Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda binýady berkden tutulýan beýik işler halkymyzyň abadan ýaşaýşyna, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýurtlary, abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz 31-nji martda türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak bilen, Türkmenistanyň halkara syýasatynyň gün tertibine girýän derwaýys meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýändigini belledi. Bu başlangyçlar, hususan-da, ählumumy howpsuzlygyň gazanylmagy, energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ulag pudagynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi ýaly meseleleri we beýlekileri öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki bu teklipleri iş ýüzünde amala aşyrmaga örän çynlakaý çemeleşýändigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdeleriniň deňhukukly we adalatly peýdalanmagyň zerurlygy baradaky düşünjeden ugur almak bilen, bu serişdeleriň dünýä bazarlaryna iberilmeginde degişli taraplaryň ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly we durnukly ulgamyň döredilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu ugurda Türkmenistanyň öňe süren teklipleri esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryň üçüsini kabul edendigini ýatlap geçmek bolar. Olardan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly kararnamanyň ähmiýetini aýratyn bellemek bolar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň elektrik energiýa ulgamy uly ösüşleri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda elektrik energiýasyny öndüriji we paýlaýjy beketleriň gurulmagy ýurdumyzyň energiýa döwletine durnukly öwrülmegine, elektrik energiýasyny iberiji döwlet hökmünde abraýynyň barha artmagyna mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzy halkara ykdysady gatnaşyklary ulgamyna goşmak ugrunda yzygiderli tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Kemal KERIMI,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.