Kämil kanunlara daýanyp

Her bir kanun esasynda ýörelen dogry ýol kämillige alyp barýar. Kanunçylygyň höküm sürýän ýurdunda adalatyň dabaralanýandygyna, halallygyň, agzybirligiň, abadançylygyň höküm sürýändigine aýdyň göz ýetirmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda geçirilýän düýpli özgertmeler demokratiýany, milli kanunçylygy mundan beýläk-de ösdürmekde, adalat jemgyýetiniň binýadyny berkitmekde öz miwesini berýär. Gahryman Arkadagymyz ýurtda kanunlaryň, tertip-düzgüniň ähli raýatlar, guramalar, edaralar tarapyndan doly hem dogry berjaý edilmeginiň degişli edaralar tarapyndan berk gözegçilikde saklanmagyny talap edýär.

2018-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary tarapyndan «Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Aýratyn-da, häzirki döwürde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, teleradiogepleşiklere möhüm orun degişlidigi bellenildi. Bu kanun 53 maddadan ybarat bolup, ol resmi taýdan çap edilen gününden, ýagny 2018-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan, gol çekilenden soň güýje girdi. 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Şol sanda «Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esaslary hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Türkmenistanyň mejlisiniň 2018-nji ýyl üçin hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamalary kabul edildi. 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň üçünji maslahatynda hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasyna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi.

Durmuş syýasatyny amala aşyrmakda türkmenistanlylaryň döwrebap, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlaryny edinmeklerine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge aýratyn üns berilýär. Bu meseleler milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda ýaşaýyş jaý gurluşygy ýurdumyzda uly ösüşlere eýe boldy. Ýaşaýyş toplumlary gurlanda ähli zerur bolan durmuş-ykdysady düzüm — dükanlar, söwda nokatlary, çagalar we sport meýdançalary hem bilelikde bina edilýär. Halkymyzyň girdejisiniň artmagyny, hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny, şeýle hem maliýe taýdan goldaw bermek üçin durmuşa geçirilýän çäreleri hasaba almak bilen, täze taryhy eýýamda ilatyň aglaba böleginiň paýtagtymyzda dikeldilýän ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny edinmäge mümkinçilikleri bardyr. Ilatyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen ilkibaşda 10 göterimini tölemek şerti bilen, 30 ýyl möhlete çenli ýylda bir göterimine uzakmöhletleýin karzlar berilýär. Ýeňillikli döwür 5 ýyla çenli saklanýar we bu döwürde karz boýunça esasy bergi tölenmän, karz üçin göterim tölenýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda türkmen obasyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda bitirilen beýik işler mähriban halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşiniň gönüden-göni oba adamlarynyň ýaşaýyş hem-de öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur bolan amatly şertleri döretmek bilen baglydygy aýratyn guwandyryjydyr.

Goý, ata Watanymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Orazmyrat GURBANOW,

Berkararlyk etrabynyň prokuraturasynyň sülçüsi, 3-nji derejeli ýurist


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25928