Bilşimiz ýaly, Söwda-senagat edarasynda 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli sergi we birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň telekeçileri, hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleri bilen gatnaşdylar. Serginiň çäklerinde dürli ugurlar boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşigiň jemleri jemlendi. Bu köptaraply gözden geçiriliş türkmen telekeçileriniň mümkinçiliklerini we milli önümlerimiziň ýokary hil derejesini hem-de täzeçillige esaslanýan ýerli önümçiligiň kuwwatyny doly äşgär edýär.
«BELENT AKABANYŇ» MAKSATLARY BELENT
2014-nji ýylda döredilen «Belent akaba» hojalyk jemgyýeti çagalar üçin niýetlenen oturgyçlaryň, partalaryň, oýunjaklaryň önümçiligi bilen meşgullanýan Türkiýe Respublikasynyň «Oskar» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar we onuň Aşgabatdaky ýörite dileri hökmünde çykyş edýär. Olaryň önümleriniň arasynda dürli ýaşdaky çagalar üçin ýokary hilli plastmassa oýunjaklar, laboratoriýa we görkezme esbaplary, uly bolmadyk tekjeler, dürli ölçeglerdäki oturgyçlar we partalar bar. Umuman, hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň ählisi bilim ulgamyna gönükdirilen.
«Belent akaba» hojalyk jemgyýeti ýerli çig maldan oturgyçdyr partalaryň önümçiligini hem ýola goýdy. Olar çig mal hökmünde Gyýanlyda öndürilýän polietilen we polipropilenden peýdalanýarlar. Dürli reňkdäki göze gelüwli we rahat oturgyçlar özüniň berkligi bilen tapawutlanýar. Hojalyk jemgyýeti şeýle oturgyçlaryň her aýda 3 müňden gowragyny öndürýär. Olaryň hatarynda bir we iki adamlyk partalar hem bar. Bu partalar ähli aýratynlyklary boýunça daşary ýurtlardan getirilýän nusgalar bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Olarda kitap-depder goýmak üçin ýörite tekje, asgyç we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr. Geljekde «Belent akaba» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän okuw esbaplaryny eksport etmek meýilleşdirilýär.
«DEŇIZHAN» TEKSTIL: ÝAKYMLY WE DÖWREBAP
«Deňizhan» hususy kärhanasy 2020-nji ýylda esaslandyrylyp, bu sergide tekstil önümlerini köpçülige hödürledi. Heniz döredilenine onçakly köp wagt geçmedigem bolsa, kärhananyň önümleri ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Dürli ýaşdaky erkek adamlar, aýal-gyzlar, çagalar üçin trikotaždan, ýüpekden, ýüňden, pagtadan egin-eşikleri öndürýän kärhananyň merkezi Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Bu kärhananyň öndürýän egin-eşikleri ýumşaklygy, rahatlygy we döwrebap biçüwi bilen sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Diňe bir owadanlygy we göze gelüwliligi bilen tapawutlanman, eýsem, bu önümler diýseň amatly bahadan alyjylara hödürlenýär.
Hususy kärhana diňe egin-eşik däl, eýsem, aýakgap önümçiligini hem ýola goýmagy maksat edinýär. Matadan we tekstil önümlerinden tikilen sport aýakgaplary, gündelik durmuş üçin ýeňil hem-de rahat aýakgaplar dürli reňklerde we ölçeglerde hödürlener. Biz hem halkymyza hyzmat etmek üçin belent maksatlary nazarlaýan hususy kärhananyň işinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!
TOÝ SAÇAGYNDA «DOGANLAR ÝYLDYZY»
Halkymyzda «süýjülikde gatnaşmak» diýen aýtgy bar. Türkmenler hoş niýet bilen biriniň öýüne baranlarynda mukaddes saýylýan saçagy ýanlaryndan goýmandyrlar, onda mele-myssyk çörek bilen hökmany suratda süýjülik hem bolaýmaly diýip hasaplapdyrlar. Çünki süýjülik süýji durmuşy alamatlandyrýar. Toý-baýramlarda saçagy şirin-şeker nygmatlar bilen bezemek, şatlykly günlerde süýjülikleri paýlamak we seçmek edim-gylymlarymyza giňden ornapdyr. Galyberse-de, biz bir çagany söýgülänimizde hem «Süýji bereýinmi?» ýa «Saňa şokolad alyp berjek» ýaly jümleleri aýdanymyzy duýman galýarys. Biz bu hakda söz açmak bilen, gürrüňimiziň hörpüni eýýäm iki ýyldan gowrak wagt bäri halkymyzyň «agzyny süýjütmek» bilen meşgullanýan «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasyna syrykdyrmak isleýäris.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedow tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy konditer we şokolad önümleri bilen saçaklarymyzy bezeýär. Bu haryt nyşany bilen köpimiz tanyşdyrys. Toý-baýramlarda, myhmançylykda ýa-da süýji-köke almak üçin dükanlara baranymyzda owadan gaplara gaplanan «Doganlar ýyldyzynyň» şokolad önümleri gözümize ilýär. Bu önümler diňe bir özüniň tagamy bilen däl, eýsem, elýeterliligi we köpdürlüligi bilen hem tapawutlanýar.
«Doganlar ýyldyzy» haryt nyşany bilen 45 görnüşli şokolad öndürilýär. Olaryň hatarynda bezelen gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan süýjüler, içi huruşly we huruşsyz süýjüler... bar. Hususy kärhananyň önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Bu önümler Gyrgyz Respublikasy, Owganystan Yslam Respublikasy ýaly döwletlere eksport edilýär. Hususy kärhananyň hünärmenleri eksporty has-da artdyrmagy meýilleşdirýärler. Şeýle hem «Doganlar ýyldyzy» haryt nyşanly şokoladlar ISO we «Halal» halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Geçen ýyl bolsa kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşiginiň «Ýylyň täze önüm öndürijisi» ugry boýunça baýrakly orna mynasyp boldy. Bu bolsa «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň önümleriniň ýokary hil derejesinden habar berýär.
Dawut ASGAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby, «Nesil».