Milli Liderimiz ýazky bag ekmek möwsümine badalga berdi
Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylynda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde bag nahallarynyň millionlarça düýbi ekiler. Olaryň hatarynda saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň dürli görnüşleri bar. Köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.
Ir bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanan ýere geldi.
Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we talyp ýaşlar garşyladylar.
Bahar pasly ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň çäklerinde tebigatyň janlanýan pursatlaryna mahsus gözelligi döretdi. Adamlaryň ruhubelentligi tebigatyň ajaýyplygy bilen utgaşyp, özboluşly baýramçylyk joşgunyny emele getirdi.
Döwlet senasynyň dabaraly owazynyň astynda milli Tugumyz belende galdyryldy. Bu dabara ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgelerimiziň häzirki zaman ekologiýa syýasaty bilen utgaşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde düýbi tutulýan täze seýilgähiň ilkinji bag nahalyny oturdyp, Milli bahar baýramynyň hormatyna geçirilýän köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasyna badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň bu ýerde guralan asylly çärä gatnaşyp, bag nahalyny ekmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy we ol ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleriniň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň subutnamasyna öwrüldi.
Şu ýyl 140 ýyllygy bellenilýän paýtagtymyzyň işewürlik we medeni-durmuş merkeziniň emele gelýän künjeginde täze döredilýän seýilgähiň çäklerinde guralan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek dabarasyna gatnaşyjylar Arkadag Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag ekmäge girişdiler.
Şu pursatda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent owaza beslenen aýdym-sazly çykyşlarynyň ýaňlanmagy dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi we bu ýerde guralýan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Ýeri gelende, ýurdumyzda ýazky köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň her ýylda Halkara Nowruz baýramy bilen utgaşdyrylýandygyny bellemeli. Bu bolsa dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur mana eýedir.
Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýram dünýäde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara derejäniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini artdyrýar.
Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek baradaky oňyn başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň ýaly çäreler umumy wajyp işe dahylly bolmak isleýän adamlary ýakynlaşdyrýar.
Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan, BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň” möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär.
Bular, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, çölleşmä garşy göreşmäge, tebigatyň täsin künjeklerini aýawly saklamaga, Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramaga we beýleki köpugurly möhüm meselelere degişlidir.
Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda şäherleriň hem-de obalaryň töwereginde, awtoulag hem-de demir ýollaryň ugrunda gök zolaklary döretmek göz öňünde tutulýar.
Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň şol sanda ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine 10 million düýp nahalyň; welaýatlaryň häkimliklerine 20 million düýp nahalyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.
Häzirki wagtda Aşgabady bagy-bossanly şäher hökmünde tanaýarlar, çünki tomsuň jokrama yssysynda hem gül-pürçük bolup oturan ýaşyl baglar, daş-töweregi salkynlaşdyrýan suw çüwdürimleri göreniň gözüni dokundyrýar.
Goýy saýaly ajaýyp baglar, älemgoşar ýaly dürli reňkli güller, paýtagtymyzyň etekleriniň aýrylmaz keşbine öwrüldi.
Köpetdagyň eteklerinde arça, pürli hem-de ýaprakly agaçlar ekilen meýdanlar barha giňelýär. Şonuň netijesinde soňky ýyllarda bu ýerlerde guşlaryň we haýwanlaryň dürli görnüşleriniň, şol sanda seýrek duşýanlarynyň hem sany ep-esli artdy.
Türkmen artistleriniň — sazandalarynyň, aýdymçylarynyň, folklor toparlarynyň joşgunly çykyşlary şu günki dabaranyň bezegine öwrüldi.
Göçgünli aýdym-sazlar hem-de tanslar tebigatyň täzelenişiň, parahatçylygyň, agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de dostlugyň nyşany bolan Milli bahar baýramynyň şanyna şan goşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralara beslenen ýylda asylly çärä gatnaşanlara işlerinde üstünlik arzuw edip bu ýerden ugrady.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23821?type=feed