Habarlar
Arkadagly Watan ösüşlere beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzda garşylaýan her bir günümiz, aýymyz, ýylymyz ajaýyp üstünliklere beslenip, eşretli günlere ulaşýar. Biz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» adyna eýe bolan ýylymyzy garşyladyk. Bu ýyl parahatçylygyň, ynsanperwerligiň gadyr-gymmatyny ýene bir ýola bütin dünýä ýaýjak ýyl bolar. Elbetde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilendigini-de buýsanç bilen nygtamalydyrys.

Täze üstünliklere gönezlik

Halkymyzda gazanylan üstünlikler geljekde täze sepgitlere ýetmäge gönezlik hasaplanyp, olaryň gadyr-gymmatyna aýratyn sarpa goýulýar. Hut şu jähetden hem her bir ulgamda gazanylan ýeňişler gadam goýan Täze 2021-nji ýylymyzda has belent sepgitlere ýetmäge badalgadyr. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylymyza ser salanymyzda, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gazanylan üstünlikler, oňyn özgertmeler, guwandyryjy beýik işler Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şolardan haýsy birini ýatlanymyzda hem bizi täze zähmet üstünliklerine galkyndyrýar. Elbetde, şol ýetilen sepgitleriň her biri biziň üçin guwandyryjydyr. Ýöne biz ynsana ak ýol açýan bilim hakynda gürrüň etmegi makul bildik. Hormatly Prezidentimiziň “Bilim ähli ösüşleriň özenidir” diýip parasatly belleýşi ýaly, haýsy bir ýetilen belent sepgitler barada söz açylsa, onuň düýp özeninde hökmany suratda bilimiň, ylmyň gazananlarynyň bardygyna magat göz ýetirýärsiň.

Ýurdumyzyň bilim ulgamy dogrusynda gürrüň açylanda, türkmen halkymyzyň buýsanmaga haky bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýaş neslimize dünýä ülňülerine laýyk bilim berilmegi, olar baradaky aladalaryň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugruna öwrülmegi halk bähbitli işleriň iň bir naýbaşysy bolsa gerek. Sebäbi her bir maşgalanyň hem, ýurduň hem geljegi şu günki ýetişip gelýän nesle bagly. Akylly-başly, edep-terbiýeli, bilimli-ylymly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmen bolup ýetişen perzentli öý bagtlydyr, şeýle ogul-gyzlaryň ýetişýän ýurdy hem berkarardyr, has bagtyýar ertirlere gadamlary batlydyr.

Ylym-bilime aýratyn üns berýän, ýaşlaryň giň gözýetimli, kämil bolup ýetişmekleri üçin çuňňur alada edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky üstünlikler her ýylymyzyň aýratyn öwüşgini bolup, kalbymyzy çoýýar. Hut soňky ýyllarda ýurdumyzda çuňňur bilimli ýaş neslimiz ýetişdi. Olaryň dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara ders, taslama, zehin, sport bäsleşiklerinde iň öňdäki orunlary eýeläp, altyn, kümüş, bürünç medallara, tapawutlanan diplomlara mynasyp bolmagy buýsançly başymyzy göge ýetirýär.

Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmekde, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Şu ýerde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmek bilen baglylykda degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtamak isleýäris. Mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, okuw-görkezme esbaplarynyň elektron görnüşiniň taýýarlanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bilim syýasatymyzyň iň möhüm bölegi dünýäniň esasy ylym we bilim merkezleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan ybaratdyr” diýmek bilen, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleriniň wajypdygyny belläp, dil öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretdi. Berkarar döwletimizde çagalar bagyndan başlap ene dilimizi we dünýä dillerini öwretmek ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Ondan daşary hem ýokary okuw mekdeplerimizde dünýä dilleriniň ençemesi öwrenilýär. Ýörite daşary ýurt dillerini okatmaga niýetlenen mekdeplerimiz hem hereket edýär. Görşümiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşary ýurt dillerini has çuň we kämil öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi. Ine, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky gazanýan üstünlikleriniň birje ülşi barada gürrüň açdyk. Bularyň bary bolsa, ýeneki üstünliklere gönezlik we badalgadyr.

Sakasy — saglyk

Türkmen halkymyzda ynsan saglygyna berilýän ünsüň juda ýokarda goýulýandygyna bu ugurdaky pähimlere, tymsallara, rowaýatlara nazar aýlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Aslynda, türkmen aga her bir işiň sakasyny saglykda görýär. Şonuň üçin-de ata-babalarymyz «Saglyk bolsa, galan zadyň bir alajy bolar» diýip, her bir işi jäht tutupdyrlar. Pederlerimiz heniz perzentleri dünýä inmezinden öň onuň saglygy hakynda alada edipdirler. Hut şonuň üçin hem halkymyzda “Saglygym — baýlygym”, “Saglyk — başymyň täji”, “Saglyk — öýüň soltany” diýen ýaly onlarça pähimleriň döredilmegi hem ýöne ýerden däldir. Ine, alyslardan aşyp gelýän halkymyzyň bu ýörelgesini Gahryman Arkadagymyz has belent derejelere ýetirip, ynsan saglygy hakyndaky aladalary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi.

Elbetde, biziň saglyk hakynda hem aýratyn söhbet açmagymyz ýöne ýerden däldir. Ähli ösüşleriň özeninde ylym-bilim durýan bolsa, onuň hem gözbaşynda saglyk durýandyr. Ine, şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň saglyk ulgamyndaky ösüşlere aýratyn ähmiýet berip, halkymyzyň saglygyny berkitmekde uly işleriň geçirilmegine giň ýol açdy. Dünýäniň ösen döwletlerinden getirilen ýokary derejeli saglyk enjamlary bilen üpjün edilen onlarça anyklaýyş we bejeriş desgalarynyň ulanmaga berilmegi, dürli ugurlar boýunça hassahanalaryň açylmagy, dynç alyş merkezleriniň ulanmaga berilmegi — bularyň bary halkymyzyň saglygy hakyndaky aladadyr.

Ynsan haçan özi hakynda edilýän aladalary duýup ýaşanda, özüni bagtly saýýar. Şol bagtyýarlygy peşgeş beren milli Liderimize alkyş aýdýarys. Saglyk hakynda gürrüň edilende, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyny hem agzaman geçmek bolmaz. Türkmen halkymyz — sähraýy halk. Olar derman otlaryň ynsan saglygyna edýän peýdasyna berk ynanyp, olary durmuşlaryndan aýyrman ýaşapdyrlar. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň her bir jildini ýüzlerine sylyp, ony ýakyn gollanma hökmünde ulanýan halkymyz şeýle kitaplaryň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýärler.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir ýylymyzyň özboluşly atlandyrylmagy indi däbe öwrüldi. Buýsanç bilen garşylan Täze ýylymyzyň hem “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň köňül guşuny ganatlandyrdy. Sebäbi halkymyzyň aňynda, ruhunda parahatçylyga, ynanyşmaga bolan söýgi aýratyn orun eýeleýär. Ol söýgi öz gözbaşyny juda alyslardan, has dogrusy nesilbaşymyz bolan Oguz han atamyzdan alyp gaýdýar. Şeýle asylly ýollary asyrlaryň dowamynda berkiden ata-babalarymyz ony durmuş ýörelgeleriniň aýrylmaz bir bölegine öwrüp gelipdirler.

Aslynda parahatçylyk we ynanyşmak biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Ynanyşmagyň bolan ýerinde parahatçylyk bolýandyr. Hut şonuň üçin hem halkymyzda birek-birege ynanyşmak ýörelgesi ýöredilýär.

Elbetde, ähli adamzat üçin parahatçylygyň, abadan durmuşyň höziri başgadyr. Hut şonuň üçin-de, BMG-niň belent münberinden öňe sürülýän teklipleriň agramly böleginiň, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanmagy netijesinde, Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmegi baradadyr diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Umumadamzadyň parahatçylygy, ösüşi nazarlanýan beýik başlangyçlaryň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýan edilmegi mähriban halkymyzyň kalbynda, ruhy dünýäsinde ýaşaýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiziň rowaçlanýandygyna buýsanjyny artdyrýar.

Asmanda ak kepderileriň ganat ýaýyp ýörenine, reýhan bolup açylan güllere nazaryň düşende, erkana bökjekleşýän çagalaryň şadyýan seslerini, ajaýyp aýdymyň owazyny eşideniňde özüňi parahat durmuşyň gujagynda duýýarsyň. Bu pursatlar parahatçylygyň we bagtyýarlygyň keşbidir.

Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA,

«Mugallymlar gazeti».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18359

18.01.2021
Kuwwatly desga işe girizildi

Mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly dabaralara beslenýär. Täze ýylyň ilkinji günlerinde şeýle dabaralaryň biri Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Malaý gaz käninde kuwwatlylygy ýylda tebigy gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly bolup geçdi. Desganyň ýerleşen ýeri hakyky toý-baýramçylyga öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň dabaraly ýagdaýda ak pata bermegi bilen işe girizilen kuwwatly desga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň geljekki ösüşlerine güýçli itergi berer.

Geçen ýyllarda bu känden tebigy gazyň uly möçberleri gazylyp alyndy. Malaýdan Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisine tebigy gaz akdyrylýar. Bu ýerde gurlan kuwwatly gaz gysyjy desga tebigy gazyň has doly gazylyp alynmagyny üpjün eder. Bu iri taslama hormatly Prezidentimiziň gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, buýrujy «Türkmengaz» döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy «Petro Gaz LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi.

Iri desganyň «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygy şübhesizdir. Desga önümçilik bölümleriniň ikisinden ybarat bolup, onuň «A» sehi Malaý gaz käniniň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol gaz käniniň düşýän basyşynyň we göwrüminiň derejesini saklamaga niýetlenilendir. Munuň üçin gaz gysyjy enjamlaryň toplumlary gurnaldy. Desganyň «B» sehi bolsa «Döwletabat» we «Galkynyş» gaz känlerinden gelýän tebigy gazy Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenilýär. Onda 6 sany gaz gysyjy enjamlaryň kämil toplumlary otyrdyldy.

Geçen ýyl Türkmenistanda durmuş we önümçilik maksatly örän iri möçberli desgalar işe girizildi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem işe girizilýän desgalaryň sany barha artyp ugrady. Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň iň naýbaşylarynyň biridir. Nesip bolsa şeýle dabaralaryň yzy ýene-de dabaralara ulaşar.

«Bereketli toprak».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18351

18.01.2021
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky şu aşakdaky goýumlary halkymyza hödürleýär:

1. «Talap edilýänçä» goýumy — goýuma serişdeler nagt we nagt däl görnüşinde çäklendirilmedik möçberde möhletsiz kabul edilýär, göterim derejesi 1% ýyllyk.

2. «Gadamy beýik gahryman» goýumy — 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý göterimi ýyllyk 11%, üstüni dolduryp bolýan goýum. Bu goýum Beýik Watançylyk urşuna we owgan urşuna gatnaşan raýatlar üçin niýetlenen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 100 (bir ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

3. «Gojalara hemaýat» goýumy — ýyllyk 9% göterimli 3 aý, 6 aý, 9 aý, 12 aý möhleti bilen pensiýadaky raýatlar üçin niýetlenilen. Goýuma goýulan puluň iň pes möçberi 200 (iki ýüz) manat bolup, goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär.

4. «Galkynan daýhan» goýumy — goýum 1 ýyllyk möhlete ýyllyk 10% göterimi bilen açylýar. Bu goýuma serişdeler nagt we nagt däl pul görnüşinde 20000 (ýigrimi müň) manatdan az bolmadyk möçberde kabul edilýär.

5. «Altyn asyryň altyn daýhany» goýumy — goýum 3 aý möhletli, ýyllyk 8% göterim, üsti doldurylmaýan. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

6. «Möhletli» goýumy — goýuma ýyllyk 8% göterim bilen nagt görnüşinde 1 ýyl möhleti bilen serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan puluň möçberi 200 (iki ýüz) manatdan az bolmaly däl we goýumyň aňrybaşy çägi ýokdur.

7. «Ruhubelent nesiller» goýumy — goýuma ata-eneleriň we garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan, islendik raýatlar tarapyndan islendik ýaşdan başlap 16 ýaşa çenli çagalaryň adyna ýyllyk 6% göterimi bilen nagt serişdeler kabul edilýär. Goýuma goýulan ilkinji puluň iň pes möçberi 100 (ýüz) manat bolmaly. Goýumyň üstüne goşmaça serişdeler kabul edilýär.

8. «Altyn asyra daýhan gadamy» goýumy — bu möhletli goýum bolup, oba hojalyk önüm öndürijiler üçin niýetlenen. Goýumyň möhleti 1 ýyl, göterim derejesi 8% ýyllyk. Goýum nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

9. «Pagtaçylara sowgat» goýumy — bir ýyl möhlete ýyllyk 10% göterim bilen nagt däl görnüşinde açylýar we goýumyň möçberi çäklendirilmeýär. Pul serişdesiniň 50% göterimine çenlisini möhletinden öň yzyna alyp we üstüni doldurup bolýar.

10. «Goýum bank karty» goýumy — goýuma ýyllyk 5% göterim bilen nagt görnüşinde üstüni dolup bolýan şertinde kabul edilýär. Goýumçynyň goýum karty açylandan soň, milli manatda çäklendirilmedik möçberde nagt görnüşinde serişdeler kabul edilýär. Goýumda pul serişdeleriniň duran döwründe goşmaça pul serişdelerini goýmak, üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky, «Goýum bank karty» bank kart önümini ulanmak arkaly ýurdumyzyň ähli ýerlerinde töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen tölegleriň jemine 1% möçberinde pul sylagy «Cash back» berilýär.

11. «Rowaçlyk» goýumy — goýum ýyllyk 12% göterim bilen çaganyň adyna dünýä inen gününden başlap 18 ýaşyna çenli açylýar. Goýuma çäklendirilmedik möçberde pul serişdeleri nagt we bank kartynyň üsti bilen ýakyn garyndaşlaryndan nagt däl görnüşinde kabul edilýär. Çaganyň üç ýaşyna çenli goýuma goşmaça pul serişdelerini goýmaklyga we üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.

HORMATLY ILDEŞLER !

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky bilen hyzmatdaşlyk siziň üçin amatly hem-de bähbitli bolar!

Habarlaşmak üçin aşakdaky telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: 38-02-23, 38-01-43, 38-02-28, 38-02-83.

Şeýle hem Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz!



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18275

16.01.2021
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Lebap welaýaty, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu waka Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Gaz pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly derejede ulanmak ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir. Şunuň bilen birlikde, bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

14-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de OYR-niň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat —Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Lebap welaýatynyň nebitgaz düzüminiň üstüni ýetiren täze senagat desgasynyň hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda öz işine başlaýandygy bellärliklidir.

Hut şu ýerde — nebitiň we gazyň iri ýataklarynyň üsti açylan gündogar sebitde Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi başlanýar. Bu desgada Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky pikir öz beýanyny tapýar. Bu energiýa geçiriji XXI asyryň ägirt uly inžener-tehniki desgalarynyň biridir. Halkara gatnaşyklaryň tejribesinde bu taslama hoşmeýilli erk-islegiň, netijeli hem-de oňyn döwletara hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, gaz geçirijä tebigy gazyň eksport akymlary çig mal çeşmeleriniň birnäçesinden amala aşyrylýar. Şolaryň hatarynda Garagumuň günortasynda, Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden, takmynan, 70 kilometrlikde ýerleşýän “Malaý” gaz ýatagy hem bar.

Şu gün bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köp sanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi mübärekleýärler.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygy boýunça ýöräp, dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Ýodajygyň iki tarapynda nebitgaz senagatynyň işgärleri, elleri baýdajykly, howa şarly we gülli ýaşlar düzüldiler.

Gündogar sebitiň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly we tansly çykyş dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär — täze möhüm senagat desgasy açylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ýygnanan binasyna tarap ugraýar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Olaryň ählisi ör turup, şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimizi mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny täze, 2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde şu günki taryhy ähmiýetli waka — «Malaý» käninde gurlan döwrebap gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlar üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Netijede, gymmatly çig mal bolan tebigy gazy özara bähbitli esasda ýerlemegiň hem-de girdeji gazanmagyň täze bazarlary peýda bolýar.

Biziň syýasatymyz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Öňde goýlan bu belent maksatlara ýetmek ugrunda gysga wagtyň içinde möhüm ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Garagum sährasynyň Lebap welaýatyna degişli çäginde ýerleşýän «Malaý» ýatagyndan indi köp ýyllardan, ýagny, 1986-njy ýyldan bäri tebigy gaz çykarylyp gelinýär. Bu toplum ýurdumyzyň diňe bir gündogar welaýatynyň ilatly ýerlerini, şeýle hem dürli maksatly desgalary «mawy ýangyç» bilen üpjün etmän, eýsem, asyrymyzyň iri taslamasy bolan Türkmenistan —–Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine hem harytlyk önüm berýär. Bu halkara energiýa magistraly bilen «Malaý» känini uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisi birleşdirýär.

Bu ýerde guýularyň önüm berijiligini artdyrmakda, käniň tebigy gaz goruny has doly peýdalanmakda işe girizilýän täze desganyň ähmiýeti örän uludyr. Täze gurlan desganyň «A» we «B» önümçilik sehleri bolup, «A» sehiniň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden ybaratdyr. «B» sehi bolsa «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmaga niýetlenendir.

Bu täze desgada dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen 6 sany kuwwatly gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Şol enjamlar kämil kompýuterleriň üsti bilen dolandyrylýar.

Ýylda üstünden 30 milliard kub metre çenli tebigy gazy geçirmäge ukyply bolan desgada ygtybarly enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologik çözgütler ornaşdyryldy.

Umumy meýdany 12 gektara golaý bolan täze beketde gaz gysyjy enjamlar toplumyndan başga-da, sowadyjy we arassalaýjy desgalar, ýokary hem-de pes basyşly fakel hojalygy, azot we kislorod öndürýän stansiýa, ätiýaçdaky dizel elektrik stansiýasy ýerleşýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde merkezi dolandyryş operator hem-de mehaniki bejeriş we ýangyn howpsuzlyk binalary, edara binasy, ýangyna garşy suw howuzlary göz öňünde tutuldy. Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen 60-a golaý täze iş orny döredi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly taryhy ösüşlere, uly rowaçlyklara beslenýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Täze, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde geçirilýän bu dabaraly çäräniň hem aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Sebäbi Türkmenistan gurýan we döredýän, iri taslamalary amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni giňden tanadýar.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durnukly ösýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalardyr binalar hem-de önümçilikler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz eziz Diýarymyzda şular ýaly iri desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýet berýäris. Hut şonuň netijesinde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalaryň ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryna mynasyp bolýar. Munuň özi, elbetde, buýsandyryjy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün açylyp, ulanmaga berilýän iri senagat desgasynyň hem diňe bir biziň häzirki ösüşlerimize mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýygnananlary şu günki taryhy waka — «Malaý» käninde gurlan gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýana söz berildi. Ol Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň işgärleriniň adyndan ýygnananlary “Malaý” gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň üstünlikli ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

“Malaý” gaz käniniň golaýynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäk ýerleşýär. Şol ýerde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki döwürdäki aýdyň beýanyna öwrülen Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisini resmi taýdan işe girizmek dabarasy boldy.

Häzirki wagta çenli “Türkmengaz” döwlet konserni we “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan ýataklardan hyzmatdaşlaryň bilelikdäki tagallasy bilen, Ýuwaş ummanyň kenaryna çenli tebigy gazyň jemi 290 milliard kub metri iberildi.

Tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji orna we dünýäde dördünji orna eýe bolan Türkmenistan dünýäniň energetika döwletidir. Nebitgaz ulgamynda ählumumy we sebit derejesindäki hyzmatdaşlykda Türkmenistana möhüm orun degişlidir diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, “CNPC International Turkmenistan” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde ýokary depginler, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we işläp taýýarlamakda, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermekde hem-de gazhimiýa senagatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistanyň iň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) mundan beýläk-de tehnologik alyşmalary pugtalandyrmaga hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyr diýip, jenap Li Şulýan aýtdy.

Myhman şu ajaýyp waka bilen dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz HHR-iň wekillerine geçirýän uly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Şeýle giň gerimli taslamanyň bir ýyl sekiz aýyň dowamynda amala aşyrylmagy onuň «Asyryň gurluşygy» diýlip atlandyrylmagyny şertlendirdi. Türkmen gazy dostlukly hytaý halkynyň müňlerçe öýlerine ýylylyk getirdi, senagat kärhanalaryny zerur bolan möçberde ýangyç bilen üpjün etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagat taslamalary daşky gurşawy goramak meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howanyň üýtgemegi hakyndaky Kioto teswirnamasyny we bug gazlarynyň howa zyňylmagynyň azaldylmagyny göz öňünde tutýan beýleki halkara ylalaşyklary tassyklady. Şundan ugur almak bilen, ähli ulgamlara hem-de pudaklara, şol sanda nebitgaz senagatyna döwrebap, ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Şu täze desganyň hem bu talaplara laýyk gelmegi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda işjeňleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçene ýüzlenip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin diplomat tarapyndan bu ugurda ähli tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.

Soňra ýygnananlara Türkmenistana bagyşlanan hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatly ösüşiniň esasy ugurlary, gaz gysyjy desga barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Ýurdumyz tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeläp, ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge işjeň gatnaşýar, energiýa serişdelerini ibermegiň köpşahaly ulgamyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýär.

Şu meseleler boýunça döwletimiziň garaýyşlaryny BMG-niň belent münberinden ençeme gezek beýan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşigiň doly goldawyna we ykrarnamasyna mynasyp boldy. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan hem-de daşky gurşawy goramak ulgamynda möhüm wezipeleri çözmek babatda möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň ençemesiniň başyny başlady.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Ol diňe bir ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna, sebitde energetika howpsuzlygyny we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, XXI asyryň ägirt uly taslamasynyň — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy energetika ulgamynda üstünlikli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçiriji özüne üç ugry (A, B we С) ugry birleşdirýär.

Hytaýyň çäginde oňa uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolan Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi birleşýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýadan gelýän gaz HHR-iň 25 welaýatyna we awtonom etraplaryna, şeýle hem Gonkong aýratyn edara ediş etrabyna gelip gowuşýar. Munuň özi gazdan 500 milliona golaý adamyň peýdalanýandygyny aňladýar.

“Türkmengaz” döwlet konserni transmilli gaz geçirijä “mawy ýangyjy” esasy iberiji bolup durýar.

2007-nji ýylda Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) “Amyderýa” gaz kompaniýasy tarapyndan özleşdirilýän “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkdäki ýatagy ekologiýa taýdan arassa çig malyň ikinji uly çeşmesi bolup durýar.

Hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan Amyderýanyň sag kenarynda uglewodorod çig malyny gözlemek, gorlaryna baha bermek hem-de senagat taýdan özleşdirmek bilen baglanyşykly geologiýa-gözleg we burawlaýyş işleriniň uly möçberleri ýerine ýetirildi. Bu ýerde tebigy gazyň we gaz kondensatynyň uly gorlary bolan ýataklaryň 20-den gowragy ýüze çykaryldy.

«Samandepe» ýatagynda we Hojambaz etrabynda ýylda umumy kuwwatlylygy 14 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän gazy gaýtadan işleýän zawodlaryň ikisi, beýleki önümçilik, logistik hem-de durmuş düzümleri guruldy.

2014-nji ýylda Amyderýanyň sag kenaryndaky iri ýataklarda gözleg hem-de işläp bejeriş işleri üçin ulanylýan esasy tehnologiýalar HHR-iň ylmy-tehniki ösüş babatyndaky Milli baýragyna mynasyp boldy. Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy bolsa 10-dan gowrak pudaklaýyn hem-de milli sylaglara, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň raýat gurluşygy, ylym we tehnika ulgamyndaky iň abraýly “Zhan Tianyou” baýragyna mynasyp boldy.

“Bagtyýarlygyň” ilkinji daşary ýurt taslamasy bolandygyny bellemek gerek. Şol ýerde «PetroChina» kompaniýasy tarapyndan “Sanly gaz ýatagy” platformasy guruldy. Häzirki wagtda ol özüne 125-den gowrak ulanyş guýusyny birleşdirýär.

Turba geçirijiniň işe girizilen pursadyndan bäri şu ýylyň ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Merkezi Aziýadan Hytaýa 336 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Şunda Türkmenistan iberilen “mawy ýangyjyň” 85 göterimini üpjün etdi.

Gürrüňimizi dowam etdirip, “Gazprom” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda tebigy gazy satyn almak barada baglaşylan bäş ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Russiýa Federasiýasyna hem Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça gaz iberilýändigini bellemek gerek.

Diýarymyzyň ähli gaz magistrallaryny bütewi ulgama birleşdiren Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň gaz ulag ulgamyny ösdürmegiň ýolunda uly ädim boldy. Şunuň netijesinde, “Döwletabat” hem-de “Galkynyş” ýaly ägirt uly tebigy gaz ýataklary bar bolan Mary welaýatyndan gazy rewers görnüşinde Ahal we Balkan welaýatlaryna ibermäge mümkinçilik döredi. Mundan başga-da, Gündogar — Günbatar gaz geçirijisi türkmen energiýa serişdelerini Hazaryň üsti bilen halkara bazarlara eksport etmekde ulanylyp bilner.

Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyndaky, şonuň ýaly-da Merkezi Garagumdaky geljegi uly nebitgaz ýataklaryny, şeýle hem ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan çalt özleşdirmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyşyň” gorlary, “Ýaşlar” hem-de “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, häzirki wagtda 27 trillion kub metr möçberinde kesgitlenilýär.

Ozal bu ýerde ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kub metrini öndürmäge mümkinçilik berýän desgalaryň toplumy ulanmaga berlipdi, häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün etmäge niýetlenen şoňa meňzeş we şonuň ýaly kuwwatlykdaky toplumlar gurulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze gorlaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işleriniň gerimi giňelýär. Ýurdumyzyň gündogar sebitiniň çig mal binýadyny berkitmek bu işleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunuň bilen baglylykda, täze önümli gatlaklaryň ýüze çykarylmagy mümkin bolan öňki ýataklaryň çäklerinde, şeýle hem golaýda ýerleşýän geljegi uly meýdançalarda geofiziki barlaglar hem-de gözleg-buraw işleri amala aşyrylýar.

2019-njy ýylda “Malaý” ýatagynyň golaýynda açylan «Täjibaý» ýatagy şeýle mysallaryň biridir. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň geçiren ilkinji buraw guýulary gazyň senagat akymyny berdi.

Şu sebitde uglewodorodlar uly bolmadyk çuňluklarda jemlenendir hem-de özleşdirmäge örän elýeterlidir.

Seýsmiki barlaglaryň we gözleg burawlaryň şunuň ýaly toplumy Naýyp hem-de Bagaja ýataklarynyň töwereklerinde hem bellenendir. Şolaryň binýadynda gazy gaýtadan işleýän, şol sanda suwuklandyrylan gaz öndürýän kuwwatly toplumlar işleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen örän iri döwrebap senagat desgalary ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, bular ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan Gyýanlydaky polimer zawodydyr, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawoddyr. Bu desgalar Ýaponiýanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Geljekde täze gazhimiýa toplumlaryny ýurdumyzyň her welaýatynda, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürjek toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Umuman, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň kuwwatyny artdyrmagy üpjün edýär, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ine-de, esasy pursat ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda sensor panelindäki ýörite goýberiş düwmesine basyp, gaz gysyjy bekedi ulanyşa girizýär.

Zalda oturdylan uly monitorda şol pursatda görkezilip duran tehnologik gurluşda bu ýerden ugradylan harytlyk gazyň magistral gaz geçiriji ulgama baryp gowşandygyny aňladýan görkezijiniň yşygy işläp başlaýar.

Bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “Petro Gas LLP” (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur “Dresser-Rand S.A.” kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr. Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gaz gysyjy desganyň gurluşygyna türkmen hünärmenleri-de gatnaşdylar. Olar ähli gurluşyk-gurnama işleriniň 80 göterimden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Soňra milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Bekediň hünärmenleri işgärleriň zähmet çekmegine amatly şertler döredilen gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasynyň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidi üçin ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Dabara tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi. Dikuçar Türkmenabat şäheriniň howa menziline tarap ugur aldy. Şol ýerden milli Liderimiz Aşgabada ugrady.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18317?type=feed

16.01.2021
Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly bilen

Toýly günleriň, şanly seneleriň ýakymy ýüregimizden hiç haçan çykmaýar. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza şu gezekki sapary hem millionlarça ýürekde şeýle ýakymy oýardy. Bu saparyň çägindäki taryhy wakalara şaýat bolanlaryň ýürek joşgunyny diňlemek bolsa has-da ýakymly. Şonuň üçin hem gazetimiziň şu sanynda kalby joşgunly watandaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny paýlaşýarys.

Kalandar KLYÇÝEW,
Türkmenabat Halkara howa menziliniň dispetçeri:

― Türkmenabatdaky «Ruhyýet» köşgünde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen dabaraly maslahata gatnaşmak biziň ykbalymyzdaky iň ýakymly wakalaryň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň taryhy çykyşyny diňlän we halkara bähbitli täze desgalaryň açylyş dabaralaryna wideoaragatnaşyk arkaly şaýatlyk eden pursatlarymyz ýakymy-ýaraşygy bilen hakydamyzda uzak wagtlap galar.

Halkara jemgyýetçiliginde abraý-mertebesi barha beýgelýän ýurdumyz halklary begendirýän tutumlary bilen göwünlere gül ekmegini dowam etdirýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza şu gezekki iş saparynyň çäginde şaýat bolan taryhy wakalarymyz bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şeýle taryhy wakalar bilen başlanmagy ýylyň belent badyna buýsanjymyzy artdyrdy. Nesip bolsa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk dabaralaryna beslenjek ýylda şeýle uly wakalara ýene birnäçe ýola şaýat bolarys.

Biz — taryhy maslahata gatnaşyjylar özümize döredilen bu ajaýyp mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Taryhy günlerde işe girizilen täze desgalar doganlyk döwletlere dostluk salamymyzy äkidip, olardan hem ýürekdeşlik getirsin! Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri mundan beýläk hem beýik tutumlaryň eýýamy bolsun!

Jemşit BAZAROW,
«Lebapenergo» önümçilik birleşiginiň mehanizasiýa we awtoulaglar gullugynyň ussasy:

― Bu gün türkmen topragynyň we türkmen ýüreginiň ýalkymy nobatdaky gezek goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna çyrag bolup uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen gurlan gaz turbinaly elektrik stansiýasy, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Kerki elektrik bekedi, şeýle-de türkmen-owgan serhedine uzaýan howa elektrik geçirijisi ýürekdeş gatnaşyklaryň täze sahypasyna öwrüler.

Kerki elektrik bekedindäki dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar, myhmanhana we edara, dolandyryş binalary, ammarlardyr barlaghanalar, ussahana döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işlemek üçin giň şertleri hödürleýär. Bu bina mundan beýläk hem welaýatymyzyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligini düýpli gowulandyrmaga ýardam berer. Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistandan goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin tehniki şertleri döreder. Munuň ilkinji miwesini eýýäm şu gün görüp başladyk. Hut şu beketden Owganystanyň Şibirgan şäherine elektrik energiýasy iberiler.

Bu taryhy günde açylan täze desgalar bilen ähli kärdeşlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Türkmen elektrik energiýasyny mundan beýläk hem dünýä çykarmakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Pälwan  ÝAÝLANOW,
«Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmeni:

― Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän we «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylyň başynda birbada halkara ähmiýetli taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi we olaryň işe girizilmegi aýratyn ähmiýetli wakadyr. Şol taryhy wakalaryň şaýady hem-de olara dahylly bolmak bagty bu gün başymyzy Göge direýär.

Şu gün halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy we onuň birikmeleri açylyp, ulanylmaga berilýär. Onuň işe girizilmegi, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr aragatnaşyk akymlarynyň sanyny artdyrmaga, Türkmenistanyň serhedinden Owganystan Yslam Respublikasy bilen Pakistan Yslam Respublikasyna çenli üstaşyr aragatnaşyk akymlaryny geçirmäge mümkinçilik berer. Ýurdumyz bilen goňşy döwletleriň arasynda maglumat geçirijilik birikmesi artar. Şeýlelikde Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda aragatnaşyk geçirijiligi ygtybarly ätiýaçlandyrylar. Ýewropa, Aziýa, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň arasynda maglumat geçirijilik tizligini sekuntda 100 Gigabite çenli, geljekde bolsa bu tizligi sekuntda 6 Terrabite çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Biz ― aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleri şeýle iri halkara taslamalary durmuşa geçirmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Bu gün açylan täze ulgamlar bilen türkmen we owgan halklaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Goňşy halklaryň nurana geljegine gönükdirilen taryhy tutumlar mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, maksatlary myrat tapsyn!

Atabaý DURDYKULOW,
«Malaý» gaz gysyjy desgasynyň esasy inženeri:

― «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda Lebap welaýatynda-da ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzda 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýene-de bir täze desga gurlup, ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Çärjew etrabynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr bolan «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi.

Gaz gysyjy desgada «A» we «B» önümçilik sehleri işlär. Bekediň «A» sehi «Malaý» gaz känini gutarnykly we doly özleşdirmäge ýardam eder. «B» sehi kuwwatly gaz turbinalaryň kömegi bilen «Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisiniň üsti bilen «Bagtyýarlyk» gaz gysyjy desgasyna «Üçajy», «Galkynyş» we «Döwletabat» gaz känlerinden gelýän gazyň basyşyny geljekde hem kadaly saklamaga ýardam eder. Desgada Fransiýanyň «Dresser-Rand S.A.» kompaniýasy tarapyndan üpjün edilen 6 sany gaz gysyjy enjamlar toplumy oturdyldy. Olar häzirkizaman kämil awtomatlaşdyrylan ulgamy we kompýuterler arkaly dolandyrylýar.

Şeýle kuwwatly desganyň hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizilmegi bizde uly buýsanç döredýär. Nesip bolsa, bu desga «Malaý – Bagtyýarlyk» gaz geçirijisiniň mümkinçiliklerini has-da artdyrar. Bu bolsa, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerine uly goşant bolar.

Biz — gazçylar bu kuwwatly desgany gurduryp, ulanmaga berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze desgada işlemek döwrümiziň we ömrümiziň uly peşgeşidir. Arkadag Prezidentimiziň tutuş adamzadyň bähbidine alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Merdan Allanazarow,
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 25-nji şahamçasynyň hünärmeni:

― Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistan ― Owganystan ― Täjigistan demir ýolunyň Akina ― Andhoý şahasynyň açylmagy iki dostlukly halkyň ýürekdeş gatnaşyklarynda täze sahypa öwrüldi. Täze şahanyň işine teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bolsa ählimizde çäksiz şatlyk döretdi.

Ýurdumyzyň serişdeleriniň hasabyna gurlan 30 kilometrlik demir ýoluň gurluşygynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 29-njy şahamçasynyň gurluşykçylary işlediler. Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen 2019-njy ýylda ýoluň gurluşygyna girişildi we ýaňy-ýakynda ulanmaga bermäge doly taýýar edildi.

Şeýle sogaply işe şaýat bolmak bizde çäksiz buýsanç döredýär. Täze açylan ýol bilen türkmen we owgan halklaryny tüýs ýürekden gutlaýarys. Nesip bolsa, bu ýol iki ýurduň hem ykdysady ösüşlerine ýardam berer. Şeýle belent tutumlaryň sakasynda duran hormatly Prezidentimize ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Taýýarlan Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18294

16.01.2021
Ýurdumyzyň gaz pudagynyň kuwwatyny artdyrmagyň ýolunda möhüm ädim

15-nji ýanwarda Lebap welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu ýerde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Köpsanly dabara gatnaşyjylar eziz Diýarymyzyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazyljak bu waka sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary täze desganyň öňündäki meýdança gonýar. Ýygnananlar milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Lebap welaýatynyň häkimi mübärekleýärler.

Döwlet Baştutanymyz haly ýodajygy boýunça ýöräp, dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär: ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär — täze möhüm senagat desgasy açylýar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň hem-de myhmanlaryň ýygnanan binasyna tarap ugraýar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, pudagyň işgärleri bar. Olaryň ählisi ör turup, şowhunly el çarpyşmalary bilen milli Liderimizi mübärekleýärler.

Hormatly Prezidentimiz çykyş edip, ýygnananlary hem-de tutuş türkmen halkyny täze, 2021-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde şu günki taryhy ähmiýetli waka — «Malaý» käninde gurlan döwrebap gaz gysyjy desganyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy we daşary ýurt maýadarlar üçin hyzmatdaşlyga amatly şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň dünýäde iri energetika döwlet hökmünde ykrar edilmegine getirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar. Netijede, gymmatly çig mal bolan tebigy gazy özara bähbitli esasda ýerlemegiň hem-de girdeji gazanmagyň täze bazarlary peýda bolýar.

Biziň syýasatymyz ýurdumyzyň uly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini dünýäde parahatçylygy berkitmegiň, abadan ýaşaýşyň we gülläp ösüşiň bähbidine ulanmakdyr. Öňde goýlan bu belent maksatlara ýetmek ugrunda gysga wagtyň içinde möhüm ähmiýetli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, durnukly ösýän ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle taslamalar, ulanmaga berilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalardyr binalar hem-de önümçilikler milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Biz eziz Diýarymyzda şular ýaly iri desgalaryň gurluşygynda ekologiýa talaplaryna, döwrebap innowasiýalara, ösen tehnologiýalara möhüm ähmiýet berýäris. Hut şonuň netijesinde hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalaryň ýokary hil derejesine, innowasion çözgütlerine hem-de ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalaryna mynasyp bolýar. Munuň özi, elbetde, buýsandyryjy ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu gün açylyp, ulanmaga berilýän iri senagat desgasynyň hem diňe bir biziň häzirki ösüşlerimize mynasyp goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimize hem uzak ýyllaryň dowamynda ygtybarly hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýygnananlary şu günki taryhy waka — «Malaý» käninde gurlan gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra «CNPC International Turkmenistan» kompaniýasynyň baş direktory jenap Li Şulýana söz berildi. Ol Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň işgärleriniň adyndan ýygnananlary «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy desganyň üstünlikli ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi bilen amala aşyrylan bu iri taslama şol gaz käniniň ikinji tapgyryna täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi gaz pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we degişlilikde, Türkmenistanyň dünýäniň nebitgaz bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Myhman şu ajaýyp waka bilen dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz HHR-iň wekillerine geçirýän uly işleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özlerini ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde görkezen daşary ýurtlaryň nebitgaz kompaniýalary bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Soňra ýygnananlara Türkmenistana bagyşlanan hem-de ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatly ösüşiniň esasy ugurlary, gaz gysyjy desga barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilen ykdysady strategiýasyna laýyklykda, soňky ýyllaryň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen örän iri döwrebap senagat desgalary ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, bular ýokary dykyzlykly polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan Gyýanlydaky polimer zawodydyr, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýädäki ilkinji zawoddyr. Bu desgalar Ýaponiýanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň esasy kompaniýalarynyň we banklarynyň gatnaşmagynda guruldy.

Geljekde täze gazhimiýa toplumlaryny ýurdumyzyň her welaýatynda, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinilasetat, metanol we beýlekileri öndürjek toplumlary gurmak meýilleşdirilýär.

Umuman, ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ulanylmagy pudagyň kuwwatyny artdyrmagy üpjün edýär, dünýäniň energetika döwleti hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar.

Ine-de, esasy pursat ýetip gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda sensor panelindäki ýörite goýberiş düwmesine basyp, gaz gysyjy bekedi ulanyşa girizýär.

Zalda oturdylan uly monitorda şol pursatda görkezilip duran tehnologiki gurluşda bu ýerden ugradylan harytlyk gazyň magistral gaz geçiriji ulgama baryp gowşandygyny aňladýan görkezijiniň yşygy işläp başlaýar.

Bu taslama «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — «Petro Gas LLP» (Beýik Britaniýa) bilen bilelikde amala aşyryldy. Gaz gysyjy enjamlar dünýäde meşhur «Dresser-Rand S.A.» kompaniýasy (Fransiýa) tarapyndan getirildi.

Gije-gündiziň dowamynda 45 million kub metr gazy akdyrmaga niýetlenen enjamlaryň her biriniň kuwwaty 32 MWt barabardyr. Açylyş dabarasynyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gaz gysyjy desganyň gurluşygyna türkmen hünärmenleri-de gatnaşdylar. Olar ähli gurluşyk-gurnama işleriniň 80 göterimden gowragyny ýerine ýetirdiler.

Soňra milli Liderimiz şu günki wakadan ýadygärlik hökmünde Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.

Bekediň hünärmenleri işgärleriň zähmet çekmegine amatly şertler döredilen gazhimiýa pudagynyň döwrebap önümçilik desgasynyň bina edilendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň bähbidi üçin ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz toplumyň işgärlerine işlerinde üstünlikleri arzuw edip, olara täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Dabara tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi. Dikuçar Türkmenabat şäheriniň howa menziline tarap ugur aldy. Şol ýerden milli Liderimiz Aşgabada ugrady.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18307

16.01.2021
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdylar

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar
LEBAP WELAÝATY, 14-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.
Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.
Bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagy iki döwletiň we doganlyk halklaryň däbe öwrülen dostlukly, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini işjeň goldaýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklip edýän, owgan meselelerini çözmäge hemmetaraplaýyn çemeleşmeleri goňşy ýurtda parahatçylygyň we durnuklylygyň dikeldilmegine gürrüňsiz hyzmat eder. Bu ýagdaý Owganystany sebitiň we dünýäniň energetika, ulag we hojalyk gatnaşyklaryna çekmek boýunça anyk işlerde öz beýanyny tapýar.
Elbetde, hyzmatdaşlygyň täze ýollarynyň ulanmaga berilmegi bilen iki döwletiň ulag-üstaşyr kuwwatyny, olaryň energetika we kommunikasiýa pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryny, halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyny amala aşyrmak üçin mümkinçilikler giňeler.
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerden Lebap welaýatynyň “Ruhyýet” köşgüne — Türkmenistanda we Owganystanda dabara gatnaşyjylary birleşdiren teleköpriniň geçirilýän ýerine ugrady.
Türkmen we dari dillerinde dabarany alyp baryjylar iki ýurduň Prezidentlerini mähirli garşylaýarlar hem-de dabarany açyk diýip yglan edýärler. Ilki bilen, milli Liderimize söz berilýär. Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşi — Mohammad Aşraf Ganä “Gadyrly doganym!” diýen sözler bilen ýüzlenip we beýleki dabara gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, şu gün iki ýurduň durmuşynda uly baýram diýip belledi.
Iri üç desganyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlaryň gurluşygy tamamlandy.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleri bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, iri möçberli we geljegi uly taslamalary taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan giň gerimli we ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilen işler üçin türkmen we owgan hünärmenlerine minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu üç taslama gysga möhletlerde amala aşyryldy. Olar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we bu ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir, Türkmen we owgan halklarynyň gülläp ösmegine we abadançylygyna gönükdirilendir. Giň halkara hyzmatdaşlyga, özara düşünişmäge, syýasy we durmuş taýdan durnukly ösüşe ýardam etmäge niýetlenendir.
Şonuň ýaly-da, biziň maksatlarymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir. Netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle desgalaryň ulanmaga berilmeginiň Owganystanyň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem bu desgalar Owganystanyň senagat we durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň dikeldilmegine ýardam eder. Owgan halkynyň öz güýçlerine ynamyny artdyrar. Parahat, gülläp ösýän, ykdysady taýdan ösen döwleti emele getirmek işinde agzybirligi we bitewüligi gazanmagyň täsirli şertine öwrüler.
Milli Liderimiz owgan doganlarymyzy, sebitdäki we bütin dünýädäki dostlarymyzy we hyzmatdaşlarymyzy bu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň ikitaraplaýyn esasda hem, halkara giňişliginde hem Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady we syýasy-diplomatik goldawy mundan beýläk-de berjekdigine ynandyrdy.
Şeýle möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi köpýyllyk ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň netijesi bolup durýandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasy bilen netijeli, deňhukukly, hakyky doganlyk gatnaşyklaryna buýsanýarys we ýokary baha berýäris diýip belledi.
Biziň gatnaşyklarymyzyň gadymdan gelýän köpasyrlyk taryhy kökleri bar. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolýar. Häzir bu gatnaşyklar bilelikdäki giň möçberli ösüş meýilnamalarynyň amala aşyrylmagynda, häzirki zaman üpjünçilik ulgamlarynyň desgalarynyň döredilmeginde, täze ulag, kommunikasiýa, energetika ugurlarynyň emele getirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyny, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň emele getirilmegini görkezdi.
Bu taslamalar umumy strategik maksatlara anyk düşünmegiň, uzak möhletli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini anyk duýmagyň esasynda biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary arkaly has-da berk baglanyşdyrar. Bu işde Owganystanyň ýolbaşçylarynyň parasatlylygy, öňdengörüjiligi we syýasy erk-islegi örän möhüm şert bolup durýar. Umumy üstünligiň, geljekde sazlaşykly we netijeli iş alyp barmagyň girewini şunda görýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz OYR-nyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä bu taslamalary goldandygy, olary amala aşyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy biziň döwletlerimiziň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň netijeli şerti bolup durýar diýip belledi. Bu adamlaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagynyň, goşmaça iş orunlaryny döretmegiň, iri möçberli daşarky maýa goýumlaryny çekmegiň örän möhüm esasy bolup hyzmat edýär. Bu işleriň ählisi, öz nobatynda, sebitde howpsuzlygyň gyşarnyksyz berkidilmegine ýardam eder. Netijeli döwletara hyzmatdaşlyk üçin zerur bolan amatly syýasy ýagdaýy döretmäge itergi berer. Döreýän wehimlere garşy bilelikde netijeli göreşmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň uzak möhletleýin strategiýasyna doly laýyk gelýär. Bu strategiýa Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň we olara ýanaşyk ýurtlaryň durnuklylygyny we durnukly ösüşini üpjün etmäge niýetlenendir. Sebitde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bellenip geçilen taslamalaryň kontinent derejesinde ykdysady, senagat we söwda korporasiýasyny ösdürmekde hem örän möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ýerde gürrüň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň örän giň, çalt depginler bilen ösýän sebitlerine we bazarlaryna harytlary we hyzmatlary çykarmak üçin serişde we önümçilik kuwwatlyklaryny birleşdirmek, logistika mümkinçiliklerini ulanmak babatda gidýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, owgan ugrunda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewraziýa Ykdysady Birleşigi ýaly iri birleşdiriji düzümler we guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertler döreýär.
Türkmenistan bu guramalar bilen ulgamlaýyn esasda, özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar. Şu maksat bilen ýurdumyz umumy uzak möhletleýin bähbitleriň esasynda möhüm ugurlaryň birnäçesi boýunça bilelikdäki işe başlamaga niýetlenen degişli başlangyçlary öňe sürýär.
Bitaraplyk we «Açyk gapylar» ykdysady syýasaty Türkmenistanyň alyp barýan halkara işiniň esasyny düzýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Örän iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriji merkezleriniň biri hökmünde biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirdi. Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary bu wezipeleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.
Ulag, energetika ulgamlarynda biziň tekliplerimize dünýäde barha uly üns berilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan biziň tekliplerimize uly goldaw berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatda maksatlara ýetmek üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly üstaşyr geçirmek, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda gatnaşyklary berkitmek boýunça Türkmenistanyň işläp taýýarlan we öňe süren rezolýusiýalarynyň taslamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.
Bu gün biz şol başlangyçlaryň we teklipleriň hakyky iş ýüzünde durmuşa geçýändiginiň şaýady bolýarys. Häzirki taslamalar biziň sebitimiziň kontinentde strategik durnukly ösüşiň berk düzüm bölegine öwrülmegine iş ýüzünde anyk goşant bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň köp ýurtlar, iri halkara kompaniýalar, maliýe merkezleri we institutlary üçin geljegi uly bolan ykdysady hyzmatdaşa öwrülmegine şert döredýändigini belledi.
Täze elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de demir ýoluň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda giň gerimli özara hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Durmuş-ykdysady ösüş, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmak üçin täze şertler döreýär.
Döwlet Baştutanymyz uly ýoluň — täze başlangyçlaryň başynda durýandygymyza ynam bildirdi. Şu taslamalardan soňra, ähmiýeti boýunça olardan birjik-de kem bolmadyk we örän giň möçberli, iki doganlyk ýurt we halk, beýleki döwletler üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ýene-de köp sanly täze taslamalar amala aşyrylar diýip, milli Liderimiz belledi.
Şu günki gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biziň garaýyşlarymyzyň we maksatlarymyzyň birdiginiň, netijeli hyzmatdaşlyk edýändigimiziň aýdyň subutnamasyna öwrüler.
Biz bu hyzmatdaşlygyň netijelerine buýsanmaga doly haklydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylaryň ählisini şu günki şanly waka bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we olara täze, uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä parahatçylyk we abadançylyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny owgan halkyna ýetirmegi haýyş etdi.
Milli Liderimiz türkmen-owgan dostlugynyň nyşany hökmünde Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň açylyşyna tüýs ýürekden ak pata berdi.
Soňra Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä söz berilýär.
OYR-nyň Baştutany dabara gatnaşyjylary mübärekläp, häzir Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ep-esli giňelendigini belledi hem-de owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşniýetli erk-islegi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Akina — Andhoý demir ýolunyň we beýleki düzüm taslamalarynyň açylmagy iki ýurduň arasynda şol gatnaşyklary has-da giňeltmegiň ýolunda ähmiýetli ädimler bolup durýar hem-de sebitdäki gatnaşyklaryň we goşulyşmagyň möhüm bölegini düzýär diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani belledi.
Bir asyrdan gowrak wagtdan soň, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen öňden gelýän gatnaşyklaryny dikeltmek Owganystan üçin uly hormatdyr diýip, OYR-nyň Prezidenti Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara Owganystanyň Hökümeti we halky tarapyndan ýokary baha berilýändigini aýtdy.
“Ýedi ýyl mundan oň, prezidentlige dalaş eden wagtym menden daşary syýasatymy nireden başlajakdygymy sorapdylar. Şonda men Türkmenistandan diýip jogap berdim. Meniň jogabym watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly syýasatçylaryň ençemesini haýran galdyrypdy. Bu gün bolsa, olaryň iki doganlyk we goňşy ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary görüp, meniň jogabymyň dogrudygyna düşünendiklerine ynanýaryn” diýip, dostlukly ýurduň Baştutany Mohammad Aşraf Gani belledi.
Owganystany we Türkmenistany öňden gelýän gatnaşyklar birleşdirýär, şol gatnaşyklar bolsa, tutuş taryhyň dowamynda üstünlikli bolup gelýär.
Häzir bu ikitaraplaýyn gatnaşyklar birek-biregiň milli bähbitlerine we umumy hajatlaryna çuňňur düşünilmegine esaslanyp, dowam etdirilýär we geljege gönükdirilendir.
Biziň ýurtlarymyz medeni we taryhy umumylyga goşmaça hökmünde ykdysady taslamalary işläp taýýarlaýarlar. Olar özara gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam eder. Bu işler demir ýol gatnawlary we kommunikasiýalar babatda bilelikdäki işler, şeýle hem Pakistana elektrik energiýasyny geçiriji TOP hem-de Hindistana we Pakistana gaz geçiriji TOPH, gury ýerde Günorta Aziýany Ýewropa bilen birleşdirýän optiki-süýümli ulgam ýaly iri taslamalardyr.
Bularyň hemmesi owgan halkynyň durmuş şertlerini hem-de sebitiň ýurtlarynyň ýagdaýyny gowulandyrar diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani şol taslamalaryň ösüş geçelgelerini we durmuş abadançylygyny döredip, Owganystana batly depginler bilen ösmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Ol Merkezi Aziýany Günorta, Gündogar we Günbatar Aziýa bilen birleşdirýän ýollaryň çatrygy hökmünde Owganystanyň ýagdaýynyň möhümdigini belledi. Şu nukdaýnazardan ähmiýetli ykdysady we düzüm taslamalarynyň işlemegi we dowam etmegi özara baglylyga we goşulyşmaga bolan garaýşymyzyň ýönekeý bir sebit arzuwy däl-de, eýsem, jedelsiz hakykat bolup durýandygyny tassyklaýar diýip, OYR-nyň Baştutany aýtdy.
Owganystanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň üstünlikli giňelmegi beýleki goňşular hem-de sebitiň ähli ýurtlary üçin nusga alarlyk bolup durýar.
Biz Owganystany sebitiň çatrygyna öwürmäge çalyşýarys. Şunda bu ugurda uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň Owganystanyň hoşniýetli goňşusy we strategik hyzmatdaşy hökmünde bu babatda peýdaly we gymmatly orny eýelejekdigi şübhesizdir diýip, owgan Lideri belledi.
Türkmenistan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sebitiň merkezine öwrülmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň dünýä bilen birleşýän nokadyny döretmekde möhüm orun eýeleýär diýip, goňşy ýurduň Baştutany belledi.
Owganystanyň Prezidenti türkmen Liderine, biziň döwletimize iri maksatnamalaryň we taslamalaryň, olary maliýeleşdirmegiň we amala aşyrmagyň çäklerinde mäkäm gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy üçin Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan çäksiz hoşallygyny beýan etdi. OYR-nyň Hökümeti we halky şeýle goňşuçylyga hem-de dostluga buýsanýar diýip bellemek bilen, Prezident Mohammad Aşraf Gani bu berk dostlugyň geljekki nesiller üçin miras galmagyny arzuw etdi.
Bu gün biz Akina — Andhoý demir ýolunyň taslamasynyň amala aşyrylmagynyň şaýatlary bolýarys. OYR-nyň Prezidenti şeýle taslamalaryň ýakyn geljekde hem amala aşyrylyp, olaryň Owganystany sebit üçin möhüm çatryga öwürjekdigine ynam bildirdi.
Owgan Lideri Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derejesiniň kadaly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetendigini aýtdy. Prezidentiň pikirine görä, Hyrat we Mazari-Şarif şäherlerindäki türkmen konsullyklarynyň baş konsullyklara çenli derejesiniň ýokarlandyrylmagy hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.
Türkmenistan Owganystanyň parahatçylykly ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýar we 2013-nji ýyldan başlap, Aşgabatda Owganystanyň parahatçylykly ösüşi boýunça mejlisleriň tapgyryny geçirmäge yzygiderli çagyrýar diýip, Owganystanyň Prezidenti belledi.
Owgan Lideri Owganystanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň örän möhümdigini ýene-de bir gezek belläp, özara gatnaşyklaryň üç taraplaýyn görnüşde (Owganystan — Türkmenistan — ABŞ), (Owganystan — Türkmenistan — Eýran), (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan) hem-de sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dowam edýändigini belledi.
Bu gün ulanmaga berilýän desgalaryň hem sebit hyzmatdaşlygy, biziň ýurtlarymyzyň ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähmiýeti uly bolup durýar, biz TOPH we TOP taslamalaryny Owganystanda 2021-nji ýylyň awgustynda açmaga taýýardyrys diýip, Prezident Mohammad Aşraf Gani belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Hökümetine TOP 500 kW taslamasy üçin elektrik energiýasynyň bahasynyň 6 sentden 3 ýarym sente düşürilendigi üçin hoşallyk bildirdi.
Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýol kartasynyň üstünde işleýäris hem-de iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň, aýratyn hem elektrik energetikasy we demir ýollar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşinden hoşaldyrys diýip, owgan Lideri belledi. Şeýle hem Owganystan Hyrat we Mary şäherlerini dogan şäherler diýip yglan etmegi teklip edýär. Munuň özi ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary has-da berkider.
Prezident Mohammad Aşraf Gani sözüniň ahyrynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna berýän ünsi we goldawy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň demir ýol, elektroenergetika we aragatnaşyk pudaklarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Şeýlelikde, “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy hem-de Owganystanyň demir ýol ugurlary müdirliginiň ýolbaşçysy Akina — Andhoý demir ýolunyň işe girizilmegine taýýarlyk barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, bu polat ýol Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky söwdany işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer. Owganystanyň demir ýol müdirliginiň geçiren seljermesine laýyklykda, daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim hem-de ikinji ýylda 50 göterim artar. Munuň özi ýük daşamalarynyň tizliginiň artmagyna getirer, iş orunlary peýda bolar.
Owgan tarapy Türkmenistanyň Prezidentine bu taslamany amala aşyrmakda ýardam edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de ugurdaş desgalary bolan polat ýoluň gurluşygynyň amala aşyrylmagy üçin Türkmenistanyň demir ýol edarasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny beýan etdi.
Şu günki täze desganyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Hytaýyň demir ýol ulgamyna çykmak bilen, sebitiň ýurtlaryny baglanyşdyrjak giň gerimli ulag taslamasynyň bir bölegi bolup durýandygyny bellemek gerek.
Aziýanyň Halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň — 2013-nji ýylyň iýunynda badalga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina böleginiň gurluşygy 2016-njy ýylyň oktýabrynda tamamlandy. Transmilli ýoluň bu böleginiň umumy uzynlygy 88 kilometr bolup, onuň 85 kilometri biziň ýurdumyzyň çäginde, galan 3 kilometri bolsa, Ymamnazar we Akina serhetýaka nokatlarynyň arasynda ýerleşýär.
2019-njy ýylyň 21-nji fewralynda Aşgabat şäherinde “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de Owganystanyň demir ýol ulaglary müdirliginiň arasynda Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda taýýarlanan taslama biziň döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurtdan bolan hyzmatdaşlarymyza utgaşykly logistika hyzmatlaryň edilmegine gönükdirilendir.
2019-njy ýylyň iýulynda Farýab welaýatynyň Akina menzilinde demir ýoluň 10 kilometrlik şahasynyň açylyşy boldy hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owgan çäginde täze demir ýoly Türkmenistan öz hasabyna çekmek bilen çäklenmän, eýsem, öz işgärlerini hem-de maddy serişdelerini — işçileri, inženerleri, demir ýol maşynlaryny we kranlaryny, gurluşyk serişdelerini, demir şpal gözeneklerini ulanandygyny bellemek gerek.
Türkmen ýol gurluşykçylarynyň döwrebap tehnikalary we enjamlary, işleriň sowatly we dessin guralmagy bu möhüm taslamany üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Demir ýoly çekmekden başga-da, 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollary guruldy, konteýner terminallary we beýleki kömekçi desgalar bina edildi we enjamlaşdyryldy. Ähli taslama işleri “Türkmendemirýollary” agentliginiň “Türkmendemirýoltaslama” ylmy-barlag instituty tarapyndan amala aşyryldy. Bulardan başga-da, türkmen hünärmenleri tarapyndan halkara ýük daşamalarynda sanitar howpsuzlygyny üpjün edýän ýokançsyzlandyryjy germewler guruldy. Olar häzirki wagtda dünýäde pandemiýä häsiýetli ýagdaýyň döremegi bilen baglylykda adatdan daşary möhüm ähmiýete eýedir. Bu babatda demir ýol ulagy ýük daşamakda howpsuz we netijeli usul bolup durýar.
Täze demir ýol bilen birlikde, Owganystanyň bu etraplaryna täze durmuşyň hem geljekdigini ynam bilen aýdyp bolar. Ol owgan ykdysadyýetini ösdürmek, möhüm durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş bilen üpjün etmek bilen bagly meseläni üstünlikli çözmäge itergi berip, maýa goýumlaryny çekmäge ýardam eder hem-de Owganystandaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer.
OYR-nyň polat ýollaryny çekmek işinde türkmen demirýolçulary bilen üstünlikli we uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygy goňşy ýurtlaryň we halklaryň bähbidine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, özara bähbitli sebit we halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam eder.
Bu gün gaýtadan dikeldilýän Owganystan öz oba hojalyk önümleri üçin täze bazarlary hem-de söwda-üstaşyr ugurlary işjeň gözleýär. Akina — Andhoý demir ýoly goňşy ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin goşmaça şertleri döreder, onuň kiçi we orta işewürligini işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açar, owgan önümlerini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik döreder.
Geljekde Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýadan harytlary Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän döwletleriniň bazarlaryna çykarmak üçin amatly ýola öwrülip biler. Şeýlelikde, polat ýol sebit we halkara derejede ulag-üstaşyr ýük daşalýan ugurlaryň möhüm bölegine öwrüler hem-de dünýäniň hojalyk gatnaşyklar ulgamyna Owganystany goşmaga ýardam eder.
Bulardan başga-da, Türkmenistan we Owganystan ýene-de bir ulag taslamasyny amala aşyrmaga — Turgundy — Hyrat demir ýolunyň gurluşygyna girişdiler. Onuň uzynlygy 173 kilometre deň bolar. Demir ýoluň ugrunda menzilleriň 4-sini, kommunikasiýa we duýduryş ulgamlaryny, perrony gurmak meýilleşdirilýär.
Akina — Andhoý we Turgundy — Hyrat demir ýollaryna täze logistika ugurlaryň goşulmagy bilen Hazardan Hindi ummanyna çenli uzalyp gidýän halkara ulag geçelgesiniň möhüm halkalary hökmünde olaryň ähmiýeti hem artar.
Türkmen demir ýol gurluşykçylarynyň amala aşyrýan işleri ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýene-de bir goşandy bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary, şeýle hem içeri ykdysady bähbitlerine kybap gelýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň ulag diplomatiýasynyň maksady ýurdumyzyň amatly geografik ýagdaýyny hem-de tutuş sebitiň ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyny doly derejede amala aşyrmak bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda Lazurit geçelgesiniň ulag taslamasynyň mümkinçiliklerini ulanmak meseleleri boýunça geçirilen wideomaslahatyň barşynda milli Liderimiziň täze teklipleri öňe sürmegini bellemek gerek.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz ýük akymlaryny utgaşdyrmak hem-de geçelgäniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak, bir bitewi nyrh syýasatyny kesgitlemek hem-de “bitewi penjire” ulgamynyň kömegi bilen, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan ugrunyň sanly atlasyny düzmek üçin Bitewi logistika merkezini döretmegi teklip etdi.
Şeýlelikde, demir ýol ulagyny ösdürmegiň ähmiýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine sebitde we kontinentde bir bitewi ulag we söwda giňişligini döretmäge gönükdirilen täze başlangyçlary bilen tassyklanylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermegi bilen Akina menzilinden Andhoý şäherine “Türkmendemirýollary” agentligi tarapyndan taýýarlanan ilkinji demir ýol düzümi dowamly zoguny çalmak bilen ýola düşýär. Kerwen ýük wagonlarynyň hem-de Türkmenistanyň eksport önümleri guýlan çelekleriň 20-sini öz içine alýar, olaryň 10-sy dizel ýangyjyny, 7-si bolsa, mineral dökünleri we ösümlik önümleri bellenilen nokada elterler.
Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary ilkinji ýük wagonlarynyň täze ugur boýunça barşyny synlaýarlar. Bu ýagdaý biziň ýurtlarymyzyň häzirki gatnaşyklarynyň esasyny düzýän köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň nyşany bolup hyzmat edýär.
Soňra teleköpri arkaly Türkmenistanyň energetika ministri hem-de OYR-nyň Suw we energetika meselelerini utgaşdyrýan müdirligiň baş direktory çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanlaryna Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisini işe girizmäge taýýarlyk hakynda hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, bu taslama Owganystanyň energetika bazaryny döretmekde möhüm ädim bolup durýar. Türkmenistan bilen bilelikde, elektrik energiýanyň sarp edilýän möçberini artdyrmak üçin zerur bolan düzüm döredilýär.
Ýurduň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek owgan Hökümetiniň syýasatynda ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan, taslama Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryndan elektrik energiýanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem-de ýurduň umumy elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga oňyn täsirini ýetirer.
Kuwwaty 500 kilowat bolan elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny ulanýan amallaryň sany ýurt boýunça 9 milliona çenli artar. Bu bolsa, Owganystany ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar.
Eksport energiýasynyň ugurlaryny giňeltmäge hem-de olaryň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik döretjek elektrik geçiriji ulgam baradaky wideorolige tomaşa edilenden soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň işe girizilmegine ak pata berýär.
Bu taslamanyň çäklerinde hem-de milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynda gazturbinaly elektrik bekedi, kuwwaty 500 kWt bolan “Kerki” podstansiýasy hem-de türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçiriji ulgam guruldy.
“Kerki” podstansiýasy öňdebaryjy enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilip, bu ýerde işgärleriň zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu desgalaryň gurulmagy Lebap welaýatynyň energoüpjünçiligini gowulandyrmak hem-de elektrik energiýasyny eksport etmek üçin tehniki mümkinçilikleri döretdi.
Öz nobatynda, owgan tarapy öz çäginde türkmen elektrik energiýasyny kabul etmek üçin zerur bolan desgalary gurdy. Birinji tapgyrda ol Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberiler. Ikinji tapgyrda — 2022-nji ýylyň başyna Puli — Humri we Kabul şäherlerine iberiler.
2018-nji ýylyň iýulynda geçirijilik ukyby sagatda 100 megawatta barabar bolan 112 kilometrlik Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň ulanmaga berilmegi Owganystana uly kömegiň aýdyň mysaly boldy.
Bu taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri elektroüpjünçilik desgalarynyň, şol sanda podstansiýalaryň birnäçesini gurdular. Hereket edip gelýän Ymamnazar — Andhoý hem-de Serhetabat — Hyrat ulgamlary bilen birlikde, Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgam goňşy ýurduň energetika düzüminiň möhüm bölegi bolup, ýurdy ykdysady taýdan dikeltmekde oňa ýardam edýär.
Elbetde, TOPH gaz geçirijisi bilen ugurdaş çekilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasynyň uly ähmiýeti bar. 2019-njy ýylda Mary welaýatynda TOP-nyň türkmen böleginde Mary DES — Hyrat şäheri (OYR) ugry boýunça güýjenmesi 220 kW bolan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabara boldy.
Türkmenistan Owganystany parahatçylykly dikeltmäge gatnaşmak bilen, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär. Owgan halkynyň abadançylyga ymtylmagyny goldamak bilen, ýurdumyz Owganystana diňe elektrik energiýasyny däl-de, eýsem, suwuklandyrylan gazy hem ýeňillikli bahalar boýunça iberýär, goňşy döwletde durmuş maksatly desgalary gurýar, ýaşlara bilim bermekde we işgärleri taýýarlamakda doganlyk kömegini berýär.
Teleköprini “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministri dowam edip, olar Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy (Owganystan) halkara üstaşyr akymlaryny üpjün etmek üçin optiki-süýümli ulgamlaryň işe girizmäge taýýar edilendigi barada hasabat berdiler.
Bu taslama Türkmenistandan Owganystana uzalyp gidýän optiki-süýümli ulgamlaryň ilkinjisi däldir, ikitaraplaýyn ylalaşyga laýyklykda, ozal Akina — Turgundy ulgamy birikdirildi.
Owganystanyň optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy goňşy ýurtlaryň bäşisi, şol sanda Türkmenistan bilen birleşendir. Ulanmaga berilýän täze ulgam sanly Owganystan ulgamyny döretmekde nobatdaky ädim bolup durýar. Elektron hökümeti ulgamynyň berkidilmegi hem-de Owganystanyň sanly özgerdilmegi owgan ýolbaşçylarynyň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli düzümi hem-de optiki-süýümli ulgamlary ösdürmek möhüm wezipedir.
Durmuşa geçirilen bu taslamany wideorolik arkaly synlap boldy.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hem-de Owganystanyň aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň, şeýle hem “Afghan Wireless” kommunikasiýa kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Ähtnama we şertnama laýyklykda, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurnamagyň barşynda zerur bolan kommunikasiýa enjamlary oturdyldy.
Şeýlelikde, Mary — Serhetabat aralykda 40 Gbit/sek trafikli DWDM enjamy oturdyldy. Serhetabatdan Turgunda çenli optiki süýümli kabeliň 8 kilometri çekildi hem-de 100 Gbit/sek trafikli enjam oturdyldy. Ymamnazardan Akina çenli optiki-süýümli aragatnaşygyň 3 kilometri çekildi, Kerki — Akina böleginde bolsa 100 Gbit/sek trafikli kommunikasiýa enjamy gurnaldy. Bu taslamalar DWDM (Dense Wavelength Division Multiplexing — tolkunlaryň uzynlygy boýunça dykyz bölünme) tehnologiýasynyň — halkara üstaşyr we ýerli akymlary geçirmek üçin köp ýaýlymly optiki ulgamlaryň binýadynda amala aşyryldy.
Täze halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulgam trafigini artdyrmaga, onuň Owganystana we Pakistana iberilmegini üpjün etmäge mümkinçilik peýda bolar. Bu şeýle hem maglumatlary ibermegiň tizligini artdyrmaga hem-de Türkmenistanyň we OYR-nyň arasyndaky ygtybarly kommunikasiýa aragatnaşygy kepillendirmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, täze ulgamlar Ýewropa, Aziýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky maglumat akymynyň tizligini 100 Gbit/sek çenli, geljekde bolsa 6 Tbit/sek çenli artdyrmaga ýardam eder.
Halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda esasy maglumatlar “köprüsiniň” wezipesini ýerine ýetirer, geljekde bolsa, bu trafigiň esasy bölegini öz üstüne alar.
Häzir ýurdumyz dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-biregiň bähbidini hormatlamak ýörelgelerine esaslanan giň görnüşli halkara gepleşikler üçin açykdyr. Şunuň ýaly çemeleşme uly tehnologik ädimleri ätmäge mümkinçilik berdi.
Teleköpri tamamlanandan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani mähirli, dostlarça hoşlaşyp, goňşy ýurtlaryň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler. Şunda netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine berk ynam bildirdiler. Häzir şol hyzmatdaşlygyň öňünde täze sepgitler açylyp, ol üstünlikli ösdüriler.
Dabara gürrüň berlen wakalar bilen tamamlanmady. Gündiz Akina menzilinde Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygynda tapawutlanan işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenabatda bolsa, Türkmenistandan Owganystana optiki-süýümli ulgamy çekmekde işde gazanan ýokary görkezijileri üçin kommunikasiýa pudagynyň hünärmenlerine döwlet Baştutanymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Elbetde, häzirki şertlerde ulag-kommunikasiýa, energetika düzümi milli, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan möhüm merkezinde ýerleşen hem-de uly üstaşyr kuwwata eýe bolan döwletiň Baştutany bolmak bilen, şol ugurlarda iri möçberli taslamalaryň başyny başlaýar. Şol taslamalar ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2264

15.01.2021
Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz 2021-nji ýyly ýokary ruhubelentlige besläp garşy almagyň hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan şanly ýylymyza belent maksatlar, nesiller aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly okgunly ösüşler bilen gadam basmagyň badalgasy bagtyýar halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu taryhy waka mynasybetli 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň we döredijilik, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, dünýä jemgyýetçiligine halkara parahatçylyk we ynanyşmak paýhasyny eçilen, döwrümize şöhraty-şany, halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş beren, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary edýän milli Liderimize alkyşlar aýdyldy.

Tutuş adamzat nesliniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine beýik tagallalary bagyş edýän hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirip, ulgamyň öňünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan bellenilýän 2021-nji ýylda öňde durýan belent maksatly wezipeleri goýdy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy özgerişlerini başdan geçirýän merdana watandaşlarymyzy, hususan-da, medeniýet toplumynyň işgärleriniň köňül şatlygyny joşduryp, has döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklarynyň her biri döredijilik, medeniýet we sungat ussatlary üçin nusgalyk ýol-ýörelge, geljekki döredijilikli işlerimiziň aýdyň maksatnamasy bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär.

Taryha ser salsak, «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen dana nakylyň yklymlar içre meşhur bolandygyna aýdyň göz ýetirýäris. Hawa, merdana Oguz nesilleri dünýäde ýetmişden gowrak döwleti esaslandyryp, onuň binýadyny berkden tutupdyr. Şol döwletlerde tutuş adamzadyň ykbalyna, umumynsan aňyýetiniň ösüşine täsir eden ruhy galkynyşlar, ykdysady özgerişler amala aşyrylypdyr. Bu günki günde dünýäniň ýokary tizlikli ösüşleriniň özeninde hut biziň pähimli dana atalarymyzyň badalga beren beýik taglymatlary dur. Biziň her birimiz oňa buýsanmaga haklydyrys. Çünki Garaşsyzlyk halkymyzyň ykbalyna ak Gün bolup dogdy, baky Bitaraplyk kuwwatly Watanymyzyň röwşen geljeginiň bagtyýarlyk daňyny atyrdy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasy milletimiziň kalbyna, sungatymyzyň mertebesine deňelýän milli medeniýetimiziň täze, özboluşly milli ösüşe eýe bolan ýüzüni kemala getirdi. Müňýyllyk taryhly halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýä ýaýmakda abraýly halkara guramalary bilen netijeli işleriň alnyp barylmagy bolsa Türkmenistanyň medeniýetiniň we sungatynyň Zemin içre meşhurlygyny barha artdyrdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz hem baky Bitaraplygymyz döwlet syýasatymyzyň yranmaz sütünleridir. Biz Garaşsyzlygymyzy kuýaşly Güne, Bitaraplygymyzy şuglazar Aýa deňeýäris. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz Gün şöhlesi deýin kalplarymyza gyzgyn çoguň mährini, baky Bitaraplygymyz Aýyň şuglasy kimin ýollarymyza röwşenlik nuruny çaýýar. Dünýäniň parahatçylygyna ýekeje damja bolup goşulmak uly bagtdan paýdyr. Çünki parahat dünýä, asuda asman, halklaryň agzybirligi bagtyýarlygyň açary. Geljegiň şuglazarlygyna bolan ynam, ýaşaýşa söýgi, adalatyň dabaralanmagy ynsan bagtynyň çüwdügi. Hormatly Prezidentimiz «Älem içre at gezer» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitabynda «Ynam güýçdür!» diýip belleýär. Bu jümle geljegimiz bolan sagdyn bedenli hem-de sagdyn ruhly nesillerimizi belent ruhly watançylar edip terbiýelemäge gönükdirilen iň täsirli terbiýeçilik mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyzyň halkyny eşretiň gujagynda ýaşatmagy, sebitde hem-de dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy dabaralandyrmak babatda öňe sürýän parasatly başlangyçlary bu günki gün Zeminiň halklarynyň gyzgyn goldawyna mynasyp bolýar. Gahryman

Arkadagymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer, parahatsöýüjilik syýasaty netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Biziň baky berkarar Diýarymyz, eşretlere eýlenen zamanamyz, ygtybarly ertirlerimiz, milli Liderimiziň türkmen milletiniň döwletli-döwranyny, mizemez döwletimiziň baky binýadyny nazarlaýan mukaddes taglymatlarynyň datly miweleridir. Şu jähetden, 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mähriban halkymyzyň has-da uly üstünlikleri gazanjak, berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende göteriljek ýyly bolar. Ata-babalarymyzyň «Alkyş bilen är dörär», «Halk aýtsa Hak goldar» diýip aýdyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyz, halkymyz üçin edýän işlerine, bagtyýar ýaşaýan il-ulsumyzyň aýdýan alkyşlary, buýsançlary tükeniksizdir.

Halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň okgunly durmuşa geçirýän maksatnamalaryny, nurana geljegimize gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgelerini tüýs ýürekden goldaýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen yglan edilen 2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýen şygary merdana watandaşlarymyzy täze-täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrar, atalarymyzyň dürdäne dünýäsiniň ýörelgesini, türkmen göreldesini, milli demokratiýamyzy barha dabaralandyrar.

Aknabat KLYÇEWA,

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Paýhas synagy bölüminiň müdiri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18255

15.01.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

Türkmenabat, 14-nji ýanwar (TDH). Lebap welaýatyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhyýet» köşgünde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, şu gün türkmen-owgan dost-doganlyk nyşany hökmünde amala aşyrylan iri üç sany taslamanyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlaryň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralaryň geçirilýändigini aýtdy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň ýerine ýetirýän işleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş ugurly syýasat bilen baglylykda, alnyp barylýan işler, şeýle hem ýerlerde deputatlaryň düşündiriş-wagyz ediş işleri barada habar berdi.

Häzirki wagtda birnäçe täze kanun taslamalary işlenilip taýýarlanylýar hem-de hereket edýän hukuk resminamalary kämilleşdirilýär.

Ministrler Kabinetinden hem-de ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Iş meýilnamasynda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, hukuk tertibini berkitmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Parlament döwletimiziň daşary syýasaty, maýa goýumlary netijeli peýdalanmak, halk hojalygynyň pudaklaryna ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, telekeçiligi we döwlet-hususy hyzmatdaşlygy, ylmy, bilimi we medeniýeti, saglygy goraýşy, bedenterbiýäni we sporty, tebigaty we daşky gurşawy goramagy ösdürmek bilen baglanyşykly kanunlaryň uly toplumyny taýýarlamagy we kabul etmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek dowam edýär, Saýlaw kodeksinden gelip çykýan hem-de bu möwsümi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe kadalaşdyryjy-hukuk namalary we düzgünnamalar tassyklanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwlet ösüşiniň häzirki tapgyryndaky ileri tutulýan ugurlary hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny pugta göz öňünde tutup, alyp barmagyň zerurdygyna milli parlamentiň ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 8-9-njy ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Bu saparyň maksady ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Kabulda owgan hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri bilen netijeli gepleşikleriň birnäçesi geçirildi. Hususan-da, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler guraldy. Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasy kabul edildi.

Mundan başga-da, Kabulda Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Owganystan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine, “Açyk gapylar” syýasatyna, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de Owganystanda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirjekdigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygary bilen baglylykda, durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyşlary mynasybetli ýanwar aýynda meýilleşdirilen medeni çäreler we dabaralar hem-de Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Käbir gazetleriň baş redaktorynyň orunbasary wezipesini ýapmak hakyndaky» Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Bellenilişi ýaly, bu resminama köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmekde, baş maksady mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolan durmuş syýasatyny amala aşyrmakda, şeýle hem baý ruhy we medeni mirasymyzy öwrenmekde we giňden wagyz etmekde medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynyň eýeleýän aýratyn ornuny nygtady.

Şu işlerde multimedia žurnalistikasynyň usullaryny we amallaryny, sanly tehnologiýalary işjeň peýdalanmak, şeýle hem beýleki ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen tejribe alşylmagyny giňeltmek zerur diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen 2021-nji ýylda geçiriljek ähli medeni çärelere hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça tabşyryklary berdi. Şol dabaralar, hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik güýjüni ýüze çykarmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminama gol çekip, ýurdumyzyň žurnalistikasynyň öňünde häzirki zaman tapgyrda durýan wezipeler bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini maksadalaýyk kämilleşdirmegiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşyny we wezipe sanawyny gaýtadan tassyklamak barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” hem-de milli Liderimiziň sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak we maglumatlaryň elektron binýady ulgamyny döretmegiň çäklerinde degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň merkezi edaralarynyň gurluşynda hereket edýän işgär birliginiň we zähmet haky gorunyň çäginde 3 wezipe birliginden ybarat “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” atly bölümini döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna welaýatlaryň we paýtagtymyzyň häkimlikleriniň birnäçesiniň adyny üýtgetmek hem-de baş hukukçynyň wezipesini girizmek baradaky teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bazar gatnaşyklarynyň çalt ösýän şertlerinde dünýä hojalygyndaky häzirki ykdysady ýagdaýlara has uýgunlaşan hojalyk işiniň köp usullarynyň we görnüşleriniň peýda bolýandygyny belledi. Kärhanalaryň üstünlikli işlemegi hem-de olaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin ähli edaralary dolandyrmagyň guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet dolandyryş edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we beýleki maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri, umuman makullap, alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” bellenilen çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtap, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmagyň, ýurdumyzda hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudaklara serişdeleri tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi, energetika ulgamynyň kärhanalarynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2021-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi hem-de bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, elektroenergetika hem-de himiýa senagaty düzümlerini giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyza şu günüň üç sany möhüm çäreleriniň birine — täze elektrik geçiriji ulgamyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Nygtalyşy ýaly, Kerki elektrik bekedinden başlap çekilen güýjenmesi 500 kW bolan täze elektrik geçiriji ulgamyň ulanyşa girizilmegi Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýanyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň eksportyny, ilkinji nobatda, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilişini artdyrmaga gönüden-göni ýardam berýär. Bu bolsa goňşy ýurduň durmuş-ykdysady düzümini täzeden dikeltmäge, ýerli ilatyň iş bilen üpjünçiligini artdyrmaga kömek eder.

Şeýlelikde, Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyny amala aşyryp, goňşy, dostlukly ýurduň parahatçylykly ösüşine hem-de ýagdaýlarynyň durnuklaşmagyna goşandyny goşmagyny dowam edýär.

Şeýle hem wise-premýer oba hojalygynyň zerurlyklary üçin gerek bolan himiýa önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Habar berlişi ýaly, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň düzüminde häzirki zaman täzeçil tehnologiýalary we ýöriteleşdirilen enjamlary peýdalanyp, ýyllyk kuwwaty 20 müň tonnadan az bolmadyk ownuk üwelen kükürdiň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän içeri we daşary bazarlarda uly islegden peýdalanylýan himiýa önümleriniň mukdaryny we görnüşlerini yzygiderli artdyrmagyň möhümdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Diýarymyzyň himiýa senagaty kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak hem-de baý ýerli serişdeleriň esasynda uly isleg bildirilýän önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde has giňişleýin işlemek barada görkezme berildi.

Milli Liderimiz doganlyk owgan halkynyň öýlerine ýagtylyk we ýylylyk getirjek hem-de möhüm senagat we durmuş desgalaryny energiýa bilen ygtybarly üpjün etjek täze elektrik geçiriji ulgamyň ulanylyşa tabşyrylmagyna degişli meselelere degip geçmek bilen, Türkmenistanyň mundan beýläk-de goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan täzeden dikeldilmegine gönükdirilen anyk çäreleri görjekdigini nygtady.

Türkmenistan doganlyk owgan halky bilen onuň parahatçylyga, jebislige we ylalaşyga bolan ymtylmalaryna raýdaşlygyny bildirip, ençeme ýyllaryň dowamynda oňa parahatçylykly durmuşy gurmakda hemmetaraplaýyn kömek edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde goňşy döwletiň energetika düzüminiň uly bölegine öwrülen Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat täze elektrik geçiriji ulgamyny görkezmek bolar. 2018-nji ýylyň tomsunda Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçirijisi guruldy. Onuň gurulmagy bilen türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.

Türkmen tarapynyň başyny başlan iri taslamalary, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de onuň bilen ugurdaş Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy taslama gatnaşyjy ýurtlar bilen birlikde, sebit üçin hem örän uly ähmiýete eýedir.

Owganystany doly derejeli hyzmatdaşyň hukuklarynda iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň amala aşyrylmagyna goşmak Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ýagdaýydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda onlaýn ýagdaýynda iri taslamalaryň üçüsiniň durmuşa geçirilmegi — Akina — Andhoý beketleriniň arasynda demir ýol şahasynyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy üstaşyr akymlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli teleköpri geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmäge ygtyýar almak baradaky mesele boýunça hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde pudakda döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak işi dowam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan garamagyndaky “Derýaýollary” önümçilik birleşiginiň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, seljerme işleriniň geçirilendigini, netijede, bu birleşigiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça teklipleriň taýýarlanylandygyny aýtdy.

“Türkmenderýaýollary” paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjylar hökmünde paýly gatnaşmakda “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem-de “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti çykyş ederler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda soňky ýyllarda ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini belledi. Munuň özi Türkmenistanyň yklymyň möhüm üstaşyr merkezi hökmündäki ähmiýetini has-da artdyrmaga ýardam edýär. Şeýle hem sebitiň durmuş-ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, onuň ulag-logistika düzümini giňeltmek üçin şertleri üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň pudaklaýyn düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçylary gatnatmak we ýük daşamak ulgamynda hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ulag toplumyny ösdürmek meseleleri mundan beýläk-de biziň syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň doly kuwwatyna çykarylmagy Merkezi Aziýa we Hazar sebiti üçin strategik ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz ulag pudagynyň düzümleriniň hususylaşdyrylmagy bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň ykdysady netijesiniň ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň mundan beýläk-de ilerledilmegine ýardam etmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda gaýragoýulmasyz wezipeleriň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere göz öňünde tutulan meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Lebap welaýatynda söwda we önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşigi tarapyndan sebitiň etraplarynyň çäginde döwrebap dükanlaryň onusynyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Hususan-da, 2021-nji ýylda Türkmenabat şäherindäki Merkezi bazaryň durkuny täzelemek, şeýle hem Çärjew, Dänew, Saýat we Farap etraplarynyň merkezlerinde ýerleşýän iri dükanlaryň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenabat şäheriniň senagat zolagynda ýerleşýän önümçilik binalarynyň durkuny täzelemek hem-de döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak, unaş öndürýän we gök-miwe gaplamalaryny öndürýän önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Bu desgalaryň ulanylmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň esasy pudaklaryň hataryna girýändigini belledi. Ol bazar gatnaşyklaryna geçmek şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny görkezýär.

Şunuň bilen baglylykda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we içerki bazary zerur bolan önümler bilen doly üpjün etmek hem-de eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak möhüm wezipeler bolup durýar.

Milli Liderimiz önümleriň hiliniň we görnüşleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem hyzmatlar ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ilatyň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere Lebap welaýatynda söwda we önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazowa söz berildi. Ol Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda geçiriljek türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesi mynasybetli birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmek maksat edinilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.

Şeýle hem häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň üsti bilen şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji gezek “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek; sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak; türkmen şahyrynyň şygyrlaryny dünýäniň dürli dillerine terjime etmek hem-de olaryň tanyşdyrylyş dabaralaryny, kitap sergilerini, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek, ylmy-barlag işlerini taýýarlamak meýilleşdirildi.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejede öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Wise-premýer akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň ýakynlaşyp gelýän 300 ýyllygyny halkara derejede giňden baýram etmek hakyndaky degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy baradaky meseläni döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, halkymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge, ony bütin dünýäde wagyz etmäge döredilýän şertler üçin milli Liderimize ýene-de bir gezek uly hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň örän wajypdygyny nygtady. Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi şol medeni mirasyň merjenidir.

Milli Liderimiz öňde boljak çäreleriň ähmiýetini belläp, meýilleşdirilen hemme dabaralary ýokary derejede geçirmek maksady bilen, şanly senäni baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler.

Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar. Mähriban topragymyzyň hakyky watançysyny, türkmenleriň ençeme nesilleriniň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny aýdyň beýan ediji şahyrymyzy hormatlap, biz onuň 300 ýyllyk şanly senesi mynasybetli çäreleri iň ýokary derejede guramalydyrys we giň halkara jemgyýetçiligi onuň ajaýyp döredijiligi bilen mundan beýläk-de tanyşdyrmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere guramaçylyk komitetini döretmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda agrotehniki kadalara laýyklykda, gowaça ekişine taýýarlyk görülýär. Şol bir wagtyň özünde welaýatlarda oba hojalyk tehnikalary we enjamlar abatlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere oba hojalygyny ösdürmegiň hem-de bu pudakda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň, pagtanyň beýleki oba hojalyk önümleriniň geljekki bol hasylynyň esasy bolup durýan işleriň öz wagtynda geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu işleriň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Wise-premýere maldarçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşlerini giňeltmek babatda hem anyk görkezmeler berildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewe söz berildi. Ol gündogar sebitdäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hususan-da, welaýatyň ýolbaşçysy milli Liderimize welaýatyň durmuş-ykdysady ösüşi barada yzygiderli alada edýändigi, bu ugurda amala aşyrylýan işleri goldaýandygy üçin hoşallyk bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň häkimine möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk we timarlaýyş işleriniň hilini berjaý etmek bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, türkmen-owgan dostlugynyň taryhyna ýazyljak taryhy wakalar bilen ýene-de bir gezek gutlady hem-de ýygnananlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18244?type=feed

15.01.2021
Beýik işlere badalga

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly menzillerinde bedew bady bilen öňe barýar. Ýyldan-ýyla guwandyryjy üstünliklere, ösüşlere beslenýän Watanymyzda uly ruhubelentlik ýagdaýynda garşylanýan her bir täze ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Çünki ýylyň döwrüň ruhuna kybap äheňde atlandyrylmagy şol ýylda amala aşyryljak işlere, gazanyljak ösüşlere, ýetiljek sepgitlere badalgadyr.

Şu nukdaýnazardan, geçen 2020-nji ýyl halkara ähmiýetli möhüm wakalara beslenen ýyllaryň biri boldy. “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilip geçildi. Bu şanly baýramçylyk mynasybetli, ýylyň dowamynda Watanymyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde ykdysady, durmuş-medeni maksatly desgalardyr binalar dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle-de, tamamlanan ýylda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirildi.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl hem halkymyz üçin gowy netijeler, uly zähmet üstünlikleri bilen jemlenen 2020-nji ýylyň özboluşly dowamy hökmünde ösüşlere beslenjek ýyllaryň biri bolar. Bu ýylda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, watandaşlarymyzyň, şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň ýokary derejede bellenilmegi “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny has-da şöhratlandyryp, ýurdumyzyň belent abraý-mertebesini ýene bir ýola bütin dünýä aýan eder.

Parahatçylyk, birek-birege bolan ynam adamzat üçin ilkinji zerurlyk hasaplanylýar. Çünki olar dünýäniň abatlygyny, adamzadyň abadan, asuda ýaşaýşyny, halklaryň dostlugyny kesgitleýän gymmatlyklardyr. Olaryň ähmiýeti, gadyr-gymmaty häzirki zaman dünýäsiniň syýasy giňişliginde has-da artýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Şeýle-de Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylygy, durnukly ösüşi berkitmekdäki ähmiýeti bilen baglylykda ýörite Kararnamanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň, Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki hormat-sarpasynyň, abraý-mertebesiniň barha belende galýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

2021-nji ýyl — “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly hem möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar bilen taryha ýazyljak ýyllaryň biri bolar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary şu ýylyň mart aýynda geçiriler. Öňde durýan wezipeleri abraý bilen üstünlikli berjaý etmek, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýurdumyzyň täze ösüşli menzillere ýetmegine goşant goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Goý, halkyny abadan, asuda durmuşda bagtyýar ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18173

15.01.2021
Öňde – wajyp wezipeler, belent sepgitler

Mähriban Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň öň ýanyndaky bilelikdäki mejlisinde tamamlanyp barýan ýylyň jemlerini jemledi. Bu ýyl biziň üçin örän agyr we çylşyrymly boldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň giňden ýaýramagyna, ykdysadyýetiň pese düşmegine, ähli döwletlerde işewürligiň we serhetleriň ýapylmagyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary syýasy hem-de ykdysady işjeňligini pese düşürmedi. Koronawirus pandemiýasy sebäpli, köp ýurtlaryň çäklendirme çärelerini girizen şertlerinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz dürli senagat pudaklarynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny ýokary hilli işläp düzüp hem-de amala aşyryp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlarynyň kesgitlenilendigini nygtady. Döwlet dolandyryşy, içerki hem-de daşarky maliýe, söwda ulgamlary, zähmet we haryt bazarlary ugurlarynda özgertmeleri geçirmegiň depgini güýçlendirildi. Bu bolsa önümçiligiň mukdaryny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Ýurdumyzda wekilçilikli hem-de kanun çykaryjylyk häkimiýet edaralaryny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak alnyp barylýar. Milli Liderimiz geljek ýyl üçin gowy Döwlet býujetiniň kabul edilendigini hem belledi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi ýene-de 10 göterim artdyryldy.

Bu gün ýurdumyzda bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan önümçilik we durmuş maksatly iki ýarym müňe golaý desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Jemi bahasy 7 milliard manada golaý bolan iri desgalaryň 45-si işe girizildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hem-de beýleki halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek dowam etdirilýär. Umuman, 2020-nji ýyl hemmeler üçin örän kynçylykly boldy, syýasy we ykdysady babatda dürli ýaramaz wakalar köp bolup geçdi. Ýöne, muňa garamazdan, biz jemi içerki önümiň ösüş depgininiň şu ýyl hem gowy, ýagny 5,9 göterim derejede bolmagyna garaşýarys. Hormatly Prezidentimiz täze ýylyň belent sepgitleriň eýeleniljek ýyly boljakdygyny aýtdy.

2021-nji ýylda ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläris. Milli Liderimiz halkymyz üçin örän möhüm bolan bu senäni anyk işler we täze taslamalary amala aşyrmak bilen belläp geçjekdigimizi nygtady. Ýurdumyzyň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işini hem yzygiderli dowam ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanyň Milli Geňeşine geljek ýyl geçiriljek saýlawlar ýene-de bir möhüm waka bolar. Ykdysadyýetde, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda giň möçberli işleri durmuşa geçirmek, saglygy goraýşyň milli ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak dowam etdiriler.

Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň agzybirliginiň, her bir raýatyň Garaşsyzlyk gymmatlyklarymyzy gözüniň göreji ýaly goramagynyň örän möhümdigini aýratyn nygtady. Milli bähbitlerimizi berk gorap, häzirki köp ugurly dünýäde özüniň netijelidigini görkezen sazlaşykly we oýlanyşykly daşary syýasatymyzy yzygiderli dowam ederis diýip, milli Liderimz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň maglumatyna görä, deputatlar we halkymyz bilen giňden ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde teklip edilýän geljek, 2021-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etdi we nyşanyny makullady. Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygaryň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýär.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18180

15.01.2021