köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga we özara ynanyşmaga çagyryşdyr
Ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlar pikir-garaýşy boýunça düýpgöter tapawutlanýan bolsalar-da, dünýäde parahatçylygy berkarar etmek düşünjesi olary umumy maksatda birleşdirýär. Adamzat döräli bäri, abadan, asuda ýaşaýşy gazanmagyň baý tejribesi toplandy. Oňa her döwlet, her bir halk öz milli mentalitetidir ileri tutýan gymmatlyklaryna görä, dürlüçe çemeleşýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylygy pugtalandyrmak babatda döwletimiziň mizemez hem özboluşly çemeleşmesidir. Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy erki, tutanýerli we yzygiderli başlangyçlary bilen hut şu aýratynlyk Bitarap Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň barha belende göterilmeginiň esasy şertine öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa milli Liderimiziň parahatçylyk döretmek taglymatynyň barha kämilleşýändigini we giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.
Paýtagtymyzda täze gurlan kaşaň Maslahatlar merkezinde ilkinji duşuşyk hökmünde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 15-nji aprelde geçirilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahat hem-de onuň çäklerinde parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk; söwda-ykdysady gatnaşyklarda ekologiýanyň ähmiýeti; ynsanperwer ugur boýunça halkara hyzmatdaşlyk mowzuklary boýunça guralan umumy mejlisler bu hakykaty ýene bir ýola aýan etdi. Daşary ýurtly diplomatlardyr bilermenleriň çykyşlarynda parahatçylyk we ynanyşmak ideýalaryny ilerletmekde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň netijeliligi, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ähmiýetli orny biragyzdan tassyklanyldy.
Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, bu ýyl — üç sazlaşygyň ýyly. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň şanly seneleri mynasybetli guralýan çäreler barha giň gerim alýar. Diňe şu hepdäniň dowamynda bolup geçen taryhy wakalardyr iri desgalaryň açylyş dabaralary-da Ýer ýüzünde parahatçylyk we ynanyşmak gymmatlyklaryny wagyz edýän 2021-nji ýylyň äheň-ähmiýetini dolulygyna açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň täze binalarynyň açylmagy, Milli Geňeşiň Halk Maslahaty palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň geçirilmegi türkmen döwletliligini we ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha pugtalanýandygyny aýdyň şöhlelendirýän möhüm wakalardyr. Bu barada halkara forumyň we onuň umumy mejlisleriniň dowamynda edilen çykyşlarda-da jikme-jik durlup geçildi.
Döwlet Baştutanymyz: «Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy, medeni meseleleri birleşdirýän döredijilikli işdir» diýip, örän jaýdar belleýär. Munuň özi onuň parahatçylyk döretmek mümkinçiliginiň geriminiň has giňdigini şertlendirmek bilen, ýurdumyzyň dünýä syýasatynda alyp barýan işiniň köptaraplaýyn häsiýetini açyp görkezýär. Üçünji müňýyllygyň täze taryhy şertlerinde Türkmenistan Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň mümkinçiliklerini Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýaly strategik meýiller bilen utgaşdyrýar. Ählumumy ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmek bolsa häzirki adatdan daşary ýagdaýlarda iň esasy zerurlyklaryň birine öwrüldi. Elbetde, adam saglygyny goramak — şu günüň derwaýys wezipesi. Şonuň bilen birlikde, girizilen çäklendirmelere garamazdan, durmuş ugurly harytlaryňdyr lukmançylyk serişdeleriniň elýeterliligini gazanmak hem möhüm bolup durýar. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň durnukly hereketiniň üpjün edilmeginiň ähmiýeti barada «Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ekologiýanyň ähmiýeti» atly umumy mejlisde eden çykyşynda Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Ýewraziýadaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Wadim Zaharenko şeýle diýdi:
— Ýükleriň durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, olary daşaýjylaryň we gümrük gulluklarynyň arasynda fiziki hereketiň çäklendirilmegi ulag ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň depginini görnetin güýçlendirdi. Birleşigimiz iki onýyllykdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Ýakynda milli derejede gümrük gözegçiligini döwrebaplaşdyrmak we ýükleriň halkara üstaşyr daşalyşyny ýeňilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde birleşigiň TPED gümrük maglumatlary ulgamyny Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň işine ornaşdyrmak babatda degişli işler geçirildi. Synagdan üstünlikli geçenden soňra, bu taslamanyň ýurduň çäginde durmuşa ornaşdyryljakdygyna ynam bildirýäris. Ygtybarly multimodal ulag geçelgeleridir infrastrukturalary bolmazdan, durnukly ösüşi gazanyp bolmajakdygy öz-özünden düşnüklidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetini häzirki wagtda bar bolan tehniki mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurduň çäginde ýükleri üstaşyr geçirmek ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga çagyrýarys.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin «bir penjire» atly 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, «Eksport-import amallary üçin «bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Umumy mejlislerde edilen çykyşlarda hem «bir penjire» ulgamynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu barada:
— Sanly ulgam arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berýän «ASYCUDA World» taslamasy hem-de «bir penjire» ulgamy fiziki gözegçilik zerurlygy bolmazdan, ýükleri serhetlerden geçirmäge ýardam edýär. Biz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň hem-de ýurduň Hökümetiniň BMG-niň Söwda we Ösüş konferensiýasy, Ösüş maksatnamasy we Döwlet gümrük gullugy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýän gümrük ulgamynyň işini hem-de söwda amallaryny döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýeti bolan bu taslamalary goldamak babatdaky tagallalaryna ýokary baha berýäris.
Bu taslamalar sanlylaşdyrma işine maýa goýumlaryny çekmek, dowamly aragatnaşygy üpjün etmek, söwda we ulag amallaryny ýeňilleşdirmek, ýükleri daşamagyň yzygiderliligini üpjün etmek nukdaýnazaryndan, artykmaçlyklara eýedir. «ASYCUDA World» hem-de «bir penjire» ulgamlary milli ulag we logistika infrastrukturalaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny has-da berkitmäge amatly şertleri döreder. Aziýa halkara ulag geçelgesi, «Lapis Lazuli» taslamasy we beýleki Hazarüsti başlangyçlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, Owganystan, Eýran, Kawkaz hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen maglumatlary kagyzsyz (elektron) alyşmak işinde bu taslamalaryň ähmiýeti örän uludyr — diýip, BMG-niň Söwda we Ösüş konferensiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy Dmitriý Godunow belleýär.
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aýdaý Kurmanowanyň öz çykyşynda pandemiýadan soňky döwürde ýurtlaryň ykdysadyýetini dikeltmekde ekologiýa bilen bagly meseleleriň-de utgaşykly çözülmelidigini nygtap:
— Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmekde «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek örän netijelidir. Bilşimiz ýaly, uglerod gazlaryny az çykarýan senagat kärhanalarynyň ösdürilmegi, tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagy we sosial goşulyşma «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň esasy düzüm bölekleridir. Bu nusga ykdysady işjeňligiň esasy hökmünde tebigat kapitalyny ykrar edip, galyndylary azaltmaga hem-de tebigy serişdelerdir energiýanyň ulanylyşyny düýpli çäklendirmäge gönükdirilendir. «Ýaşyl» ykdysadyýet harytlary täzeden ulanmagyň we gaýtadan işlemegiň amatly usulydyr. Ol umumy peýdalanylýan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine, jemgyýetçilik harytlarydyr hyzmatlaryna maýa goýum serişdelerini çekmek bilen, biodürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen ykdysady hereketleri höweslendirýär. Bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň we kabul edilýän kanunlaryň has durnukly ykdysadyýeti kemala getirýän ykdysady pudaklara geçmekde ähmiýeti örän uludyr — diýmegi daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniňdir halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini üpjün edip bolmajakdygyny yzygiderli nygtaýan milli Liderimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň uzak geljegi nazarlaýan strategik wezipeleriniň häzirki günde aýratyn derwaýyslyga öwrülendigini hem görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz halkara maslahatyň dabaraly mejlisinde eden çykyşynda: «Syýasy-hukuk guraly hökmünde Bitaraplyk syýasaty häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere — halkara terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedir. Soňky wagtlarda bu wehimlere täze howplar — kiberjenaýatçylyk, kanunçylyga boýun egmezlik, BMG-niň ornunyň hem-de wezipeleriniň ähmiýetini peseltmäge synanyşyklar, hukuk goraýyş meselelerini belli bir bähbitler üçin peýdalanmak howplary goşuldy» diýip, türkmen Bitaraplygynyň mümkinçilikleriniň köptaraplydygyny aýratyn nygtady. Şoňa görä-de, agzalan ugurlarda iş alyp barýan BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri umumy mejlislerde hut şu meseleler boýunça häzirki ýagdaýlara syn berip, olara degişli netijeli çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagynda syýasy erkiň, birek-birege ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgeleriniň iň esasy zerurlykdygyny aýtdylar. BMG-niň Tertipnamasy we onuň ynsanperwer ideýalaryny binýat edinýän Bitaraplygyň türkmen nusgasy bolsa dünýä bileleşiginiň öňünde keserýän häzirki ählumumy meseleleriň çözgüdini tapmakda ygtybarly ýolgörkezijidir.
Öz ýurduňy dünýäniň ykbalyna dahylly etmek, megerem, iň uly mertebedir. Möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary iş ýüzünde amala aşyrmaga dünýä döwletleridir halkara guramalaryny işjeň çekip bilmek — hormatly Prezidentimiziň syýasy Lider hökmünde giňden ykrar edilmeginiň esasy şerti. Ýer ýüzünde parahatçylyk we ynanyşmak ideýalarynyň rowaçlanmagyny ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň mundan beýläk-de adamzadyň bähbidine dowamat-dowam boljakdygyna ynanýarys.
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.