Ilhalar önümler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam edýän ýylda ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, dokma pudagynyň önümçilik düzümleri uly zähmet ýeňişlerini nazarlaýan işleri alyp barýarlar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalar häzirki döwrüň talaplaryna we bazar gatnaşyklarynyň şertlerine laýyk gelýän önümleriň möçberini artdyrýarlar.

Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň ygtybarly ýoludyr. Şunda baý ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçiligi döretmek üçin düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagy, senagat kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy halkara bazarlaryna çykmaga giň mümkinçiligi üpjün edýär. Bu ugurda Diýarymyzyň dokma toplumlaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

Dokma senagaty toplumlaýyn we innowasion esasda döwrebaplaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümlerini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň, pagta önümçiliginiň binýadynda dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrundaky wezipeler üstünlikli çözülýär. Dokma kärhanalarynyň häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalary we täzeçil usullary esasyndy işlemegi netijesinde, hil babatda halkara ölçeglerine kybap gelýän önümleriň öndürilmegini şertlendirýär.

Bu gün ýurdumyzda hereket edýän dokma kärhanalary öz önümleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalary edýärler. Şunda ekologiýa taýdan arassa çig mal serişdelerini gaýtadan işlemegi, döwrüň ösen islegleriniň öwrenilmegini esasy ugur edinýärler. Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşy dokma toplumynda öndürilýän önümlere 2021-nji ýylyň nyşanynyň goýulmagy taýýarlanylýan lybaslaryň göze gelüwliligini artdyrýar. Bu kärhanada önüdrilýän önümleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän derejede gaplanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzda bazar ykdysadyýetiniň şertleriniň ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu bolsa öndürilýän harytlara, dürli lybaslara ilat tarapyndan uly isleg bildirilmegine ýardam edýär.

Pagtaçy kärendeçilerimiziň ýetişdiren «ak altyn» hasyly dokma toplumlarynda çig mal bolup hyzmat edýär. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen pagtadan ekologiýa taýdan arassa ýüplükler taýýarlanylýar. Bu bolsa dokma toplumlarynyň önümçilik ugurlarynyň işjeňleşmegini, onda bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna doly laýyk gelýän önümleriň bolçulygyny üpjün edýär. Dokma senagaty pudagynda nah ýüplük, nah matalary, tikin we örme önümlerini öndürmekde maksatnamalayn çäreler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy önümçiligiň görnüşlerini yzygiderli giňeltmäge we möçberini artdyrmaga, taýýar önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär, şolar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga ukyplydyr. Nah ýüplükden taýýarlanylýan lybaslar, örme önümleri häzirki zaman talaplaryna we ýokary hil derejesine laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar. Bu önümçilik toplumlarynyň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary we kämil enjamlary bilen üpjün edilýändigini alamatlandyrýar. Önümçiligiň ähli düzümlerine ösen halkara tejribeleriniň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy harytlaryň geçginlilik derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän önümleriň giň meşhurlyga eýe bolmagynyň kepilidir.

Watanymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän dokma kärhanalary täze nyşanly, döwrebap biçüwli dokma önümleriniň önümçiligini ýola goýýarlar. Şolaryň hatarynda ululara we çagalara niýetlenen dürli lybaslar, sport egin-eşikleri bar. Lybaslaryň önümçiliginde ekologiýa derejesine hem-de hiline aýratyn ähmiýet berilmegi önümleriň uly islege eýe bolmagyna ýardam edýär.

Soňky ýyllarda dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň türkmen eksportynyň agramly bölegini düzýändigi ýurdumyzyň dünýäniň iri dokma senagatly döwletleriniň biri hökmünde ykrar edilýändigine güwä geçýär. Munuň özi önümçilik toplumlarynyň ägirt uly kuwwatynyň bardygynyň misilsiz tassyknamasydyr. Şeýlelikde, dokma kärhanalarynda uly islegden peýdalanýan pagta süýümi, ýüplükleriň dürli görnüşleri, matalar, olardan taýýarlanylýan taýýar önümler, öý hojalygynda ulanylýan dokma önümleri bazarlarda ugurdaş harytlaryň bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýär. Umuman, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde yzygiderli işler geçirilýär.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29194