Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň meşhur akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek barada Karara gol çekildi. Bu her bir setiri nakyla, akyla öwrülen dana şahyr Magtymguly Pyraga bolan söýgümizi ýene bir gez belende göterdi.
Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň söýgüli şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň köpöwüşginli şygyrlary, pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri, parasatly sargytlary halkymyzyň durmuş ýörelgesine we pelsepesine, şeýle-de bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Akyldar şahyryň döredijiliginde agzybirlik, jebislik, açykgöwünlilik, ruhubelentlik, maksada okgunlylyk hakda ajaýyp setirler bar. Şahyryň her bir dürdäne setiri şahsyýeti kämilleşdirýär.
Akyldar şahyr öz goşgularynda aýal-gyzlaryň edep-ekramy, olaryň gylyk-häsiýeti, işbaşarjaňlygy barada hem birnäçe öwüt-nesihat beriji ajaýyp setirleri bize miras galdyrypdyr. Şahyr «Durasyň geler» atly goşgusynda terbiýeli, çeper elli, mylaýymzada, süýji dilli gözelleriň il içinde mertebesiniň hemişe belentde tutulýandygy barada şu aşakdaky setirlerde beýan edipdir:
«Edepli-ekramly, mylaýymzada,
Tä ölinçäň, bile ýöresiň geler»
ýa-da:
«Sözlegen sözleri misli bal kimi,
Tapyp, nirde bolsa, alasyň geler».
Biz şahyryň öwüt-nesihat beriji sözlerini özümize ýol-ýörelge edinip, geçýän sapaklarymyzda ol ajaýyp goşgy setirlerinden okap, manysyny giňişleýin gürrüň berýäris.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Akyldar şahyryň ömri we döredijiligini öwrenmeklige, ony ýaş nesillere ýetirmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Humar OSMANKULYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 39-njy «Ülker» çagalar bagynyň terbiýeçisi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29041