Habarlar
Hakdan berlen beýik ykbal

1991-nji ýylyň sahawatly gelen altyn güýzi türkmen halkyna Garaşsyzlyk atly uly bagty peşgeş berdi. Şol ýyl ata Watanymyz özini Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilik syýasaty, adamzadyň abadan durmuşyny üpjün etjek giň gerimli taslamalary bilen tutuş dünýäde asudalygy berkarar etmäge hyzmat etjek özygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdi. 2021-nji ýylda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny tutuş agzybir halkymyz bilen bir başa jebisleşip uly ruhubelentlikde giňden belläris. Hawa, şahyryň aýdyşy ýaly, Garaşsyzlyk Hakdan berlen beýik ykbaldyr türkmene.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygy merdana ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysalydyr. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklarymyzyň, şeýle hem asylly ynsanperwer dessurlarymyzyň täzeden ýaýbaňlandyrylmagy üçin oňyn şertleri döretdi. Baky Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde Garaşsyzlygyny berkarar etmekde milletimize gadymy döwürlerden bäri mahsus bolan hakyky demokratik ýörelgelere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Bu ýol halkymyzy döwletli-döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan ýol bolup, eziz diýarymyzyň adyny taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazýar. Bu ýoluň her bir menzili taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady we medeni ösüşleriň aýdyň hem şöhratly wakalaryna beslendi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy we döwletimiziň halkara abraýy artdy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy, ýüze çykýan döwletara meseleleri parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Ol umumadamzat bähbidine, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň hatyrasyna möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak hem-de pugtalandyrmak, halkara energiýa we ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak, ynsanperwerlik we adam hukuklary bilen baglanyşykly wajyp meseleleri çözmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlar boýunça öňe sürýän teklipleriniň dünýä döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilýändigi aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Bu möhüm başlangyçlaryň ählisi bu gün sebit we dünýä ähmiýetli ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we işjeňleşdirmäge, durnukly ösüş üçin oňyn şertleri döretmäge gönükdirilendir. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ýokary ösüşlere eýe bolýan döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurda öwrüldi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen miweleridir.

Garaşsyzlygyň giň manysy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has aýdyň ýüze çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, adalatly syýasaty, türkmen halkynyň bagtyýar, bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrýan beýik işleri Garaşsyzlygyň diňe bir syýasy, taryhy ähmiýetini däl-de, eýsem, halkyň ýaşaýşynyň hilini özgertmekde, her bir türkmenistanlynyň ruhy baýlygyny gazanmakda hem möhüm ähmiýete eýedir. Garaşsyzlygy berkitmek ugrundaky kuwwatly hereketiň ugrukdyryjysy bolan düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen, Gahryman Arkadagymyz adamlaryň özygtyýarly, eşretli zamanada Garaşsyzlygyň bagtdygyny duýup ýaşamaklaryny gazandy. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlarymyz berkarar döwletli bolmagyň belent buýsanjyny halkyň hatyrasyna bitirilýän beýik işlerde aýdyň görýärler we türkmeniň döwletlilik ýörelgelerine egsilmez hormat-sarpa goýýarlar.

Garaşsyzlyk halkymyza erkinlik, özbaşdaklyk, bagtyýar geljege mizemez ynam hem-de çäksiz ruhy güýç beren mukaddeslikdir. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir» diýip belleýär. Hakykatdan-da Garaşsyzlygyň mähriban watandaşlarymyza beren datly miwesi sanardan has kändir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Taryh üçin gysga döwrüň içinde dünýä döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini tassyklady. Ýurdumyz kuwwatly hem-de abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkitdi we ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrüldi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertdi. Ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ýollaryň abadanlaşdyrylmagy, senagat zawodlarynyň gurulmagy bolsa döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de ilerlemegine itergi berdi. Ýurdumyzda milli medeniýeti dikeltmäge we ösdürmäge, ata-babalarymyzdan galan baý medeni mirasy, edebi çeşmelerimizi, halk sazlaryny, bagşyçylyk sungatynyň däplerini, ilimiziň guwanjy hem milli mirasy bolan türkmen halylarynyň, meşhur ahalteke atlarynyň şöhratyny, döwlet we daşary ýurt dillerini, şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmäge we has-da giňden ýaýmaga aýratyn üns berilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz parahatsöýüji ata-babalarymyzyň päk arzuwlarynyň wysaly bolup, türkmen halkynyň täze taryhynyň başlangyjydyr. Bu beýik döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zähmetsöýer halkymyza diňe päk we halal zähmet çekip, eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşamak galýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen dünýä dolan Türkmenistan döwletimiz mundan beýläk hem ösüşlerden-ösüşlere beslensin! Goý, ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe gitmeginde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Ýagşymyrat NURYÝEW,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18189

15.01.2021
Bütindünýä Bankyň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly ýokary derejeli gepleşikler geçirildi

Bütindünýä Bankyň COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Maliýeleşdiriş maksatnamasynyň çäklerinde «COVID-19-a garşy hereket etmek» taslamasy boýunça Türkmenistan üçin tizleşdirilen tertipde karz serişdeleri çekmek maksady bilen Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda 2021-nji ýylyň 12-14-nji ýanwar aralygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleýji güni netijeli häsiýete eýe boldy.

Gepleşikleriň jemleýji gününde oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki tarapyň arasynda bu taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi we pikirler alşyldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça degişli düzedişler girizildi we düşündirişler berildi.

2021-nji ýylyň ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen, gepleşikleriň jemleýji 3-nji gününde onuň dowamynda agzalan taslama bilen bagly ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça taýýarlanan gepleşikleriň Teswirnamasy gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi we mazmuny bilen tanyşdyryldy. Soňra, bu Bütindünýä bankynyň Covid-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlar boýunça global köptapgyrly maksatnamalaýyn çemeleşme maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda Covid-19-a garşy hereket etmek taslamasy boýunça Türkmenistan bilen Halkara Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky bu gepleşikleriň ylalaşylan Teswirnamasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow we Bütindünýä bankynyň taslamalaýyn toparynyň ýolbaşçysy S.Aýrapetýan tarapyndan gol çekildi.

Bu agzalan Teswirnama gol çekmek dabarasynyň ahyrynda iki tarapyň arasynda bu gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça degişli işleriň geçiriljekdigi, şeýle hem türkmen tarapyndan Bank bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegi, bu taslama boýunça karz almak meselesiniň oňaýly çözülmegi üçin ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan zerur bolan maglumatlar bilen üpjün edilmeginde ähli tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy.

Bu gepleşiklere gatnaşanlar gepleşikleriň netijeli geçendigi we olaryň Teswirnamasyna wekiliýetleriň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilendigi bilen birek-biregi mähirli gutladylar.

Bütindünýä Bankynyň wekilleri bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin taryhy waka öwrülendigini aýratyn buýsanç bilen bellediler.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bütin dünýäde umumyadamzadyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty öňe sürýän şeýle-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň bähbitleri üçin taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw edip duşuşygy jemlediler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

14.01.2021
Dünýä dynçlyk paýlaýan baýlyk

Biribaryň nazary düşen keremli türkmen topragy uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitdir tebigy gazyň täze ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmek, çig mallary gazyp almak, gaýtadan işlemek we sarp edijilere ugratmak meselelerinde düýpli ilerlemeler bolup geçdi. Bu işler häzirki wagtda hem depginli dowam edýär. Şeýle oňyn özgerişlikleriň gözbaşynda bolsa Türkmenistany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna deňleşdirmegi maksat edinýän hormatly Prezidentimiz durýar. Özi-de bahasyz baýlyklarymyz ýer ýüzünde parahatçylygy, dünýäde dynçlygy berkarar etmegiň hyzmatynda goýulýar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine giňden daýanmak bilen, sebitde parahatçylygy pugtalandyrmaga, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen dünýä nusgalyk syýasaty belent abraý bilen ýöredýär. Beýik maksatlara ýetmegiň hatyrasyna ýakyndaky we alysdaky döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar täze derejelere çykarylýar. Şonda, ýokarda belleýşimiz ýaly, ýangyç-energetika pudagyndaky barha giňelýän hyzmatdaşlyklar ählumumy parahatçylygy berkarar etmäge uly ýardam berýär. Bu babatda Hytaý Halk Respublikasy ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Üstünlikli ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäginde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazy alysdaky ýurda üznüksiz akdyrylýar. Bu ägirt uly gaz geçirijisi özüniň gözbaşyny welaýatymyzyň çäginden, has takygy, «Malaý» gaz käninden alýar.

Malaý ozallar diňe Çärjew etrabynyň dowardarlarynyň ulanyşyndaky çöl guýusy bolan bolsa, indi ol ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň iri, häzirkizaman desgalarynyň jemlenen sebitleriniň birine öwüldi. Şeýle desgalaryň hataryna ýakyn wagtda ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan gaz gysyjy desga hem goşular. Bu bolsa «Malaý» we «Üçajy» gaz känlerinden gazylyp alynýan tebigy gazyň transmilli gaz geçirijisine akdyrylýan möçberlerini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açar. Şeýle-de Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijisinden akdyrylýan «mawy ýangyç» Amyderýanyň sag kenarynda — Köýtendagyň eteginde gurlup, ulanylmaga berlen kuwwatly önümçilik desgalaryna, ilatly ýerlere hem bökdençsiz berilýär.

Ýeri gelende, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän elektroenergetika pudagynyň okgunly ösmeginiň binýadynda tebigy gazymyzyň durýandygyny bellemek ýerlikli bolar. Tebigy gaz ýurdumyzda hereket edýän döwlet elektrik stansiýalary üçin ýangyç bolup hyzmat edýär. Çärjew etrabynyň çäginde gurlan «Lebap» döwlet elektrik stansiýasy üçin zerur bolan ýangyjyň esasy bölegi hut «Malaý» gaz käninden alynýar. Bu desgada öndürilýän elektrik energiýasy bolsa welaýatymyza we goňşy Owganystan döwletine ýeňillikli şertlerde ugradylýar. Şeýle kömegiň möçberi geljekde ep-esli artar. Munuň üçin Kerkidäki elektrik bekedinden dostana döwlete täze geçiriji arkaly elektrik togy berlip başlanar. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze derejelere göterilmegine, owgan topragynda parahatçylygyň berkemegine uly goldaw bolar. Goý, ýer ýüzüne dynçlyk paýlaýan, halklara abadançylyk we eşretli durmuşy bagyş edýän türkmen uglewodorod serişdeleri hemişe parahatçylyga hem-de ynanyşmaga hyzmat etsin!

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

ýörite habarçymyz.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18068

14.01.2021
Habarlar

2021-nji ýylyň şygary dabaralandyrylýar

11-nji ýanwarda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hormatyna dabaraly çäre geçirildi. Mukamlar köşgünde geçirilen dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabarada 2021-nji ýylyň şygarynda döwletimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlary, Diýarymyzyň oňyn ösüşe we ählumumy parahatçylyga gyzyklanmalarynyň öz beýanyny tapýandygy bellenildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bellenilýän bu ýylda döwletimiziň, jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynyň giň möçberli täze üstünliklere beslenjekdigi nygtaldy.

Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary paýtagtymyzyň teatrlarynyň, halk we estrada ýerine ýetirijileriň aýdym-sazlary bilen utgaşdy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

* * *

Žurnallaryň nobatdaky sany

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

* * *

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» ylmy-amaly žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar Bitaraplyga, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen ýylda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk senesine we onuň çäklerinde geçirilen dabaralara bagyşlandy.

TDH-niň habarlary esasynda taýýarlanyldy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18102

14.01.2021
Eşretli akabanyň höziri

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basan Garaşsyz Türkmenistan Watanymyz sebitiň iri energetika döwletine öwrülmek babatda uly ýol geçdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan iri taslamalar, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr. Bu iş iri dünýä döwletleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan goldanylýar.

Täze iri energetika geçirijisi diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryny türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmäge däl, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkidilmeginiň hem möhüm guraly bolmaga gönükdirilendir. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşygyň täze ulgamy Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça halkalaýyn kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, oňa Hyrat — Akina ulgamyny birikdirmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän halkara üstaşyr mümkinçilikleri has-da giňeltmäge oňyn şertler dörär.

Ýurdumyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna berlen baha bilen tassyklanyldy. Ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň we beýleki birnäçe iri känleriň açylmagy bilen, Türkmenistan «mawy ýangyjyň» tassyklanan gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeläp, Aziýanyň gaz bazarynyň iri agzasyna öwrüldi.

Hytaý Halk Respublikasy häzirki döwürde türkmen tebigy gazynyň iň iri alyjysy bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry boýunça ýylda 40 milliard kub metre golaý gaz iberilýär. Şunuň bilen birlikde, magistralyň çig mal binýady berkidilýär. Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň gurluşygy anyk netijelere gönükdirilen uzak möhletleýin, netijeli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasady bilen nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli nebit we gaz önümlerini öndürýän, nebiti hem-de tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary kemala getirmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Muňa 2018-nji ýylda Gyýanly polimer zawodynyň işe girizilmegini mysal getirmek bolar. Mundan başga-da, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi uly waka boldy. Ähli görkezijileri boýunça täsin kärhananyň esasy önümi iň ýokary ekologiýa talaplaryna gabat gelýän ECO-93 görnüşli benzindir.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda ýakyn wagtda ýene-de iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şolaryň hatarynda polipropileniň, pes dykyzlykly polietileniň we beýleki dürli önümleriň önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumlarynyň gurluşyklary bar. Şonuň ýaly-da, Türkmenistandaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň durkunyň abatlanylmagy we tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde, onuň paýyna ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň ep-esli bölegi düşýär.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda hem-de beýleki halkara forumlarda bu ugurdaky meseleler boýunça Türkmenistanyň eýeleýän ýörelgesini ençeme gezek beýan etdi. Mähriban Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň doly goldawyna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz gurýan we döredýän hem-de ägirt iri taslamalary amala aşyrýan döwlete öwrülip, Ýer ýüzüniň hemmetaraplaýyn depginli ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

«Esger».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18133

14.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

AŞGABAT, 13-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol bir wagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berdi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda Kaka etrabynyň çäginde umumy meýdany 6 gektara barabar bolan ýyladyşhana, Kaka we Babadaýhan etraplarynda ýokary halkara ülňüleri esasynda enjamlaşdyrylýan dokma toplumlary we Aşgabat — Tejen aralygynda ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji nobatdakysynyň binalar toplumy ulanmaga berler. Şu günler döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanmaga beriljek desgalardaky işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda welaýat boýunça meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ýaz ekişine taýýarlykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, welaýatyň ilatyny elektrik energiýasy, tebigy gaz hem-de agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz şu nukdaýnazardan, şanly baýramyň medeni maksatnamasyny taýýarlamaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow çagyryldy. Wise-premýer milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň etraplaryna guran iş saparynyň netijeleri, aýratyn-da, welaýatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyk işleriniň, şol sanda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işler ýokary hil derejesine we halkara görkezijilerine laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleler ünsden düşürilmeli däldir diýip belledi we bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa geçirilýän ideg işleri we ýaz ekişine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde bar bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde okuw ýylynyň ikinji ýarymyna başlamaga görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada aýdyp, medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binasynyň hem-de 3 müň orunlyk sadaka jaýynyň gurluşygynyň barşy, onda ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri, şeýle hem Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň we şäheriň Görogly köçesiniň ugrunda 15 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary barada giňişleýin maglumat berdi. Bu desgalardaky gurluşyk işleri kesgitlenen tertipnama laýyk derejede dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan meýdan işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, taýýarlyk işleriniň batly depginlerde ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Ýaz ekişini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem welaýatyň ilatynyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suw bilen üpjünçilik derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen birlikde, mekdeplerde okuwyň ikinji ýarym ýyllygyna girişmäge taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeler barada aýdyp, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, dürli maksatly desgalary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Bellenilen işler bilen bir hatarda, şanly sene mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra şol bir wagtda göni aragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary G.Müşşikow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýata bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Daşoguz welaýatynda gurulýan desgalaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, sebitiň ykdysady ösüşine bolşy ýaly, welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna-da oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bu işlerde döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň mundan beýläk-de dowam etjekdigini aýdyp, gönükdirilýän serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyny gazanmagyň esasy wezipeleriň biridigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere hem-de häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow hem-de ýurdumyzyň bilim ministri O.Gurbanow çagyryldy.

Bilim ministri häzirki döwürde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuwyň ikinji ýarym ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri, ýokary okuw mekdeplerinde gyşky synaglaryň dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, gyş günlerinde mekdepleriň we beýleki bilim ojaklarynyň ýyladyş ulgamynyň işine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde umumybilim berýän mekdepleriň okuw gollanmalarynyň, degişli bilim esbaplarynyň üpjünçilik derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. Şol bir wagtyň özünde mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak wezipelerine möhüm ähmiýet berilýär. Ministr bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary işjeň özleşdirmek babatda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, orta mekdeplerde okuwyň ikinji ýarym ýylyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreler görülmelidir. Munuň üçin mekdepleriň üpjünçilik derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ýurdumyzyň bilim ulgamynda milli Liderimiziň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil babatda dünýäniň ösen derejesine çykarmak, şol bir wagtyň özünde ýaş alymlaryň ylmy açyşlary üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunlukda, bu ugra sanly ulgamy ornaşdyrmak, bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, hünär taýdan kämilleşdiriş meselelerini işjeňleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmakda, sanly ulgamy işjeňleşdirmekde, halk hojalygynyň pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ýurdumyzyň bilim edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Bu ulgamda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň ösen talaplaryna we halkara ülňülere doly laýyk gelmelidir. Bilim edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, oňa häzirki zamanyň ösüş tejribeleri, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem bilim ulgamyna degişli edaralarda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18153?type=feed

14.01.2021
Aşgabat — geljegiň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ylmy esasly innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly (elektron) ykdysadyýete geçmek boýunça anyk meseleleri durmuşa ornaşdyrmak barada beren tabşyryklary, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilýär. Häzirki zaman dünýäni sanly tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň ösüşlerine uly ýardam edýär. Täze tehnologiýalar öýde, işde, bilimde, saglygy goraýyşda, umuman, ähli ugurlarda işjeň ulanylýar.

Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.

Paýtagtymyz Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere eýe bolup, jahanyň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gün-günden özgerýän paýtagtymyz ajap eýýamda bagtyýar halkymyzyň bagtyýar durmuşyna nur çaýýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory mähriban ýurt Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik ylhamyndan hem-de egsilmez zehininden kemal tapan ak şäherimiz özüniň gaýtalanmajak binagärligi, gözelligi, owadanlygy, bagy-bossanlyga bürelendigi bilen ildeşlerimiziň, daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesiniň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat üýtgeşik binagärlik gurluşy, ak mermere beslenen köpsanly täsin desgalary bilen haýrana goýýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan we badalga berlen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyna laýyklykda geçen ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berlen ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamy yşyklandyryşy, ýyladyşy, howany çalyşmagy we sowatmagy, howpsuzlyga gözegçiligi we olary dolandyrmagy özünde jemleýär.

Ykjam telefonlaryň we ses buýrugynyň üsti bilen uzak aralykdan dolandyrylýan gorag ulgamy jaýlaryň howpsuzlygynyň toplumlaýyn çözgüdi boldy. Ol gapylaryň we penjireleriň internet ýa-da barmak yzlary boýunça awtomatiki ýapylyşyny we açylyşyny üpjün edýär. Abzallar oturdylan penjireler ýel ýa-da ýagyş bar wagtynda, howa şertlerine görä özbaşdak ýapylýar.

«Akylly öý» ulgamy şeýle hem elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň sarp ediliş möçberi barada maglumatlary almaga, uzak aralykdan öýdäki howanyň derejesini kadalaşdyrmaga we beýleki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurtlary «Akylly şäherleri» («Intellektual-sanly şäherleri») döretmeklige aýratyn ähmiýet berýärler.

Aşgabat şäheri sanly ulgamy ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Dünýä tejribesiniň täze gazananlaryny özüne siňdirýän gözel we nurana paýtagtymyz Aşgabadyň ýakyn geljekde intellektual-sanly şäherleriň hataryna goşuljakdygy şübhesizdir.

Babamyrat TAGANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/17709

13.01.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam etmek maksady bilen, jenap Sýan Naýçeni Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Sýan Naýçeniň üstüne ýüklenen wezipäni ýerine ýetirmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirmek bilen, ony mähirli kabul edip, ynam bildirmegiňizi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan wezipe borçlaryny ýerine ýetirende, oňa ýardam etmegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi hökmünde wezipesini tamamlan jenap Sun Weýduna wezipesini ýerine ýetiren mahaly oňa işinde ýardam edendigiňiz üçin hoşallyk bildirýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

* * *

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, ynanç hatyny gowşurdy hem-de pursatdan peýdalanyp, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk barada arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri, hususan-da, sebit möçberindäki möhüm taslamalary amala aşyrmakda strategik hyzmatdaş bolan Hytaý bilen däbe öwrülen dostlukly, özara hormatly gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalaryň we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk netijeli türkmen-hytaý gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hytaýyň dünýäniň gün tertibindäki möhüm meselelere umumy çemeleşmeleriniň we garaýyşlarynyň, halkara başlangyçlarynda biri-birine berýän goldawlarynyň geçen ýyllaryň içinde ähli ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin binýat bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda şeýle üstünlikli hyzmatdaşlyk, umumy pikire görä, halkara işleri oňyn ilerletmegiň, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, sebitde we dünýäde abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasyndaky ynamly gatnaşyklar türkmen-hytaý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etdi. 2013-nji we 2014-nji ýyllarda amala aşyrylan özara döwlet saparlarynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalaryň toplumy uzak möhletli, strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berdi.

Duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň özara gyzyklanmasyny we özara üsti ýetirilýän, uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komiteti şol gatnaşyklaryň netijeli amala aşyrylmagyny ugur edinýär.

Ägirt uly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi — Türkmenistandan Hytaýa «mawy ýangyjy» akdyrýan halkara gaz geçirijisiniň gurulmagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de tagallalary netijeli utgaşdyrmagyň aýdyň mysallarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň gündogar sebitinde ýerleşen iri Malaý gaz ýatagyndan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý halkara gaz geçirijisine gymmatly energiýa çig malynyň milliardlarça kub metri baryp gowuşýar.

Ýakynda bu ýerde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan Malaý gaz gysyjy desgasy dabaraly ýagdaýda işe giriziler. Ol çep kenardan iki sany kommunikasiýa ulgamy boýunça «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäge akdyryljak türkmen tebigy gazynyň eksportyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.

Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen özara gyzyklanma döredýän meseleler boýunça pikir alşylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary has-da berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18012?type=feed

13.01.2021