri.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23247

16.03.2021
Türkmenabatdan Warşawa çenli

Geçen fewralda Türkmenabadyň pamyk öndüriji kärhanasynyň durkunyň täzelenilip, has kuwwatly görnüşde işe girizilenine 7 ýyl doldy. Başgaça aýtsak, bu kärhana 7 ýyl mundan ozal täzeden dünýä indi. Onda-da näderejede?!

Ýadyňyzda bolsa, hormatly Prezidentimiz 2012-nji ýylyň aprel aýynda geljegine uly umyt bildirilýän bu kärhananyň durkuny täzeläp, mümkinçiliklerini artdyrmak baradaky taryhy Karara gol çekipdi. Täze kärhanada ulanyljak enjamlar bolsa bu Karardan alty-ýedi aý çemesi ozal Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen dokma enjamlarynyň ITMA ― 2011 halkara sergisinde saýlanyp-seçilipdi. Has takygy, ýurdumyzyň wekiliýeti bu ugurda baý tejribe toplan we dünýä meşhur şweýsar hem-de italýan kompaniýalarynyň enjamlaryna isleg bildiripdi. Hut şol enjamlar hem sähel salymdan soň Türkmenabatdaky kuwwatly kärhanada ornaşdyryldy. Has takygy, bu ýerde Şweýsariýanyň «Uster» kompaniýasynyň doly awtomatlaşdyrylan enjamlary kärhananyň barlaghanasynda pagta süýüminiň we nah ýüplükleriň fiziki-mehaniki görkezijilerini ölçeýän bolsa, «Xorella» atly başga bir kompaniýada öndürilen enjamlar nah ýüplüklere çyglylyk berýär. Şeýle hem ýüplükleri awtomatiki usulda gaplamak üçin Italiýanyň «Zancaner», sowadyş, ýyladyş we howany tämizleýiş ulgamlarynda Şweýsariýanyň «Luwa» kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar.

Durky täzelenilip, mümkinçilikleri artdyrylandan soň kärhana ýylda 4500 tonna nah pagtany gaýtadan işläp, ondan 4 müň tonna ýokary hilli ― Open End ýüplüklerini öndürip bilýär. Open End dokma senagatynda ulanylýan iň ýokary hilli ýüplük görnüşleriniň biridir.

― Häzir kärhanamyzda 17/1-den 34/1 ölçege çenli ýüplükleriň dört görnüşi öndürilip, her biriniň agramy 2,2 kilograma çenli ýetýän dükjelere dolanylýar. Önümçilik üçin çig mal welaýatymyzyň çägindäki pagtany gaýtadan işleýän kärhanalardan getirilýär. 3 çalşykdaky işiň netijesinde her gün 11 tonna çenli pamygy ýokary hilli ýüplüge öwrüp bilýäris ― diýip, kärhananyň önümçilik bölüminiň başlygy Altyn Nowruzowa gürrüň berýär.

Fabrigiň hasaphana bölüminde bolsa ýylyň ilkinji iki aýyndaky önümçiligiň ýagdaýy bilen gyzyklandyk. Ýanwar we fewral aýlarynda bu ýerde meýilnamada göz öňünde tutulan 526,4 tonna ýüplüge derek 529 tonnadan hem gowrak ýüplük öndürilipdir. Şunda ýanwar aýyndaky önümçilik 272, fewraldaky önümçilik bolsa 257 tonnadan hem geçýär. Şeýlelikde göz öňünde tutulan meýilnama 100,5 göterim berjaý edilipdir. Geçen ýylyň ilkinji iki aýy bilen deňeşdirilende bolsa, 105 göterim ösüş gazanylypdyr. Çünki bu ýerde geçen ýylyň ýanwar ― fewral aýlarynda 504,1 tonna önüm öndürilen eken.

Pul hasabyndaky görkezijiler bolsa has ýokary. Iki aýda 3 million 685 müň manada golaý girdejä garaşylan bolsa, alnan girdeji 6 million 10 müň manada golaýlapdyr. Şeýlelikde pul hasabynda meýilnama 163 göterimden hem gowrak berjaý edilipdir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 125 göterime ýakyn ösüş gazanylypdyr.

Mundan 7 ýyl ozal hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen açylan kärhanada ýylyň iki aýynda öndürilen 529 tonnadan gowrak önümiň 383,4 tonnasy (72 göterimi) eksporta ugradyldy. Türkiýe, Polşa, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletler Türkmenabatda taýýarlanylan nah ýüplükleri esasy import edijilerdir.

Uzak ýyllaryň dowamynda welaýatymyzdaky dokma kärhanalaryň birnäçesine başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk eden Nargül Abdyýewa häzir bu fabrigiň agzybir işgärleri bilen işleşýär. Onuň garamagyndaky 148 işgäriň deň ýaryndan gowragy ― 75-si gyz-gelinlerdir. 3 çalşykda işleýän işgärler dört topara bölünipdirler. Şunlukda her dört günden bir toparyň dynç almagy üçin mümkinçilik döredilipdir. Olar ýörite awtobus we gyzgyn nahar bilen üpjün edilýärler. Bu ýerde işgärleriň tehniki howpsuzlygy üçin hem ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.

Bu senagat kärhanasy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uly zähmet ýeňşi ― müňlerçe tonna önüm bilen barmagy meýilleşdirýär. Bu maksadyň myrat tapjakdygyna bolsa işleriň ýylyň ilkinji aýlaryndaky depgini hem güwä geçýär.

Nasiba DURDYBAÝEWA,

baş hasapçy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23242

16.03.2021
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen geçirilen iş duşuşygy
15.03.2021