Новости
Söwda giňişliginde möhüm ädim

Paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisinde Söwda-maglumatlar portalynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň okgunly ösýän ykdysadyýetinde möhüm wakadyr. Şeýle bolansoň, portaly işe girizmek dabarasy Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hem-de Halkara söwda merkeziniň Söwdany goldamak we işewürlik syýasaty bölüminiň wekilleriniň hem ünsüni özüne çekdi. 

                                                                   

Täze portal, ilkinji nobatda, biziň ýurdumyz üçin Merkezi Aziýa döwletleri bilen aç-açan serhetüsti söwda amallaryny alyp barmaklyga amatly şert döredýär. Şeýlelikde Halkara söwda merkezi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) goldamagynda we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda «Ready4Trade Merkezi Aziýa» taslamasynyň çäginde amala aşyrylan bu onlaýn platforma dünýäniň 30 döwletinde peýdalanylmak bilen, Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlykda söwdany ýeňilleşdirmegiň esasy maksadynyň berjaý edilmegine ýardam edýär. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, portal ähli söwda maglumatlary we talaplary üçin bir bitewi çeşme bolup hyzmat edip biler, şeýle hem kadalaşdyryjy-hukuk gurşawynda hereket etmegi ýeňilleşdirer. 

                                                                   

Ýurdumyz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bütin dünýäniň söwda ulgamyna üstünlikli goşulýar, dünýä bazarynda Türkmenistanda öndürilýän önümlere bolan isleg gitdigiçe artýar. Ösen islegi kanagatlandyrmak üçin bolsa ilkinji zerurlyk işdäki bökdençlikleri aradan aýyrmakdyr. Täze döredilen portal işleri ozalkysyndan birnäçe esse ýeňilleşdirip, Türkmenistanyň iň ösen eksport ediji döwletleriň hataryna girmeginde möhüm ädim bolar. 

                                                                                                           

Oguljan KURBANOWA,

                       

Türkmenabat şäher häkimliginiň Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň mugallymy.

07.04.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Kanunçylygy kämilleşdirmek jemgyýetimiz we döwletimiz üçin wajyp wezipeleri çözmegiň möhüm şertidir

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi. 

                                                                   

 Ir bilen döwlet Baştutanymyz “Oguz han” köşkler toplumyndan çykyp, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezine tarap ugrady. 

                                                                   

Ýol ugrunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine anyk görkezmeler berildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen ýoluny dowam edip, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz parlamentarileriň degişli düzümleriň wekilleri bilen bilelikde ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň ähmiýetini ilat arasynda giňden düşündirmek işlerini geçirmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Mejlisiň maslahatyna gatnaşmak üçin Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň maslahatlar zalynda altynjy we ýedinji çagyrylyşyň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekilleri we beýlekiler ýygnandylar. 

                                                                   

 Ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy garşyladylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, şu ýylyň 26-njy martynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda örän möhüm wakanyň bolandygyny — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen saýlawlara ýurdumyzyň raýatlary ýokary işjeňlikde gatnaşdylar. 

                                                                   

Bilşiňiz ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda möhüm konstitusion özgertmeler hem amala aşyryldy. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenip, türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Bu gün bolsa biz Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyny geçirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ony açyk diýip yglan etdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. 

                                                                   

Mejlisiň gün tertibi tassyklanandan soňra, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berildi. Ol ählihalk saýlawlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunçylyga hem-de ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda, aýanlyk ýagdaýynda, bäsleşik esasynda geçirildi. Saýlaw möwsüminde dalaşgärleri hödürlemek maksady bilen, ýurdumyz boýunça 125 saýlaw okrugy, ses bermek üçin 2644 saýlaw uçastogy, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda 42 saýlaw uçastogy döredildi. 

                                                                   

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça Türkmenistanyň syýasy partiýalary tarapyndan 175, raýatlar toparlary tarapyndan 83 adam deputatlyga dalaşgärlige hödürlenip, 258 dalaşgär bellige alyndy. Dalaşgärleriň wagyz işlerini geçirmekleri üçin deň şertler döredildi. Olaryň çykyşlarynyň 258-si teleýaýlymlara berildi. Dalaşgärlere dahylly maglumatlar gazetlerde çap edilip, halka ýetirildi. Olar saýlawçylar bilen duşuşyklaryň 700-den gowragyny geçirdiler. Saýlaw uçastoklarynyň 240-synda ses berlişi onlaýn tertipde göni görkezildi. 

                                                                   

Şeýle hem merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlara syn etmäge milli synçylaryň 3 müňe golaýynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan halkara synçylaryň 60-synyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly diplomatlardan hem 32-siniň gatnaşandygyny habar berdi. Halkara guramalaryň synçylar toparlary brifingleri geçirip, Türkmenistanyň demokratik kadalara ygrarlydygyny, saýlawlaryň açyklyk şertlerinde, aýanlyk ýagdaýynda, demokratik ýörelgelere laýyklykda, giň bäsleşik esasynda, guramaçylykly geçirilendigini bellediler. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň raýatlary saýlawlara işjeň gatnaşdylar. Türkmenistan boýunça jemi 3 million 496 müň 368 saýlawçydan 3 million 185 müň 935-si ses berip, 91,12 göterim gatnaşyk boldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna 125 adam, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 65 (52 göterim), Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 18 (14,5 göterim), Agrar partiýadan 24 (19 göterim), raýatlaryň toparlaryndan 18 (14,5 göterim) adam saýlanyldy. Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 25,60 göterimi zenanlar, 99 göterime golaýy ýokary bilimli raýatlardyr. Şolaryň 10 göterime golaýy ýaşy 30-a çenli, 40,80 göterimi bolsa ýaşy 40-a çenli bolan adamlardyr. Saýlanan deputatlaryň 45 göterimi ylym, bilim ulgamlarynda, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynda, 11 göterimi saglygy goraýyş, 6 göterimden köprägi maliýe we ykdysadyýet, 5 göterimi durmuş üpjünçiligi, 4 göterimi oba hojalyk ulgamlarynda, şeýle-de beýleki ulgamlarda zähmet çekýän raýatlardan ybarat. 

                                                                   

Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen mejlisinde saýlawlarda ses bermegiň netijeleri jemlenildi we saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi diýlip ykrar edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynyň netijeleri barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň hasabatyndan görnüşi ýaly, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň 125-si saýlanyldy. Mejlisiň deputatlaryny saýlamak işi ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygyna laýyklykda geçirildi diýip belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, täze çagyrylyşyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary Mejlisiň birinji maslahatynda ykrar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň mandat toparynyň teklibi boýunça Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda karar kabul etmeli diýip, hormatly Prezidentimiz mandat toparynyň ses bermek arkaly saýlanylmalydygyny belledi. 

                                                                   

 Milli parlamentariler mandat toparynyň düzümi bilen tanşyp, degişli karary kabul etmek arkaly ony biragyzdan tassykladylar. 

                                                                   

Maslahat mandat toparynyň başlygy, Mejlisiň deputaty B.Seýilowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň bäsdeşlik, aýanlyk ýörelgeleri esasynda, milli kanunçylygymyza hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň ata Watanymyzda demokratiýanyň dabaralanmasy bolandygyny belledi. Saýlawlar gününde ýurdumyzyň raýatlary ýokary işjeňlik görkezdiler. 

                                                                   

Merkezi saýlaw toparyndan berlen resminamalar esasynda mandat topary Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň düzümine saýlanan deputatlaryň ygtyýarlyklaryny barlady. Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we ýurdumyzyň Saýlaw kodeksine laýyklykda saýlaw okruglarynyň 125-sinde geçirildi. Syýasy partiýalar hem-de degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan raýatlar toparlary tarapyndan deputatlyga hödürlenen dalaşgärleriň 258-si bellige alyndy. Saýlawlaryň netijeleri esasynda merkezi saýlaw tarapyndan saýlanan dalaşgärleriň 125-si Mejlisiň düzümine saýlanan deputatlar hökmünde bellige alyndy. Ozal habar berlişi ýaly, deputatlaryň täze düzüminiň hatarynda senagat-gurluşyk we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda, oba hojalygynda, ylym we bilim, medeniýet, sungat, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi edaralarynda, maliýe-ykdysady toplumda we beýleki pudaklarda işleýän adamlar bar. Täze saýlanan deputatlaryň 32-si ýa-da 25,60 göterimi zenanlardyr. Şeýle hem deputatlar düzüminiň ýaş boýunça görkezijileri barada habar berildi. 

                                                                   

Mandat toparynyň başlygy çykyşyny jemläp, saýlanan 125 deputatyň ygtyýarlyklarynyň ykrar edilendigini habar berdi. Ýokarda beýan edilenler esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji we “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy taýýarlanyldy. Hödürlenen resminama deputatlar tarapyndan biragyzdan kabul edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, Mejlisiň täze saýlanan deputatlaryny saýlawlarda gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de saýlawçylaryň bildiren ynamyny ödäp, uly abraýa eýe bolmaklaryny arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlar düzüminiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hemmetaraplaýyn goldawy, altynjy çagyrylyşyň deputatlar düzüminiň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegi babatda döredilen şertler we mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ähli bilimini hem-de toplan tejribesini ulanyp, mundan beýläk-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň işi täze derejelere ýetirildi. Döwlet Baştutanymyz G.Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň deputatlaryna hukuk özgertmelerini geçirmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-de «Türkmenistanyň Mejlisi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň arasyndan Mejlisiň Başlygynyň, onuň orunbasarynyň saýlanylmalydygyny, Mejlisiň komitetleriniň döredilmelidigini we komitetleriň başlyklarynyň saýlanylmalydygyny belledi. 

                                                                   

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygyny saýlamak bilen bagly meselä seredildi. Kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz parlamentarilere ýüzlenip, şu mesele boýunça kimde nähili teklibiň bardygyny sorady. 

                                                                   

47-nji “Nowruz” saýlaw okrugyndan deputat M.Otuzow Aşgabat şäheriniň 5-nji “Parahatçylyk” saýlaw okrugyndan saýlanan deputat D.Gulmanowany Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlamak barada deputatlaryň adyndan teklibini aýtdy. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyny saýlamak üçin ses sanaýjy topary saýlamagy teklip etdi. 

                                                                   

 Milli parlamentariler teklip edilen düzüm bilen tanşyp, degişli karary kabul etdiler. 

                                                                   

Soňra Mejlisiň deputatlarynyň ses bermegi we ses bermegiň jemini jemlemek üçin 30 minutlyk arakesme yglan edildi. Ses bermek Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýörite taýýarlanan we enjamlaşdyrylan ýerde geçýär. 

                                                                   

Soňra maslahat Mejlisiň ses sanaýjy toparynyň başlygy, deputat G.Aşyrowyň hasabaty bilen dowam edýär. Habar berlişi ýaly, ses bermegiň netijeleri boýunça Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň başlyklygyna D.Gulmanowa biragyzdan saýlanylýar. 

                                                                   

 Ses sanaýjy toparyň başlygynyň hasabaty deputatlar tarapyndan biragyzdan makullanyldy we toparyň teswirnamasy tassyklanyldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy wezipesine D.Gulmanowany saýlamak barada kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyna gol çekýär. 

                                                                   

Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza, deputatlara we ähli ýygnananlara ýüzlenip, bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we kanun çykaryjy edaranyň öňünde goýlan jogapkärli hem-de möhüm wezipeleri çözmek üçin ähli güýç-gaýratyny, tejribesini, bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Halkyň saýlanlary milli döwletliligi pugtalandyrmak, Watanymyzy ykdysady, durmuş we medeni taýdan okgunly ösdürmek, halkara giňişlikde onuň abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin tutanýerli zähmet çekerler. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow D.Gulmanowany Mejlisiň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

 Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygynyň orunbasarynyň saýlanylýandygyny yglan etdi. 

                                                                   

Şu mesele boýunça Aşgabat şäheriniň 10-njy “Arçabil” saýlaw okrugy boýunça deputat S.Durdyýew çykyş edip, milli parlamentarileriň şu wezipä Lebap welaýatynyň 77-nji “Farap” saýlaw okrugy boýunça deputat G.Rozyýewi teklip edýändiklerini habar berdi. 

                                                                   

 Soňra açyk ses berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipesine G.Rozyýewi saýlamak barada kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyna gol çekýär we oňa işinde üstünlikleri arzuw edýär. 

                                                                   

Öz nobatynda, milli parlamentiň ýolbaşçysynyň orunbasary bildirilen ýokary ynam üçin döwlet Baştutanymyza, deputatlara tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen wezipeleriň çözülmegi üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli parlamentiň durmuşa geçirmeli işleri bilen baglylykda, Mejlisiň düzüminde sekiz komiteti: 

                                                                   

 1) Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komiteti; 

                                                                   

 2) Kada-kanunçylyk baradaky komiteti; 

                                                                   

 3) Ykdysady meseleler baradaky komiteti; 

                                                                   

 4) Durmuş syýasaty baradaky komiteti; 

                                                                   

 5) Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komiteti; 

                                                                   

 6) Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komiteti; 

                                                                   

 7) Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komiteti; 

                                                                   

8) Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komiteti döretmegiň teklip edilýändigini belledi. 

                                                                   

 Deputatlaryň biragyzdan goldamagy bilen Mejlisiň komitetlerini döretmek barada Mejlisiň karary kabul edilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça ýurdumyzyň Mejlisiniň esasy düzüm bölekleriniň ýolbaşçylaryny saýlamak baradaky meselä seredilýär. 

                                                                   

Daşoguz welaýatynyň 69-njy “Daşoguz” saýlaw okrugy boýunça deputat S.Gaýypow Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Mary welaýatynyň 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça deputat Ý.Eşşäýewi; Balkan welaýatynyň 38-nji “Esenguly” saýlaw okrugy boýunça deputat M.Geldimämmedow Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 9-njy “Älem” saýlaw okrugy boýunça deputat B.Baýlyýewi; Mary welaýatynyň 97-nji “Mary” saýlaw okrugy boýunça deputat M.Orazmeredow Mejlisiň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy boýunça deputat G.Agaýewi saýlamak baradaky teklibi beýan edýär. 

                                                                   

Soňra çykyş eden Balkan welaýatynyň 35-nji “Awaza” saýlaw okrugy boýunça deputat E.Matdyýew Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Ahal welaýatynyň 22-nji “Änew” saýlaw okrugy boýunça deputat A.Sarjaýewi; Aşgabat şäheriniň 11-nji “Bagtyýarlyk” saýlaw okrugy boýunça deputat B.Myradowa Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Lebap welaýatynyň 79-njy “Darganata” saýlaw okrugy boýunça deputat B.Seýidowany saýlamagy teklip etdi. Lebap welaýatynyň 84-nji “Saýat” saýlaw okrugy boýunça deputat Ç.Akyýewa Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 6-njy “Köpetdag” saýlaw okrugy boýunça deputat Ç.Babanyýazowy; Ahal welaýatynyň 26-njy “Tejen” saýlaw okrugy boýunça deputat E.Ataýewa Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 2-nji “Bitaraplyk” saýlaw okrugy boýunça deputat B.Muhamedowy saýlamagy teklip edýär. 

                                                                   

Daşoguz welaýatynyň 62-nji “S.Rozmetow” saýlaw okrugy boýunça deputat K.Nepesow Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy wezipesine Ahal welaýatynyň 18-nji “Bäherden” saýlaw okrugy boýunça deputat M.Gurbanowy saýlamak barada deputatlaryň adyndan teklibini aýdýar. 

                                                                   

Teklip edilen dalaşgärler ses bermegiň netijeleri boýunça ýokarda ady agzalan komitetleriň ýolbaşçylygyna saýlandylar. Türkmenistanyň Mejlisiniň şu meseleler boýunça kararlary biragyzdan kabul edilýär. 

                                                                   

 Soňra maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy bilen dowam etdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlara ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylýandygyny belledi. Türkmenistanyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagy, milli hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki kabul edilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şertleri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň esasy wezipeleriniň biri bolmaly. Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak zerur bolup durýar. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler alnyp barylmalydyr. 

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygyny göz öňünde tutup, bu ugurdaky kanunçylygy hem kämilleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bellenilişi ýaly, Watanymyza, döwletimize, halkymyza wepaly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen, ahlak taýdan durnukly, sagdyn pikirli hem-de hünär taýdan kämil harby gullukçylary kemala getirmek we olaryň hukuk goraglylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna täzeden seretmek wajypdyr. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp, geljek ýylda amala aşyrylmaly işleriň ykdysady hasaplamalaryny edip, «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işlere häzirki wagtdan taýýarlyk görmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady. 

                                                                   

Döwlet býujetine seredilende, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüş depginlerini üpjün etmek, goşmaça iş orunlaryny döretmek we zähmet haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipelere üns berilmelidir. Döwlet serişdelerini aýawly ulanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak esasy maksatlaryň hatarynda kesgitlenildi. Aýdylanlary nazara alyp, işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga, telekeçilik işini höweslendirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge, gazna bazaryny ösdürmäge hem-de bäsleşikli bazar gurşawyny döretmäge gönükdirilen kadalar bilen bagly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

                                                                   

«Paýdarlar jemgyýetleri hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Daşary ykdysady iş hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek möhümdir. Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek we zähmet şertlerini gowulandyrmak, işgärleriň konstitusion zähmet hukuklaryny kepillendirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýykdygyny belledi. 

                                                                   

Ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, howandarlyga mätäç çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna doly gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek, olary durmuş taýdan goramagyň goşmaça kepilliklerini bellemek biziň ynsanperwer syýasatymyzyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, raýat ýagdaýynyň namalary hakynda kanunçylyga hem täzeden seretmegiň maksadalaýyk boljakdygy nygtaldy. 

                                                                   

Ýurdumyz uglewodorod çig malynyň dünýäde ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, senagaty ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly ýurduň ykdysadyýetini depginli ösdürmek meselesini esasy orunda goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek bilen baglylykda, «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda» we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek maksadalaýyk bolar. 

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzda milli däp-dessurlarymyzy, taryhymyzy, milli mirasymyzy, şol sanda milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak, olary bütin dünýä ýaýmak bilen bir hatarda, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyz halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede ýola goýdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek, Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny şöhratlandyrmak, bu şanly senäni dabaralandyrmak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň beýik akyldaryň mertebesini beýgeltmekde uly iş boljakdygy aýdyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelerde oba hojalyk pudagyna hem möhüm orun degişlidir. Bu özgertmeler oba hojalyk pudagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny, ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygynyň üpjün edilmegini, ýerli önümleriň öndürilişini we Diýarymyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny maksat edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň işlenip taýýarlanylmagy, «Daýhan hojalygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty rowaçlyga beslenýär. Ýurdumyz sebitiň we yklymyň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamakda, dünýä döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmekde işjeň we oňyn başlangyçlary öňe sürýär, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde özüniň saldamly goşandyny goşýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň ençeme halkara şertnamalara, ylalaşyklara we konwensiýalara goşulmagy bilen, olarda beýan edilen halkara hukuk kadalary milli kanunçylygymyza ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň dünýä döwletleri we abraýly guramalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin geljekde-de bu işleri has-da kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň wajypdygyny belledi. Dünýä döwletleri ýurdumyz bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasat işini, halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň wajypdygyna üns berildi. 

                                                                   

Şu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşary syýasy gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen dünýä ýaýmak üçin Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli berkitmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we bu ugurda parlamentara dostluk toparlarynyň, ugurdaş komitetleriň, ýaş parlamentarileriň, zenan parlamentarileriň arasynda özara tejribe alyşmak üçin hyzmatdaşlygyň täzeçe iş usullarynda ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri halkara derejede geçirilýän maslahatlara, parlament meýdançalarynda guralýan forumlara işjeň gatnaşmak bilen, şeýle çäreleri ýurdumyzda-da guramak we geçirmek babatda zerur işleri alyp barmalydyrlar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Munuň özi parlament işini guramaga we kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga, ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge amatly mümkinçilik berer. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şeýle hem «Saýlawçylaryň bitewi döwlet reýestri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda», «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda», «Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek ileri tutulýan meýilnamalaryň hatarynda görkezildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esas goýujy ýörelgelerinden, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan kabul edilen maksatnamalardan we Kararlardan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, üstümizdäki ýylda hem ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine kanunçylyk taýdan oňyn şertleri döretmäge uly üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we bu ugurda kanunlar maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan, döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady we maliýe görkezijilerinden ugur alnyp işlenilip taýýarlanylmalydyr diýip belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny jemläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň geljekde-de öz işini jemgyýetimiz we döwletimiz üçin örän möhüm bolan wezipeleridir meseleleri çözmäge gönükdirip, ýokary netijeleri gazanjakdygyna berk ynam bildirdi we hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň at-abraýyny has-da belende götermek ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. 

                                                                   

Şunlukda, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty ýapyk diýip yglan edildi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen jemlendi. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

 Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. 

                                                                   

Maslahatda çykyş edenler 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde ýokary raýatlyk işjeňliginiň subutnamasyna öwrülendigini bellediler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deputatlar düzüminiň öňünde eden maksatnamalaýyn çykyşynda kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça ýakyn geljek üçin anyk wezipeleri kesgitledi. 

                                                                   

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanan deputatlarynyň aglabasynyň ýaş nesliň wekilleridigini bellediler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, ýaşlaryň jemgyýetde özlerini ykrar etdirmekleri, olaryň möhüm syýasy, ykdysady, durmuş özgertmelerini amala aşyrmaga gatnaşmagy üçin zerur şertleriňdir kepillikleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň çuň mazmunly çykyşynda kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün edilmegi boýunça zerur işler geçiriler. 

                                                                   

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary uly ynamy ödemek üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmegiň bähbidine ähli güýç-gaýratlaryny, bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

07.04.2023
Ýurdumyzda öndürilýän hyrydarly harytlar

Söwda senagaty her bir ýurduň ykdysadyýetindäki ähmiýetli pudaklaryň biridir. Hut şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar mehanizmleriniň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik usullarynyň biridir. Şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ýurdumyzda sergilerdir dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, 4-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda açylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi öz işini dowam etdi. Sergide Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, ýurdumyzyň işewürleri öz diwarlyklary bilen gatnaşdylar. Mundan başga-da, sergide oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň söwda toplumynyň gazananlary, ýerli kärhanalaryň önümleriniň iň soňky nusgalary, azyk, senagat, dokma,  haly önümleri, sarp ediş harytlary, şeýle-de ýurdumyzyň işewürleriniň dürli hyzmatlarydyr ähmiýetli işleri bilen tanyşdyryldy. Serginiň dabaraly açylyşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda: «Bu gün «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň subutnamasyna öwrüldi» diýlip, buýsanç bilen bellenilýär.    

                                                                   

Sergi pawilýonlaryndaky görkezilen önümler oňa gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Ýurdumyzda önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyndaky amala aşyrylýan özgertmelere öz goşantlaryny goşmak bilen, täze agrotehnologiýalary, suw tygşytlaýjy ulgamlary, ylmyň soňky gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrýarlar, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli gök önümleri, miweleri ýetişdirýärler. Elde dokalan ajaýyp halylar, zergärleriň, tikinçileriň elde döreden täsin işleri pawilýonlara tomaşa edýän myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar we telekeçiler durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary hem-de türkmen telekeçilerine döredip beren mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdylar.  

                                                                                                           

«Esger».

07.04.2023
Ata watanymyz kuwwatly energetika döwleti

Dünýä nur saçýar türkmen şuglasy 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow:
 

                                                                   

 —  Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. 

                                                                   

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durnukly ösüş babatda müňýyllygyň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurt hökmünde häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar. Durmuşyň özi wagtyň geçmegi bilen ähli zady aýyl-saýyl edýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda bitirilen ägirt uly tutumly işlere ser salanyňda, eziz Watanymyzyň beýik ösüşlerine bolan buýsanjyň artýar. Sanlyja ýyllarda üstünlikli alnyp barlan ägirt uly gurluşyklar berkarar Diýarymyzyň mukaddes topragyny, ümmülmez sährasyny, deňzini-derýasyny, şäherleridir obalaryny tanalmaz derejede özgertdi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap şäherçelerdir obalar, ýaşaýyş toplumlary, zawodlardyr fabrikler, kämil derejeli ýollar, köprüler, saglygy goraýyş, sport we medeni desgalar guruldy. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň dokma, gurluşyk, himiýa we durmuş, azyk senagatyna degişli, şeýle hem ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň köp görnüşleri boýunça döwrebap kärhanalar kemala getirildi. Bu il-ýurt ähmiýetli beýik işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan   üstünlikli  dowam etdirilýär. Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwrüldi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady mümkinçilikleri has-da ýokarlandy. 

 Diýarymyzda tutuş täze şäherçeleriň, obalaryň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň köpçülikleýin gurulmagy elektroenergiýa bolan islegi hem has-da ýokarlandyrdy. Bu möhüm wezipe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli tagallasy bilen üstünlikli çözgüde eýe boldy. Özüniň elektroenergiýa bolan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýan hem-de daşary ýurtlara elektroenergiýa ibermegi amala aşyrýan Türkmen döwletiniň energetika ulgamynyň esasynda pudagyň öňüni çekiji Mary DES-den başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe iň täze tehnologiýalar, enjamlar bilen üpjün edilen, döwrebap kuwwatly elektrik stansiýalary guruldy, elektrik geçiriji ulgamlar täzelenildi we häzirki wagtda bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar.  

                                                                   

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlan Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkezi bu ugurdaky döwrebap iri kärhanalaryň biridir. Kärhanada ýokary tehnologiýaly enjamlar oturdyldy. Bu bolsa tutuş şäheriň energiýa ulgamynyň işleýşine gözegçilik etmäge, elektrik energiýasyny netijeli ulanmaga mümkinçilik berdi. Şol ýerden Aşgabadyň tutuş energo ulgamy dolandyrylýar. Ähli zerur bolan maglumatlar hem-de wideoşekiller bu ýere optiki-süýümli kabeller arkaly geçirilýär. 

 Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna beslenen 2021-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça iri desgalaryň 73-si ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň häzirki wagtda döredilýän halkalaýyn energoulgamynyň Ahal — Balkan bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy bar. Şeýlelikde, elektrik energiýany öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy. Bularyň ählisi, bitewülikde ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny güýçli depginlerde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasy bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna uly ýardam etdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, baryp 2017-nji ýylda ýurdumyz Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edipdi. Onuň 28-nji mejlisi 50 döwletden gatnaşyjylaryň 200-den gowragyny bir ýere jemläp, şonda Türkmenistan häzirki döwrüň hem-de dünýä ösüşiniň, şol sanda ählumumy energetika meseleleri boýunça ösüşiň ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin abraýly çekişmeler merkezi diýen belent derejesini nobatdaky gezek tassyklapdy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny kemala getirmek, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ulgamyny döretmek babatda bitirilen beýik işler häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek — 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly kabul edilen kararnamalar hem bu ugurda umumadamzat bähbitli bitirilen beýik işlere aýdyň şaýatlyk edýär. 

  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli alyp barýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sebitdäki goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir. Şunda ýurdumyzyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygy muňa aýdyň mysaldyr. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyny çekmegiň taslamasy tutuş sebitiň ösüşinde aýratyn ähmiýete eýedir. Taslamanyň amala aşyrylmagy diňe bir goňşy döwletde durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňaýly täsir etmän, eýsem, tutuş sebitiň hem durmuş-ykdysady ösüşine uly ýardam eder.  

                                                                   

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň depginli ösüşini nazara almak bilen, täze kuwwatly energetika ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.  Ýurdumyzyň halkalaýyn energiýa ulgamyny döretmek boýunça giň möçberli taslama üstünlikli amala aşyrylýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi şäherleri we obalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge köpugurly şertleri kemala getirýär. 

                                                                   

Berkarar Diýarymyzda energetika senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilip, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi ulanmaga berildi. Häzirki wagtda bu kärhana Merkezi Aziýada bu ugurda hyzmat edýän ýeke-täk iri kärhanadyr. Kärhanada abatlaýyş işleri gysga wagtda we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa ugurdaş enjamlaryň uzak wagtlap hyzmat etmegine, diýmek, ýurdumyzda hereket edýän elektrik beketleriniň doly güýjünde bökdençsiz işledilmegine gönüden-göni ýardam berýär. Bu ýerde işgärleriň hünär taýdan kämilleşdirilmegi, şol sanda daşary ýurtlardaky ugurdaş kärhanalarda işlemek arkaly tejribe alyşmaklary üçin ähli şertler döredildi.  

                                                                   

Milli elektroenergiýa ulgamynyň beýik ösüşleri kämil derejeli hünärmenlere bolan islegi hem ýokarlandyrýar. Türkmenistanyň döwlet energetika instituty ýurdumyzyň elektroenergiýa ulgamyny ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek babatda uly işleri alyp barýar. Ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesiniň hem köp babatda milli ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen pugta baglydygy hemmämize mälim. Türkmen döwleti özgerýär, ösýär, durmuş bedew bady bilen öňe gidýär. Şunda ylym-bilim ýurdumyzy, jemgyýetimizi ösüşleriň täze belentliklerine äkidiji güýç hökmünde kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara belent ynamy Halk Maslahatynyň mejlisinde ýene bir gezek has aýdyň ýüze çykdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly: «Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr». 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen duşuşygy we bu ýerde eden taryhy çykyşy diňe bir talyplarymyz üçin däl, eýsem, professor-mugallymlarymyz, bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerimiz üçin hem ýolgörkeziji taglymat bolup, kalplarda orun aldy. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynda bolsa Türkmenistanyň elektroenergetika strategiýasyna, bu ulgamda amala aşyrylýan milli maksatnamalara we iri taslamalara seljerme berilýär. Kitapda ýurdumyzyň elektroenergetikasynyň kemala gelmeginiň taryhy, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan beýik işler hakynda giňden bellenilýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, nebitgaz, ýangyç, elektrik energetikasy, dokma, söwda, medeniýet hem-de ylym-bilim ulgamlary uly ösüşlere eýe boldy. Taryhyň görkezişi ýaly, her döwrüň ösüşine täsir edýän sebäpleri bolýar. Ähli gujur-gaýratyny, zehinini, ylmyny-bilimini, başarnygyny Watanyň ösüşlerine sarp edýän döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan beýik işleri mähriban halkymyzy ýokary ruhubelentlikde, döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.  

                                                                   

Goý, berkarar Diýarymyzy kuwwatly elektroenergetika döwletine öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli belent maksatlary elmydama rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Serdar NAZAROW,

                       

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.

06.04.2023
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny kabul etdi

Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabada iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmany sahawatly türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu günki duşuşygyň olaryň şu ýylyň dowamynda ikinji duşuşygydygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ysnyşykly häsiýete eýedigine, taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge meýillidigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki saparyň Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şol gatnaşyklar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. 

                                                                   

Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, Tatarystan Respublikasynyň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlan köptaraply netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine türkmen tarapyndan bildirilýän çemeleşmeleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny nygtady. Soňky ýyllarda Türkmenistanda ägirt uly özgertmeler amala aşyryldy. 

                                                                   

Söhbetdeşligiň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Tatarystanyň halklaryny taryhyň dowamynda emele gelen köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklary, medeniýetiň, diliň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwürde türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň berk binýada esaslanyp, işjeň ösdürilýändigini hem-de özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar däp bolan hyzmatdaşlyga degişli giň meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga, onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi köpugurly türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, eksport-import amallaryny artdyrmagyň, özara iberilýän harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň zerurdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek, olary sergilere, forumlara, ýarmarkalara çekmek boýunça işleri güýçlendirmek wajypdyr. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna möhüm orun degişlidir. Bu topar degişli düzümleriň işini utgaşdyrýar hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny seljerýär. 

                                                                   

Söhbetdeşler şu ýylyň 15-16-njy martynda Aşgabatda bu iş toparynyň sekizinji mejlisiniň hem-de Türkmen-tatar işewürlik maslahatynyň geçirilendigini belläp, şol duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn ylalaşyklary, dürli pudaklarda kesgitlenen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlary kesgitlenildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary boýunça Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary belläp, türkmen tarapynyň biziň halklarymyzyň dostlugynyň we ýakynlaşmagynyň köprüsi hökmünde çykyş edýän bu ugurdaky gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Rustam Minnihanowa Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandy we berýän uly ünsi üçin minnetdarlyk bildirip, belent mertebeli myhmana berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik, Tatarystanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

06.04.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary, öňde durýan wezipeler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz hem-de Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň söwda toplumynyň hödürleýän hyzmatlary we önümleriň görnüşleri bilen tanyşdylar. Häzirki döwürde bu toplumda hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Önüm öndürijilere, hususyýetçilere döwlet tarapyndan degişli goldawlaryň berilmegi olaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, bäsdeşlige ukyplylyklaryny ýokarlandyrmaga, önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga ýardam edýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň hususyýetçileriniň täze önümçilik kuwwatlyklaryny döredýändiklerini, olaryň önümçilik ulgamlary, ulag-aragatnaşyk pudagy üçin zerur bolan harytlary öndürýändiklerini belledi.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda hususyýetçilere möhüm orun degişlidir. Olar bazar gurallaryny we innowasion tehnologiýalary işjeň özleşdirýärler. Munuň özi ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek hem-de onuň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin degişli şertleri döredýär. 

                                                                   

Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanda öndürilýän haly we haly önümleriniň sergi bölümine baryp gördüler. Bu ýerde ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem boldy. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň işewürleri bu ulgamda işjeňlik görkezýärler, haly we haly önümleriniň önümçiligini giňeldýärler, täze tekliplerdir çözgütleri öňe sürýärler. Olaryň alyp barýan işleri türkmen halylarynyň şöhratyny artdyrmaga hem-de haly önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Tutanýerli işleriň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar, içerki bazar doly üpjün edilýär, daşary söwdanyň gerimi giňelýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly harytlar dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyp, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň barha artmagyna giň ýol açýar. 

                                                                   

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, aýratyn-da, ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri, ulag-kommunikasiýa ulgamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata iki ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

                                                                   

Türkmenistanyň we Tatarystanyň ýangyç-energetika babatda oňyn tejribe toplandygy bellenilip, maslahatda özara tejribe alyşmagyň we bu ugra täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Degişli düzümleriň gatnaşmagynda iki tarapyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigi nygtaldy. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşendigini hasaba almak bilen, serhetüsti gatnawlaryň mümkinçiliklerine garaldy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň hem-de ugurdaş düzümleriň döredilendigini belläp, olaryň kuwwatynyň doly peýdalanylmagynyň möhümdigini nygtady we tatarystanly hyzmatdaşlary bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmäge çagyrdy. Tatarystanda sargyt boýunça öndürilen ýük ulaglary Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda we ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynda netijeli peýdalanylýar. 

                                                                   

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda gurluşygyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylar. Bu işlerde Tatarystanyň hünärmenleriniň tejribeleri peýdalanylyp bilner diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine tatar kompaniýalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegi, daşary ýurtly kompaniýalaryň netijeli işlemekleri ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegi geljegi uly türkmen bazarynyň özüne çekijiligini artdyrýar. Bu barada aýtmak bilen, myhman Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeleriň bir bölegi bolan taslamalary amala aşyrmaga girişmäge Tatarystanyň işewürleriniň taýýardyklaryny belledi. 

                                                                   

Tatarystanyň Baştutany Türkmenistanyň gurluşyk ulgamynda häzirki zaman gazananlaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän täze Arkadag şäheriniň gurluşygyna gatnaşmaga Tatarystanyň kompaniýalarynyň çagyrylmagyny uly hormat hasaplaýandygyny nygtady. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, onda öňe sürlen teklipleriň we garalan meseleleriň işjeň öwrenilmegi, bu ugur boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanylmagy babatda zerur işleriň geçirilmelidigini belledi. 

                                                                   

Soňra hormatly Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy ata Watany Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň we dürli maksatly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine türkiýeli işewürleriň çagyrylmagynyň özleri üçin uly hormatdygyny belledi. Munuň özi gurluşyk ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykmagyna giň ýol açar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz duşuşyk tamamlanandan soňra, myhman bilen bilelikde bu ýerden Arkadag şäheriniň ýerleşýän ýerine tarap ugrady. 

                                                                   

Ýoluga Gahryman Arkadagymyzyň ulagy paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän, ady rowaýata öwrülen “Polatly” atly şöhratly bedewiň heýkeliniň ýanynda saklandy. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmana häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäheri, onuň döreýiş taryhy, şäherde bar bolan desgalar hem-de olaryň binagärlik aýratynlyklary barada gürrüň berdi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde eýýäm Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurlandygyny aýdyp, türkiýeli işewür toparlary bu merkeziň ýanynda çagalar üçin niýetlenen dürli önümleriň, derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, bu ýerden Arkadag şäheriniň çäginde gurlan desgalar, durmuş maksatly binalar, şol sanda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň binalary görünýär. 

                                                                   

Rifat Hisarjyklyoglu bu ýerleriň amatly howa şertleriniň hem-de ekologik ýagdaýynyň ynsan saglygyna oňaýly täsir edýändigini belledi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny Arkadag şäherine aýlanyp görmäge hem-de onuň binagärlik aýratynlyklary bilen ýerinde tanyşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy D.Orazowa anyk görkezmeler berildi. 

                                                                   

 Soňra hormatly Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny Arkadag şäherinde alnyp barylýan işler, onuň çäginde gurlan binalar, olaryň bezeg aýratynlyklary, bu ýerde geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen tanyşdyrdy. 

                                                                   

Myhman Arkadag şäheriniň merkezi künjeginde oturdylan “Akhan” heýkeli, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde binagärligiň milli ýörelgelerini, häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesini özünde jemleýän, ähli amatlyklary bolan kottejler toplumynyň binagärlik aýratynlyklary Rifat Hisarjyklyoglunda uly täsir galdyrdy. 

                                                                   

Rifat Hisarjyklyoglu täze şäherde ýerine ýetirilen işler bilen tanyşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, şeýle mümkinçilik üçin hormatly Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

06.04.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Hormatly Arkadagymyz myhmany gadyrly mübärekläp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi. 

                                                                   

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürliginiň wekilini sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, doganlyk ýurtda bolup geçen pajygaly ýertitreme zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny beýan etdi. 

                                                                   

Myhman Gahryman Arkadagymyza duýgudaşlyk hem-de berlen kömek üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Rifat Hisarjyklyoglu türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli sözleri we gutlag haty, şeýle-de Türkiýäniň ekologik ähmiýetli başlangyjyny goldandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny ýetirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň wise-başlygy hökmünde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahata Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Emine Ärdoganyň we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary M.Bäşimowanyň gatnaşmagy we olaryň maslahatyň dowamyndaky taryhy ähmiýetli çykyşlary doganlyk ýurtlaryň zenanlarynyň dünýä ähmiýetli meselelerde işjeň orny eýeleýändiklerini görkezýär. Türkiýe Respublikasynyň “nol zyňyndy” başlangyjy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde ykrar edildi. Munuň özi iki ýurduň arasynda birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny goldamak ýaly asylly ýörelgeleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine özüniň iň gowy arzuwlaryny aýtdy we iki doganlyk ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň, gazanylýan ylalaşyklaryň netijesinde ösüşiň hil taýdan täze derejä çykýandygyny kanagatlanma bilen belledi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ekologik mesele dünýä ähmiýetli möhüm wezipeleriň birine öwrüldi. Şunda bilelikdäki tagallalar zerurdyr. Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň dünýä ähmiýetli köp işleriň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýandygyny belläp, ýokary derejede geçirilýän duşuşyklarda we gepleşiklerde ekologik meseleleriň mundan beýläk-de ara alnyp maslahatlaşylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Milli Liderimiz Türkiýede ýakyn wagtda wajyp syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň — Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini belläp, Rejep Taýyp Ärdogana saýlawlarda üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde ähli ugurlar boýunça uly ösüşleri gazanýandygyny belläp, türkiýeli işewürleriň öz ata Watany bolan Türkmenistanda netijeli işlemekleri ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirdi. Türk işewüri iri halkara guramalaryň çäklerinde, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin we häzirki zamanyň köp sanly meseleleriniň oňyn çözülmegine gönükdirilen hem-de Birleşen Milletler Guramasynda giň goldawa eýe bolýan Türkmenistanyň başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeliligini we ýylsaýyn yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Iki ýurduň bilelikdäki tagallalary esasynda bu gatnaşyklara täze itergi berildi. Dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we iri möçberli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyna hem-de işewürlik geňeşine möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, azyk we dokma senagaty pudaklary, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şol bir wagtyň özünde, azyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ekologik meseläniň ýurdumyzyň şähergurluşyk maksatnamasynda möhüm orun eýeleýändigini aýdyp, Arkadag şäheriniň gurluşygyndaky önümçilik kuwwatlyklarynyň häzirki zaman ekologik talaplaryna laýyk derejede dörediljekdigini belledi. 

                                                                   

Häzirki döwürde “akylly” şäher konsepsiýasyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, hormatly Arkadagymyz täze şäherde ekologik taýdan arassa önümçilige, elektrobuslaryň, elektrotaksileriň hereketine aýratyn ähmiýet beriljekdigini nygtady. Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. 

                                                                   

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täzeçil tehnologiýalar we sanly ulgam arkaly hyzmatlaryň döwrebap ulgamyny ýola goýmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Mundan başga-da, türkmen hünärmenleriniň türk kärdeşleri bilen häzirki zaman hyzmatlarynyň ösen ulgamy boýunça özara tejribe alyşmaklaryny işjeňleşdirmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, ilatly ýerlerde dessin gulluklaryň bir bitewi döwrebap ulgamyny döretmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige goşulyşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär. Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugra täzeçil tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň öwrenilmeginiň wajypdygyny belledi. 

                                                                   

Häzirki döwürde suw süýjediji desgalaryň yzygiderli gurulmagy we suwaryşyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy bu ugurdaky meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün eder. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz suw geçiriji ulgamlaryň gurluşygy we bu ugra degişli enjamlaryň satyn alynmagy babatda türkiýeli işewürler bilen tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Işewür Türkiýede suw geçiriji ulgamyň täze, häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyk gelýän turbalaryň önümçiliginiň ýola goýlandygyny belledi we bu önümleriň Türkmenistan üçin niýetlenendigini hem-de olaryň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelýändigini nygtady. 

                                                                   

Häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giňeldilýändigini, muňa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda köpýyllyk özara bähbitli gatnaşyklaryň hem şaýatlyk edýändigini belläp, türk işewüri Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga höwes bildirýän türkmen ýaşlary üçin has giň mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy. 

                                                                   

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa 2015-nji ýylda Türkiýäniň Ykdysadyýet we tehnologiýalar uniwersitetiniň hormatly doktory diýen ýokary derejäniň berilmeginiň bu ýokary okuw mekdebinde uly buýsanç bilen ýatlanylýandygyny nygtady. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu mübärek Oraza aýynda edilýän doga-dilegleriň kabul bolmagyny dileg edip, birek-biregi we iki ýurduň halklaryny mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

05.04.2023
Türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslary pugtalandyrylýar

Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşyna agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Metbugatda Türkmenistanyň Mejlisiniň täze düzüminiň saýlanan deputatlarynyň sanawlary çap edildi. Ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň sanawlary hem çap edilýär. 

                                                                   

Milli parlamentiň düzümine 125 deputat girip, olar bäş ýylyň dowamynda döwletimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegi üçin kesgitleýji ähmiýete eýe bolan milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek boýunça wajyp wezipeleri çözerler. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda täze saýlanan deputatlara şahsyýetnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap, olar ýurdumyzyň ýokary kanunçylyk edarasynda halkymyzyň doly hukukly wekilleri bolup durýarlar.  

                                                                   

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň düzümine giren deputatlaryň ýokary bilim we hünär derejelerini bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň hemişelik hereket edýän kanun çykaryjy edarasyna iň mynasyp dalaşgärleriň saýlanandygyna şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň hünärmenleri bar. Saýlanan deputatlaryň 41 göterimine golaýynyň 40 ýaşa çenli ýaşlardygy bellärliklidir. Bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna ýaşlaryň çekilýändigini görkezýär. Şeýle hem deputatlaryň 32-si, ýagny olaryň umumy sanynyň 25,6 göterimi zenanlardyr. Munuň özi zenanlaryň türkmen jemgyýetiniň durmuşyndaky ornunyň barha artýandygyny subut edýär. 

                                                                   

Şeýle hem degişli okrug saýlaw toparlarynda halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň täze saýlanan agzalaryna şahsyýetnamalar gowşurylýar. Ýurdumyz boýunça welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatyna 240, etrap we şäher halk maslahatlaryna 960, Geňeşlere 5897 agza saýlandy. 

                                                                   

Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy, milli maksatnamalaryň ynsanperwer ýörelgeleriniň we kadalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtaýar. Munuň şeýledigini häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň jebisligini aýdyň görkezen saýlawlar hem tassyklady. Açyklyk we aýanlyk, giň bäsdeşlik, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilen saýlawlar türkmen halkynyň tutuş taryhyň dowamynda ygrarly bolan halk häkimiýetlilik däplerini ösdürmegiň ýolundaky täze ädim boldy. 

                                                                   

Dalaşgärler Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa, şeýle hem raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Saýlawlara jemi 14 müň 872 dalaşgär gatnaşyp, olaryň 7222-si; syýasy partiýalardan 10 müň 340 dalaşgär hödürlenilip, şolardan 5137-si; raýatlar toparlaryndan 4532 dalaşgär hödürlenilip, olardan 2085-si saýlanyldy. 

                                                                   

Saýlaw möwsüminiň dowamynda ähli dalaşgärlere deň mümkinçilikler, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmäge mümkinçilik üpjün edildi. Ýerine ýetirilen ägirt uly guramaçylyk işleriniň netijesinde, saýlawlar ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçip, halkymyzyň öz raýatlyk borjuna çuňňur düşünýändigini hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri dolulygyna goldaýandygyny görkezdi. 

                                                                   

Şeýle hem saýlawlaryň geçişine 3 müňe golaý milli we 90-dan gowrak halkara synçynyň syn edendigini bellemek gerek. Synçylar saýlawlaryň we onuň netijelerini jemlemegiň ýokary taýýarlyk hem guramaçylyk derejesine ünsi çekdiler. 

                                                                                                           

(TDH)

05.04.2023
Milli ykdysadyýetiň kuwwatly güýji

Berkarar döwletimizde telekeçiligi höweslendirmek, köpugurly ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Türkmen telekeçileri milli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň goşulýarlar. Telekeçilik işiniň ösüş ugurlary, üstünlikleri ugurdaş sergilerde has-da gowy ýüze çykýar. 18-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergide görkezilen önümler hem milli işewürligiň ösüşiň täze derejesine çykandygyny görkezdi. Ýurdumyzda hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň öndürýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk serişdeleri, elektroenjamlaryň önümçiligi, söwda, syýahat, ylym-bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, ulag we logistika ulgamy, haly önümler, halk senetçiligi we beýleki önümler telekeçiligiň depginli ösüşini alamatlandyrdy. Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamy türkmen işewürleriniň örän üstünlikli özleşdiren pudaklarynyň biridir. Täze gurulýan durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň gurluşygyna hem türkmen telekeçileriniň işjeň gatnaşýandyklary buýsandyryjydyr.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz bu sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Ýokary hilli önümleri bilen meşhurlyk gazanan «Talhan» söwda nyşanly çörek we çörek önümleri, «Täze aý», «Hasar», «Balşeker», «Duýgy», «Doganlar ýyldyzy», «Tut» haryt nyşanly içgileri öndürýän kärhananyň, «Ak gar» haryt nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň önümleriniň görnüşleri ýylba-ýyldan artýar. Bu gün türkmen telekeçileri gaz we elektrik peçlerini, howur peçleri, mikro tolkunly peçleri, smart telewizorlary ýaly durmuşda ulanylýan tehnikalary öndürýärler. Hususy ulgam häzirki zamanyň senagat hem elektron önümleriniň, töleg terminallarynyň, okuw onlaýn-maksatnamalarynyň, «akylly» öý tehnologiýalarynyň önümçiligini üstünlikli özleşdirýärler. Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny goýýarlar, ilata giň gerimli durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler. 

                                                                   

Telekeçileriň önümçiligiň gerimini barha giňeldýändikleri guwandyryjydyr. Meselem, «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan 2021-nji ýylda Ak bugdaý etrabynda «Nusga» atly 4 sany reňkli syýaly hem-de 3 sany ysly syýaly ruçkalaryň görnüşleri öndürilýär. Bu ruçkalar eksporta hem goýberilýär. Geljekde bozguçlary, dürli galamlary, galam artylýan we başga-da kanselýariýa önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Hususy pudakda maşgala kärhanalary hem meşhurlyga eýe bolýar. Meselem, oba hojalyk önümlerini, ary balyny, milli el işlerini öndürmekde maşgala kärhanalary üçin hem giň mümkinçilikler bar.  

                                                                   

Ýurdumyzda ýaşlaryň telekeçilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, ösdürmekleri, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak üçin uly işler alnyp barylýar. TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň açylmagynyň göz öňünde tutulmagy hem hususy işewürligiň mümkinçiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň iýul aýynda bu ýokary okuw mekdebiniň dabaraly ýagdaýda düýbi tutulyp, desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine hem uly orun degişlidir. Bellenilen döwürde hususy telekeçilik ulgamynda kiçi we iri kärhanalaryň ýüzlerçesi döredilip, daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça işler geçiriler. Ýörite ykdysady zolaklar dörediler. Ykdysadyýetde döwlete dahylsyz pudagyň paýy yzygiderli artar. Ýaş telekeçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin giň şertleriň döredilmegi barada alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işlerinde hemişe rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.  

                                                                                                           

Begenç BEGMYRADOW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

05.04.2023
Telekeçilige — giň ýol!

Hususyýetçilerimiziň  goşandy 

                                                                   

Şanly wakalary bilen dabarasy dag aşýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň guwançly wakasy bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy bellenilip geçildi. Şu sene ýurdumyzda telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy. Telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw-ýardam berilmegi harytlaryň we önümleriň bolçulygynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açdy. Ilatyň ýokary hilli harytlara we önümlere bolan islegini has doly kanagatlandyrmakda uly işler bitirildi we bitirilýär.  

                                                                   

TSTB-niň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli türkmen telekeçileriniň Aşgabat şäherinde geçirilen sergisi hem möhüm waka boldy. Bu sergä welaýatymyzyň telekeçilerem gatnaşyp, özleriniň ýokary hilli önümlerini we harytlaryny görkezdiler. Ýeri gelende, öňki ýyllardaky sergilerde-de welaýatymyzyň işewürleriniň özleriniň ýokary hilli önümleri we harytlary bilen ýokary bahalara mynasyp bolandyklaryny ýatlamak ýakymlydyr. Şu sergä welaýatymyzdan hususyýetçileriň 24-si dürli görnüşli önümleri we harytlary bilen gatnaşdy.  

                                                                   

Her ýylda bolşy ýaly, bu sergide-de welaýatymyzyň hususyýetçileriniň harytlarydyr önümleriniň ýokary baha mynasyp bolandygy guwandyrýar. Munuň özi telekeçilerimiziň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalarynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

 Röwşen GELDIMYRADOW. 

                                                                   

 TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.

04.04.2023
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. 

                                                                   

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Ol welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri alnyp barylýar, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara, zyýan berijilere garşy göreş işleri geçirilýär. Gowaça ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. 

                                                                   

Ýazlyk ýeralma, sogana hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pile öndürijilere ýüpek gurçuklary paýlanyp berlip, häzirki wagtda olara ideg işleri geçirilýär. Mundan başga-da, häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň hem-de bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň öz wagtynda alnyp barylmagynyň, pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatda gowaça ekişi agrotehniki möhletlerde geçirilip, onda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Bugdaý ekilen ýerlerde ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek, ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki ekinlere ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi we bugdaýa ideg etmegiň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, ýeralma, sogana we beýleki ýazlyk ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk işleriniň gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Welaýatda oba hojalyk işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýär. Hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara we zyýan berijilere garşy göreş işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, ekişde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. 

                                                                   

Ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek dowam edýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur taýýarlyk işleri görülýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli degişli çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky, şeýle-de ýazlyk ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişini ýokary hilli we bellenen möhletlerde, pile öndürmek möwsümini hem guramaçylykly geçirmek boýunça häkime degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda bugdaýa ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý meýdanlarynda haşal otlaryň garşysyna göreşmek we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekişi guramaçylykly dowam etdirilip, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. 

                                                                   

Welaýatyň ýazlyk ýeralma, sogan, beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär. Pile öndürijiler ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün edilip, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy we Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de welaýatyň bugdaý, ýeralma, sogan ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi, pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini häkime tabşyrdy. 

                                                                   

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlara we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralmadan, sogandan, beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak maksady bilen, meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilýär.  

                                                                   

Şeýle hem welaýatda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Häzirki wagtda olara talabalaýyk ideg edilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň bereketli hasyl almagyň esasy talaplarynyň biridigini belledi we welaýatda gowaça ekişiniň, bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli tabşyryklar berildi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri, haşal otlaryň garşysyna hem-de zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça göreş çäreleri geçirilýär. 

                                                                   

Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzda “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam etdirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Oba hojalyk toplumynyň alymlaryndan we tejribeli hünärmenlerinden düzülen toparlar welaýatlara yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, oba hojalyk önümlerini öndürijilere degişli maslahatlary berýärler. Mundan başga-da, wise-premýer ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryndan ugur alnyp, ideg işleriniň dowam etdirilýändigini, ýerli howa şertlerine laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň paýlanyp berlendigini, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa degişli taýýarlyk işleriniň geçirilýändigini habar berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.04.2023
Amatlylyk, ygtybarlylyk, döwrebaplyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy aýdyň tassyklaýar. Bu Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenilendir. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi berip, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi içerki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna, netijede, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Döwletimizde sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşine uly itergi bermek bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze iş orunlaryny döretmäge, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

 Şeýle mümkinçilikleri döredip beren hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun! 

                                                                                                           

Otuz NURYÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýeti, kazynyň kömekçisi.

04.04.2023