Aşgabat, 28-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly ýene-de bir gezek gynanç sözlerini beýan etdi. Onuň tutanýerli zähmeti we türkmen döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary hemişelik hakydamyzda galar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýäniň agyr ýitgi zerarly ýürek ýarasyny we hasrat-gaýgyny paýlaşmagyna ýokary baha berýändigini hem-de hormat goýýandygyny belledi.
Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwlet bolup, onuň bilen gatnaşyklara uzak möhletliligiň, strategik häsiýetiň mahsusdygyny belledi.
Türk Lideri, öz nobatynda, Türkiýäniň parahatçylyk söýüjilikli döredijilik syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol syýasat ýurda we onuň Baştutanyna dünýä giňişliginde uly abraý getirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar häzirki wagtda türkmen-türk dostlukly gatnaşyklarynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam edýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Döwlet Baştutanlary hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary ýurtlaryň mizemez doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, geljekde hem ileri tutulýan ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana duýgudaşlyk sözleri üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de işde uly üstünlikleri, doganlyk türk halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27269?type=feed