Gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň 140-synyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň, olaryň amatlylyk derejesiniň ykdysady taraplaryna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalary, şol sanda döwrebap seýilgähleri, ýerasty geçelgeleri, kaşaň myhmanhanalary, Magtymguly Pyragynyň heýkelini, söwda we hyzmatlar toplumlaryny, dürli maksatly beýleki desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şu nukdaýnazardan, ähli desgalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ykdysady bähbitleri möhüm şert hökmünde kesgitlendi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda şäheriň sazlaşykly ösüşine degişli wezipeleriň esasy orunda durmalydygyny belledi. Aýratyn-da, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr, şunda adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Meýilleşdirilýän işleriň, taýýarlanylan taslamalaryň öz wagtynda amala aşyrylmagy, olarda sanly ulgamyň işjeň ulanylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, täzeçil tehnologiýalar, häzirki zamanyň sanly ulgamy, şäher düzümini dolandyrmakda bolşy ýaly, adamlar üçin zerur amatlyklary üpjün etmekde aýratyn bähbitlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we her bir işde adam hakdaky aladanyň esasy orunda durmalydygyna ünsi çekdi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi