Kämil jemgyýetiň binýady

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tanyşdyrmak maksady bilen geçirilen maslahatyň gün tertibine bu möhüm resminamadan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi. Ýurdumyzda hereket edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň hem-de Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Adalatçynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda adam hukuklaryny üpjün etmek çygrynda degişli halkara düzümler bilen bilelikde ýerine ýetirilmeli çärelere aýratyn ähmiýet berildi.

Biz maslahatda edilen çykyşlaryň käbiriniň mazmunyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Kristina WEÝGAND,
BMG-niň Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili:

— Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň Hökümeti uzak wagtdan bäri adam hukuklary ulgamynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär we ol geçen ýyllaryň dowamynda anyk ugurlar bilen baýlaşdyryldy. Adam hukuklary boýunça BMG-niň edaralary bilen gepleşikleri taýýarlamagy goldamak, ýurtda adam hukuklary babatda merkezleriň 5-sini döretmek arkaly bu ugurda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle-de ozal hereket edýän milli kanunçylyga gaýtadan seretmek we täzelerini işläp taýýarlamaga gatnaşmak, adam hukuklary boýunça hukuk goraýjy düzümleriň maslahatlary esasynda işlenip düzülen milli meýilnamalary amala aşyrmak şolaryň esasylarydyr.

Biz Birleşen Milletler Guramasynyň 2015-nji ýyldan bäri ýurtda amala aşyrylan Hereketleriň milli meýilnamalarynyň 5-siniň, hususan-da, 2016 — 2020-nji ýyllarda adam hukuklary, 2015 — 2020-nji ýyllarda gender deňligi, 2018 — 2021-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak, 2019 — 2024-nji ýyllarda raýatsyzlygy azaltmak, 2019 — 2021-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy degişli meýilnamalaryň işlenip taýýarlanylmagy babatda-da goşant goşandygy üçin örän buýsanýarys. 2021 — 2025-nji ýyllara niýetlenen täze meýilnamalaryň hem guramanyň degişli düzümleriniň maslahatlary esasynda kabul edilendigini aýratyn bellemek gerek. Biz adam hukuklary ulgamynda şu we beýleki halkara borçnamalara ygrarlydygy üçin ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirýäris.

Täze kabul edilen resminama ozalky meýilnamanyň logiki dowamy bolup, ol adam hukuklarynyň esasy daýanç sütünleriniň — raýat, syýasy, durmuş-ykdysady we medeni hukuklaryň çäginde işlenip düzülendir. Meýilnamada ilatyň aýratyn kömege mätäç gatlagynyň hukuklaryny höweslendirmäge, ýagny olaryň bilim we iş bilen üpjünçiligini elýeterli etmäge uly üns berlendigini kanagatlanma bilen bellemek gerek. Munuň özi hiç kimi yzda galdyrmazlygy maksat edinýän «Gün tertibi — 2030-yň» esasy ýörelgesine gabat gelýär.

BMG-niň Türkmenistanda iş alyp barýan edaralarynyň guramanyň adam hukuklary boýunça düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, Adalatçynyň diwanyna goldaw bermek, hukuk özgertmelerini amala aşyrmak, halkara şertnamalara goşulmak, degişli ugurda işleýän halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, adam hukuklary ulgamynda bilimlilik, maglumat goruny toplamak, meýilnama seljerme we baha bermek ýaly anyk ugurlarda ýurduň Hökümetine ýakyndan ýardam etmäge taýýardygyny nygtamak isleýärin.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory:

— «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» şu ýylyň 16-njy aprelinde hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanmagy adam hukuklary çygryndaky kanunçylyk kadalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin ýolgörkezijidir. Täze meýilnama geljek bäş ýylda ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri özünde jemleýän milli gural bolup hyzmat edýär. Ol «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» logiki we ulgamlaýyn dowamydyr.

Täze meýilnamanyň mazmuny bilen tanşanyňda, döwlet syýasatynyň çäklerinde adam hukuklaryny goramaga, höweslendirmäge hem-de üpjün etmäge niýetlenen çäreleriň toplumynydyr usullaryny görmek bolýar. Onda bellenen wezipeler Türkmenistanyň häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we beýleki halkara düzümler bilen bilelikde adam hukuklarynyň amala aşyrylmagy babatda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Meýilnamanyň birinji baby maksatdyr wezipeleriň 16-syny öz içine alýar. Ikinji bapda ony durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, olar şahsy we syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklary goramakdan ybaratdyr. Täze meýilnamanyň hukuk esaslary bolsa üçünji bapda beýan edilýär. Onda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» hukuk binýady konstitusion ýörelgelerden gözbaş alýar. Türkmenistan tarapyndan tassyklanan adam hukuklary ulgamyndaky halkara konwensiýalar, BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetleriniň jemleýji beýanlary hem onuň esasy düzüm bölekleridir.

Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň anyklygy, netijeliligi we beýleki döwlet maksatnamalary bilen sazlaşykly utgaşýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Onda ýurdumyzyň hukuk ulgamynda, täze meýilnamada adam hukuklarynyň berjaý edilmegine, bu ugurda milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adam hukuklaryny goramagyň görnüşleridir usullary babatda raýatlaryň hukuk sowatlylygynyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen döwrebap çäreler toplumy öz beýanyny tapýar. Şoňa görä-de, olary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramaçylyk-hukuk, eýeçilik görnüşine garamazdan, ähli kärhanalardyr guramalaryň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bilelikdäki tagallalary uly ähmiýete eýedir.

Ýazdursun GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy:

— Adam hukuklary boýunça Hereketleriň täze milli meýilnamasynyň goşundysynda dört ugur, ýagny raýat we syýasy hukuklar; durmuş, ykdysady we medeni hukuklar; halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek; adam hukuklary babatda habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça işiň hem-de netijeliligiň anyk görkezijileri öz beýanyny tapýar. Raýatlyk we syýasy hukuklar babatdaky görkezijide Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeler göz öňünde tutulýar.

Meýilnama laýyklykda, 2025-nji ýyla çenli Adalatçynyň diwanynyň Pariž ýörelgelerine laýyklykda, milli hukuk goraýjy edara hökmünde akkreditasiýa edilmegine ýardam bermek, gurluşyny pugtalandyrmak, sebitleýin gurluşlaryny döretmek, Adalatçynyň şikaýatlara seretmek we azatlykdan mahrum ediş ýerlerine gözegçilik etmek boýunça ygtyýarlyklaryny berkitmek, çagalardyr aýallaryň, maýyplygy bolan adamlaryň we milli azlyklaryň ähli toparlarynyň wekilleriniň hukuklary ulgamynda Adalatçynyň alyp barýan işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de ygtyýarlygyny giňeltmek boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ilatyň adam hukuklary ulgamynda habarlylygyny ýokarlandyrmak barada aýdylanda, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Adalatçynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri-de adamyňdyr raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri hem-de usullary babatda raýatlaryň hukuk taýdan sowatlylygyny artdyrmaga ýardam etmek bolup durýar.

Häzirki wagtda Adalatçynyň diwanynyň işgärleri BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri bilen bilelikde adam hukuklaryna, gender deňligine, adam hukuklarydyr azatlyklary babatda şertnamalaryna bagyşlanan çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýärler. Şeýle-de ähli ulanyjylara onuň işiniň aýanlyk, elýeterlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny açyp görkezmek maksady bilen, Adalatçynyň web-saýtynyň döredilendigini aýtmak isleýärin.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/29168