Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam etmelidir.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Häzirki wagta çenli gelip gowşan tekliplere degişli toparyň mejlisinde bellenilen tertipde seredildi hem-de Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça 4 sany desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak maksadalaýyk hasaplanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak üçin desgalary döwletiň garamagyndan aýyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýetini belledi. Döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ykdysadyýetiň düzüminde hususy eýeçiligiň paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, geljekde hem çäreler görülmelidir. Milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň intellektual eýeçiligi goramak ulgamyny ösdürmek we degişli ulgamda hereket edýän döwlet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda gol çeken Karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna we bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyna laýyklykda, intellektual eýeçilik obýektlerini goramak boýunça pudagara topary döretmek, topar barada Düzgünnamany taýýarlamak we tassyklamak göz öňünde tutuldy.

Şunuň bilen baglylykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli edaralar bilen bilelikde resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Pudagara toparyň esasy wezipeleri intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramak babatda döwlet syýasatyny emele getirmek boýunça teklipleri işläp düzmek, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça intellektual eýeçiligi goramak ulgamynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn pudagara çäreleri geçirmegi meýilleşdirmek we guramak bolup durýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, intellektual eýeçilik obýektlerini goramagyň milli hukuk namalarynda hem-de biziň ýurdumyzyň gatnaşýan halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan düzgün-kadalaryň jemi bilen üpjün edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibiň möhümdigini belläp, wise-premýere işlenip taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryny degişli edaralar bilen ylalaşmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň mukdaryny artdyrmak, pudagyň çig-mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň känlerini özleşdirmek hem-de önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde uglewodorodlary gözläp tapmak we gazyp almak işlerini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň tejribeli hem-de ygtybarly nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazaryň hem-de onuň kenarýaka zolaklarynyň geljegi uly nebitgazly känleriniň doly işlenilip taýýarlanylmagynyň ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtady.

Bu sebitdäki uglewodorod çig malynyň uly göwrümli ätiýaçlyklarynyň netijeli peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimiziň depginli ösmegine täze itergi berer, nebiti we gazy düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek, şeýle hem türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek üçin şertleri üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz munuň maýa goýumlary çekmek hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýandygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şu günler dowam edýän gowaça ekişiniň depginleri barada hasabat berdi.

Möhüm möwsümi bellenilen möhletlere laýyklykda geçirmek maksady bilen, daýhan birleşiklerinde hem-de tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmegi üçin ähli çäreler görülýär.

Wise-premýer ýazlyk ýeralma ideg etmek, gök-bakja ekinleriniň ekişine, galla oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem hasabat berdi. Güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda, ak ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, ösüş suwy tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin işleri geçirmäge jogapkärli çemeleşmegiň hem-de işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini gurmak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Häzir ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi, giň gerimli şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap dolandyryş merkezinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi bu ugurda uly tejribesi bolan ýerli kärhanalaryň gatnaşmagynda bäsleşik geçirdi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Myradym” hususy kärhanasy bäsleşigiň ýeňijisi boldy.

Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan agzalan desganyň taslamalaryna hem-de hödürlenen baha tekliplerine seljerme işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bina edilýän durmuş maksatly täze desgalara möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan daşaýjylary awtoulagda halkara gatnawlara goýbermegi düzgünleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, ilatymyza ýokary hilli we medeniýetli ulag hyzmatyny etmek boýunça degişli çäreler görülýär.

«Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan «Daşaýjylaryň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegi hakynda» Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda ýurdumyzyň daşaýjylarynyň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegine bildirilýän talaplar we şertler kesgitlenildi, halkara gatnawlarda ýolagçylar gatnadylanda, olaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrylmasy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek göz öňünde tutuldy.

Degişli ýüztutmalaryň esasynda, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy tarapyndan olara elektron rugsatnamany bermek hem-de maglumatlary jemlemek üçin merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek we onuň üsti bilen gözegçilik etmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ulgamlaryny, şol sanda ulag ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Munuň özi döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini kämilleşdirmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Awtoulag arkaly gatnawlary artdyrmak hem-de hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, internet hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň işine ünsi çekdi hem-de bu meseläni has içgin öwrenmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow nyrhlar babatda Döwlet haryt-çig mal biržasynyň elektron maglumatlar binýadyny döretmek we onuň elýeterliligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda biržanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, nyrhlaryň elektron maglumatlar binýadyny işläp taýýarlamak boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Şonuň sahypalarynda birža şertnamalarynyň bellige alnandygy, olaryň seljerilişine, müşderileriň “şahsy iş otaglarynyň” döredilendigine we beýlekilere degişli maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu ýerde bellige alnan daşary ýurt şertnamalarynyň esasynda getirilýän harytlaryň sanawy we bahalary bilen tanyşmak, ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň sanawy we bahalary barada maglumatlary almak bolýar.

Bu maglumatlar birinji tapgyrda ähli gyzyklanýan taraplara elýeterli bolar. Halkara bazarlarda ulanylýan dünýä tejribesine daýanyp, müşderileriň sanynyň hem-de saýtyň hyzmatlaryndan yzygiderli peýdalanylyşynyň artmagy bilen, maglumatlar binýadyny ulanyjylar üçin tölegli esasda elýeterli etmek göz öňünde tutulýar.

Müşderileriň islegine görä, aýry-aýry haryt görnüşleriniň bahalaryny tassyklap bermek, biržada dellallyk ýerlerini açmak, munuň üçin elektron usulda tölegleri üpjün etmek hem-de beýlekiler boýunça hyzmatlary girizmek göz öňünde tutulýar. Nyrhlar babatda biržanyň elektron maglumatlar binýadynyň döredilmegi birža hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrmaga, täze müşderileri çekmäge, daşary söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge hem-de üç ýylyň dowamynda maglumatlaryň ählisini saklamaga mümkinçilik berer.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň ýerleşjek ýeriniň taslamasy we şekil çyzgysy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine islegleri aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly maglumat-seljeriş çeşmesi bolup hyzmat edýändigini belläp, birža söwdasyny has-da ösdürmek we onuň möçberini giňeltmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Esasy wezipe türkmen eksport harytlaryna nyrhy emele getirmegiň gurallaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr, munuň özi girdejileriň ýokarlanmagyna we döwletimiziň halkara bazarlarda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen birža hyzmatlaryny onlaýn görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik dörär. Umuman, resminama dolanyşygynyň döwrebap usullarynyň ulanylmagy zähmet öndürijiligini artdyrmaga, ylalaşyklaryň bellige alnyşyny çaltlandyrmaga we şonuň bilen birlikde, ygtybarly elektron maglumatlar binýadyny döretmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň gurluşygy baradaky meselä geçip hem-de hödürlenen taslama bilen tanşyp, oňa birnäçe tekliplerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş maksatly desgalaryň taslamalary düzülende we olar gurlanda öňdebaryjy dünýä tejribesiniň hem-de milli binagärligiň iň oňat däpleriniň sazlaşmagynyň esasy talapdygyny nygtap, bu taslamanyň üstünde ýene-de işlemek boýunça tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler hem-de Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

“Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyndan” we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Döwlet habarlar agentliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gurluşynda “Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy” bölümlerini döretmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu bölümleri döretmek hem-de döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň birnäçe bölümleriniň düzümini üýtgetmek meseleleri boýunça teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda we sanly tehnologiýalary ulanmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlaryň abraýly habar beriş we teleradiogepleşikler düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şol işler halkara bileleşigini Türkmenistan baradaky anyk maglumatlar, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga, milli taryhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge ýardam etmelidir.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli degişli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeler berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döredijilik bäsleşiklerini, mediaforumlary, konsertleri guramak, Garaşsyz döwletimizi wasp edýän eserleri döretmek boýunça işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de milli Liderimiziň garamagyna bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar meseleleri boýunça kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasynyň çäklerinde, ähli ulgamlara häzirki zaman sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, şolaryň esasynda täze önümçilikleri hem-de milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa häsiýetli ugurlaryny döretmek, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» milli Liderimiziň ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakyndaky Karary, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeler yzygiderli ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan taýýarlanylan Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň Düzgünnamalaryna we Ylymlar akademiýasynyň Tertipnamasyna girizilen üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kämilleşdirilen Düzgünnamasyny, şeýle hem olaryň merkezi edaralarynyň gurluşyny tassyklamak hakyndaky Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi, sanlylaşdyrmak hem-de häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, ähli ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bu wezipäniň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, bilim ulgamynda jogapkärli döwür ýetip gelýär: ýakyn wagtda orta mekdeplerde gutardyş synaglary başlanýar, ýokary okuw mekdeplerinde bolsa okuw ýyly tamamlanýar.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgamlar boýunça täze okuw kitaplaryny taýýarlamagyň hem-de olaryň elýeterliligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şunda ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi hem-de olary sanly ulgam arkaly iberip, wise-premýere bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryny mundan beýläk-de işjeň ornaşdyrmak boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy sanly ulgam arkaly wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ministr “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň geçiren mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi hem-de raýatlarymyzyň şu ýylyň tomus döwründäki dynç alşy üçin şert döretmek boýunça teklipleriň birnäçesini döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligini alada goýýan, adam saglygyna howp salýan koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çäklerine getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak hem-de ählitaraplaýyn ýokary derejede taýýarlygy guramak we gözegçilikde saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary raýatlarymyzyň şu ýylyň tomus döwründe dynç alşy üçin şert döretmek, ilatyň saglygyny berkitmek ugrunda zerur işleri alyp barýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, ýurdumyzyň şypahanalarynyň hem-de çagalaryň sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň işini guramagyň meseleleri öwrenilýär. Bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 13-nji aprelde Balkan welaýatyna iş sapary guraldy.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsüminiň möhleti şu ýylyň 1-nji iýuny — 15-nji sentýabry aralygy diýlip kesgitlenildi, şol aralykda myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy meýdanynyň ýarysyny peýdalanmak teklip edilýär.

Dynç alyş möwsüminde ýüze çykýan meseleleri dessin çözmek üçin Dolandyryş merkezini döretmek, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ilatyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna guramaçylykly gelip-gitmeklerini üpjün etmek bilen bagly meseleleri öwrenmek, Hazar deňziniň türkmen kenarynyň bellenen nokatlaryndan suwuň, howanyň we topragyň barlaglaryny meýilnamalaýyn geçirmek hem-de barlaglaryň netijeleri boýunça hasabatlary toparyň mejlislerinde yzygiderli diňlemek teklip edilýär.

Mundan başga-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökderedäki hem-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alşy 2-nji iýun — 26-njy awgust aralygy diýip kesgitlemek teklip edilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri teklipleri milli Liderimiziň garamagyna hödürläp, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek we olaryň kesele durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleriň görüljekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky sagaldyş toplumlaryny tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlamagyň möhümdigini belledi. Koronawirusa garşy sanjym alanlar arkaýyn dynç alyp bilerler. Şeýle hem ýurdumyzyň şäherlerinde we welaýatlarynda çagalar dynç alyş merkezleri degişli derejede möwsüme taýýarlanylmalydyr. Olaryň işgärleri koronawirus ýokanjyna garşy sanjym almalydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ähli arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek, zerur bolan halatynda binalarda öz wagtynda abatlaýyş işlerini geçirmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara dynç alyş ýerlerine ulaglaryň gatnawlaryny ýola goýmagy, myhmanhanalary we çagalar sagaldyş merkezlerini azyk önümleri bilen üpjün etmegi, adamlaryň dynç alyş wagtyny gyzykly geçirmek üçin konsertleri we beýleki medeni çäreleri guramak boýunça işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Resminamada Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugrunyň esasy ýörelgelerinden, maksatlaryndan we wezipelerinden, milli Liderimiziň dürli ugurlarda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryndan ugur almak bilen, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we berkitmek boýunça işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Meýilnama çäreleriň birnäçesini, şol sanda Türkmenistanyň halkara guramalaryň agzalygyna girmegi, olaryň çäklerinde başlyklygy amala aşyrmagy we ýurdumyzyň saýlawly halkara düzüm birliklerine saýlanylmagy boýunça çäreleri öz içine alýar. Bu babatda ýurdumyzyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda 2021-nji ýylda başlyklygyny amala aşyrmak hem-de degişli Konsepsiýany durmuşa geçirmek uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanyň BMG-niň hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň düzümlerine saýlanylmagyny üpjün etmek boýunça göz öňünde tutulan işleri aýratyn görkezmek bolar.

Şeýle hem halkara guramalar bilen bilelikde, milli derejede kabul edilen uzak möhletleýin maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek, degişli hukuk binýadyny ösdürmek boýunça çäreler göz öňünde tutuldy. BMG-niň we onuň düzümleriniň, beýleki abraýly guramalaryň Konwensiýalaryny we köptaraplaýyn resminamalaryny tassyklamak hem-de açylýan mümkinçilikleri öwrenmek bilen bagly meselelere yzygiderli seretmek meýilleşdirilýär.

Meýilnama ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň çäklerinde her ýyl geçirilýän ýokary derejeli mejlisleri, GDA-nyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara guramalaryň mejlislerine we duşuşyklaryna Türkmenistanyň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri öz içine alýar.

Halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek; durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek; köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin çäreler göz öňünde tutulýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalaryny kabul etmek boýunça işlere aýratyn ähmiýet berilýär.

Şeýle hem Türkmenistanda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň we Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň sebitleýin merkezini açmak boýunça işleri geçirmek, Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral Milli maksatnamasyny taýýarlamak we kabul etmek maksady bilen, degişli halkara guramalar bilen zerur bolan çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hasabatyny dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» we «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça Meýilnamasynyň taslamasyny makullap, bu netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu köpýyllyk hyzmatdaşlyk dürli ugurlary gurşap alýar, olaryň hatarynda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysadyýet, durmuş, ynsanperwer-medeni we hukuk ulgamlary, energetika, ulag, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary bar.

Bitarap Türkmenistan ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarly bolup, BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamaga, dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy, olaryň amala aşyrylmagy umumy abadançylyk we rowaçlyk işine hyzmat eder diýip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi hem-de resminamalaryň amala aşyrylmagyna degişli derejede gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine we maksatlaryna yzygiderli eýermegiň zerurdygyny belledi. Işgärler bilen üpjünçiligi berkitmek, durmuş ugurly wezipeleri çözmek, ýaş harbylary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky meseleler berk gözegçilikde saklanylmalydyr. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Garaşsyz ýurdumyzyň baş baýramynyň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanan dabaraly harby ýörişiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda Milli Geňeşiň Mejlisiniň iş toparlarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň tekliplerini nazara almak bilen, täze kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işi dowam edýär. Ynsanperwerlik ýörelgesine aýratyn ähmiýet berilmelidigi barada öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bu ugurda halkara tejribe öwrenilip, gelip gowşan tekliplere seljerme geçirildi. Şeýle hem hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyk getirmek maksady bilen, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar.

Halkara gatnaşyklary giňeltmegiň çäklerinde deputatlar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň döwletiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, raýat edaralaryny we demokratik gymmatlyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işiniň örän wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz ähli kanunçylyk işiniň jemgyýetiň bähbidine laýyk gelmelidigini aýdyp, halkyň saýlanlarynyň esasy wezipesiniň tutuş ilatyň bähbitlerine wekilçilik etmekden, kanunlaryň taslamalarynda döwletimiziň durmuş babatdaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmekden ybaratdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmaga, halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýolundaky taryhy tejribesi we häzirki gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga ýardam edýän halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ähmiýetini belledi.

Hökümetiň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

* * *

Ministrler Kabinetiniň mejlisi tamamlanandan soň, milli Liderimiz Hökümet binasynyň daşyna çykdy hem-de töweregi synlap, şenbe güni şäherde paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy we ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerini geçirmäge gönükdirilen çäräniň geçiriljekdigini belledi. Şoňa görä-de, şeýle çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde, türkmen halkyna mahsus agzybirlikde we ýokary ruhubelentlikde geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň şanly senesi mynasybetli täze ýolagçy awtobuslaryň gelip gowşandygyny belläp, şolaryň birine wise-premýerler bilen bilelikde mündi.

Täze awtobus ýokary derejeli ilkinji ýolagçylaryny alyp, paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ýola düşdi. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz şäheriň abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişini synlady hem-de meýilleşdirilýän köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň alnyp barylmagynyň ähmiýetini belledi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabadyň keşbi düýpli özgerdi, şäher durmuşynyň sazlaşygyny döredýän täze seýilgähler we ýaşyl zolaklar peýda boldy, ençeme heýkel ýadygärlikleri, binalar gurlup, olar döwrüň ruhuny beýan edýän şäher gurşawynyň maksat-manyly keşbine, onuň ajaýyp görküniň täze nurana öwüşginlerine öwrüldi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň barha giňeldilýän ýaşyl zolakly toplumlarynda ekilen bag nahallaryna degişli ideg etmegiň zerurdygyny belläp, arassaçylyk işleriniň çäklerinde şol işlere hem möhüm orun berilmelidigini nygtady.

Biraz wagtdan täze ýolagçy awtobusy paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynyň binasynyň ýanyndaky duralga gelip saklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de beýleki ýolbaşçylar awtobusdan düşüp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisiniň geçirilýän ýerine ugradylar.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26144?type=feed