Habarlar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

9. Nebitgaz toplumy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy innowasion esasda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda kabul eden maksatnamalarynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyna uly orun berilýär.

BMG tarapyndan kabul edilen “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini” üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti hökmünde energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatda eden çykyşynda: “Tebigy gazyň ägirt uly dünýä gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan dünýäniň energiýa serişdelerine adalatly hem-de deňhukukly elýeterliligiň üpjün edilmeginiň yzygiderli tarapdary bolup durýar. Ähli taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, ygtybarly we durnukly energiýa geçirijiler ulgamynyň döredilmegi şu maksada ýetmegiň esasy ýollarynyň biridir” diýip nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz BMG-niň çäklerinde energetika meselesi boýunça giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna başlamagy teklip etdi hem-de Baş Assambleýanyň goldawyna mynasyp bolan Kararnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlady. Şol mejlisiň dowamynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň eýeleýän orny” atly Kararnamanyň taslamasy hödürlenildi.

“Türkmenistanyň dünýäniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň ählumumy ykdysady ösüşiniň, adamlaryň abadançylygynyň, özara bähbitli gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň bähbidine gulluk etjekdigine pugta ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Dekabryň başynda şanly senä — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

“Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň guramagynda geçirilen foruma 32 ýurtdan nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, maliýe edaralarynyň, diplomatik hem-de ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dünýäde halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler sebäpli, daşary ýurtly wekiliýetleriň köpüsi ara alyp maslahatlaşmalara sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly goşuldylar.

Maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan energetika diplomatiýasyna aýratyn üns berildi. Diýarymyzyň özboluşly halkara hukuk ýagdaýy şol diplomatiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

COVID-19-dan soňky döwürde tebigy gazyň dünýäniň ykdysadyýetini dikeltmekdäki hem-de durnukly energetika geçmekdäki orny, transmilli gaz geçirijileri durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň esasy gurallary ýaly meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny integrirlemek ideýasyny yzygiderli öňe sürýär. Bu ulgamda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak babatdaky ählumumy meseleleri çözmek nukdaýnazardan ekologiýa taýdan arassa energiýany ulanmaga geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eýýäm 11 ýyldan gowrak wagt bäri durnukly işleýän Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi muňa mysal bolup biler. Häzirki wagtda transmilli magistralyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak hem-de düzümlerini ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär.

2020-nji ýylda Amyderýanyň sag kenarynda “Günbatar Joramergen”, “Gökmiýar” we “Daşrabat” ýataklarynda önümçilik desgalarynyň gurluşygyna girişildi. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginiň gündogar böleginde ýerleşýän bu ýataklardan gözleg-abadanlaşdyryş hem-de işläp bejermek işlerini Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerinde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) alyp barýar.

Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň şahalarynyň biriniň başlanýan ýeri bolan “Malaý” gaz ýatagynda täze gaz gysyjy beketde gurluşyk işleri tamamlandy. Ýylda kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan, döwrebap tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edilen toplum doly awtomatlaşdyryldy. Ol “Malaý”, “Döwletabat” we “Galkynyş” ýataklarynda çykarylýan gazyň basyşyny ýokarlandyrmaga niýetlenendir.

Tebigy gazyň durnukly hem-de ygtybarly eksportyny üpjün etmäge gönükdirilen bu taslama “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyryldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň ägirt uly geosyýasy hem-de geoykdysady ähmiýeti bardyr. Täze energetika magistraly diňe bir Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen gazynyň uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmäge gönükdirilmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegi, parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin kuwwatly itergi bolar.

Bu Owganystanda parahatçylygyň üpjün edilmegi, onuň durmuş-ykdysady düzümleriniň dikeldilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmekde wajypdyr. Bu bolsa, öz gezeginde, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Biziň günorta goňşymyz gazyň belli bir möçberinden başga-da, öz çäklerinden türkmen energiýa serişdelerini üstaşyr geçirendigi üçin uly girdeji alar.

Bu taslama iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinjisiniň çäklerinde turba geçirijilerden 5-den 6 milliard kub metre çenli erkin gaz akymy üpjün ediler. Kompressor beketleri gurlandan soň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýyllyk kuwwatlylygy 33 milliard kub metre çenli artdyrylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “SCADA” telemehanika, dolandyryş we aragatnaşyk ulgamyny, şonuň ýaly-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň türkmen böleginde gaz ölçeýji beket üçin enjamlar toplumyny getirmek hem-de gurnamak işlerini Malaýziýanyň “Serba Dinamik Sdn.Bhd” kompaniýasy ýerine ýetirer.

2020-nji ýylyň sentýabrynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hem-de “TAPI Pipeline Limited” we “Afghan Gas Enterprise” gaz kompaniýalarynyň arasynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny döretmek we ösdürmek boýunça Ähtnama gol çekildi.

Şunuň ýaly ägirt uly taslamalary durmuşa geçirmegiň barşynda toplanylan peýdaly tejribe gaz-ulag düzümini mundan beýläk-de giňeltmekde — Hazarüsti turba geçirijisiniň gurluşygynda ulanylyp bilner. Ýewropa Komissiýasynyň bu gaz geçirijini Ýewropa Bileleşiginiň ileri tutulýan energetika taslamalarynyň sanawyna girizendigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda “Gazprom” bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda tebigy gazy satyn almak hakynda baglaşylan bäş ýyllyk şertnamanyň çäklerinde Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa Federasiýasyna gaz ibermek amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady. Onda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty hem-de beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipe eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine artýan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki pudaklaryň depginli ösüşi bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiziň tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmaga hem-de görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilen ykdysady syýasatyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen döwrebap senagat kärhanalary ulanylmaga berildi.

Şolaryň hatarynda Gyýanlydaky ýokary dykyzlykdaky polietilen hem-de dürli görnüşli polipropilen çykarýan polimer zawody, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň hem-de banklarynyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda bina edilen tebigy gazdan sintetik benzin öndürmek boýunça dünýäde ilkinji zawod bar.

Bu döwrebap gazhimiýa toplumlarynyň önümlerine isleg artýar, onuň eksportunyň çägi giňelýär. Syn berilýän ýylda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy arkaly ýerlenilýän dürli görnüşli polietileniň satylýan möçberi üç esseden gowrak artdy. Daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bu polimeri satyn aldylar. Şolaryň hatarynda Russiýa, Türkiýe, Hytaý, Owganystan, Pakistan, Hindistan, Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlary hem-de GDA-nyň ýurtlary bar.

ECO-93 kysymly benzin ilkibaşda Özbegistanyň respublikan haryt-çig mal biržasynda satuwa goýuldy hem-de Owganystana, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Daniýa we Russiýa eksport edildi. Tebigy gazdan alynýan sintetiki awtoulag ýangyjyna islegiň artmagy onuň ekologiýa häsiýetleri bilen baglydyr. Mälim bolşy ýaly, Euro-5 ekologiýa ölçegine gabat gelýän benzin yzygiderli ulanylanda, ulaglaryň hereketlendirijisinde hapa az ýygnanýar, bu bolsa onuň ulanylyş möhletini iki esse artdyryp, daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaldýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara serginiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni “AFFINIQUE TRADING L.L.C” (BAE), “TransHim” we “Kartli” (Russiýa Federasiýasy), “Marmara Polimer ve Tekstil Ticaret Anonim Şirketi” (Türkiýe) kompaniýalary bilen polimer önümleriniň uly tapgyryny satmak barada şertnama baglaşdy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy “Fawadd Saddiqui Group of Companies Ltd” (Owganystan) kompaniýasy bilen A-80 we A-92 awtoulag benzinini, “Alkagesta Ltd” (Malta) kompaniýasy bilen az kükürtli mazudy satmak barada şertnama baglaşdy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga uly üns berilýändigini nygtamak gerek. Häzirki wagtda türkmen nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanasynyň durkunyň abatlanylmagy hem-de tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi toplumyň paýyna düşýär. Bu ýerde, esasan, ýokary oktanly etilirlenmedik awtoulag benzini, uçar, yşyk hem-de tehniki kerosini, suwuklandyrylan nebit-gazy, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, tehniki çalgy ýaglary we polipropilen hem-de elektronly taplanan koks, ýol hem-de gurluşyk bitumi we beýleki önümler öndürilýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçen 2020-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwatlylygy 70 megawat/sagat bolan gaz turbinaly energiýa bloklarynyň ikisiniň düýbüniň tutulmagy şanly waka boldy. Bu iki desganyň gurluşygy Türkiýe Respublikasynyň “Çalyk Enerji” kompaniýasyna ynanyldy. Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň energiýa güýjenmesini peseltmek hem-de ony sarp edijilere paýlamak üçin niýetlenen esasy elektrik beketleriniň ikisi döwrebaplaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, “INVEST Enterprises Limited” (HHR) kompaniýasy we “Azap” hususy kärhanasy bilen degişli şertnama baglaşyldy.

Bu taslamalar Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bar bolan hem-de gurulýan täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir. Olaryň biri haýal kokslandyrma hem-de gudronyň deasfaltizasiýa desgasy bolup, häzirki wagtda zawodlar toplumynda onuň gurluşygy alnyp barylýar.

“WTL FZE” (BAE) we “Westport Trading Europe Limited» (ABŞ) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan amala aşyrylýan taslamanyň esasy wezipesi gudronyň hem-de mazudyň agyr galyndylaryny gaýtadan işlemekdir. Nebitiň düýpli gaýtadan işlenilişini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, desganyň işe girizilmegi suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň öndürilýän möçberini artdyrmaga hem-de goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň baş ugruny” tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmagy işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirilýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçilikleri jikme-jik seljeriler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary, häzirki zaman talaplaryny hem-de dünýä bazarlarynyň isleglerini göz öňünde tutmak bilen nebit önümleriniň zerur görnüşleri kesgitlener.

Hususan-da, Türkmenbaşydaky we Seýdidäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebiti düýpli gaýtadan işlemegiň görkezijisini 90 göterimden hem artdyrmaga mümkinçilik berýän täze tehnologiýa desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

Şolaryň hatarynda dizel fraksiýalaryny hem-de benzini gidroarassalaýjy, katalitik kreking we wodorod önümçiligi toplumyny kokslamak enjamlar toplumlary, nebiti gaýtadan işlemegiň önümleriniň agyr galyndylarynyň katalitik krekingi desgasy, ýokary hilli binýatlaýyn tehniki ýaglaryň önümçiligi boýunça desga bar.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasynda Ahal welaýatynda sintetiki benzin öndürýän kärhananyň ikinji nobatdakysyny, Balkan welaýatynda metildietanolamin önümçiligi boýunça desgany hem-de Gyýanlydaky polimer zawodynda izobutan öndürýän toplumy, kauçuk, polistirol, poliwinilasetat, metanom we beýlekileri öndürmek boýunça zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar.

Tutuşlygyna alanyňda, bularyň bary ykdysadyýetimiziň innowasion esasyny güýçlendirmäge, eksportda ýokary, goşmaça bahaly önümleriň paýyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geçen ýyl “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň ulanylmaga berlendigini bellemek gerek. Desga konserniň buýurmasy boýunça Koreýa Respublikasynyň, has takygy, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýumlarynyň gatnaşmagynda bina edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin öňde goýan wajyp wezipeleriniň hatarynda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň mukdaryny artdyrmak, täze uglewodorod ýataklaryny gözlemegiň hem-de barlamagyň, buraw işlerini hem-de guýularyň düýpli abatlanylyşyny işjeňleşdirmegiň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýöriteleşdirilen kompaniýalaryny we maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna pudagyň çig mal binýadyny berkitmek wezipeleri bar.

Pudagyň serişdeler binýadyny artdyrmak bilen baglanyşykly iri möçberli maýa goýum taslamalarynyň biri dünýäde iň iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek bolup durýar. Onuň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde, 27 trillion kub metr hasaplanýar.

Häzirki wagtda ýatagyň umumy meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ulanylyş böleginde 40-dan gowrak guýy bolup, olaryň her biriniň bir gije-gündizdäki gaz berijiligi iki million kub metre barabardyr. Bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda şeýle kuwwatlykly meňzeş toplumlar gurulýar, olar TOPH gaz geçirijisini “mawy ýangyç” bilen üpjün eder. Şonuň ýaly-da, täze gözleg we ulanyş guýularynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasy bilen ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodyň deslaplaýyn tehniki taslamasyny taýýarlamak barada şertnama baglaşyldy. Ony “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň maý aýynda Karara gol çekip, “Türkmengaz” döwlet konsernine Birleşen Arap Emirliklerinde hasaba alnan “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” kompaniýasy bilen “Döwletabat” gaz ýatagyndaky guýularyň 30-synda tebigy gazyň çykarylyşynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmat etmek hakynda şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.

Merkezi Garagumdaky gazkondensatly ýataklar toparyna hyzmat edýän “Zäkli — Derweze” gaz arassalaýjy desgalarynda ýyllyk kuwwatlylygy 2 milliard kub metr bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygy alnyp barylýar. “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan “GP Global Equipment Pte Ltd” (Singapur) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, “Derýalyk” önümçilik meýdançasynda täze gaz guradyjy desgany doly taýýar edip gurmak üçin potratçylary saýlap almak, “Bagaja” gazy gaýtadan işleýän toplumynyň birinji we ikinji tehnologiýa şahalaryny enjamlaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara bäsleşikler geçirilýär.

Balkan welaýatynda “Körpeje” gaz gysyjy bekedini tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrmak dowam etdirilýär. Ýyllyk kuwwatlylygy 4 milliard kub metr gaza barabar bolan bu senagat toplumy 2005-nji ýylda ulanylmaga berildi. Ol “MAN Diesel & Turbo” (Germaniýa) kompaniýasynyň gazturbina enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Olary düýpli abatlamak işi “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Russiýanyň “KER-Holding” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň ýokary derejesini saklamak ýataklary işläp bejermegiň netijeli tehnologiýalaryny hem-de usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýär. Bu ulgamda daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary ýurtly we türkmenistanly hünärmenleriň bilelikdäki netijeli işi bellenilen maksatlara ýetmäge ýardam edýär.

2020-nji ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, “Türkmennebit” döwlet konsernine Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýularyň 250-sini düýpli abatlamak we olaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi. Şeýlelikde, ozal gol çekilen şertnama 2028-nji ýyla çenli uzaldyldy. Russiýaly hyzmatdaşlaryň maýa goýumlary gaýtadan dikeldilen guýulardan goşmaça çykarylan nebitiň hasabyna gaýtarylar.

Häzir Türkmenistanyň çägi täze uglewodorod ýataklaryny gözläp tapmak nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma döredýär. Muňa mysal hökmünde “Demirgazyk Goturdepe” ýatagyny görkezmek bolar, bu ýerde geçirilen geologiýa gözleg işleriniň barşynda 4 müň metrden gowrak çuňlukda nebit gatlagy tapyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Singapurda bellige alnan “Ýug-Neftegaz” kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrýan maýa goýum taslamasynyň birinji tapgyrynyň çäklerinde, gözleg-barlag we ulanyş guýularynyň, şol sanda eňňit ugurly we kese guýularyň 60-syny gurmak meýilleşdirilýär. Geçirilen synagyň barşynda nebitiň senagat akymlaryny beren guýularyň ilkinjilerini burawlamak işi geçen ýyl tamamlandy.

Separasiýa desgasynyň enjamlaryny geçirmek, “Uzynada” ýatagynda kondensaty taýýarlamak we ýygnamak üçin halkara bäsleşik geçirilýär. Ýeri gelende ýatlasak, bu ýerde ozal çuňlugy 7 müň metrden gowrak bolan guýularyň dördüsi burawlanyp, olardan tebigy gazyň we nebit kondensatly garyndynyň senagat akymlary alyndy.

Bu ýerde nebitçiler bilen bir wagtda gözleg-barlag işlerini “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň kärhanalary alyp barýarlar. Olar aşa çuň guýulary burawlaýarlar.

Lebap welaýatynda “Täjibaý” gaz ýatagynda täze guýulary gurmak işi dowam edýär. Bu ýatak 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berildi. Günbatar sebitden tapawutlylykda, bu ýerde gazyň ýygnanan ýerleri uly bolmadyk çuňluklarda ýerleşýär we özleşdirmek babatda kyn düşmeýär. Esasy zat bolsa olaryň düzüminde, adatça, kükürtli wodorod bolmaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy nebitiň we gazyň, beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işleriniň meýilnamasyny yzygiderli giňeldýär. Döwrebap enjamlary we programma üpjünçiligini peýdalanmak bilen, goşmaça seýsmiki barlaglar ýurdumyzyň nebitgazly ýerleriniň ählisinde geçirilýär.

Hazaryň türkmen bölegindäki ýataklar bilen bagly uly mümkinçilikler bolup, bilermenler olaryň gorlaryna nebitiň we kondensatyň 12,1 milliard tonnasy, şeýle hem gazyň 6,1 trillion kub metri möçberde baha berdiler. Häzir bu ýerde “Petronas Charigali (Türkmenistan)” (Malaýziýa) kompaniýasy işleýär, ol “Toplum-1” şertnamalaýyn çäkde uglewodorodlary gözleýär we çykarýar. Häzirki wagtda “Magtymguly” we “Diýarbekir” ýataklarynda nebiti we gazy çykarmak işleri batly depginde dowam edýär. Ýakyn geljekde “Garagol deňiz” ýatagynyň günbatar böleginde buraw işlerini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär.

“Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy, “Dragon Oil” golçur düzümi (BAE) “Çeleken” şertnamalaýyn çägiň düzümine girýän “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny işläp taýýarlaýar. Şeýle hem bu ýerde deňziň nebitgaz düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi.

Bulardan başga-da, “Buried Hill” kompaniýasy (Kipr), “RWE” we “Wintershall” (Germaniýa), “ARETI” (baş edara binasy Ženewada (Şweýsariýa) ýerleşýär) kompaniýalary bilen birnäçe deňiz toplumlary boýunça önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklar baglaşyldy. “Eni” italýan kompaniýasy (“Nebitdag” şertnamalaýyn çäk) hem-de ençeme ýyl bäri Hazar sebitinde işleýän Awstriýanyň “Mitro International” (“Hazar») konsorsiumy bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Biziň ýurdumyzda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, energonetijeliligi artdyrmak, köpugurly energetika kuwwatyny işjeň ulanmak meselelerine uly üns berilýär. Şu maksat bilen, BMGÖM, ÝHHG, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA) bilen bilelikde Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça milli maksatnama işlenip taýýarlanyldy, onda degişli ugurda ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) atly halkara maslahat, däbe görä, tejribe alyşmak hem-de energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär. 2020-nji ýylda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri, ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek däp bolan görnüşde geçirilmän, Aşgabatdan onlarça ýurtlara onlaýn usulda görkezildi.

XXV ýubileý maslahatyna wideoaragatnaşyk arkaly hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň iri nebitgaz, hyzmat ediş hem-de konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik hem-de ylmy toparlaryň, şonuň ýaly-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň gün tertibinde energetika bazarlarynyň ösüşinde global akymlar, COVID-19 pandemiýasyndan soňra energetika dünýäsinde tebigy gazyň orny, Energetika Hartiýasynyň Şertnamasynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly mowzuklara garaldy. Hazaryň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryna maýa goýumlary çekmek, gaz we nebithimiýa pudaklarynyň täze maýa goýum mümkinçilikleri hem-de beýlekiler gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary öz işleri bilen tanyşdyryş dabaralaryny geçirdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 2-nji fewralynda geçiren iş maslahatynda hem-de Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp, 12-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň esasy meselelerine seredildi.

Mahlasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy, ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri, amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň hemmesi dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22160

02.03.2021
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Aşgabat şäheriniň güni we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň köçelerini abadanlaşdyrmak we arassaçylygy saklamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösüşe yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendigini belläp, şäher hojalygyny, jemagat gulluklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu maksat üçin bu ulgamdaky iň oňat dünýä tejribelerini öwrenmek hem-de şolary gözellik we ekologiýa düzümlerini öz içine alýan abadançylyk boýunça gurluşyk taslamalary hem-de meýilnamalar işlenip taýýarlanylanda ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.

Aşgabadyň binagärlik keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we nusgalyk, döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şöhratly 140 ýyllyk we Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllyk şanly seneleriniň toýuna ýokary derejede taýýarlyk görmek meselesine ünsi çekip, bu wakalara gabatlanylyp geçirilýän çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglylykda, wise-premýere we Aşgabat şäheriniň häkimine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow alnyp barylýan işler, welaýatyň bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarynda bellenen agrotehniki çäreleri talabalaýyk geçirmek, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak ugrunda zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlanylýar, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.

Hasabatyň dowamynda häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurlan döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyp, ulanmaga berilmegine taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Şeýle hem häkim Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin degişli işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, gök öwüsýän maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, welaýatda gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur mukdarda gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň öz topragymyzda öndürilen önümlere islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegi hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmek barada häkime anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi, baglaryň ekiljek ýerleriniň we zerur nahallaryň möwsüme doly taýýarlanylmalydygy barada hem anyk görkezmeleri berdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň Ak bugdaý we Kaka etraplarynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanalary şu ýylyň mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz şonuň ýaly-da, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilýän işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere we häkime ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew günbatar sebitde obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin çäreler barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynyň ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlanylyşy, sürüm we tekizleýiş işleriniň bellenen möhletlerde geçirilmegi babatda degişli işleriň durmuşa geçirilişi hem-de gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, ekerançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek ugrunda yzygiderli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.

Ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, bugdaýa ideg edilişini, hususan-da, bugdaýyň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, ak ekinlere mineral dökünleri bermek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalar edilýär.

Şeýle hem welaýatda täze ýyladyşhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin bellenilen işleriň ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalar edilýär.

Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk senesi mynasybetli, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagy üçin hem degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de bu işleriň öz wagtynda geçirilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ak bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň hem-de meýilleşdirilen beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp, ýazky bag ekmek möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigi, baglaryň ekiljek ýerleriniň we zerur nahallaryň möwsüme doly taýýarlanylmalydygy barada häkime hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz welaýatyň Türkmenbaşy etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, hususan-da, welaýatyň bugdaý ýetişdirilýän meýdanlarynda bellenen agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegi, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak ugrunda zerur işleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Welaýatda gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülýär, ýerler we zerur gowaça tohumlary möwsüme taýýarlanylýar. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň depginini artdyrmak, bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmek ugrunda tagallalar edilýär.

Häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri degişli derejede çözmek boýunça yzygiderli esasda amala aşyrylýan çäreler hem-de bu ýerde gurlan döwrebap ýyladyşhananyň açylyp, ulanmaga berilmegine taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmelidigini belläp, gowaça ekişine degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň depginini güýçlendirip, bu işleri bellenen agrotehniki möhletlerde tamamlamagy tabşyrdy.

Welaýatda ekologiýa abadançylygynyň gözbaşy bolan ýazky bag ekmek möwsümine hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Görogly etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere we häkime ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şonuň ýaly-da, ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýa ideg işleriniň geçirilişi, mineral dökünler bilen iýmitlendirilişi hem-de ekinlere ösüş suwunyň tutulyşy barada bellenip geçildi.

Häkimiň habar berşi ýaly, welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.

Hasabatyň dowamynda häkim ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin bellenilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gazanmak ugrunda yzygiderli tagallalaryň görülýändigini, welaýatyň çäginde gurlan döwrebap ýyladyşhananyň açylyp, ulanmaga berilmegine taýýarlyk görülýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň depginini güýçlendirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, sebitde gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.

Döwlet Baştutanymyz ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin, bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, meýilleşdirilen beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmek barada häkime we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz eziz Diýarymyzda ekologiýa meselesine uly üns berilýändiginden ugur alnyp, ýazky bag ekmek möwsümine hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Çärjew etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler, şonuň ýaly-da, bugdaý meýdanlarynda ideg we ösüş suwuny tutmak işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl almak maksady bilen, bu ekinlere degişli kada laýyklykda ideg edilýär hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin işleriň, şol sanda täze gurlan ýyladyşhananyň bellenilen möhletinde ulanylmaga tabşyrylmagy ugrunda zerur çäreleriň görülýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehniki ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek hem-de gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýeri we zerur gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ekilen ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl öndürmek üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň, şeýle hem meýilleşdirilen beýleki gök-bakja ekinleriniň bellenen möhletlerde ekilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, ýazky bag ekmek möwsümine hem ýokary derejede taýýarlyk görülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sakarçäge etrabynda gök önümleri ýetişdirmäge niýetlenilip gurlan döwrebap ýyladyşhanany mart aýynda ulanmaga bermek üçin zerur işleri geçirmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli welaýatda açylyp, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere we häkime tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabatyny diňledi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda öňde goýan wezipelerini berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, degişli gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak gowaça ekişine taýýarlyk görülmegi ýaly möhüm meselä ünsi çekip, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegi barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, adamlaryň amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda bellenilen işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalygyna suwaryşyň tygşytlaýjy enjamlaryny, täze usullaryny ornaşdyrmak, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň tehniki üpjünçiligini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şol sanda sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyny güýçlendirmek, bu ugurda dünýä tejribesinden peýdalanmak, suw akabalaryny we ýaplary arassalamak işlerini ýola goýmak boýunça işleri talabalaýyk guramagyň möhümdigini aýdyp, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatyny özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, zerur bolan işleri geçirmegi, bu ugurda önüm öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz biziň esasy maksadymyz azyk bolçulygyny üpjün etmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr diýip, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmegi möhüm talapdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22162?type=feed

02.03.2021
Sanly ykdysadyýet — döwrüň möhüm talaby

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň bähbidine, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, gözel Diýarymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilýär. Rowaçlygyň, ösüşleriň aýdyň ýolunda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ylym we tehnika, tehnologiýa babatdaky ösüşleri bilen deň gadam basýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ornaşdyrylýan häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalar muňa doly güwä geçýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda hem nusga alarlyk işler durmuşa geçirilýär. Bu babatdaky zerur çäreler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň» Maksatnamasyna laýyklykda, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap sanly we innowasion tehnologiýalary, halkara tejribesi giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy sazlaşykly işleýän sanly ykdysadyýeti ösdürmäge şert döredýär. Ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýet önümçiligiň täze usullaryny, adamlaryň bilimine we iş endiklerine bildirilýän täze talaplary emele getirýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ykdysady ösüşiň we önümçiligiň depgininiň artdyrylmagyna, dolandyryş düzüminiň kämilleşdirilmegine getirýär. Halkymyzyň abadan, bolelin, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu ykdysady özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygary ýörelge edinen durmuş syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýar.

Milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleri rowaç, belent başy aman bolsun!

Berdimyrat ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22147

02.03.2021
Energetika pudagy üns merkezinde

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 25-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan möhüm wezipeler anyklaşdyryldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Onuň dowamynda milli Liderimiz: «Biz daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman elektrik stansiýalaryny gurduk, bar bolanlarynyň durkuny täzeledik» diýip bellemek bilen, duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan energetika ulgamyna çekdi. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň milli energetika ulgamyny ösdürmegiň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny doly tassyklady.

Bu günki gün Türkmenistan tutuş dünýäde iri energetika döwleti hökmünde tanalýar. Biziň ýurdumyzda degişli ugurda häzirki döwre çenli giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirildi we dünýä jemgyýetçiligine nusgalyk tejribe toplanyldy. Bu bolsa döwletimiziň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmeklige we energetika diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistany elektrik energiýasyny eksport edýän kuwwatly ýurda öwürmäge mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan energetika senagaty düýpli döwrebaplaşdyryldy. Ýokary derejeli tehnologiýalar esasynda pudagyň işi kämilleşdirilip, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberi artdyrylýar. Bu ugurda obalarda, şäherçelerde we etrap merkezlerinde energiýa paýlaýjy ulgamlaryň durky yzygiderli täzelenýär. Öz gezeginde ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň — kuwwatly täze elektrik stansiýalarynyň we elektrik geçirijileriň gurulmagy bilen, milli energetika pudagynyň kuwwaty has-da ýokarlandyrylýar. Munuň özi möhüm geosyýasy we geoykdysady ähmiýetli transmilli elektrik geçirijileri gurmaga ýardam berýär. Muňa şu ýyl Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan, uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» kabul edildi. Bu resminamalar döwletimiziň elektrik energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mejlisiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamalydygyny belledi. Onda ýurt Baştutanymyz «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakynda» Kanuny kabul etmekligiň maksadalaýyk boljakdygyny hem aýratyn nygtady. Bularyň ählisi energetika pudagynyň milli Liderimiziň üns merkezinde saklanýandygyny doly äşgär edýär.

Jumanazar BATMANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22119

02.03.2021
Gazhimiýa zawodynyň döwrebap önümleri

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna 30 ýyl dolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda gazhimiýa senagaty hem güýçli depginler bilen ösýär.

Bagtyýar eýýamda Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti tebigy serişdelerine dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen bu baýlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky alyp barýan işleri, taýsyz tagallalary bilen berkarar döwletimizi bagtyýarlyga besleýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynyň» wezipelerinde ýurdumyzyň iri senagatyny ösdürmek bilen, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksat edinilýär. Munuň özi ykdysadyýete degişli pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, ýokary tehnologiýalaryň üsti bilen gazy we nebiti gaýtadan işlemek, dünýä bazarynda ýokary islege eýe bolan önümleri öndürýän önümçiligi döretmek işleriniň döwrebaplygy bilen aýdyň görünýär. Şol maksatlardan ugur alnyp, 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Gyýanlydaky polimer zawody uly dabara bilen ulanyşa girizildi.

Sebitiň iri senagat desgalarynyň biri bolan bu gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna «Türkmengaz» döwlet konserni koreý we ýapon kompaniýalary bilen bilelikde iri maýa goýumlary amala aşyrdy. Bu toplumyň ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy işlemäge mümkinçiligi bar. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan toplumda her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndürmek göz öňünde tutuldy. Şu möçberdäki önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylýar.

Häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän zawodda ýer astyndan alynýan «mawy ýangyçdan» täze tehnologiýalaryň kömegi bilen polietilen we polipropilen öndürilýär. Bu zawodyň öndürýän ýokary dykyzlykly polietilen we polipropilen önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Kärhanada öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri, ýagny polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar, turbalar, kendir, berk tanaplar, awtoulaglar üçin süzgüçler, egin-eşikler, mebeller, gaplaýyş serişdeleri, azyk önümleri üçin gaplar häzirki döwürde halk hojalygynda giňden peýdalanylýar.

Polietilen öndürýän desgada iki petle görnüşli reaktorlar ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Ol dünýäde täze innowasion enjam hasaplanýar. Bu ýerde dünýä meşhur «Ineos» kompaniýasynyň tehnologiýalary giňden ulanylýar. Onuň ýokary hilli «TDS1097 — 2018» belgili önümi milli standartymyza laýyk gelip, ýokary dykyzlykly polietileniň 7 görnüşini öndürýändigi bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki döwürde zawodda polimer önümleriniň dürli görnüşlerini satmak barada Hazarýaka döwletlerinden Russiýa Federasiýasynyň «Kartli», «Polimer SM», «Belis», «Himtrastreýding», «Politer» ýaly kompaniýalarynyň on birisi, şeýle-de Gazagystanyň «AlemPolymer» kompaniýasy bilen şertnamalar baglaşylypdyr. Umuman, tebigy gazy toplumlaýyn işlemäge uly üns berýän ýurdumyz energiýa serişdelerini uly möçberde iberýän kuwwatly döwlet hökmünde öňe çykyp, dünýäniň energetika bazarynda öz ornuny barha berkidýär. Şuňa laýyklykda, döwletimiz energetika eksportyny ösdürýär. Ýeri gelende aýtsak, harytlary daşary ýurtlara ibermekde Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty möhüm ähmiýete eýedir. Harytlary daşary ýurtlara ugratmakda demir ýol ulaglary bilen hem netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Gyýanlydaky polimer zawodynda bir müňden gowrak adam zähmet çekýär. Olaryň zähmetiniň netijeli bolmagy we mynasyp dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilişi ýaly, ekologiýa bildirilýän talaplar hem pugta berjaý edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda okamagy we öz ugurlary boýunça çuňňur bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle ýaşlaryň ençemesi Gyýanlydaky polimer zawodynda zähmet ýoluny dowam etdirip, ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyna mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýar.

Gyýanlydaky polimer zawodynda alnyp barylýan işler geljekde hem ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, milli senagaty dünýä derejesine çykarmaga, nebitdir gazdan alynýan erginleri gaýtadan işläp, taýýar önüm öndürmäge, onuň üsti bilen halk hojalygynyň dürli talaplaryny kanagatlandyrmaga, milli senagaty kuwwatlandyrmaga, ýokary hünär derejesine eýe bolan milli hünärmenleri kemala getirmäge hem-de kämilleşdirmäge, ösen döwletler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam eder. 

Sanly ulgamyň berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, olar bilen söhbetdeş bolanymyzda, ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler:

Mekan Tirkeşow,
Gyýanlydaky polimer zawodynyň polimer öndürýän 2-nji sehiniň polipropilen öndürýän desgasynyň tehnologik gurluşlarynyň II/IV derejeli operatory:

— Men Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren daşky gurşawa zyýansyz gazhimiýa toplumynda bir ýyldan gowrak wagt bäri zähmet çekýärin. Bu ýerde polipropilen desgasynyň tehnologiýasyny ýöriteleşdirilen kompýuteriň üsti bilen awtomatik usulda dolandyryp, ähli işleriň gidişine gözegçilik edýärin. Gözegçilikde çig maldan taýýarlanylýan önümiň tehnologiýasynyň bökdençsiz berjaý edilmegi möhüm bolup durýar. Şoňa görä-de, çylşyrymly iş prosesini bilmek zerur. Häzirki döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp goşandymyzy goşmak üçin uly höwes bilen işleýärin. Biz — ýaş hünärmenler şeýle ajaýyp toplumy gurduryp ulanmaga berendigi hem-de milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Şirmämmet Dawudow,
Zawodyň gazy ilkinji gaýtadan işleýän 1-nji sehiniň gazy kreking ediji desgasynyň tehnologik gurluşlarynyň II/IV derejeli operatory:

— Men gazhimiýa toplumynyň ýöriteleşdirilen awtomatika degişli kompýuter ulgamyny işletmek bilen, desganyň awtomatik dolanyşygyna gözegçilik edýärin. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda okamaklary we olaryň öz ugurlary boýunça çuňňur bilimli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikler döredip berdi. Bu mümkinçilikden peýdalanyp, bilim alan hünärim boýunça Gyýanly şäherçesindäki gazhimiýa toplumynda 1 ýyl bäri işleýärin. Işiň ähli tilsimlerini ele almak üçin halypalardan görelde alýaryn. Olar bilen egin-egne berip zähmet çekýäris.

Şeýle ajaýyp zamanada bagtyýar durmuşda ýaşamaga we zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Begli Hojageldiýew,
Zawodyň polimer öndürýän 2-nji sehiniň polietilen öndürýän desgasynyň tehnologik gurluşlarynyň II/IV derejeli operatory:

— Men hormatly Prezidentimiziň bize — ýaşlara çuňňur bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde Hytaý Halk Respublikasynda Nebit uniwersitetinde maşyngurluşyk, saklaýyş we nebiti daşamak boýunça hünär öwrendim. Häzir bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşýan uly zawodda işleýändigime juda begenýärin. Gahryman Arkadagymyzyň halk bähbitli, ýurt ähmiýetli durmuşa geçirýän beýik işleri hemmämizi begendirýär. Bu toplumyň döredilmegi bilen örän köp iş orunlary döredi. Men bu toplumda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda ornaşdyrylan kompýuterler arkaly işleriň gidişine gözegçilik edýärin.

Zawodymyzyň ähli hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp sowgatlar bilen garşylamagyň aladasy bilen zähmet çekýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2018-nji ýylda gurduryp ulanmaga berlen gazhimiýa toplumynyň geljegi örän uly. Ýokary bilim alyp, ýurdumyza gerekli hünärmen bolup ýetişmäge hem-de şeýle döwrebap kärhanada zähmet çekmäge döredilen mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22123

02.03.2021
Halaçda tegelek haly dokalýar

Geçen ýylda 9300 inedördül metre golaý haly dokap, ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlän Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň işine ezber gelin-gyzlary ýyllyk borçnamany 106 göterim amal etdiler. Olaryň ellerinden önen gözellik bolsa şuglasyny diňe bir ýurdumyza däl, Ýer ýüzüne çaýdy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu ýerde işine ussat halyçylaryň onlarçasy zähmet çekýär. Aýnabat Derýaýewa, Akgül Hallyýewa, Gülendam Taňňyýewa, Bahargül Annaýewa ýaly «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen belent ada mynasyp bolan ussatlar halaçly zenanlaryň esasy kärine öwrülen gadymy senedi ýaş şägirtlerine hem geçirýärler. Kärhana täzelikde işe gelen gelin-gyzlar tejribeli halypalarynyň gadamyna gadam goşup, gözellik döredýärler.

Galyberse-de, Halaç etraby diňe bir welaýatymyzda däl, tutuş ýurdumyzda hem halyçylyk sungatynyň iň meşhur merkezleriniň biri. Döwrebap çeper halyçylyk kärhanasyndan başga-da, etrapda haly dokalýan enjamsyz öýe seýrek gabat gelersiňiz. Çagalykdan göreni-bileni haly bolan gyzlaryň aglabasy işe ýarar ýaşa ýetensoň, bu kärhananyň işgärine öwrülýärler.

Halajyň çeper halyçylyk kärhanasy welaýatymyzda iň baýry zähmet ojaklarynyň biridir. Mundan alty aý ozal bu kärhana degişli birinji önümhananyň durky täzelenildi. Bu işi «Altyn gum» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary ýokary hil derejesinde amala aşyrdylar. 1000 inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýän önümhanada şertler has-da gowulandyrylypdyr. Önümhana halyçylaryň işinde zerur bolan goşmaça ýagtylyk çeşmeleri bilen hem üpjün edilipdir. Düýpli abatlanylan ýyladyş-sowadyş ulgamlary bu ýerdäki joşgunly zähmete täsirini ýetirýär.

Durkunyň düýpli täzelenilmegi önümhanadaky işleriň gerimine hem täsirini ýetirdi. Bu ýerde adaty halylardan tapawutlylykda, görnüşi we bezegi bilen haýran galdyryp biljek derejedäki täsin halylar hem dokalýar. Geçen ýyl şeýle gözellikleriň 60 inedördül metrini döreden önümhananyň halyçylary bu işi Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hem dowam etdirýärler.

Önümhanada täze özleşdirilen görnüşleriň biri tegelek halylardyr. Gözbaşyny geçen ýyldan alýan bu tejribe bilen eýýäm ikinji haly taýýar bolup gelýär. Täze halynyň ölçegleri 7x7 metr. Ol bu ýerde dokalan ilkinji tegelek halydan nagyşlary we beýleki gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Täze halyny döretmäge Şemşat Hemmiýewa, Jeren Taňryberdiýewa, Akjagül Akjaýewa ýaly ussatlar gatnaşýarlar.

Halaçly halyçylaryň esasy maksady — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna sowgatly barmak. Toýlar — durmuşymyzyň, gözellik bolsa toýlaryň bezegi. Nesip bolsa, gözellik Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň ussatlarynyň şanly toýumyza esasy sowgady bolar.

Agageldi ITALMAZOW,

ýörite habarçymyz.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22089

02.03.2021
Sanly ykdysadyýet — ösüşiň möhüm şerti


Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde durnukly ösüşi gazanmagyň, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda netijeliligi ýokarlandyrmagyň esasy şerti sanly ulgama geçmekdir. Dünýäniň ähli döwletlerinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasion ösüş we täze iş orunlarynyň, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen baglydyr.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» ykdysadyýetiň ähli pudagyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenilmegi we ýörite mejlislerde bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlarynyň bellenilmegi we beýleki işler sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm tapgyry boldy.

Sanly ulgama geçmegiň çäklerinde ygtybarly IT infrastrukturany döretmek hem möhümdir. Döwrebap sanly infrastrukturanyň bolmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçiş döwründe ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berýär.

Milli Liderimiz 2021-nji ýylyň fewralynda ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynda halkara tejribeden ugur alyp, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, internet hyzmatlarynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagyny gazanmak barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Häzirki wagtda e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň mümkinçilikleri düýpli ösdürilýär. Pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlary sanlylaşdyrmak maksady bilen, elektron görnüşde petekleri satmak, ýük-ulag hyzmatlaryna sargytlary kabul etmek, taksi hyzmatyndan peýdalanmak, şeýle-de «Bir penjire» ulgamynyň kömegi bilen jemagat, ýaşaýyş, bank hem-de beýleki birnäçe hyzmatlardan peýdalanmak we olaryň töleglerini onlaýn tertipde geçirmek mümkinçiliklerini girizmek hem-de kämilleşdirmek bilen bagly işler tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýakyn geljekde «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynyň awtobuslarynda, ýeňil taksi we ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlaryny, internet arkaly hyzmatlary we ýol petekleriniň satylmagyny giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Sanlylaşdyrmak ykdysadyýeti we maliýe ulgamyny hil taýdan netijeli ösdürmegiň we ony dolandyrmagyň oňyn guraly bolup, ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirmäge, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, wagty tygşytlamaga şert döredýär. «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilýän nagt däl hasaplaşyklaryň ýola goýulmagy, «Cash back» höweslendiriş hyzmatynyň işe girizilmegi, «Mobil töleg terminaly», şeýle hem bölek satuw we hyzmat ulgamlarynda QR-kod ulgamy arkaly hasaplaşyklary geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň geçirilmegi ýaly möhüm işlerde düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Şeýle-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan bellige almak babatda sanly gurşawda hyzmatlar ýola goýuldy. Bu hyzmatlaryň hatarynda täze dörediljek kärhananyň adyny tassyklamak, olar bilen bagly resminamalary hasaba almak, ýuridik şahsyň möhletini uzaltmaga degişli resminamalary resmileşdirmek bilen bagly sanly hyzmatlaryň ençemesi bar.

Ministrler Kabinetiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan birnäçe taryhy ähmiýetli resminamalara gol çekdi. Olaryň hatarynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» bar. Şeýle-de eksport-import amallary üçin «Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda çözgüt kabul edildi.

Döwletimiziň ykdysady ösüşinde, sanly ykdysadyýeti işjeňleşdirmekde göz öňünde tutulan belent maksatlara ýetmekde milli Liderimiziň kabul eden bu möhüm çözgütlerine aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna halkara standartlara laýyk gelýän sanly ulgamy we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleriniň amala aşyrylýandygyny nazarda tutup, bu ulgamlaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, kiberhowpsuzlyk ulgamynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigi nygtaldy.

Şulardan görnüşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ykdysady mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegi giň gerime eýe bolýar, sanly ulgama geçiş döwründe oňyn netijeler gazanylýar. Sebäbi sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamlary, ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň başynda duran hormatly Prezidentimiziň döwletli işleri geljekde-de rowaç, jany sag, ömri uzak bolsun!

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

çeşme: "Nesil" gazeti https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/21666

01.03.2021
Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.



https://metbugat.gov.tm/blog?id=2404 

01.03.2021
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr

Geçen hepdäniň esasy wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her ýylyň başynda Mejlisiň deputatlary bilen geçirýän duşuşygy bolup, onuň barşynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri nazara almak bilen, ýakyn geljek üçin kanunçykaryjylyk babatda milli parlamentiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bu ugurda geçirilýän işiň esasy wezipeleri hökmünde bellenildi.

Bu, ilkinji nobatda, Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulan özgertmeleriň hukuk esaslaryny döretmäge, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda telekeçilige döwlet tarapyndan giň goldaw bermegiň, paýdarlar jemgyýetlerini döretmegiň, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.

Döwlet serişdelerini netijeli ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, maliýe bazarlaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek zerur bolup durýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijilere goldaw bermek, goşmaça iş orunlaryny döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek parlamentiň işiniň möhüm ugry hökmünde görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň ünsüni ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetinde ygtybarly hukuk esaslarynyň döredilmegine çekip, döwrebap jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, durmuş şertlerini gowulandyrmak, tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmagyň hem-de internet ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin elektron usuly ornaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň we çig malyň ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi hem-de olary gaýtadan işlemegi, ýokary goşmaça bahaly taýýar önümleriň çykarylmagyny milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, maýalary çekmek, kärhanalary hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen we bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan bilelikdäki kärhanalary döretmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly hukuk şertleri üpjün edilmelidir.

Milli Liderimiz öz maksatnamalaýyn çykyşynda saglygy goraýyş, ilatyň arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek, maşgala gatnaşyklary, ýaşlar syýasaty, raýatlaryň durmuş goraglylygy, olaryň işlemäge, bilim almaga bolan konstitusion hukuklaryny üpjün etmek babatda kanunlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen bagly meseleleri hem gozgady.

Ýangyç-energetika, suw we ýer serişdelerini netijeli peýdalanmak babatda täze ölçegleri girizmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi.

Daşky gurşawy goramak, atçylygy has-da ösdürmek boýunça täze kanunlary kabul etmek hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler ozalkysy ýaly zerur bolmagynda galýar.

Milli Liderimiz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilikli ugruny üpjün etmegiň hukuk gurallaryny kämilleşdirmek barada aýtmak bilen, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamakda halkara bileleşigiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam etmek meselelerine ünsi çekdi.

Geçirilýän konstitusion özgertmeleriň çäklerinde, ýurdumyzyň saýlaw ulgamy boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňümizdäki saýlawlary barada durup geçip, olaryň ozalkylardan bütinleý tapawutlanýandygyny belledi. Göni däl diýlip atlandyrylýan şeýle saýlawlar ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hem ilkinji gezek geçirilýär. Halkara hukuga laýyklykda, bu saýlawlar demokratik saýlaw hukuklarynyň düzümine girýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça wezipelerden ugur almak arkaly, bu saýlawlary ýokary derejede, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirmegiň möhümdigini belledi.

Rowaçlyklaryň ýyly boljak parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, nesip bolsa, biz eziz Watanymyza çäksiz buýsanyp, öňde goýan uly maksatlarymyza hem-de belent sepgitlerimize ynam bilen ýeteris. Çünki Garaşsyz, Bitarap döwletimiz arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Geçen hepdäniň wakalary barada gürrüňi dowam etmek bilen, milli Liderimiziň 22-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine garalandygyny aýtmak gerek.

Garalan meseleleriň hatarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, Aşgabady abadanlaşdyrmagyň barşy, dürli maksatly desgalaryň taslamalaryny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dabaralaryň maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly meseleler boldy. Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, dürli önümleriň bolçulygyny üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň telekeçileriniň bu ugurda wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşandy hakynda habar berildi.

Milli Liderimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, baýramçylyk çärelerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik işleriň, ýetilen sepgitleriň we gazanylýan üstünlikleriň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalary görmegi berk talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şunda desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletde tamamlanmagyna hem-de olaryň milli binagärlik ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişe, bugdaý ekilen ýerlerde agrotehniki işleriň, ýazlyk ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň ähli agrotehniki talaplara laýyklykda ýokary hilli geçirilmegi, ýüpekçi kärendeçileriň pile öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny belledi. Ýazky bag ekmek möwsümini geçirmek babatda aýratyn tabşyryklar berildi.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmek, şol sanda Mary welaýatynda we paýtagtymyzda geçirilmegi göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleriniň hem-de dabaralarynyň maksatnamasyny işläp taýýarlamak maslahatda garalan meseleleriň biri boldy. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän 600 baş bedew üçin niýetlenilen athananyň taslamasy hödürlenildi. Umumy meýdany 15,4 gektara barabar bolan bu toplumda tohum bedewleri idetmek hem-de ahalteke bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli şertler dörediler.

Milli Liderimiz sährada aýry-aýry topar bolup gezip ýören meýdan atlarynyň taryhda näme maksat bilen ulanylandygyny kesgitlemek we bu ýagdaýlary ylmy taýdan öwrenmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi hem-de bu ugurda netijeli işleri geçirmegi tabşyrdy.

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Hususan-da, bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugurlary ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de olaryň garamagyndaky düzümlerde, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanynda döredilen Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň işini kämilleşdirmek, türkmenistanlylara hödürlenilýän täze aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, düýpli programmalaýyn önümleri döretmek we goldamak ulgamynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, bu gullugyň esasy wezipesi işleri döwrebap derejede guramakdan, merkezleşdirilen gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr.

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şäheri gurmagyň binagärlik taslamalary, şol sanda “Aşgabat-siti” täze ýaşaýyş toplumy üçin işlenilip taýýarlanylan hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda “Altyn kölüň” kenarynda guruljak döwrebap desgalaryň taslamalary hödürlenildi.

Şolaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, medeniýet hem-de sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň binalarynyň hem-de açyk sport meýdançasynyň taslamalary bar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň Köpetdagyň belent gerşinde bina edilýän ýadygärligi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tanyşdyrylyşyň dowamynda “Daşkent” seýilgähiniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň, paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynda bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada habar berildi.

Şanly sene mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleriniň hatarynda täze desgalaryň ulanylmaga tabşyrylmagy, “Ak şäherim — Aşgabat” atly ХХ halkara köpugurly sergi, döredijilik bäsleşikleri, konsertler, halkara onlaýn duşuşyklar, media-forumlar, sport çäreleri, at çapyşyklar bar. Şäheriň gününiň öň ýanynda “Aşgabat bahary” gysga göwrümli çeper filmleriň festiwaly jemleniler.

Milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli nyşanyň şekil taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz iş maslahatynyň netijelerini jemläp, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny köp babatda onuň paýtagtynyň kesgitleýändigini belledi. Ak mermerli Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň ykdysady we syýasy ösüşiniň depginini, jemgyýetiň medeni hem-de ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas kuwwatyny aýdyň görkezýän şäherdir.

Döwlet Baştutanymyz seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine, sport hem-de çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurluşygyna we ulanylyşyna hem-de umuman, adamlaryň amatly we işjeň dynç almagy üçin şertlere, şäheriň ekologiýa abadançylygyna uly üns berilmelidigini aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, 24-nji maýda paýtagtymyzy ösdürmäge öz zähmeti bilen uly goşant goşan adamlara dabaraly ýagdaýda döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygyny habar berdi. 25-nji maýda bolsa paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutular. Şeýle hem şol gün täze gurlan “Garagum” myhmanhanasy dabaraly açylar.

26-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda garalan meseleleriň hatarynda Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýrama taýýarlyk görmek bilen bagly mesele boldy. Şol waka mynasybetli paýtagtymyzda täze, amatly awtobuslaryň 400-si işe giriziler. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara mugt hyzmat etjekdigi bellärliklidir.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen çagalaryň ene-atalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlaryň gowşuryljakdygyny aýtdy hem-de körpelere özboluşly atlary dakmagy — oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagyny teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň syýasy durmuşynyň, durmuş-ykdysady, tehnologiýa we medeni taýdan ösüşiniň merkezi bolan Aşgabadyň abraýyny halkara jemgyýetçilikde giňden wagyz etmäge gönükdirilen şanly çäreleri geçirmek baradaky toparyň düzümi we meýilnamasy tassyklanyldy.

Hökümetiň mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak we ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumynda özgertmeleriň barşy baradaky meseleler boldy.

Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri, Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreleriň meýilnamasy hem-de döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen düzümine 7 — 14 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary girjek Türkmenistanyň “Altyn nesil” çagalar guramasyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ykdysady Hyznatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary derejeli 14-nji mejlisiniň işine türkmen tarapynyň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Bu mejlisi Türkiýe Respublikasy 2021-nji ýylyň 4-nji martynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirer.

Şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmegi Türkmenistan kabul eder. Şunuň bilen baglylykda, degişli konsepsiýanyň taslamasy işlenilip düzülip, onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şu ýylyň mart aýynda YHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyna garaşylýar. Şol saparyň dowamynda Aşgabatda YHG-nyň gününde bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek baradaky meselä garalar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň maksatlaryna, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine gabat gelýän maýa goýum mümkinçiliklerini has işjeň amala aşyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýurdumyzyň şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmeginiň esasy ugurlarydyr.

Mejlisde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara zenanlar güni mynasybetli eziz Diýarymyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Türkmen alabaýynyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrmak milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu baýramçylyk her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen birlikde dabaraly ýagdaýda belleniler.

Halkara derejeli wakalaryň hatarynda Merkezi Aziýa döwletleriniň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň ýokary wezipeli zenanlarynyň diologynyň çäklerinde, bu ýurtlaryň milli parlamentleriniň wekilleriniň konsultatiw duşuşygy boldy. Onlaýn forumyň gün tertibi BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzümi bolan Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 65-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri öz içine aldy. Şeýle hem 2021-nji ýyl üçin Hereketleriň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşde duşuşyk gurady. Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriň ilçileriniň hem-de wekilleriniň, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan wideoduşuşygyň barşynda ulag-logistika ulgamynyň birleşdirilmeginiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy 2021-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hem habar berdi.

Mejlisiň wekilleri wideoaragatnaşyk arkaly Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Bu çärä 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy.

Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de şolary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we ekologiýa netijelerini aradan aýyrmak hem-de gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Aşgabatda wideoaragatnaşyk arkaly Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hem-de iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, özara haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam etjek çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de birnäçe anyk wezipeleri kesgitlediler. Obasenagat toplumy, maşyngurluşyk, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk senagaty, ulag-kommunikasiýa hem-de beýleki birnäçe pudaklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda anyk maksatlary gazanmakda milli Liderimiziň strategiýasynyň öňdengörüjiliklidigini ýene-de bir gezek tassyklady. Şol strategiýa eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmakdan, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

(TDH).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22045?type=feed

01.03.2021
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer, daşary işler ministri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu guramanyň 2021-nji ýylyň 4-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek ýokary derejeli 14-nji mejlisine türkmen tarapynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda Türkmenistan YHG-ä başlyklyk eder. Bu wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli konsepsiýanyň taslamasy taýýarlanyldy we onda birnäçe möhüm wezipeler kesgitlenildi. Şolaryň hatarynda YHG-ä agza ýurtlarda maýa goýum işini ösdürmek, erkin söwda-ykdysady zolaklary döretmek, söwda, ulag we logistika, energetika ugurlaryny nazara almak arkaly täze ykdysady geçelgeleri kemala getirmek ýaly ugurlar bar. Şunda adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara ýük dolanyşygyny üpjün etmek, durnukly energetika babatda, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek zerur hasaplanylýar. Mundan başga-da, YHG-ä agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda, ylym, bilim, sport ugurlarynda, şol sanda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde ylmy barlaglary işjeňleşdirmek, oba hojalygynda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde özara gatnaşyklary giňeltmek işlerine doly derejede goldaw bermek hem-de olary höweslendirmek möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Konsepsiýada Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşine goldaw bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmegi YHG-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu wezipeleri çözmek we ýurdumyzyň YHG-nyň çäklerindäki işini işjeňleşdirmek maksady bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça degişli işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, şu ýylyň mart aýynda YHG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak we YHG-nyň döredilen gününde Aşgabatda bu guramanyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyny geçirmek hakyndaky meselä garamak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, abraýly halkara we sebitara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyz 1992-nji ýyldan bäri bu guramanyň agzasy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz YHG-nyň köpugurly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, şol sanda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika pudaklarynda, işewür gatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwata eýedigini belledi. Hyzmatdaşlygyň täze netijeli guralyny we görnüşlerini işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýän Türkmenistan häzirki ýagdaýa hem-de geljekki ösüşe laýyklykda, bu ugur boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär.

Döwletara gatnaşyklaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, maýa goýum mümkinçilikleriniň amatly amala aşyrylmagyna gönükdirilen ýörelgeler ýurdumyzyň şu ýylda YHG-ä başlyklyk etmeginiň esasy ugurlarydyr. Munuň özi ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine, döwletleriň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksatlaryna gabat gelýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli işleri we guramaçylyk meselelerini geçirmek, türkmen tarapynyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň öňde boljak sammitine taýýarlygy boýunça zerur tagallalary etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň eksport kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara, şol sanda Özbegistan Respublikasyna ibermegiň ugurlaryny giňeltmek meseleleri boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň elektrik energetikasynyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny tassyklap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyny baýram etmäge görülýän taýýarlyk işleri hem-de şanly sene mynasybetli guraljak dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Meýilnamanyň çäklerinde ýörite wideoşekilleri, dokumental we çeper filmleri döretmek hem-de teleradioýaýlymlarda gepleşikler tapgyryny guramak göz öňünde tutulýar. Şanly senä gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary geçiriler, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler, «Ak şäherim — Aşgabat» atly ХХ köpugurly halkara sergi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guralar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Soňky ýyllarda ak mermerli Aşgabadyň iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şertleri özünde jemleýän şäher hökmünde belent abraýa eýe bolandygy nazara alnyp, Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz şanly senäniň öň ýanynda, paýtagtymyzy ösdürmäge köp ýyllaryň dowamynda halal zähmeti bilen uly goşant goşan işgärlere, hünärmenlere döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasynyň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Aziýanyň merjen şäheri diýen derejä mynasyp bolan paýtagtymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, ösüşleriň, guralýan baýramçylyk dabaralarynyň Diýarymyzyň tutuş halky üçin buýsançly wakadygyny aýdyp, ýurdumyzyň baş şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli welaýatlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynyň guralmagynyň bu senäniň ähmiýetini artdyrjakdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän goşa baýram gününde ak mermerli şäherde täze, amatly awtobuslaryň 400-siniň işe giriziljekdigini belledi. Şäher içindäki ähli awtobuslaryň baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat etmeginiň aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterjekdigi bellärliklidir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly senä gabatlanyp, göz öňünde tutulan dabaralaryň we çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, olarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunda geçirilýän bäsleşikleriň görnüşlerini artdyrmak, olaryň ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de mazmunyny baýlaşdyrmak meselelerine möhüm üns berilmelidir.

Milli Liderimiz sazlaşykly ösüşi we binagärlik gurluşy babatda halkara derejede ykrar edilen Aşgabadyň durmuşynda we taryhynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň çärelerini geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň okgunly ösýändigini hem-de çäkleriniň giňelýändigini, şäher ilatynyň sanynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny belledi. Munuň özi paýtagtymyza söýginiň, onuň taryhyna hormat-sarpanyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşa bolan buýsanjynyň nyşanyna öwrüler. Milli Liderimiz täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Karara gol çekip, ony wise-premýere elektron resminama dolanyşygy arkaly iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamanyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň taryhyndaky bu şanly sene bilen baglanyşykly möhüm wakalaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, gazanylan ösüş depginini saklamak, ýer we suw serişdelerini netijeli ulanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak we ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen degişli işler geçirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny özgertmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, adamlaryň amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi.

Milli Liderimiz suw hojalygy pudagynyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga we onuň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen birnäçe wajyp wezipeleri kesgitledi. Wise-premýere ýurdumyzyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalygyna suwaryşyň täze usullaryny ornaşdyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň tehniki üpjünçiligini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Watanymyzyň gülläp ösmegine, toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik we ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelenmegine, pederlerimiziň ýagşy dessurlarynyň täze eýýamda saklanmagyna we dowam etdirilmegine goşant goşýan bagtyýar aýal-gyzlarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen resminama gol çekip we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberip, Buýrugyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek sergä we maslahata görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-18-nji martynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sanly ykdysadyýet, öňdebaryjy ýokary tehnologiýa ýaly möhüm ugurlar boýunça işleýän agzalary öz taýýarlan işlerini görkezerler.

Ýurdumyzda telekeçileriň işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, hususy pudagy ösdürmek boýunça maksatnamalar döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Munuň özi täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak arkaly döwrebap önümçilik üçin zerur mümkinçilikleri üpjün edýär. Häzirki zaman kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islege eýedir.

17-nji martda geçiriljek maslahata onlaýn tertipde birleşmäniň welaýatlardaky agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna bu düzümiň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçileriň işiniň geriminiň giňeldilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny şertlendirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz öňde boljak serginiň hem-de maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu forumyň türkmen telekeçileriniň üstünliklerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hususy haryt öndürijileriň önümlerini içerki we daşarky bazarlarda ilerletmäge, ýurdumyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işleri ösdürmegiň has wajyp ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýän toplumlaýyn çärelerden ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň hem-de kuwwatynyň gözden geçirilişinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Aşgabadyň 140 ýyllygy bilen bagly çäreleriň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji aýynda bellenýän baýramçylyk mynasybetli, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda konsertleri, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny hem-de wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirildi. «Ýylyň zenany» we «Talyp gözeli — 2021» bäsleşikleriniň jemleri jemleniler. Köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak we ähli amatlygy bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçiriler.

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zenanlaryň hormatyna ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti bolar. Söwda-senagat edarasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy guralar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar gününiň ähmiýetini belledi. 8-nji martda dabaralary guramak bilen, biz zenanlarymyza çuňňur hormatymyzy, hoşallygymyzy beýan edýäris hem-de olaryň jemgyýetde, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni mümkinçiliklerini artdyrmakda eýeleýän ornuny açyp görkezýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz döwletimiziň zenanlaryň erkin we bagtyýar durmuşy, öndürijilikli zähmeti, bilim we hünär almagy, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmegi üçin mundan beýläk-de zerur şertleri döretjekdigini belledi we meýilleşdirilen dabaralaryň, baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesinde we ýokary ruhy galkynyş esasynda geçirilmegi babatda wise-premýere görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow türkmen-eýran serhedindäki «Dostluk» demir ýol köprüsiniň üstünden geçýän ikinji demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, ulag ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, giň gerimli, sebit ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň netijesinde üstaşyr ýükleriň mukdary artdyrylýar. Olaryň hatarynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol ugry boýunça «Demirgazyk — Günorta» ulag-üstaşyr geçelgesi bar. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň yzygiderli işini üpjün etmek, ýük akymlaryny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, milli Liderimize türkmen-eýran serhedinde giň ugurly demir ýol şahasyny birikdirmek boýunça teklipler aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk esaslaryna daýanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly sebitara we halkara gatnaşyklar meselelerine oňyn çemeleşmeleri, dürli pudaklarda, şol sanda ulag ulgamynda düzümleýin taslamalary öňe sürýändigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çägi «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça netijeli ulag geçelgeleri bolmak bilen, dünýäniň iri bazarlaryna çykalgany üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, multimodal logistika hem-de üstaşyr geçelgeler üçin amatly şertleriň üpjün edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giň möçberli halkara taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belläp, wise-premýere kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmek ugrunda zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň «Altyn nesil» atly çagalar guramasyny döretmek boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi. 7 — 14 ýaşly mekdep okuwçylaryny özünde birleşdirjek bu gurama döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, olaryň zehinlerini açyp görkezmegi üçin zerur şertleri üpjün etmek hem-de höweslendirmek maksady bilen döredilýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan şahadatnamanyň şekil taslamasyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek, olaryň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, köptaraply zehinlerini açyp görkezmek işleriniň ähmiýetlidigini belledi we bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna degişli tabşyryklary berdi.

Çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagy ýurdumyzyň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna hem-de çuňňur ynsanperwer milli ýörelgelere esaslanýan we durmuş ulgamyny nazarlaýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bagtyýar çagalyk biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, kuwwatymyzdyr, şöhratymyzdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz şahadatnamanyň şekil taslamasyny makullap, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek barada wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebitiň çykarylýan mukdaryny artdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan ulanyş we gözleg guýularynyň gazuw işleriniň alnyp barylýandygy, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan aşaky gatlagy özleşdirmek maksady bilen, gözleg guýularynyň gazuw işleriniň ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

Guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak hem-de täze guýulary burawlamak boýunça hyzmatlar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň günbatarynda hem täze açylan Uzynada meýdançasyny özleşdirmek işi dowam edýär. Häzirki wagtda bu ýerde birnäçe guýudan önüm alnyp, täze guýulary burawlamak işleri ýerine ýetirilýär.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetirilen 2D seýsmiki gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan Günorta Uzynada meýdançasynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan çuňlugy 6 müň 300 metr bolan gözleg guýusynyň gazuw işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant goşýan nebitgaz toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere täze, geljegi uly nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, innowasion esasda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de iri maýa goýum taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylmagyny hemişe gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýangyç-energetika toplumyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurtlaryň energetika ulgamynda uly iş tejribesine hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan ygtybarly nebitgaz kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda hem degişli görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21989?type=feed

27.02.2021
Arkadagyň sungat eseri

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlap geçiren maslahatynyň dowamynda täze taslamalaryň birnäçesi bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna bagyşlanyp taýýarlanan nyşanyň taslamasynyň tassyklanmagy milli Liderimiz tarapyndan bu baýramçylyga berilýän ähmiýetiň näderejede uludygyndan habar berýär.

Sungat eseriniň islendigine syn etseň, ony döreden adamyň kalbynyň, duýgusynyň, pikiriniň sazlaşygyna göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa esere has içgin düşünmäge ýardam berýär. Guşuçar belentlikden paýtagtymyzy synlasaň, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi görýärsiň. Ol gözellik —Gahryman Arkadagymyzyň özboluşly sazlaşygy emele getirip duran kämil sungat eseri — ady aýdymlarda belent ýaňlanýan Aşgabat.

Aşgabat barada söz açylanda şahyryň:


Aşyk abat diýipdirler adyňa,
Eýsem, laýyk geljegem däl başga at.
Aslynda, sen şu durmuşa, ýaşaýşa,
Aşyklaň şäheri eziz, Aşgabat


diýen setirleri bada-bat ýadyňa düşýär. Aşyklaryň şäheri, ak şäherimiz, gözel paýtagtymyz bagtyýarlyk döwrümizde has-da gülläp gül açýar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň ilkinji aýynda paýtagtymyzyň çäklerinde dowam edýän birnäçe iri desgalaryň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy. Ak şäherimizde gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýan we halka yzygiderli ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly desgalar, serhowuzly seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgesiniň miwesi bolan, paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky ýaşaýyş jaýlarynda “akylly öý” ulgamynyň ornaşdyrylandygy bolsa ajaýyp zamanamyzda döwrüň sesi bilen aýakdaş gadam urulýandygynyň durmuşy mysalydyr. Magtymguly şaýolunyň ugry boýunça Tähran we Taslama köçeleriniň aralygynda bina bolan bu binalaryň daşky bezeginde mozaika sungatynyň ulanylmagy dörediji Arkadagymyzyň ähli ugurlarda, şol sanda binagärlikde-de dünýä gymmatlyklaryndan giňden peýdalanmak ýörelgesiniň bir mysaly bolup, ol künjegiň görkanalygyna görkanalyk goşýar. Binagärlikde şeýle özboluşly çözgütleriň şowly ulanylmagynyň mysaly hökmünde alabaýyň heýkeliniň, Sungat monumentiniň, Olimpiýa stadionyndaky ahalteke bedewiniň şekilini... görkezmek ýeterlikdir. 2015-nji ýylda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ylym”, “Ýyldyz”, “Sagdynlyk” binalary bir günde, birbada açyldy. Sanlyja ýylyň içinde ýurdumyz boýunça ajaýyp binagärlik keşbi bilen tapawutlanýan “Älem” medeni dynç alyş merkezi, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, Oguz han suw çüwdürimler toplumy, belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň 133 metrlik flagştogy, şonuň ýaly-da dünýäde ak mermer bilen örtülen binalarynyň iň köp toplanan şäheri hökmünde Aşgabat şäherimiz Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik ylhamyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berilýän belent bahadyr.

“Sebitiň binagärlik dürdänesi” diýip atlandyrylýan paýtagtymyz Aşgabadyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýene bir şanly senä — bu şäheriň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk işleriniň depginini artdyrmalydygyny Gahryman Arkadagymyz yzygiderli nygtaýar. Milli Liderimiziň şeýle parasatly başlangyçlary esasynda, ýakyn wagtlarda söz sungatynyň ussady Magtymguly Pyragynyň gojaman Köpetdagyň gerşinde peýda boljak, häzirki wagtda gurluşygy uly depginler bilen alnyp barylýan heýkeli Aşgabadyň görküne özboluşly öwüşgin berer.

Garaşsyz Diýarymyzyň ýüregi Aşgabadyň bu günki keşbi, sözüň doly manysynda, sungat eserini ýada salýar. Oklaw ýaly göni, aýna ýaly tekiz, türkmen sährasy ýaly giň köçeleri bu gün parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň ýoly bolup, Aşgabatdan dünýäniň çar ýanyna uzaýar. Bu ýollar il bilen ili, ýurt bilen ýurdy birleşdirýär. Munuň özi taryhyň dowamynda-da şeýle bolupdyr. Bu topragyň bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyny öz ajaýyp eserleriniň üsti bilen halkara jemgyýetçiligine ýetiren Gahryman Arkadagymyz bu güňki gün şol gatnaşyklaryň täze, döwrebap nusgasyny dünýä döwletlerine teklip edýär.

Döredijilik, döredijilikli çemeleşmek bu günki ösüşlerimiziň her bir menzilinde öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli iň gowy eserleriň bäsleşigini yglan etmek barada aýdanlary hem döredijilik adamlaryny ruhlandyrmak bilen öňümizdäki toýlara ajaýyp sowgatlaryň sanyny artdyrar. Ol ajaýyplyklar gözel paýtagtymyzyň görküne görk goşar. Hut şonuň üçinem biz Aşgabadymyza guwanç bilen: “Gahryman Arkadagymyzyň sungat eseri” diýýäris. Bu gün gözel şäherimizi synlap şahyr bilen deň seslenip:


Aşgabadym — doganlygyň mekany,
Aşgabadym — söýenleriň mekany.
Seni görsem diýýär bütin adamzat,
Sen gülleriň, göwünleriň mukamy!


diýýäris. Goý, eziz paýtagtymyzy sungat derejesinde özgerdýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

Aýdyma öwrülen setirler

Aşyklaryň şäheri


Sowulmaz bahar-ýazyň,
Aşyklaryň şäheri.
Göge galdy owazyň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri.


Söýýän seni, Aşgabat,
Dünýäň seň bolsun abat,
Bilbilleň gersin ganat,
Aşgabat jan, Aşgabat.


Guwanjy ajap iliň,
Aşyklaryň şäheri.
Aýdymy saýrak diliň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri.


Gül açýar Erem bagyň,
Aşyklaryň şäheri.
Alaýaz Köpetdagyň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri.


Mydam ýaňlansyn sazyň,
Aşyklaryň şäheri.
Şadyýan ogul-gyzyň,
Aşyklaryň şäheri,
Sen ülkämiň säheri,
Sen ülkämiň bahary.


Atadurdy GURBANOW.

Aknabat KLYÇEWA,

«Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň bölüm müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21901

26.02.2021
«Altyn kölüň» ýalkymy halkymyzyň bagtyýar durmuşyny şuglalandyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has-da gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys.

«Geçeniň dowamaty geljekde» diýýän bagtyýar halkymyzyň her bir ýyly eşret-hözire beslenip, her bir watan raýaty geljekki ýyllara ertekiniň hakykata öwrülişi hökmünde garaýar. Bu, hakykatdan-da, şeýle.

Geçen ýylyň 15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alşa degişli binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ajaýyp nusgasy bolan, paýtagtymyzyň göwher gaşy ýaly kölüň kenary hemmeler üçin gyzykly hem-de peýdaly bolmak bilen, ol dynç alşyň ajaýyp amatlyklaryna beslendi. Ýurt Baştutanymyzyň «Altyn köl» diýip atlandyran täsin köli “Altyn asyr” Türkmen kölünden, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndan soň, ýurdumyza at-owazasy dolan beýik gurluşyklaryň biridir. Gysga wagtda döredilen dynç alyş zolagy Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny aýdyň mälim etdi. Bu suw toplumly desgalar we binalar tomus möwsüminde aşgabatlylara we onuň myhmanlaryna şypaly dynç alşy bagyşlady.

Bagtyýarlyk döwrümiziň beýik gurluşyklary

Şeýle ajaýyp desgalar toplumynyň gurluşygy 2021-nji ýylda belent joşgun bilen dowam etdiriler. Muny hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda bolan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bu barada gol çeken Karary-da anyk tekrarlaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän «Altyn kölüň» kenarynda häzirki zaman dynç alyş zolagyny döretmek, bu zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmak, kölüň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi. «Altyn kölüň» kenarynda guruljak dynç alyş zolagynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz hemişe halkymyzyň medeniýetli dynç alşyny dünýä talaplaryna laýyklykda iň ýokary derejede guramak üçin ähli şertleri döredýär. Bu ýerde görkezilen taslamalar — paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda kölüň kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumy gury ýer we suw gatnaşygyndaky sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Dynç almaga niýetlenen desgalar suw attraksionlaryny hem öz içine alýar. Gurluşykda öňdebaryjy binagärlik tehnologiýalary ulanylýar. Milli Liderimiz binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararynda-da zolakda ekologiýa şertlerini has-da gowulandyrmaklyga aýratyn üns berilýär. Çünki tebigat, ekologiýa ýurdumyzyň dünýä möçberinde öňe sürýän möhüm ugry bolup durýar. Bu ýerde gök zolaklar tebigy aýratynlyklar bilen utgaşar, şeýlelikde, ekologiýa derejesi ýokarlanar. Görşümiz ýaly, ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň eşretli ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilýär. Bu ýerde dynç alşyň dürli görnüşleri sagdyn durmuş ýörelgesi bilen gurşalyp, sportuň suwda oýnalýan görnüşleri kölüň bezegine öwrüler.

Ak şäherimiz Aşgabat uly ak-jowur haly bolsa, köl onuň mawy reňkli gölüdir. Kölüň arassa, şypaly suwunda ak guwlar ýüzüp ýör. Köli jähekläp oturan ak mermerli binalar kenardaky äpet guwlary ýada salýar. Bu hormatly Prezidentimiziň umman paýhasynyň döreden nusgalyk gözelligidir.

Saglyk hem sagdynlyk kölüň kenarynda bitewülige eýe bolar. Medeniýetli dynç alyş suw sporty bilen birleşip, suw bilen bejerişi hem ýola goýlar. Sport meýdançalaryna Garagumuň altyn öwüşginli çägesi düşeler. Bu bolsa sähra çägesiniň tomus möwsüminde adam bedenine edýän täsirini has-da artdyrar. Ylmy taýdan toplumlaýyn çemeleşmek usulyny öňe sürýän Arkadag Prezidentimiz taslamalaryň her biriniň ähmiýetiniň ýokary bolmalydygyny belledi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýan eziz Diýarymyzyň goýnundaky «Altyn köl» halkara syýahatçylygynda örän şypaly suw düzümlidir we onuň tebigy häsiýeti ynsan bedenini we ruhuny juwanlandyrýan täsire eýedir.

Geçen ýylyň 15-nji iýunynda «Altyn kölüň» ilkinji tapgyry açylyp, ol aşgabatlylara ýaşaýşyň ajaýyp bagtyýarlygyny eçildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararynda beýan edilişine görä, onuň kenaryny şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almaklary üçin amatly ýerleriň birine öwürmegi maksat edilip goýulýar. Ýaş nesil bolsa «Altyn kölüň» ýalkymyndan öz şatlygyny we gyzykly pursatlaryny alyp, geljegiň nuranalygyna beslenýär. Ýaş nesil hem geljek tebigatyň asyl durkundan täze rowaçlyk alýar we geljegi beýik gurmagyň nusgasyna gözli şaýat bolýar.

Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak işi ýaht kluby, akwaparklar, kenarýaka gaýyk duralgasy ýaly gurluşyklar bilen döwrebap, täze görnüşe eýe bolar. «Altyn köle» gelmek-gitmek baradaky maglumatlar sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Söwda we durmuş hyzmaty hakda elektron maglumatlar hödürleniler.

«Altyn kölüň» gurluşygyny alyp barýan ýurdumyzyň telekeçileriniň zähmeti ýokary baha mynasypdyr. Şonuň bilen birlikde degişli binalary we desgalary gurmak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşikleri geçirmek gurluşykçy-hususyýetçiler üçin aýratyn bir synagdyr. Olar özleriniň gurluşyk-inženerçilik ussatlygyny görkezmegiň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň degişli synagyndan geçerler.

Bagtyýar çagalygyň ajaýyplyklary bilen gurşalan «Altyn köl» çagalar üçin tebigat gözelliginiň täsin öwüşginlerini döredýär. Olar bu ýerde säherde köle altyn şuglasyny çaýýan Günüň şapagyny galam bilen owadan keşbe geçirýärler. Zehinli çagalar «Altyn kölüň» gözellik duýgularyny şahyrana beýan edýärler. Kölde gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak olaryň ruhy şatlygynyň gönezligidir. Bagtyýar çagalaryň ruhy şatlygy Garaşsyz Watanymyzyň nurana jemalydyr. Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik «Altyn kölüň» şypasynda we sapasynda ýaş neslimizi täze bir joşguna atarýar.

Ýurdumyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň uly dabara bilen geçiriljek ýylynda badalga alýan, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararynda aýdyň beýanyny tapan Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021—2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmagyň bellenilmegi bagtyýar halkymyzyň şatlygyny we buýsanjyny goşalandyrdy. Şeýle il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli belent tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň hemişe jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.

Süleýman ILAMANOW,

«Edebiýat we sungat».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21908

26.02.2021