Durnukly ykdysady ösüşde pul-karz syýasatynyň orny

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilýän milli maksatnamalar, esasan, ýurduň durnukly ösüşine, ykdysadyýeti dolandyrmagyň bazar gatnaşyklaryna, önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýany ornaşdyrmaga, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmäge we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga gönükdirilendir. Bu meseleleri üstünlikli çözmekde aýratyn orun ýurdumyzyň pul-karz syýasatyna degişlidir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan döwrüň talabyna laýyk gelýän pul-karz syýasatyny işläp düzmäge we ony üstünlikli amala aşyrmaga zerur bolan ähli amatlyklar döredilýär.

Pul-karz syýasatynyň esasy maksady ýurduň ykdysadyýetini zerur bolan möçberde pul-karz serişdeleri bilen üpjün etmekden we olaryň maksadalaýyk ýokary netijeli ulanylmagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Pul syýasaty barasynda aýdylanda bolsa, öňi bilen, onuň durnuklylygynyň, hümmetliliginiň we kadaly dolanyşygynyň ýola goýulmagyny üpjün etmeli. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi üçin, ilkinji nobatda, milli pulumyzyň ýerli serişdelerden ybarat bolan haryt üpjünçiligini artdyrmaly, ilata hödürlenýän tölegli hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmeli we hilini ýokarlandyrmaly.

Soňky ýyllarda pul toplumynyň düzüminiň kämilleşdirilmegine, onuň nagt däl görnüşiniň paýynyň köpeldilmegine degişli çäreler yzygiderli geçirilýär. Bank ulgamyny sanly ykdysadyýete geçirmek olaryň arasynda aýratyn orny eýeleýär. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy, elektron töleg ulgamynyň bank önümçiligine giňden ornaşdyrylmagy bilen nagt däl pul hasaplaşyklarynyň gerimi barha giňeýär we nagt pula bolan isleg peselýär. Şeýlelikde, pul aýlanyşygynyň kadaly hereketi ýola goýulýar, pul toplumynyň düzüminiň ykdysady gözegçiligi ýokarlanýar. Netijede, banklar bilen ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasynda gatnaşyklar täzeçe ýola goýulýar we durnukly ösüş üpjün edilýär.

Ýurtda hereket edýän puluň durnuklylygyny üpjün etmek we onuň satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak, öz gezeginde, dünýä döwletleri bilen eksport, import amallaryny amatly şertlerde ýola goýmaga we ýurduň töleg balansynyň deňeçerligini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda hem hümmetli puluň hereketiniň ýola goýulmagy nyrh emele getirmekde aýratyn orun eýeleýär.

Nyrhlaryň derejesiniň durnukly bolmagy ilatyň harytlara we hyzmatlara bolan ösen isleglerini öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrmaga we býujet meýilnamalarynyň üstünlikli amal edilmegine ähli amatlyklary döredýär.

Karz syýasaty barasynda aýdylanda, onuň esasy wezipesi hökmünde karza mahsus bolan yzyna gaýtarylmak, möhletlilik we töleglilik ýörelgeleriniň ýurtda hereket edýän kada-kanuna laýyklykda berjaý edilmeginden ybaratdyr. Şu talaplaryň berjaý edilmegi, öz gezeginde, karzyna alnan serişdeleriň maksadalaýyk, rejeli-tygşytly we ýokary netijeli ulanylmagyna baglydyr.

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi bilen, banklar tarapyndan müşderilere hödürlenilýän karzyň görnüşleri köpelýär, onuň möçberleri artýar, möhleti uzalýar. Şeýle amatlyklaryň döredilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerine oňaýly täsir etmek bilen birlikde, kärhanalara esasy önümçilik gaznalaryny täzelemäge, ýokary hilli önüm öndürmäge, önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge, ýurduň eksport mümkinçiliklerini doly ulanmaga zerur bolan amatlyklary döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depgini ýurdumyza iri möçberli maýa goýumlaryň üstünlikli çekilmegini we olaryň netijeli özleşdirilmegini talap edýär. Maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda aýratyn orun banklar tarapyndan berilýän uzak möhletleýin karzyň ulanyş derejesine degişlidir. Şondan ugur alyp, ösüşiň häzirki tapgyrynda banklaryň maýa goýum işini maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek möhüm talap bolup durýar.

Giň möçberde alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň çygrynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň aýratyn orny bardyr.

Merkezi bankyň alyp barýan pul-karz syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köpugurly ykdysady özgertmeleriň ýokary netijeliligini gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu pul-karz syýasatynyň esasy maksady döwlet, hususy we beýleki eýeçilikdäki taraplaryň telekeçilik we önümçilik bähbitli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirmegine, maşgala ojaklarynyň ykdysady taýdan pugtalanmagyna, bilim-ylym ugrundaky maksatlaryň barha rowaçlanmagyna gönükdirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň maliýe kuwwatyny artdyrmaga, ýokary ykdysady ösüşi üpjün etmäge, milli manadyň hümmetini has-da pugtalandyrmaga, halkymyzyň eşretli zamananyň hözirini görüp ýaşamagyna kuwwatly itergi berýär.

Bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ösen banklary bilen işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hem pul-karz syýasatynda dünýä tejribeleriniň — karzyň täze görnüşleriniň bank işine ornaşdyrylmagyna mümkinçilik berdi. Karzyň täze görnüşleriniň bank tejribesine ornaşdyrylmagy, bir tarapdan, ilatyň maliýe sowatlylygynyň ýokarlanmagyna oňyn täsir eden bolsa, beýleki tarapdan, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, onuň ýaýrawyny giňeltmäge, kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bank karz amallarynyň ykdysady taýdan netijeliligine, şeýle hem müşderileriň bähbidine gönükdirilen göterim syýasatyny yzygiderli esasda durmuşa geçirýär we karzlaryň elýeterliligini üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň adalatly belleýşi ýaly, biziň baş wezipämiz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan nusgawy derejelere götermekden ybarat bolup, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ösen ýurtlaryň ilatynyň bu babatdaky derejesine ýetirmelidiris.

Baş maksada ýetmekde ýurduň bank ulgamynyň ähmiýeti hem uludyr. Bank ulgamy bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolmak bilen, onuň işiniň netijesinde uly möçberlerde pul serişdeleri dolanyşykda bolýar, wagtlaýynça ulanylmaýan pul serişdelerini dolanyşyga girizmek arkaly, giňeldilen, üznüksiz önümçiligi alyp barmak üçin maýa goýumlaryň çeşmeleri emele gelýär. Şunda banklar serişdeleriň pes netijeli işleýän pudaklardan bäsdeşlige has ukyply pudaklara geçmegine mümkinçilik berýärler.

Bank önümçiligine täze, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ilata töleg-hasaplaşyk, karz, goýum we beýleki hyzmatlaryň menzilara tertipde ýerine ýetirilmegi müşderiler üçin amatly ýagdaýy döredip, olaryň bu hyzmatlardan peýdalanmaklaryna isleglerini artdyrýar we banklaryň girdejili işlemegini üpjün edýär.

Umuman, ýokarda getirilen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Merkezi banky hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, döwrebap pul-karz syýasatyny işläp düzýär we ony döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirýär. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň ýokary depginli, durnukly ösüşini üpjün edýär we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge ähli amatlyklary döredýär.

Watanymyzyň gülläp ösmegi we ilatymyzyň eşretli şu güni, röwşen geljegi üçin ýadawsyz zähmet çekýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, ömri uzak bolsun we ähli başlangyçlary rowaçlyga beslensin!

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23890