Ykdysadyýetiň iň gadymy pudagy bolan oba hojalygynda telekeçiligiň orny hemişe kesgitleýji häsiýete eýe bolupdyr. Ýaşy 10 — 12 müň ýyl hasaplanýan oba hojalygy, dogrusy, telekeçiligiň döremegine getiren pudakdyr. Hawa, adama tebigatyň taýýar zatlaryny awlamak we meýdandan ýygnamak arkaly güzeran aýlamak çetin bolup ugran zamanyndan başlap, maldarçylyk we ekerançylyk pudaklarynyň döremegine zerurlyk ýüze çykýar. Öndüren azygynyň artykmajyny başga bir gerekli zat bilen çalyşmak arkaly başlanan söwda — telekeçiligiň iň ilki dörän ugry bolýar. Taryhda juda uzaga çeken bu ýagdaý bazar gatnaşyklarynyň ösmegine hem zerurlyk, hem şert bolup çykyş edýär. Şeýdibem, bu ýagdaýyň hut telekeçiligiň pelsepesi bolup galandygy aýdylsa, ýalňyş bolmasa gerek. Çünki hatda ýekebara maşgala hem hususyýetçi hökmünde söwda gatnaşyklaryna barha işjeň girip, maşgalasynyň çäginde telekeçä öwrülýär gidiberýär. Diňe meýilnamaly ykdysadyýetiň taryhy jähetden az salym agalyk eden ýurtlarynda bu tebigylyk bozulýar. Indi bolsa şeýle ýurtlaryň hemmesinde diýen ýaly, bazar gatnaşyklarynyň artykmaçlygyna dogry düşünilip, telekeçilik taryhy ornuny dikeldip, häzir bu bähbitli filosofiýa doly güýjünde öz pragmatiki ýoly bilen tutuş dünýäni ösüşlerden-ösüşlere iterýän zeruryýetlige öwrüldi. Dünýäniň iň öňdebaryjy usullaryny çelgi-ýörelge edinýän Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda 30 ýyl içinde, ylaýta-da, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bu ugurda uludan-uly ösüşler gazanyldy. Hut şu döwürde dörän bu ulgam oba hojalygyna örňeşip barýar. Şunda telekeçileriň ilkinji, düýpli işleriniň biri döwrebap ýyladyşhanalary gurup ulanmagy boldy. ÝYLADYŞHANALAR BOSSANY Hormatly Prezidentimiziň 25-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýylady şhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şular ýaly täze bina edilen ýyladyşhanalaryň işine ak pata bermegi bilen, bu ugurda bize ýene-de iňňän gowy hem ýakymly zatlar aýan boldy. Hawa, ýyladyşhanalaryň esasy artykmaçlygy onda adama zerur witaminlere bol gök we miwe önümleriniň aýny çagy — gyşdyr alabaharda ýetişdirilýändigi bolsa gerek. Ýöne bu bary däl. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligi suwarymly ýerleriň galaba bölegini tutýar. Diýmek, biri-birinden gymmatly, dogrusy, mukaddeslik derejesindäki baýlyklaryň has netijeli peýdalanylmagy ýyladyşhanalaryň ýene bir tapylgysyz artykmaçlygydyr. Hasyllylygy birküç däl-de, hakyt 10 esseläp ýokary bolýan bu desgalaryň 1 gektaryndaky hasyly açyk meýdandan aljak bolsaň, 10 gektar ýer gerek. Onsoňam, tutuş Ýer ýüzünde bolup geçýän we barha depginleşýän urbanizasiýa hadysasy — ilatyň obalardan diňe bir uly şäherlere göçüp barmagy netijesinde bolman, gaýtam, gadymy obalaryň şäherleşmegi — şähere öwrülmegi ýaly ýagdaýlar bilen üsti ýetirilýär. Şeýdibem, ýurduň sebitleriniň ähli ýerlerinde ilatyň giň-endigan ýaýramagyna oňyn şert döreýär. Hawa, döwrebap ýyladyşhanalar, sebitlerde yzygiderli gurulýan we işe girizilýän gaýry möhüm önümçilik we medeni-durmuş desgalar bilen bir hatarda, oba ilatynyň hünär derejesiniň şäherlerdäki ýaly kämilleşip, daýhanlaryň aň-düşünjeleriniň ýokarlanmagyna getirýär. Ilat, ylaýta-da, ýaş ösdürimler hut şular ýaly şertlerde işlemäge höwesli. Ýene bir möhüm zat, ýyladyşhanalaryň telekeçileriň serişdeleriniň hasabyna gurulmagy we ulanylmagy önümçilikde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak wezipesine laýyk gelýär. Munuň özi ösen bazar ykdysadyýetiniň esasy şerti ahyryn! Şu ýerde biziň «gyşy ýazy küýsetmeýär» diýilýän howa şertlerimizde ýyladyşhanalarda önüm ýetişdirmegiň daşarky bazarlarda barha ýitileşýän bäsdeşlikde rüstem geljek şertleriniň bardygyny belläp geçen ýagşy: bu desgalardaky esasy çykdajylaryň biri — energiýanyň ýurduň özünde öndürilýändigi üçin bahasynyň bizde has pesdigi, ylaýta-da, onuň has az sarp bolýandygydyr. Netije eýýäm belli: geçen ýylyň eksporty öňňilkiden 70 göterim köp. Internet maglumatlarynda getirilişi ýaly, ýyladyşhanalaryň pomidor önümçiligi bu ugurda iň düşewüntlisi. Bu ýagdaý biziň telekeçilerimiziň işinde hem öz beýanyny tapýar. Diňe “Ýigit” hojalyk jemgyýetinde pomidoryň 15 görnüşi ýetişdirilip, meýdany 34 gektardan gowrak ýyladyşhanada 450 adama iş orny bar. Bu ýerde ýene bir gowulyk görünýär: oba ýerlerindäki möwsümleýin işe derek indi ýylboýy eklenç-gazanç getirýän, özem hemmä, şol sanda ýaşlara gyzykly hem medeniýeti ýokary önümçilik barha giň gerimde ösdürilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda jemi meýdany eýýäm 400 gektardan aňry geçen, bu gözel, täze lälezarlygy biz ähli ýana gowulygyň buşlukçysy diýip, kalbymyzda bireýýäm ykraryny tapan ýaýrawynyň has giň boljagyna öňünden begenýäris. ÝER GURPLY — MAL GURAT Telekeçileriň maldarçylyk bilen ymykly meşgullanyp, indi hatda garaşylanyndan-da has oňat netijeleri gazanýanlary hem az däl. Munuň bir mysalyny hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik we durmuş maksatly döwrebap binalaryny we desgalaryny gurmak hem-de bolanlarynyň durkuny täzelemek hakynda» Karary esasynda gurlan we 2014-nji ýylyň 25-nji iýunynda milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda uly dabara bilen açylan «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumynda hem görmek bolýar. Garaşsyzlyk ýyllaryndan ozal, «Bu ýerlerden ibaly ekin-hasyl almarsyň» diýlip, birgiden giň, tekiz düzdügine garamazdan, ugry kän bir indelmedik şorsawlygyň gerşinde dörän we töweregi gurşan häzirki nurana görnüş uly ýoly syryp barýarkaňam mese-mälim welin, Garagum derýasynyň 818-nji kilometrligindäki köprüden gaýrak sowlaýsaň-a, ynsan eli bilen döredilen lälezarlyklar ýaýlasy «Be-e, hakyt şypahanalyga, dynç alşa jaý ýerler eken» diýdirýär. Garadaşaýak we Babarap obalarynyň ara-gaýrasynda, emeli derýanyň diňe sag kenaryny däl, alys-aňrylaryny gurşan gök zolagyň bu gündogar çeti bolsa seni ýolugruna we baran edaraň alnyndaky çynardyr şatuduň, sosnadyr tuýanyň goýy-goýry saýasy bilen garşylaýar. Şeýdibem, ykdysadyýet, ekologiýa we estetika ýaly, göräýmäge biri-birine az dahylly düşünjeler birleşýär, sazlaşýar gidiberýär. Şunda biziň gözümiz öwrenişen daragtymyz — şatuduň has boldumly, aýratyn başyna gören ýaly ösmegi ýakyn geçmiş bilen deňeşdirmeleri sere getirdi. Ýüpek gurçugyny tutýarkak, olaryň obalarda gytlygyndan ýaňa, Aşgabat, Arçabil ýaly ýerlerden hem tut gözlänimiz sebäplidir-dä, muňa şol mahallardan başlap, üşük-üntüşik eden zadymyz — tut ýapraklarynyň aýaňy ýapýanlaryna-da seýrek duşan kişi hökmünde, hakyt ýüzüňi doly örtjek, ýaprakly tutlar, ine, şu ýerde ýaşuly çagymyz birinji gezek duşdy. Bägüllerdir güller bilen örtülen bu gunduz binalar we gelşikli howly mallar üçin gurlan diýseň, ozalky döwri görenleriň ynanmasy kyn bolar. Ýöne bu dus-dury we goýry ýaşyllyga çümüberen ymaratlar — «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň maldarçylyk toplumy. Gurlanyna bary-ýogy 6 ýyl bolan bu häzirki zaman binalary, ylla, ozaldan oturan ýaly: jaýlaryň durky ýaşyl gurşawa, gurşaw — binalara ýaraşyp dur. ...Mülk ýeriniň özi 650 gektarlyk bu hojalyk jemgyýetiniň 370 gektary ekin dolanyşygynda. Munuň üstesine-de, geçen möwsümde Anzarowyň adyna alnan kärende ýeriň 500 gektarynda pagta ekilse, 750 gektarlyk ýerde bugdaý ekilipdir. Işiň möçberi we köpugurlylygy depginliligi hem gerimliligi talap edýär. Dogrusy, şunça meýdandaky işleri ozallar bir kärendeçi däl-de, tutuş edara boýun alýardy. Onsoňam, süýt ýaly ynjyk zatdan önümleriň 19 görnüşini täzeligi bilen ilata ýetirmek hem hele-müçük iş däl. Aslynda, maldaryň işi belli bir möwsüm ýa-da günüň belli bir wagty bilen çäklenmeýär. Mala gije-gündizläp we arly ýyllap ideg zerur. Onsoňam, süýt berýän mallary her 5-6 ýyldan çalşyp durmaly. Şunda has önümli tohumy ýitirmän saklamagyň alada-tagallasy hemişelik iş. Galyberse-de, mallaryň süýdi iň köp berýän mahaly hem biziň çakymyzdan has az ekeni: gölelän we owlaklan badyna, has laýygy, ilkinji 100 gün. Diýmek, garran maly saklamak amatly däl. Ýaşlaryny-da ýylboýy sagyp ýörmek ýa-da süýdüň hili haýsy döwür has gowy — geljekde göz öňünde tutuljak, diýmek, ylmy-amaly jähetden öwreneniňe degýän mesele. Hawa, bu ýerde indi töwerege-de ýaýraberen, derwaýyslygy barha artýan tejribe toplanyldy: maldarçylyk daýhançylyk bilen utgaşykly alnyp barylýar. Bu, aslynda, tebigy bolaýmaly ýagdaý, onsoň netije hem oňat: geçen möwsümde ýyglan 3 müň tonna barabar ak bugdaýyň hasyllylygy 40 sentnere ýakyn. Iýmlik ekilen, süledir bugdaý tohumlaryny çakyşdyrylyp alnan gara bugdaýyň hasyllylygy bolsa 60 — 70 sentner. Dänelik we siloslyk mekgejöweni hem-de soýadyr ýorunjany ekmek öň ýola düşen iş. Ot-iýmlik ekinleriň artykmajyny ýerlemek hem mesele däl: ýurduň dürli sebitlerinden üstüňe gelip alyp durlar. BAHAR REPORTAŽY Gökdepeden günbatara çykybereniňde, ulagyň ýaňy bir doly bat alyp başlan mahaly, ýoluň gaýrasynda agyl-bassyrmadaky düýeler seniň ünsüňi çeker. Uly ýoluň ýakasynda ýaşyl baga bürenip oturan «Gala» kafesinde düşläp geçýänlere hödürlenýän çal, ine, şol düýeleriňki eken. Muny düýe agylynyň öňündäki ak jaýdan çykan çalçy gelin bilen bolan gürrüňdeşlikden bilip galdym. Aýsona Akmyradowa indi iki ýyl bäri şu ýerde, ýerli adamlaryň aýdyşy ýaly, çal tutýandygyny aýtdy. Ýolagçylaryň, ylaýta-da, uzak ýola barýan uly awtoulaglaryň sürüjileriniň düşelgesine öwrülen bu kafe — hut telekeçileriň hyzmat täzeligi. Bu ýolugra gabat gelen täzelik bolsa, maňa Bäherdende has gowy maglumatlar garaşýan eken. Etrap häkimliginiň oba hojalygynda özgertmeleriň we döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagy bölüminiň müdiri Ýusup Myradow bilen gysga söhbedimizde köp zatlary bilip galdym. Bölümiň täze adyndan başlap, telekeçileriň şeýle möhüm işlere ymykly girişmegini üpjün edýän strategik ugurlar — gallaçylykda we pagtaçylykda uzak möhletleýin berilýän kärende ýerlerinde ur-tut işe başlan we uly tamalar edilýän işewürleriň juda kändigini, olaryň birnäçesiniň bolsa eýýäm adynyň gazetde tutulmagyny zerur hasaplan Ýusup säginmezden, şeýle sanawy kagyza geçirdi. Daşgeldi Çakanow, Altymyrat Gowşakow we Ýaran Satlykow dagy sanawyň başynda getirilenler. Şeýle telekeçileriň ýurdumyzyň islendik etrabynda az däldiginden çen tutup, tutuş oba hojalygynda, ylaýta-da, bu ugurlarda ösen bazar gatnaşyklarynyň doly we dogry girizilmegi bilen, ýakyn wagtlarda uly sepgitlere ýetiljekdigini duýsa bolýar. Şeýlelikde, oba hojalygyndaky diwersifikasiýa hem ýekebara kärendeçilere, hem daýhan hojalyklarydyr birleşiklerine, şol sanda döwlete deň bähbitli ýoly-täri tapar. Çünki telekeçiler öz zandy-tebigatyna görä, işine ussat daýhandyr maldarlary tapyp, işiň iň arzan, bähbitli we tiz-dessin bolýan täzeden-täze usullaryny bu pudakda hem giňden ornaşdyrarlar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25824