2021-nji ýylyň 15-nji apelinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň wekilleri bilen «Merkezi Aziýa döwletlerinde işewürligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek» atly taslamanyň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistanda daşary ýurt maýa goýumlary üçin kadalaşdyryjy-hukuk gurşawyny kämilleşdirmek» atly iş duşuşygy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirildi. Duşuşygyň maksady: Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň «Merkezi Aziýa döwletlerinde işewürligiň we maýa goýum işiniň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek» atly taslamasynyň netijeleri boýunça ýurdumyzda maýa goýum işiniň kadalaşdyryjy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge ýardam bermekden ybarat bolup durýar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary R.Nurýagdyýew Türkmenistanyň «Elektron resminamalar, elektron resminamalary dolandyrmak we sanly hyzmatlar barada» kanunynyň kabul edilendigi barada aýdyp geçdi. Kanun elektron resminamalaryň, elektron resminamalary dolandyrmagyň we sanly hyzmatlaryň kanuny ýagdaýyny we oňa talap edilýän esasy talaplary kesgitleýär we bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilendir.
Ministriň orunbasary R.Nurýagdyýew öz çykyşynda ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak işleriniň ýakyn wagtlarda doly elektron resminamalary dolandyrmak ulgamyna geçiriljekdigini belledi.
Guramanyň wekilleri, öz çykyşlarynda, işewürligiň we maýa goýum işiniň hukuk gurşawyny kämilleşdirmegiň we düzgünleşdirmegiň örän möhümdigini bellediler. Dünýäde ýaýraýan pandemiýa döwründe, bu pandemiýanyň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge täsir edýändigi bilen baglylykda, ýurdumyzyň içerki hususy böleginiň ösmegine üns bermegini maslahat berdiler. Şeýle hem, Türkmenistanda maýa goýujylaryň işiniň hukuk esaslary bilen baglylykda YHweÖG tarapyndan taýýarlanan hasabatyň netijeleri barada gürrüň berildi.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşan halkara bilermenler tarapyndan Fransiýada we Özbegistan Respublikasynda maýa goýum gurşawy boýunça öňdebaryjy tejribeleri babatynda gürrüň berildi.
Mundan başga-da, bu duşuşygyň dowamynda türkmen tarapyndan halkara bilermenlere berilen soraglara degişli jogaplar berildi, dürli meseleler babatynda özara pikirler alyşyldy we mysallar getirildi.
Duşuşygyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi