2021-nji ýylyň marty: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlaryna eýerip

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmagyň meýdançasyna öwrülen halkara häsiýetli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, wekilçilikli forumlar hem-de sergiler ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan «Açyk gapylar» syýasatyny hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek babatyndaky işjeň işiniň aýdyň subutnamasy boldy.

Onlaýn görnüşdäki duşuşyklar ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini giňden açmaga, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — aýry-aýry daşary ýurt döwletleri, şonuň ýaly-da, iri sebit hem-de halkara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna gabatlanyp “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA-nyň arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hanym Kristina Weýganda Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Milletler Guramasynyň pasportlary bolan daşary ýurt raýatlary üçin ýurdumyza gelmegiň we ondan gitmegiň wizasyz tertibini girizmek hakynda Karary barada resmi taýdan habar berýän ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň werbal notasy gowşuryldy.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan BMG-ä möhüm agza döwlet bolup durýar we guramanyň maksatlaryny amal etmek işinde, şol sanda sebitara we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, öňüni alyş diplomatiýasynyň işini ilerletmekde işjeň we möhüm orun eýeleýär.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Halkara Migrasiýa Guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit utgaşdyryjysy, HMG-niň Türkmenistandaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky we Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşde geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna, geljek döwür üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garaldy.

Duşuşygyň barşynda şu ýyl üçin bilelikdäki çäreleriň meýilnamasy jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy, bu meýilnama “Adam söwdasyna garşy göreş hem-de migrantlara kömek” hem-de “Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak” ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Türkmen tarapy sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly milli hem-de sebit derejede bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Mart aýynyň birinji ongünlüginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilermenleriniň iki günlük onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar.

Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutulýan ykdysady syýasatyna laýyklykda, Türkmenistanda oba hojalygynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, şol sanda maldarçylygy, guşçulygy we atçylygy, ylmy seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini ösdürmäge uly üns berilýär.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen geňeşmeler weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyga, haýwanlaryň kesellerini öz wagtynda anyklamaga hem-de öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.

Dostlukly döwletleriň daşary işler ministrleriniň 6-njy martda geçirilen duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň sebit hem-de halkara düzümlerdäki bilelikdäki hereketlerini nazara almak bilen, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabada iş sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky parahatçylykly gepleşikleri ilerletmek işinde Türkmenistanyň we onuň Lideriniň işjeň ornuny belledi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen möhüm başlangyçlarda öz beýanyny tapdy. Mewlüt Çawuşoglu Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, türk tarapynyň sebitiň ykdysady taýdan goşulyşmak üçin üstaşyr ulag we energetika geçelgelerini giňeltmegiň üstünde işlemäge taýýardygyny aýtdy.

9-njy martda onlaýn görnüşde geçirilen okuw maslahatynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Oňa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Smitson institutynyň milli tebigy taryh muzeýiniň, muzeý işini guramak ulgamynda ýöriteleşdirilen “Gallagher & Associates” kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, muzeýleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň türkmen halkynyň hakyky taryhyny we baý medeni mirasyny öwrenmegi hem-de dikeltmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri hökmünde kesgitländigi bellenildi. Milli mirasy wagyz etmekde muzeýlere aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda olar bahasyna ýetip bolmajak halk baýlygyny goramak bilen çäklenmän, eýsem, iri ylmy merkezler hem bolup durýar.

10-njy martda Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Baş direktory Gaý Raýder bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar pandemiýanyň dünýädäki durmuş-ykdysady ösüşe täsirini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, sebit we halkara derejelerde gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň HZG-niň konwensiýalaryna goşulmagynyň meselelerine garaldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde “Bütinrussiýa döwlet telewizion we radiogepleşikler kompaniýasy” Federal döwlet unitar kärhanasynyň wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde maglumatlary alyşmak ulgamynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de “Bütinrussiýa döwlet telewizion we radiogepleşikler kompaniýasy” Federal döwlet unitar kärhanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

10-njy martda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde Aziýanyň ösüş banky tarapyndan guralan ýörite onlaýn maslahat awiasiýa we syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklara bagyşlandy. Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama — bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” taslamasynyň esasy ugurlaryna aýratyn üns berildi. Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi netijeli sebit gatnaşyklaryny ösdürmäge, ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak üçin iri maýa goýumlaryny çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion ösüşine ýardam etmelidir.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda 11-nji martda geçirilen onlaýn duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny tassykladylar.

Şol gün onlaýn görnüşde Türkmenistanyň we halkara guramalaryň wekilleriniň ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça duşuşygy geçirildi. Serhetden geçmegi aňsatlaşdyrmak we sazlaşdyrmak ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Şu ýylyň fewral aýynda geçirilen hem-de synag, howpsuz we arassaçylyk-epidemiologiýa nukdaýnazaryndan üstaşyr ulag kerwenlerini guramaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ösdürmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamyny sanlylaşdyrmaga degişli bilermenler duşuşyklarynyň netijeleri boýunça taýýarlanylan maslahatlara garaldy.

Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň “GDA — 30” halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän çärelere — wirtual sergä hem-de syýahatçylyk kongresine gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň ýörite elektron binýadynda hödürlän diwarlyklary geljekki daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem-de köp sanly internet tomaşaçylary Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler, ähli ulgamlarda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin bar bolan eksport mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 30 ýyllygyna gabatlanylyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de welaýatlaryň iri kitaphanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde “Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi” atly iki günlük halkara forum geçirildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanda kitaphana işiniň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns merkezinde durýandygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny we häzirki döwürdäki üstünliklerini wagyz etmäge, türkmenistanlylaryň aň-paýhas taýdan ösmegine hem-de watançylyk taýdan terbiýelenmegine ýardam berýän milli ruhy mirasymyzy saklaýan ylym-bilim we medeni merkezler hökmünde kitaphanalaryň eýeleýän ornuny aýratyn belleýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 89-njy mejlisiniň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlary, şol sanda koronawirus ýokanjynyň ýaramaz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

12-nji martda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, TSTB tarapyndan bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirilýändigi, JCB kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, umumy netijeliligi ýokarlandyrmak, harajatlary azaltmak hem-de öndürijiligi giňeltmek üçin iň täze elýeterli tehnologiýalar boýunça maglumatlary bermek babatynda birleşme bilen bilelikde işlemäge taýýardygy beýan edildi.

15-nji martda türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň “Somo Al Mamlakah” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň nebitgaz we himiýa pudagynda, şeýle hem maýa goýum ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy. Ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygyny ilerletmek, energetika ulgamyndaky beýleki geljegi uly taslamalar boýunça bilelikdäki işi işjeňleşdirmegiň zerurdygy aýratyn bellenildi.

16-njy martda ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Bu çäre Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Ýurdumyzyň wekilleri bu ulgamda Türkmenistanyň kanunçylygyna syn bermek bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zenanlaryň orny hakynda çykyş etdiler. Deň hukuklar we azatlyklar, erkekler we zenanlar üçin deň mümkinçilikleri döretmek ýörelgesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan baş ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

17-nji martda Daşary işler ministrliginde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) durnukly ösüş boýunça wideomaslahat görnüşinde geçirilen sebit forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň maksady bu düzüm tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi babatynda sebitde amala aşyrylan işleri hem-de bu ugurda gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek ulgamynda amala aşyrylýan çärelere aýratyn üns berildi.

Geçen aýda geçirilen “Binagärlik sungatynyň taryhy we medeniýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde «Binagärlik we gurluşyk ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylyň esasy çäreleriniň birine öwrüldi.

Mart aýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, daşary ýurtly kärdeşleri, hususan-da, Germaniýanyň esasy hassahanalarynyň hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga ýardam etmäge gönükdirilen onlaýn teleköprüleriň tapgyry geçirildi.

17-nji martda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Daşary işler ministrligi Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde “BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna barýan ýolda (COP26): howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň tagallalary we geljek üçin mümkinçilikler” atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligi gurady. Şu ýylyň noýabr aýynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriljek COP26 maslahatyna bagyşlanan duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň ählumumy howa ylalaşyklarynyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygy nygtaldy.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň 18-nji martynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

19-njy martda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Awstriýa-türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guralan onlaýn duşuşyk ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Awstriýada işleýän diplomatlary, Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili we beýlekiler gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny tassyklap, şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagynyň hem-de medeni-ynsanperwer ulgamda we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky wekilhanalary dürli çäreleri — “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklary, konsertleri, şeýle hem sergileri guradylar. Şol sergilerde türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary, şol sanda milli şaý-sepler, elde dokalan haly önümleri we beýlekiler görkezildi.

23-nji martda Daşary işler ministrliginde onlaýn görnüşde Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň berkidilýändigini belläp, Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini rejeli ulanmak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň 24-nji martda Daşary işler ministrliginde geçirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibine abraýly düzümler bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek, milli meýilnamalary we maksatnamalary, hususan-da, bilelikdäki iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmegiň usullary we gurallary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga milli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda abraýly daşary ýurt teleradiogepleşikler guramalarynyň wekilleri hem-de 18 döwletden habarlar agentlikleriniň habarçylarynyň 80-e golaýy gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylarynyň pikirine görä, Milletler Bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň goldanylmagy häzirki dünýä syýasatynda türkmen Bitaraplygynyň gurallarynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

25-nji martda wideomaslahat görnüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň çäklerinde söwdany we maýa goýumlary goldamak boýunça ýokary derejeli toparyň sekizinji mejlisi geçirildi. Taraplar bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylyşyny, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyna garadylar.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hiroýuki Tsubai bilen wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar. Şol syýasat iki dostlukly döwletiň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň okgunly ösmegini şertlendirýär.

Mejlisiň wekilleri 22 — 26-njy mart aralygynda Parlamentara birleşik tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen parlamentariler üçin okuw maslahatyna gatnaşdylar. Adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmakda, jemagat hyzmatlaryny sanly ulgama geçirmekde, parlamentara diplomatiýany ösdürmekde parlamentara toparlaryň ornuny pugtalandyrmakda parlamentarileriň möhüm orny barada gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

29-njy martda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýaşlar forumy geçirildi. Bu çäre milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň medeniýetini pugtalandyrmak işine ýaş nesli çekmegiň gurallaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin özboluşly meýdança öwrüldi.

Mart aýynyň ahyrynda Fransiýanyň “MEDEF International” telekeçiler assosiasiýasy we iki döwletiň diplomatik wekilhanalary tarapyndan guralan ýörite maslahat oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselesine bagyşlandy. Obasenagat toplumynda işleýän iri fransuz kompaniýalarynyň 35-e golaýynyň ýolbaşçylary ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwaty, eksport we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda bu ulgamda amala aşyrylýan geljegi uly taslamalara gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şol gün Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan-Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy merkezleriniň biri bolan ýurdumyz häzirki döwürde sebitde durnuklylygyň sütüni hökmünde çykyş edip, dünýäniň döwletleri bilen belent ynsanperwer gymmatlyklar esasynda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny hemişe tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgam arkaly geçirilen “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara maslahat geçen aýyň möhüm ähmiýetli wakalarynyň birine öwrüldi. Bu maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim ministrlikleri we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy. Foruma onlaýn arkaly gatnaşmak üçin Owganystandan, Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Hytaýdan, Pakistandan, Russiýadan, Täjigistandan diplomatlar we belli alymlar çagyryldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, türkmen halky umumadamzat ruhy genji-hazynasyna saldamly goşant goşdy. Alymlaryň pikirine görä, bu maslahat beýik taryhy şahsyýetiň — Baýram han Türkmeniň durmuş we döredijilik ýoly baradaky bilimleri ep-esli giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara ylmy we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga-da giň mümkinçilik berdi.

Geçen aýyň wakalarynyň syny milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Şol syýasat özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge gönükdirilendir.

(TDH)


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25838?type=feed