Netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk

Biziň ýurdumyz häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berýär we dünýä döwletleri hem-de iri halkara we sebit guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bu ählumumy bähbitlere gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge ägirt uly goşant goşmak bilen Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda ykdysady we söwda ulgamlarynda has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen döredildi. Eýran Yslam Respublikasy, Pakistan hem-de Türkiýe Respublikasy guramany esaslandyryjy döwletlerdir. EKO-nyň düzümi 1992-nji ýylda Türkmenistan, Azerbaýjan, Owganystan Yslam Respublikasy, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň girmegi bilen giňedi we onuň alyp barýan işleri hil taýdan täze ösüşlere eýe boldy. 28-nji noýabr EKO-nyň güni hökmünde bellenilýär. 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde EKO BMG-de synçy derejesini bermek hakynda Kararnama kabul edildi.

EKO-nyň esasy maksatlary degişli düzümleriň, sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän gurallarynyň döredilmegi, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Şol maksatlara ýetilmegi wajyp durmuş meselelerini çözmäge, halklaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Häzirki döwürde EKO dünýäde ykrar edilen iri we abraýly halkara düzümdir. Bu gurama agza ýurtlarynyň arasynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça dürli ylalaşyklar baglaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi.

Geçen döwürde Türkmenistan we EKO tarapyndan bilelikde işlemegiň uly tejribesi toplanyldy. Mälim bolşy ýaly, degişli çözgüde laýyklykda, 2021-nji ýylda EKO-da başlyklyk etmek Türkmenistana geçdi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen degişli Konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy. Ozal habar berlişi ýaly, biziň ýurdumyz 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etdi. Bu döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Aral deňziniň ekologiki, sosial-ykdysady we beýleki meselelerini çözmäge gönükdirilen birnäçe wajyp başlangyçlar durmuşa geçirildi. Şeýle hem, ýurdumyz 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etdi. Bu jogapkärli wezipäniň esasy, möhüm ugurlary Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda kesgitlenip, ýurdumyz bu ugurda ägirt uly işleri bitirdi.

Döwletimiziň ýokarda agzalan we beýleki ýokary derejedäki jogapkärli wezipeleri, belent ynamy abraý bilen amal etmegi ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň netijeli boljakdygyna hem-de onuň çäklerinde amala aşyryljak başlangyçlaryň tutuş sebitiň abadançylygyna hyzmat etjekdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz EKO-nyň XIV Sammitine gatnaşyp, EKO-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň öňde goýan maksatlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy çykyşynda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek üçin şertleri döretmegiň üstünde hyzmatdaşlarymyz bilen anyk işleri alyp barmagy göz öňünde tutýarys, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmagy we ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi maksat edinýäris diýip belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz sebitde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriň toplumyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Türkmenistan EKO-da başlyklyk ediji hökmünde medeni, sport, bilim, ýaşlar syýasatyny, syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge işjeň ýardam bermegi maksat edinýär. Dost-doganlyk ruhunda halklarymyzy we döwletlerimizi birleşdirýän umumy ahlak gymmatlyklaryna eýermegi göz öňünde tutýar.

EKO agza ýurtlaryň ykdysady taýdan ilerlemeginde energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň aýratyn möhüm ähmiýeti bardyr. Bu ugurlarda ýurdumyz birnäçe halkara ähmiýetli taslamalary üstünlikli amala aşyrdy we amala aşyrmagyny dowam edýär. Muňa mysal edip, şu ýylyň ýanwarynda Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň işe girizilmegini, Owganystanda Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýol böleginiň açylmagyny, Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan), şeýle hem, Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugry boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, sebitara we halkara ähmiýetli logistik düzümleriň ösdürilmegi boýunça we beýleki ählumumy bähbitlere gönükdirilen halkara taslamalary görkezmek bolar.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde sebit boýunça we ähli goňşy döwletler bilen syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeň ösdürer. Ýurdumyz özüne bildirilen jogapkärli, belent ynamy abraý bilen iş ýüzünde amala aşyryp, parahatçylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň netijeli hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçilikleri döreder.

Gapbar HALLYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23919