Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýewi we B.Öwezowy hem-de Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şol sanda ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, ýaz-meýdan işlerine taýýarlyk, gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, ýerleri taýýarlamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak, ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary, welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek, elektrik energiýanyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsizligini ýola goýmak barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ähli agrotehniki işleri talabalaýyk geçirmek, ekiş möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary we ýerleri möwsüme doly taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny degişli derejede saklamak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gowaça ekişi bilen bir hatarda, beýleki ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek meseleleriniň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilen işleriň we gurluşyklaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, şolarda häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça welaýatda iş saparynda bolup, sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýlary bilen tanşandygy barada hasabat berdi.
Wise-premýer Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda sadaka jaýynyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygy, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we ýokanç keselleri hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda kottejler toplumynyň gurluşyklarynyň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup, ulanylmaga berilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk guralmalydygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň ýagdaýyny gözegçilikde saklamalydygyny tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan desgalaryň daşky we içki bezeg işleriniň welaýatyň aýratynlyklaryna laýyk gelmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere hem-de häkime anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şöhratly baýramçylyga ajaýyp sowgat boljak möhüm ähmiýetli gurluşyklarda işleriň barşyna berk gözegçilik etmek, olaryň ýokary hilli we öz möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagy üçin ähli tagallalary etmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewi hem-de Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy.
Häkim welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki talaplara laýyk gelmegini üpjün etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalary ekiş möwsümine taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde ýazlyk gök we bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň, şonda ulanyljak tehnikalaryň taýýarlyk derejesi boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda welaýatyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işleriniň ýola goýulýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramagyň döwrüň möhüm talabydygyny belledi. Şeýle hem gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek, etraplarda, şäherlerde we şäherçelerde durmuş düzümine degişli desgalaryň bökdençsiz hereketini ýola goýmak zerurdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu günler alnyp barylýan meýdan işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine guramaçylykly girişmek maksady bilen, taýýarlyk işleri batly depginlerde ýola goýulmalydyr. Ýaz ekişini gysga wagtda we guramaçylykly geçirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Mary welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada aýdyp, bu ýerde durmuşa geçirilýän hemmetaraplaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde Mary welaýatynyň çäginden gözbaş alan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler alnyp barylýar.
Bular barada aýtmak bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek, şol bir wagtyň özünde binalarda häzirki zamanyň ösüş tejribesi bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýer E.Orazgeldiýewe hem-de häkim D.Annaberdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň özara tejribe alyşmak maksady bilen, Mary welaýatyna iş saparynyň guralmalydygyna ünsi çekdi. Olar welaýatyň medeni durmuşyndaky hem-de oba hojalygyndaky oňyn tejribeler bilen tanşarlar. Munuň özi häkimleriň iş tejribesini mundan beýläk-de baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolar diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany hem-de medeniýet ministri A.Şamyradowy çagyrdy.
Wise-premýer M.Mämmedowa medeniýet ulgamynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda ýaýbaňlandyrylan çäreleri giňden beýan etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygy we ony üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenendigi barada hasabat berdi.
Medeniýet ministri A.Şamyradow şu günler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylyň şanly seneleri mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes seneleriň hormatyna köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar, bäsleşikler, sergiler we dürli derejedäki maslahatlar guralar.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilýän desgalaryň açylmagynyň we şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralaryň häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi.
Meýilleşdirilen medeni çäreler milli ýörelgelere we häzirki zaman tejribelerine kybap gelmelidir, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän medeni çärelerde ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýarlygy we milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýetilen sepgitler öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we bu işleri döwrüň talabyna laýyk derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bitirilýän beýik işleriň, Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän ornunyň waspy ýetirilmelidir. Munuň özi halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda we Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň ösen talaplaryna we halkara ölçeglerine doly kybap gelmelidir. Şeýlelikde, ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, oňa häzirki zamanyň ösüş tejribeleri, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.
Aýratyn-da, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18574?type=feed
Ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilikde ylmy işleri giňden peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işler dowam edýär. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, aýratyn-da önümçilikde ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary peýdalanmakda möhümdir.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek maksady bilen, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan Konsepsiýasy amala aşyrylýar.
Şu babatda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy halk hojalyk toplumyny sanly ulgama geçirmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli ylym ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda kesgitlenen uly wezipeleri çözmek üçin alnyp barylýan işler binýady mäkäm tutulan Türkmenistan döwletimizi ýakyn geljekde kuwwatly ylmy mümkinçiligi bolan ýurda öwrer. Munuň özi häzirki we geljekki nesliň ýokary derejede ylymly-bilimli bolup, häzirki zamanyň ösen halkara akymlaryna mynasyp derejede sazlaşykly goşulmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe işler barha rowaçlanýar. Bu bolsa biziň röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Ymamguly REJEPOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18534
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, gurluşygy “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz şu saparynyň dowamynda Aşgabadyň günorta böleginde Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän iri desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy.
Bu belent toplumyň gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gurluşyk meýdançasynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky we içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi.
Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň “Arkadag” myhmanhana baryp gördi. Bu desgany hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ähli ölçegler boýunça—gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet münberiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Bu desga hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar.
Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar.
Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä mähirli salamyny we minnetdarlyk hatyny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň we silterläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habary ýazan Maýkl Iraniniň hatyny uly kanagatlanma we şatlyk duýgusy bilen kabul edendigini belledi.
“Ildeşimiziň sportuň agyr atletika görnüşi boýunça altyn hem-de kümüş medallara mynasyp bolmagy bizi diýseň begendirdi we guwandyrdy. Mundan başga-da, türgenimiziň itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi bizi has-da buýsandyrdy” diýip, milli Liderimiz öz hatynda nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzda halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän hem-de dünýä ölçeglerine kybap gelýän döwrebap sport toplumlary we desgalary, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi gurlup, ulanylmaga berildi.
Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, soňky ýyllarda ýurdumyzda iri möçberli halkara sport çäreleriniň birnäçesi geçirildi.
Muňa mysal edip, 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen Aziýa çempionatlaryny görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
“Biz şu ýyl hem Welotrek boýunça dünýä çempionatyny hem-de tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyryny, şeýle hem öňümizdäki 2022-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işlerini alyp barýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda nygtalýar.
Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirmek bilen, ýurdumyzyň geljekde hem agyr atletika boýunça ýaryşlary ýene-de kabul etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Maýkl Iranini özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. “Biz gadymy türkmen topragynda Sizi hormatly we gadyrly myhman hökmünde görmäge örän şat bolarys” diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji jenap Maýkl Iranä berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de alyp barýan ähli asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
(TDH).
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18382?type=feed