Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek boýunça forumy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek boýunça forumy

Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) Durnukly ösüşi maliýeleşdirmek boýunça forumyna wideoaragatnaşyk arkaly
2021-nji ýylyň 12-15-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda gatnaşyldy.

Foruma Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň ýolbaşçylygynda Ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň hem-de Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Forumda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow wideoýüzlenme arkaly çykyş etdi.

Forumyň ahyrynda Mähriban Watanymyzyň halkara giňişliginde abraý-mertebesiniň belende galmagynda ägirt uly işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi