Новости
Ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmek — üns merkezinde

Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna iş sapary

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynda dowam edýän iş saparynyň barşynda Mary şäheriniň Gurbanguly hajy metjidine bardy.

Şäheriň esasy gözel künjekleriniň biri bolan ak mermerli metjit welaýatyň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça 2009-njy ýylda milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri esasynda guruldy. Onuň altynsow reňkli ýarymaý şekillendirilen, nagyşlar bilen bezelen esasy gümmeziniň diametri 24 metre barabardyr.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy welaýatyň baş metjidiniň ymamy we din wekilleri garşyladylar.

Hajy Arkadagymyz häzirki wagtda ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýan ýurdumyzda mähriban halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň rowaçlygynyň bähbidine giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunda eziz Diýarymyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbini özgertmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, sebitlerimiziň ählisinde döwrebap metjitleriň gurulmagyna uly üns berilýär.

Metjitde Beýik Biribardan ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamat bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi dileg edilip, aýat-töwir okaldy. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Binanyň içi mermer, granit daşlary we agajyň gymmat bahaly görnüşleri bilen bezelipdir. Metjidiň bezeginde Gurhanyň sürelerinden alnan haşamly ýazgylar aýratyn orun eýeleýär. Toplumyň düzümine sadaka üçin niýetlenen ýörite desga, dini dessurlary berjaý etmek üçin bina, myhmanhana we beýleki desgalar girýär. Ajaýyp suw çüwdürimleri metjidiň merkezi basgançaklaryny bezeýär.

Milli Liderimiz söhbetdeşlikde öten-geçenleri ýatlap sadaka berilse, aýat-töwirler okalsa, doga-dilegler edilse, pederlerden gelýän däp-dessurlaryň mynasyp dowam etdirilýändigini görkezer diýip belledi.

Şunda hajy Arkadagymyz din wekillerine ýüzlenip, ýaş nesilleriň watansöýüji, edep-ekramly, zähmetsöýer bolup ýetişmeklerinde uly işleri bitiren mähriban käbesi Ogulabat ejäniň hem-de öz manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden kyblasy Mälikguly aganyň belli günleriniň Oraza aýyna düşýändigini aýtmak bilen, olary ýagşylykda ýatlap, belli günleriniň arasynda gelýän anna gününde belli gün sadakasyny bermek baradaky teklibini ýaşulular bilen geňeşip görmeklerini haýyş etdi. Munuň özi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna we pederlerine goýýan uly hormatynyň nyşany bolar.

Öz nobatynda, din wekilleri halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen ägirt uly işleri üçin Gahryman hajy Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly işleriň çäklerinde harby howa menziliniň işi, bu ýerde bar bolan uçarlaryň we dikuçarlaryň tehniki aýratynlyklary, harby uçarmanlaryň gulluk hem-de durmuş şertleri bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarly Watanymyzyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, aýratyn-da, harby tehnikalaryň aýawly saklanmagyny, harby uçarlaryň uçuş-gonuş zolagynyň bellenilen kada laýyk bolmagyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.

Şunda şahsy düzümiň hünär derejesini, nazaryýet, jemgyýetçilik-syýasy we beden taýýarlygyny ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli üns merkezinde saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Garagum sährasynyň jümmüşinde ýerleşýän welaýatyň Murgap etrabynyň “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy.

Öri meýdanynda dowar yzynda gezýän kärendeçi çopan M.Ataýew öz ogly hem-de agtygy bilen Gahryman Arkadagymyzy mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ykbalyny asylly işe baglan çopan bilen hal-ahwal soraşdy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi çopan döwlet tarapyndan maldarlaryň işi, olaryň durmuşy barada yzygiderli alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza ähli dowardarlaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol bakýan sürüsinde 550-den gowrak dowaryň bardygyny, olaryň dok we ýyly gyşladylýandygyny belledi.

Milli Liderimiz çopanyň işi, durmuşy bilen içgin gyzyklanyp, kärendeçilik usulynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Kärendeçi çopan 25 ýyldan bäri çopançylyk edýändigini, her ýylda dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alýandygyny we şeýlelikde, maşgalasynyň abadançylygynyň ýokarlanýandygyny uly buýsanç bilen aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz halkymyzda çörege aýratyn mukaddeslik hökmünde garalýandygyny belledi. Çörek — durmuşyň gönezligi, ýaşaýşyň binýady. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda çörek we çörek önümleriniň bolçulygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maldarçylygyň milli ýörelgelerine ünsi çekip, alym Arkadagymyz sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýulýandygyny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň, agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi. Şoňa görä-de, “Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň durmuşynda düýe malyna möhüm orun berilýär. Şol bir wagtyň özünde, dowardarçylygy ösdürmek türkmen halkynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Paýhasly pederlerimiz goýun bakmagyň, olary köpeltmegiň özboluşly usullaryny döredipdirler, bu usul häzirki döwürde mynasyp derejede ösdürilýär.

Dowardarlaryň ýanynda eýesine wepaly alabaýlaryň bolmagy ykrar edilen hakykata öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz olaryň adamlar bilen tiz öwrenişýändigini we eýesiniň çagalaryny, emlägini goramak ukybyna eýedigini aýtdy. Alabaýlar ata-babalarymyzyň yhlasyndan dörän gowy häsiýetli, düşbi, şol bir wagtyň özünde-de örän wepaly ýoldaşdyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Ata kesbi — ogla halal” diýen asylly ýörelgäniň dowam etdirilmeginiň uly buýsançdygyny belläp, çopanlar maşgalasyna mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Goýun etinden taýýarlanan gowurdagy sähra şertlerinde tapylgysyz iýmit hökmünde ykrar eden halkymyz gowurdagy, çöregi mukaddeslik saýypdyr. Bular barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz çöregiň alys ýola ugraýan adama ýoldaş bolýandygy barada pederlerimiziň aýdan sözlerini mysal getirdi.

Milli Liderimiz çopançylygyň hormatly kärdigini, onuň maşgala rysgal getirýändigini belläp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi esasynda oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň dürli görnüşli önümlere bolan islegi kanagatlandyrylýar we ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilýär.

Kärendeçi çopan M.Ataýew çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy, çopançylyk işi bilen gyzyklanandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Soňra M.Ataýewiň agtygy hormatly Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny okap berdi.

Daýhanlaryň we maldarlaryň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmaklary ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur işleriň mundan beýläk-de ýerine ýetiriljekdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz kärendeçi çopana alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri çopan maşgalasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan ýörite sowgatlary gowşurdy.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz maşgalanyň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Çopan ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzdan sowgatlary iberendigi üçin hormatly Prezidentimize öz sagbolsunlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Milli Liderimiz çopanlaryň alyp barýan işlerinde ýene bir gezek üstünlik arzuw edip, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy.

Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary ýurdumyzyň ykdysady ösüşini hem-de Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artmagyny şertlendirýän giň gerimli desganyň gurluşygy alnyp barylýan ýerde gondy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri bilen gyzyklandy.

Ýolgurluşyk inženeri S.Ýowşanow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň başlangyç böleginde hem işländiklerini, häzir bolsa bu ýoluň Tejen — Mary böleginde zähmet çekmek bagtynyň miýesser edendigini gürrüň berdi. Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry ýokary depginde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz bu maglumatlaryň örän gowy görkezijidigini belläp, gurluşykçylary gazanýan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olaryň bu ugurda toplan iş tejribeleri, ýol gurluşygynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Inžener bu ugurda işlän ýyllarynda ýol gurluşygy boýunça oňyn tejribe toplandyklaryny belläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm ähmiýeti bolan ýoluň gurluşygynda işlemegiň özleri üçin uly hormatdygyny buýsanç bilen aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz ýol, köpri gurmagyň, bina galdyrmagyň türkmen halkynda sogap iş hasaplanýandygyny belläp, gurluşykçy bolup, gol beren kärinden rysgal-bereket tapmagyň döwletlilikden nyşandygyna ünsi çekdi, şeýle hem bu ýerde ulanylýan tehnikalaryň aýratynlyklary, ýol gurmagyň beýleki gurluşyk işlerinden tapawudy bilen gyzyklandy.

Hünärmen ýol gurluşygynda kämil tehnikalaryň öndürijiligine, olaryň kuwwatyna aýratyn bil baglanylýandygyny, tehnikalaryň bökdençsiz işledilmeginiň möhüm şert bolup durýandygyny belledi we ýurdumyzda telekeçilik başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza ýol gurluşykçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz bu ýerde nurana ertirleriň ýollarynyň gurulýandygyny belläp, olaryň gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmegine mynasyp goşant goşýandygyny, bu ýoluň geljekde tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat etjekdigini aýtdy. Döwletimiziň şeýle taryhy ähmiýeti bolan ýoly gurmagy, ony hem telekeçilere ynanmagy, Diýarymyzda hususyýetçilige bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Munuň özi telekeçiler üçin döredilýän çäksiz mümkinçilikdir.

Gahryman Arkadagymyz gurluşykçylaryň arasyna gelip, olaryň armasyny ýetirendigini hem-de alnyp barylýan işler barada gürrüňdeş bolmagyň ähmiýetlidigini, şeýle edermen gurluşykçylaryň bardygyna halkymyzyň buýsanýandygyny belledi.

Ýol gurluşykçylar Milli Liderimize öz aralaryna gelip, hal-ýagdaýlary, alyp barýan işleri bilen gyzyklanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde yhlasly zähmet çekýän ýol gurluşykçylar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow olara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlary gowşurdy.

Ýol gurluşykçylar Gahryman Arkadagymyzdan her bir işde görelde bolýandygy, netijeli işlemek ugrunda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny ýetirmegini haýyş etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýoluň ýol belgileriniň döwrebap bolmagy, ulaglaryň hereketini gözegçilige alýan ulgamyň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişelik gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýol gurluşykçylara alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş saparyny gurap, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen gyzyklanmagy sebitleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek meseleleriniň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.

(TDH)

13.01.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalary hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli parlamentiň işi barada maglumat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzda maşgala, raýat-hukuk gatnaşyklarynyň kadalaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şunuň bilen birlikde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, Mejlisde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, Geňeşleriň öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirişine, dolandyryş-çäk birlikleriniň we olaryň düzümleriniň ykdysady ösüşine yzygiderli seljerme geçirilýär hem-de ilatly ýerleriň maglumatlary öwrenilýär. Mundan başga-da, deputatlar raýatlaryň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanýarlar, olaryň tekliplerini, isleglerini öwrenýärler. Mejlisiň deputatlary 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýylyň şygarynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz etmek we halk köpçüligine düşündirmek boýunça geçirilýän dürli çärelere gatnaşýarlar, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraply pudaklaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, bu geňeşiň işine işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini, Arkalaşygyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, önümçilikleriň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek maksady bilen, olar zerur bolan serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär. Şeýle hem toplumyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, tehnikalary we enjamlary täzelemek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz toplumyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatlarda gowaça ekişine taýýarlyk görlüp, ýerleri sürmek we tekizlemek işleri geçirilýär, oba hojalyk tehnikalary hem-de ýokary hilli gowaça tohumlary taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly, netijeli peýdalanmak hem-de ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny toplamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada-da aýdyldy. Welaýatlarda suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän häzirki jogapkärli möwsümde alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki talaplara laýyk geçirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýazky ekişe gowy taýýarlyk görmegi hem-de bu ugurda işleriň talabalaýyk guralyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu işlere ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri hem işjeň çekilýär. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar bilen üpjün edilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri, hususan-da, dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy hem-de degişli teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary özümizde öndürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz döwlet we hususy tarapyň gatnaşmagynda önümçilik kärhanasyny döretmek baradaky beýan edilen teklibi makullap, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň ähli ugurlarda has-da netijeli işlemekleri üçin amatly şertler döredilýär. Munuň özi telekeçilik ulgamynyň Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine saldamly goşant goşmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, telekeçiligi ösdürmegi höweslendirmek maksady bilen, ykdysadyýetiň hususy pudagyna yzygiderli döwlet goldawynyň berilýändigini, bu ugurda amatly şertleriň döredilýändigini aýtdy we wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa ýurdumyzyň sirk sungatyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer “Medeniýet hakynda» hem-de «Sirk we sirk sungaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini, şeýle-de olary tassyklamak hakynda Kararyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek we has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet derejesinde ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmäge, döwrebap alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Olaryň teklipleri esasynda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini, ony ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri guramaçylykly geçirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrliginiň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, meýilnamanyň taslamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan”, şeýle hem daşary syýasy we daşary ykdysady meseleleri öz içine alýan döwlet hem-de Hökümet derejesinde kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan gelip çykýan wezipeleriň esasynda taýýarlanyldy. Resminama ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny amala aşyrmak, daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has-da ynsanperwerleşdirilmegine goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Hususan-da, resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň kabul eden resminamalaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de onda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda alnyp baryljak işler beýan edilýär. Daşary ýurt döwletleri bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn saparlary we syýasy geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar.

Iş meýilnamasyna laýyklykda, dürli ýurtlar bilen medeniýet, ylym, bilim, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlarynda maslahatlary, okuw sapaklaryny, sergileri we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, agzalan meýilnama halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, maglumat işleri, sanly diplomatiýa ýaly ugurlary öz içine alýar. Resminamada halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça degişli döwlet edaralary, kompaniýalar we banklar, halkara ykdysady, maliýe guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. Resminamada Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz döwletimiziň öz oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna pugta eýermek bilen, dünýäde ählumumy abadançylyga gönükdirilen işjeň daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Geljekde-de Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirip, parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürip, «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli amala aşyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew agentligiň garamagyndaky düzüm birlikleriniň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Meýilnamalarda ulag infrastrukturalaryny sebitiň üstaşyr mümkinçilikleri bilen netijeli utgaşdyrmak arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, maýa goýumlar üçin amatly şertleriň döredilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, döwrebap demir ýol, awtomobil we howa menzilleriniň, demir ýollaryň, ýük terminallarynyň, deňiz gämileriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň, sanly ulgamlaryň, telefon beketleriniň gurluşygyna aýratyn üns berler. Şeýle hem birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we bu babatda agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra M.Çakyýew şu ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini, bu ugurda halkara guramalar bilen degişli işleriň geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

13.01.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mary welaýatyna iş sapary

Mary welaýaty, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Welaýatyň häkiminiň we onuň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň dowamynda sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de onuň oba hojalyk pudagyna häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, topragyň hasyllylygyny artdyrmak, pagtanyň we bugdaýyň öndürilýän möçberini ýokarlandyrmak, şol bir wagtyň özünde, önümçilik, durmuş maksatly binalaryň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamak meseleleri maslahatda garalan esasy ugurlar boldy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmagy, ýurdumyzyň dokma senagatynyň esasy çig mal binýady bolup durýan pagtadan alynýan hasylyň ýokarlandyrylmagy, bu ugurda welaýat häkimliginiň etraplar bilen ysnyşykly iş alyp barmagynyň wajypdygy barada öz maslahatlaryny berdi.

Soňky ýyllarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, paýhasly pederlerimiziň asylly ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegi netijesinde, önümçilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Şol bir wagtyň özünde, milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy netijesinde, oba hojalyk pudagy sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Bu bolsa ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, sebitde gurulýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekip, Milli Liderimiz bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga tabşyrylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Şeýlelikde, bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidir.

Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynyň dowamynda welaýatyň häkiminiň orunbasaryna ýüzlenip, häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagy üçin ähmiýetli bolan çäreleriň yzygiderli guralmagy babatda degerli maslahatlaryny aýtdy. Munuň özi raýatlarymyzyň agzybirligini, bitewüligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şu ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden dabaralandyrylar. Onuň çäklerinde beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, alym Arkadagymyz halypa ýazyjy-şahyrlaryň çeper döredijilige gol beren ýaşlar bilen duşuşyklarynyň guralmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Şol bir wagtyň özünde, metbugat serişdelerinde, tele we radioýaýlymlarda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli habarlaryň taýýarlanylmagyna, özüne çekiji gepleşikleriň guralmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunda döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň, aýdym-sazly çykyşlaryň, amaly-haşam sungatynyň eserlerine bagyşlanan sergileriň geçirilmelidigini belläp, hormatly Arkadagymyz bu işleriň ýurdumyzyň durmuşynda wajyp ähmiýeti bolan çärelere ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyna ýardam etjekdigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň agzalary halk bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Onuň wekilleri halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, adamlaryň isleg-arzuwlaryny öwrenýärler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Mary welaýatynyň ýolbaşçylary öz aralaryna gelip, gymmatly maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar döwlet tarapyndan berilýän goldawlardan netijeli peýdalanyp, welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi, sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary welaýatyna iş sapary dowam edýär.

13.01.2024
Nur paýlaýan desgalar

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dürli ugurlara degişli desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berilýär. Şeýle desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Mundan başga-da, goňşy ýurtlarda elektrik energiýasyna bolan islegiň yzygiderli artmagy kuwwatly energetika döwleti hökmünde Türkmenistanyň öňünde täze wezipeleri goýýar.

Döwlet Garaşsyzlygymyzy almazdan öň, ýurdumyzda bary-ýogy 4 sany elektrik stansiýasy hereket edip, olar Mary, Büzmeýin döwlet elektrik stansiýalary hem-de Türkmenbaşy we Seýdi ýylylyk elektrik merkezleridi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda 8 sany elektrik stansiýasy gurlup ulanmaga berildi, müňlerçe kilometrlik asma elektrik geçirijiler çekildi. Netijede, Türkmenistan diňe bir içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, ony daşary ýurtlara-da eksport edýän kuwwatly energetika döwletine öwrüldi.

Şu ýerde bir zady aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda 7 ýyldan gowrak döwrüň içinde pudagyň taryhynda görlüp-eşidilmedik zähmet ýeňşi gazanyldy. Häzirki wagtda bolsa her welaýatda 1000 megawata golaý ýa-da ondan hem ýokary energetika kuwwatlykly düzümler hereket edýär.

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäklerinde birnäçe desgalaryň düýbi tutuldy. Şeýle iri taslamalaryň biri-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde gurulýan, bellenen kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasydyr. Bu döwrebap elektrik stansiýasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä meşhur «General Electric» kompaniýasynyň 4 gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar. Gaz turbinalaryndan çykýan ýokary temperaturaly ýanan gazlaryň gyzgynlygyny bug turbinalarynda ulanmak arkaly, goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegi stansiýanyň özboluşly aýratynlygy bolar.

Elektrik stansiýalarynyň zerur bolan möçberi gurlandan soňra, olarda öndürilýän elektrik energiýasyny sarp edijilere ýetirmek üçin asma elektrik geçirijileri zerurdyr. Şu maksatdan ugur alnyp, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe kilometre uzalyp gidýän asma elektrik geçirijileri çekildi, hereket edýänleriniň durky täzelendi. Netijede, halkalaýyn energoulgamyň döredilmegi ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda elektrik baglanyşygyny döreder, olaryň elektrik üpjünçiliginiň has ygtybarlylygyny üpjün eder, zerur bolan halatynda, elektrik energiýasynyň akymlaryny özara alyşmaga mümkinçilik berer. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden daşary ýurtlara elektrik energiýasyny ibermek üçin tehniki şertler dörär.

Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär, Ahal, Daşoguz we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça netijeli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bu işler ata Watanymyzyň dünýä ýurtlarynda tebigaty goramak boýunça ýaýbaňlanan giň gerimli çärelere saldamly goşant goşýandygynyň aýdyň mysallarydyr.

Energetika ulgamynda şeýle belent maksatly çäreleriň durmuşa geçirilmegi Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Serdar HOJAGULYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

11.01.2024
2023-nji ýylyň dekabry: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Geçen ýylyň soňky aýynyň wakalary özygtyýarly döwletimiziň ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda köpugurly halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp baran netijeli işleri — dürli görnüşlerde geçirilen işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmaklarynda guralan forumlar munuň aýdyň mysallarydyr.

4-5-nji dekabrda türkmen wekiliýetiniň Moskwa amala aşyran saparynyň çäklerinde Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda syýasy-diplomatik dialogy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de parlamentara gatnaşyklary, abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň hem agza bolup durýan, BMG-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň ähmiýetine ýokary baha berildi.

5-nji dekabrda Moskwada geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygynda Hazar deňzinde suwuň derejesiniň peselmegi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek maksady bilen, bäştaraplaýyn iş toparyny döretmegiň, suwuň ýalpaklaşmagynyň öňüni almak we azaltmak çärelerini işläp düzmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Hazar deňzinde ekologiýa we energetika hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, kenarýaka döwletleriň ykdysady zerurlyklaryny kanagatlandyrýan, gyzyklanmalaryň we bähbitleriň deň göz öňünde tutulmagy esasynda Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek üçin möhüm şert bolup hyzmat edýän suwasty infrastrukturanyň gurluşygynyň möhüm orny bellenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

5-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasan şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklip etmeginde ahalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada sapar bilen gelen, Halkara Zähmet Guramasynyň Dolandyryş we üçtaraplaýynlyk departamentiniň direktorynyň orunbasary Kamran Fannizadäniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji dekabrda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda 10-njy türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. “Tegelek stol” görnüşinde geçirilen çäre Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň senagat, nebitgaz hem-de ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda, elektroenergetikada, maliýe-bank ulgamynda, söwda, oba hojalygy, ekologiýa we beýleki pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegi maksat edinýändiklerini görkezdi. Maslahatyň jemleri boýunça “Case New Holland Industrial” kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

6-njy dekabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisinde söwda, ykdysadyýet, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, şähergurluşyk, oba hojalygy, tebigaty goramak, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, sport ýaly möhüm ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýokary derejesi bellenildi. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Şol gün paýtagtymyzda geçirilen türkmen-türk işewürlik maslahatynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary bolan nebitgaz, ulag, gurluşyk, himiýa, energetika hem-de ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna, şeýle-de durmuş ulgamyna aýratyn üns çekildi.

7-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Awstriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen geçirilen duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

8-9-njy dekabrda Aşgabatda utgaşykly görnüşde “Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy” atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi. Oňa diplomatlar, Goşulyşmazlyk Hereketine agza döwletleriň 30-a golaýyndan lukmançylyk edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň we BMG-niň beýleki düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

10-njy dekabrda Daşary işler ministrliginde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Wiorel Gusu bilen geçirilen duşuşykda azyk we ekologiýa howpsuzlygy, tebigy serişdeleri tygşytly peýdalanmak hem-de sanly ýer kadastry ulgamynda bilelikde iş alyp barmak bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Duşuşykda aýratyn mesele hökmünde Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny açmak boýunça anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýeti bellenildi. Hususan-da, bilelikde 27 taslamanyň amala aşyrylýandygy aýratyn nygtaldy.

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen hem gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafi bilen geçirilen duşuşygyň barşynda türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

11-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan maslahat ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän anyk teklipleri öňe sürýän Diýarymyzyň bu başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli ädimleri ädýändigini nobatdaky gezek tassyklady.

Şol gün paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Bu toparyň işi halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistanyň Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilow bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün ÝUNESKO-nyň Sebitleýin edarasynyň direktory Amir Piriç bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda bilim, ylym, medeniýet, sport, sanlylaşdyrmak, taryhy-binagärlik ýadygärliklerini we medeni gymmatlyklary gorap saklamak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna garaldy.

13-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-Habitat) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan “tegelek stol” maslahaty geçirildi. Onuň işine bu maksatnamanyň Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa boýunça sebitleýin geňeşçisi K.Şefer, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu guramanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depgini bellenildi hem-de Türkmenistanda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň wekilhanasyny açmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça geňeşçisi Leýla Şarafi bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna zenanlaryň deňhukukly gatnaşmak ýörelgelerini pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň gender syýasatynyň alnyp barylýandygy nygtaldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň 2021 — 2025-nji ýyllarda Durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň ýolbaşçy komitetiniň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çykyş edenler hukuk we durmuş-ykdysady ugurlarda, hususan-da, häzirki zaman “ýaşyl” tehnologiýalaryny ulanmak arkaly azyk howpsuzlygy, howanyň üýtgemegi, sanlylaşdyrmak, maglumatlary dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

14-nji dekabrda Mary welaýatynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň amaly-haşam we mozaika sungatynyň sergisi geçirildi. Bu çäre halklarymyzyň parahatçylykly durmuşyna, durnukly ösüşine we abadançylygyna ýardam edýän, möhüm ugurlary öz içine alýan köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde nobatdaky ädim boldy.

14-15-nji dekabrda sanly ulgam arkaly XI Türkmen-german lukmançylyk forumy geçirildi. Onda saglygy goraýyş ulgamynyň dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji dekabrda Türkmenistanyň we Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen geňeşmeleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

16-17-nji dekabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda goňşy döwletiň daşary işler, dag-magdan senagaty, senagat we söwda ministrleri bilen duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda ileri tutulýan ugurlaryň giň toplumy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji dekabrda Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geçirilen Adam hukuklary boýunça dialogda türkmen wekiliýeti ýurdumyzyň hereket we dini ynanç azatlygyny üpjün etmek, täze jemgyýetçilik guramalaryny bellige almak ugrundaky tagallalaryny belledi hem-de bu ulgamda alnyp barylýan özgertmeler barada rejelenen maglumatlary berdi.

Şol gün Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Arkalaşygyň çäklerinde köpugurly hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

19-njy dekabrda Brýusselde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agzalyga kabul edilmeginiň şertleri bilen baglanyşykly makroykdysady ýagdaýy, şeýle-de energetika, daşky gurşawy goramak, ulag, bilim, ýaşlar syýasaty, barlaglar we innowasiýalar, sport, medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

19-njy dekabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” hem-de “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Köp sanly ýurtlaryň bu resminamalaryň awtordaşlary bolup çykyş etmegi olaryň umumadamzat üçin möhüm ähmiýetlidigini görkezýär.

22-nji dekabrda “Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň degişli düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça sanly ulgam arkaly geňeşmeleri geçirdiler.

28-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar, hususan-da, bilim ulgamy boýunça okgunly ösdürilýändigi bellenildi.

Dekabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşlikleriň dowamynda özara bähbitlilik, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dekabr aýynda Daşary işler ministrliginde Benin Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň we Kuweýt Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri kabul edildi. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem iri halkara düzümleriň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şeýlelikde, synda beýan edilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parahatçylyk döredijilik syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar hem-de abraýly guramalar bilen bilelikde guran köp sanly çäreleri mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine ýurdumyzyň durnukly ösüşiň belent sepgitlerine ýetmeginiň ýolunda anyk ädimleri kesgitledi.

(TDH)

11.01.2024
Ykdysadyýet: innowasion-senagat taýdan ösüş

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2052-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen Milli maksatnamasynda ykdysadyýetiň pudaklaryny innowasiýa taýdan täze sepgitlere ýetirmek boýunça anyk wezipeler, durmuşa geçirilmeli toplumlaýyn işler kesgitlenildi. Olaryň hatarynda milli ykdysadyýeti innowasion-senagat taýdan ösdürmek, önümçilige ylmyň gazananlaryny we täze tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ösen ýurtlaryň tejribesine laýyklykda, innowasiýa ulgamynyň düzümini, gurluşyny kämilleşdirmek, innowasiýalar bazaryny döretmäge we ösdürmäge yzygiderli ýardam etmek, şeýle-de ylym we tehnologiýalar ulgamynda innowasiýa işini goldamak hem-de dolandyrmak ýaly ugurlary görkezmek bolar.

Innowasiýalar uzak möhletli ykdysady ösüşiň, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmegiň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň esasy çeşmesi bolup durýar. Ykdysadyýetde innowasion ösüşi gazanmakda milli innowasiýa ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ulgam öz içine, esasan, döwleti, işewürligi, ylmy-barlag gurşawyny, innowasion gurluşlary (tehnologiýalaryň transfer merkezlerini, tehnologiýa parklaryny we ş.m.), guramaçylykly raýat jemgyýetini, innowasiýa işleri boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlary alýar.

Döwlet saýlanyp alnan innowasion ösüş nusgasyna garamazdan, ýurduň innowasiýa ýoly bilen öňe gitmeginiň esasy başyny başlaýjy, utgaşdyryjy hem-de ýardam ediji hökmünde çykyş edýär. Innowasiýa işine berilýän döwlet goldawy bu işi güýçlendirmäge gönükdirilen syýasatyň gurallarynyň biri bolup hyzmat edýär. Şol goldawlar innowasiýa strategiýasynyň durmuşa geçirilişini üpjün edýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz beýanyny tapmak bilen, innowasiýalary döretmäge, olara gatnaşyjylary höweslendirmäge itergi berýär.

Milli innowasiýa ulgamynyň binýadyny düýpli ylmy barlaglary ýerine ýetirýän we täze başlangyçlara badalga berýän guramalar emele getirýär. Olara bilimleri döretmek, ýaýratmak hem-de ulanmak bilen meşgullanýan institutlar, şeýle hem ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary üpjün edýän, daşary ýurt tejribesini içgin seljerýän, ylmy-tehniki ösüşiň çaklamalaryny taýýarlaýan we olaryň esasynda ylmyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän merkezler ýaly ykdysady gurluşlar degişlidir.

Tehnologik ösüş milli innowasiýa ulgamynyň gatnaşyjylary bolan kärhanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň arasyndaky netijeli özara gatnaşygyň ýola goýulmagy esasynda gazanylýar. Hereket edýän milli innowasiýa ulgamlary biri-birinden tapawutlanýar. Her bir döwletiň bu ulgamynyň öňünde özboluşly maksatlar hem-de wezipeler goýulýar. Ulgamyň ösüşi makroykdysady syýasat, ylmy-tehnologik kuwwat, zähmet bazarynyň ýagdaýy, jemgyýetçilik pikiri, taryh, medeni däpler bilen berk baglanyşyklydyr.

Ylym, bilim we önümçilik — innowasiýa ulgamynda özara baglanyşykly hem-de biri-birine garaşly ugurlardyr. Ylym önümçiligiň we bilimiň ösmegi üçin binýatlyk gurşaw hökmünde çykyş edýär. Önümçilik innowasiýalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmesi hem-de ylmy işläp taýýarlamalaryň esasy maýa goýujysy bolup çykyş edýär. Bilim bolsa ylymda we önümçilikde zähmet çekjek bäsdeşlige ukyply işgärleri taýýarlamagy üpjün edýän ulgamdyr. Ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky berk baglanyşygyň özara täsiri ykdysadyýetiň innowasion ösüşiniň şertlerini, şeýle hem täze başlangyçlara esaslanýan ykdysadyýete geçmegiň mümkinçiliklerini kesgitleýär. Senagat taýdan ösen ýurtlarda jemi içerki önümiň ösüşiniň ep-esli bölegi täze bilimleri özünde saklaýan tehnologiýalaryň, enjamlaryň we tehnikalaryň paýyna düşýär. Dünýäniň ýurtlary innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary döretmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga uly üns berýärler.

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär» diýip belledi. Ýurdumyzda dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen innowasion önümçilikleriň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi döwür bilen aýakdaş gitmekdir.

Dünýä tejribesinde milli innowasiýa ulgamynyň birnäçe nusgalary bar. Olaryň hatarynda Ýewroatlantik, Gündogar Aziýa, alternatiw we «üç spiral» görnüşleri aýratyn tapawutlanýar. Ýewroatlantik nusgasyna degişli ýurtlaryň kompaniýalary düýpli ylmy barlaglardan başlap, önümleriň öndürilişine we hyzmatlaryň ýerine ýetirilişine çenli innowasiýa ulgamynyň ähli ugurlaryny özüne birleşdirýär.

Gündogar Aziýa nusgasyna girýän ýurtlarda tehniki innowasiýalar, täze tehnologiýalar kompaniýalaryň ylmy-barlag merkezlerinde döredilýär. Alternatiw nusgasyna bolsa ylmy-tehnologik ösüş derejesi pes bolan ýurtlar degişlidir. Bu nusga düýpli we amaly ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, ýokary tehnologik önümleri dünýä bazarlaryna çykarmagyň pes görkezijiligi bilen häsiýetlendirilýär. «Üç spiral» nusgasy döwletiň, uniwersitetleriň we işewürligiň özara berk arabaglanyşygy esasynda ýüze çykýar. Bu nusga uniwersitetleriň ýanynda tehnologiýalar merkezleriniň hereket etmegi, döwletiň maýa goýujynyň wezipesini ýerine ýetirmegi, işewürligiň bolsa bilim bermek işine gatnaşmagy ýaly tapawutly aýratynlyklar mahsusdyr.

Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlarda innowasiýa ulgamynyň «üç spiral» nusgasy ýörgünlidir. Dünýäniň beýleki ýurtlary, şol sanda Türkmenistan hem milli innowasiýa ulgamyny ösdürmekde «üç spiral» nusgasyna eýermäge çalyşýar.

Häzir bolsa alymlar innowasiýa ulgamynyň has ösen, çylşyrymly hasaplanýan «dört spiral» we «bäş spiral» nusgalarynyň üstünde işleýärler. «Üç spiral» nusgasyndan tapawutlylykda, «dört spiral» nusgasy jemgyýetçiligi öz içine alýar. «Jemgyýetçilik» diýlip, ilkinji nobatda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, döredijilik senagatyna, medeniýete, gymmatlyklara, durmuş ýörelgelerine, sungata, döredijilik toparyna düşünilýär. Ylym we bilim (uniwersitetler we ylmy-barlag edaralary); ykdysady gurşaw (senagat, hyzmatlar ýaýrawy we ş.m.); durmuş-ykdysady, şol sanda innowasion ösüşi kesgitleýän döwlet we syýasy institutlar; jemgyýetçilik (medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri) «dört spiral» nusgasynyň özenini düzýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli innowasiýa ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn we toplumlaýyn işler geljekde bu ulgamy öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda ösdürmäge şert döreder.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

11.01.2024
Terbiýe we tejribe — goşa ganat

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny ýüzümize sylyp, uly höwes bilen okadyk. Ol bir gezek okalyp goýulýan kitaplardan däl. Ol — biziň ýankitabymyz. Şonuň üçin oňa gaýta-gaýta ýüzlenýäris. Ondaky türkmen ýaşlarynyň bitiren işleri, geljekde olaryň öňünde durýan wezipeler, milli ýörelgeler, Watan mukaddesligi baradaky nurana jümleleri her günki işimiz üçin ýörelgä öwürýäris. Kärimiz çagalara, ýaş nesle, diýmek, geljegimiziň eýelerine bilim hem terbiýe bermekden ybaratdygy sebäpli, bu kitap biziň üçin has-da gymmatly. Biz Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryny hem öz işimizde dowamly ulanýarys. Indi ol kitaplaryň üstüni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitaby ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda şeýle belleýär: «Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär». Bu sözler biziň öz işimize bolan ynamymyzy, söýgimizi artdyrýar. Bu jümlelerden her kim özüne geregini alýandyr. Biziň üçin bolsa bu jümleler bilim-terbiýeçilik edaralarynda zähmet çekýänleriň, mugallymlaryň hem terbiýeçileriň işine berlen örän adalatly baha bolup görünýär. Biz — mugallymlar ösüp gelýän nesle terbiýe berip, olara durmuş tejribämizi hem geçirýäris. Netijede, Watanyň geljekki eýelerine, ýagny öz uçurym etjek oglan-gyzlarymyza goşa ganat berýäris. Elbetde, olar şondan soňam ýene bekemeli, kämilleşmeli. Ýöne Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, maşgala we okuw-terbiýeçilik ýerleri, mekdepler nesilleriň il-ýurdumyza mynasyp adamlar bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.

Ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşygy, halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde, sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri, dünýäniň dürli künjeklerinde guralýan iri forumlara, halkara ylmy maslahatlara gatnaşmaklary barada hormatly Prezidentimiziň kitabynda buýsanç bilen bellenilýär. Ähli ulgamlarda ýaşlaryň orny bar. Türkmen ýaşlary — Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurduň buýsançly ýaşlary. Olar dünýäniň islendik künjeginde eziz ýurdumyzyň adyndan buýsanç bilen söz sözleýärler. Dürli bäsleşiklere gatnaşýarlar. Iri sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, türkmen döwletiniň baýdagyny belentde parladýarlar. Ýaşlaryň buýsanç eýeleri bolmagyna, bilimleri berk ele almagyna, sportuň dürli görnüşleri boýunça özlerini görkezmegine esas bolýan zatlar bar: olar üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilen. Olar Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen gurşalyp alnan. Ýaşlar muňa juda gowy düşünýärler we özleri hakyndaky bu aladalara bilimleri, hünärleri, dürli ugurdaky başarnyklary bilen jogap bermäge çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Men «Watan» we «halk» diýen mukaddes sözleriň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýýär. Bu ynam ýaşlar üçin mukaddesdir.

Hormatly Prezidentimiziň kitaby, elbetde, ozaly bilen, ýaşlarymyza bagyşlanan. Şonuň bilen birlikde, ol berkarar döwletimiziň saýasynda bagtly durmuşyň hözirini görýän, geljege uly umyt bilen garaýan bütin halkymyza bagyşlanandyr diýesimiz gelýär. Sebäbi munda biri-birinden aýry zat ýok. Çagalar, ýaşlar, uly nesil... — bularyň ählisi bir bitewi göwre, bir ykbal. Bularyň ählisini bir maksat birleşdirýär. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerinden ruhlanyp, Watanymyzy gülletmäge, ýurdumyzda agzybirligiň, parahat durmuşyň mydama höküm sürmegine hyzmat edýärler.

Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň kitaby barada gymmatly pikirlerini aýdyp, şeýle diýdi: «Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda-da uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýaryn». Gahryman Arkadagymyzyň bu sözleri biz — mugallymlar üçin ýol-ýörelgedir.

Güljeren MYRADOWA,

Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň müdiri.

10.01.2024
Netijeli hyzmatdaşlyk — döwletimiziň durnukly ösüşiniň kepili

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji hepdesi hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alyp barýan syýasatynyň aýdyň beýanyna öwrülen möhüm wakalara baý boldy.

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz ýurduň Kerman şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren terrorçylykly hereket zerarly halkymyzyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygy, ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi nygtaldy. Eýranyň Türkmenistan bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan döwletleriň biridigi bellenildi. Şunda ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine üns çekildi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi. Mejlisiň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça alyp barýan işi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. Ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny taýýarlamak, dokma senagatynyň kärhanalaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek hem-de bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleri barada habar berildi.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralara we çärelere görülýän taýýarlyk, şu ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek barada aýdyldy. Şeýle-de 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maý aýynda medeniýet ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty, oktýabr aýynda bolsa Aşgabat şäherinde döwlet we hökümet Baştutanlarynyň derejesindäki sammiti geçirmek teklibi beýan edildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyza türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 4-5-nji ýanwarynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz saparyň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigini belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogar döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar bu hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmakda berk syýasy binýat bolup hyzmat edýär.

Saparyň birinji gününde BAE-niň Prezidentiniň “Al Şati” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň beýleki ulgamlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge geljekde-de uly üns beriljekdigini tassykladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen, şeýle-de energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn depginini belledi. Ylym, medeniýet we sport ugurlary boýunça ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Abu-Dabi şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlarynda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzda “ýaşyl” energetikany ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Ulag-aragatnaşyk ulgamy hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça meselelere garaldy.

Iş saparynyň ikinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň iri ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherinde “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nygtalyşy ýaly, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisi tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-däki hyzmatdaşlary we maýadarlary türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna hem-de beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar yzygiderli amala aşyrylýar. Mundan başga-da, iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ýolagçy uçarynyň uçuşynyň amala aşyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.

“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de “Flydubai” kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi. Şunuň bilen birlikde, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek boýunça-da özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň ýokary netijeli geçendigine iki günüň dowamynda gol çekilen beýleki möhüm resminamalar hem şaýatlyk edýär. Şol resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr); “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr); Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda ýurdumyzyň awiaparkynyň üstüni ýetiren täze «Boeing 777-300ER» kysymly ýolagçy uçary Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Aşgabatdan Abu-Dabi şäherine ilkinji uçuşyny amala aşyrdy. Bu täze uçar hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly uçarynyň ikinjisi boldy. “Türkmenistan” awiakompaniýasy uçarlaryň ilkinjisini geçen ýylyň dekabrynda kabul etdi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda täze ýylyň ilkinji gününde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagyny görkezmek bolar. Körpeleri Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlamak üçin Aýazbaba we Garpamyk, şeýle hem Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri geldiler.

Ýaş zehinli çagalar myhmanlaryň öňünde öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler, hyjuw bilen goşgy okadylar, eziz Watanymyza, Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan joşgunly tanslary we aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

(TDH)

10.01.2024
Energetika pudagynyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, elektroenergetika pudagy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylyp, bu pudaga dünýäniň kämil tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrylýar. Elektroenergetika pudagynyň barha kämilleşdirilmegi, milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we döwrebap ösüşlerini üpjün etmäge uly ýardam berýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz Türkmenistan gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan, kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir» diýip bellemek bilen, häzirki wagtda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalara möhüm ähmiýet berýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň her biri milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilendir. Elektroenergetika pudagy hem ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolup durýar. Şonuň üçin hem bu pudagy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Esasan hem bu ugurdan işleýän hünärmenleriň döwrebap bilimlerden habarly bolmaklary üpjün edilýär.

Ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän taslamalar mähriban Watanymyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagyna we ösmegine uly ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe energetika pudagynda önümçilik meýilnamalary artykmajy bilen ýerine ýetirilip, içerki sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde, elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermekde hem netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň energetikleri täze tehnologiýaly elektrik stansiýalaryny öndürijilikli dolandyryp, elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Mähriban Watanymyzyň energetikleriniň ýurdumyz boýunça elektrik energiýasyny öndürmekdäki saldamly goşantlary uludyr.

2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýene 2000 talyba bilim we terbiýe bermek üçin goşmaça okuw binalarynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge, hil taýdan täze derejä çykarmaga uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy, milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmegiň çäginde ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde, geljekde elektroenergetika pudagynda işlemäge ukyply, başarjaň, ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

2023-nji ýylyň 3-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawata deň bolan elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy, Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulanylmaga berilmegi, ýurdumyzyň energoulgamynyň dürli böleklerini özara ätiýaçlandyrmakda, halkalaýyn energoulgamyny emele getirmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça beýik özgertmelere beslenmegi ugrunda taýsyz tagallalary amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Arslan GURBANSÄHEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

10.01.2024
DURMUŞ ÖZGERTMELERI — ABADANÇYLYGYŇ KEPILI

Tamamlanan 2023-nji ýylyň 29-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmeniň öz mirasyna, beýik şahsyýetlerine sarpa goýmagy başarýan halkdygyny ýene-de bir gezek subut etdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän özgertmeler we öňde duran beýik maksatlar rowaçlyk tapyp, Magtymguly Pyragynyň arzuw eden berkarar döwleti barha gülläp ösýär. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly durmuş-ykdysady strategiýa döwlet berkararlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ygtybarly ýoly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylýan oňyn netijeler hem aňryýany bilen görkezýär.

Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşinde taryhy nukdaýnazardan täze tapgyra — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basdy. Bu döwrüň esasy maksady ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginlerde ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitlenen «ösen jemgyýeti kemala getirmek» düşünjesiniň mazmuny uly gyzyklanma döredýär.

Islendik jemgyýetiň durnukly ösüşini içki şertleriň üpjün edýändigini nazara alsak, onda raýatlaryň ýokary, howpsuz we amatly ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň, umuman, durmuş işine döwletiň işjeň gatnaşmagynyň şeýle şertleriň özenini düzýändigine göz ýetirmek bolýar. Bu bolsa döwlet syýasatynda adamyň, onuň bähbitleriniň, isleg-hajatlarynyň ileri tutulmagynyň ösen jemgyýetiň mizemez binýadyny emele getirýändigi barada netijä gelmäge esas döredýär.

Ilatyň ýaşaýyş şertleri ösen jemgyýetiň esasy görkezijileriniň biridir. Şunda raýatlaryň girdejisi halkyň hal-ýagdaýynyň, milli ykdysadyýetiň mümkinçilikleriniň esasy görkezijisi bolmak bilen, ol ýurtda alnyp barylýan ykdysady we durmuş syýasatynyň jebisliginden, biri-biri bilen baglanyşyklydygyndan habar berýär. Has takygy, durmuş hem-de ykdysady strategiýalaryň ýakyn arabaglanyşygy döwlet syýasatynyň tutuş düzüminiň möçberini we guramaçylyk hilini kesgitleýär. Amala aşyrylýan ykdysady, tilsimat, gurluş-düzüm, institusional we beýleki özgertmeleriň mazmunyna täsirini ýetirýär.

Ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyryp, ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň baş maksadydyr. Şunda zähmet haky ilatyň pul girdejileriniň esasy çeşmesini emele getirýär. Zähmet bazarynyň netijeli hereket etmegi, köp babatda, onuň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýetine bagly bolup durýar. Has takygy, zähmet haky iş beriji bilen işgäriň arasynda ýüze çykýan zähmet gatnaşyklarynyň esasy meseleleriniň biridir. Bu, öz gezeginde, sarp edilen zähmetiň mukdarynyň we hiliniň pul görnüşindäki aňlatmasy bolan zähmet hakyna zähmet bazarynyň subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaýan netijeli gurluşy döretmekde möhüm ornuň degişlidigini alamatlandyrýar. Ilatyň girdejilerini artdyrmak meselesiniň häzirki döwürde amala aşyrylýan durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenmegi hem hut şu deliller bilen baglydyr.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda gol çeken Permany raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda berk ykdysady binýadyň döredilendigini aýdyň görkezýär. Bu Permana laýyklykda, 2024-nji ýylyň başyndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň, žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberleri tassyklanyldy. Bu çözgüt döwrüň talaplaryna laýyklykda, işgärleriň aýry-aýry toparlarynyň girdejilerini ýokarlandyrmak babatda degişli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň hemişe girizilip durulýandygyny görkezýär. Şunda döwrüň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmek häsiýeti döwletiň ösüşe ukyplydygynyň hem aýdyň görkezijisidir.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň ortaça 6 göterim möçberde saklanmagy ýurdumyzda durmuş meseleleriniň has içgin çözülmegine ýardam berýän şertleriň biri bolup durýar. Ykdysady taýdan teswirlenende, ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak strategiýasy täze gymmaty döretmegiň ygtybarly we netijeli ugrudyr. Ol ösen jemgyýeti kemala getirmegiň hem içki şertidir. Bu ýagdaý, ilkinji nobatda, senagat pudagynyň milli ykdysadyýetimizde tutýan wajyp orny bilen baglanyşykly bolup, onuň çalt depginlerde ösdürilmegi täze önümleriň köp möçberde öndürilmegine ýardam bermek bilen, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna hem öz täsirini ýetirýär.

Ilatyň pul girdejileri babatda söz açylanda, munuň özi hökmany suratda hereket edýän edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, netijede, zähmete ukyply ilaty iş bilen üpjün etmek meselelerine syrygýar. Munuň esasy sebäbi bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen zähmet haklarynyň ýokarlanmagyny önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün edilmegini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu şertleriň üpjün edilmegi ýokary durmuş-ykdysady netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Diýarymyzda ilatyň ýaşaýyş derejesini ösen döwletleriň derejesine ýetirmegiň möhüm strategik wezipeleriň hatarynda kesgitlenmegi adam bähbitlerine gönükdirilen döwlet syýasatynyň geljekde hem rowaçlyklara beslenjekdigine güwä geçýär. Hususan-da, häzirki döwürde ýurdumyzda ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna we ilatyň girdejileriniň yzygiderli artdyrylmagy üçin maddy binýadyň döredilmegine ýardam berýär. Şol bir wagtda, sanly tehnologiýalaryň ösen asyry hasaplanýan häzirki döwürde zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýän tehnologiýalary önümçilige, hyzmatlar bazaryna giňden ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler ykdysady ösüşimiziň hil görkezijilerine oňyn täsirini ýetirýär.

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

09.01.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 8-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş we geriş çekmek işleri geçirilýär. Gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak, ekişde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin kabul edilip alnan tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerleri kesgitlenilip, sürüm we tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim sebitde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek ýerleri, ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri meýilnamalaýyn esasda geçirilýär. Ekişde ulanyljak tehnikalar we gurallar, ýokary hilli gowaça tohumlary möwsüme taýýarlanylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini ýokary derejede geçirmek üçin taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, onuň depginleriniň ýokarlandyrylmagyny, ekiş möwsüminde pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak maksady bilen, sürüm we tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli çäreler görülýär. Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleri, bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny, onuň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýar etmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, bu ekinleriň ýazky möwsüminde ekiljek meýdanlaryny kesgitlemek hem-de tohumlaryny taýýarlamak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlardaky işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme talabalaýyk taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri meýilnamalaýyn esasda ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişinde ulanyljak tehnikalary we gurallary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Mundan başga-da, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ýaşaýjylary elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan işleriň, gant şugundyryny ýygnamagyň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň taýýarlanylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak babatda degişli işler dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlary şu ýylyň ýazky ekişine taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi we ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň taýýar edilmegini, gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, öňümizdäki ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi we ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň möwsüme doly taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalardaky ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

09.01.2024
Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir

Okamak, ýazmak, döretmek — maşgalamyza mahsus häsiýetleriň biri. Bular bize berlen terbiýäniň esasyny düzýän aýratynlyklar. «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir» diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar. Soňra şol okan zatlarymyz hakda pikir alyşmak, ýiti täsir galdyran ýerlerini belläp almak, düşünjelerimizi beýan etmek, depdere ýazmak — öýümiziň adaty. Wakalaryň çuňňur many-mazmunyna akyl ýetirmek üçin ýazylan maglumatlar tapylgysyz hazyna mysalynda. Sebäbi ýazyp goýsaň, ony hemmeler okap bilýär. Ýazmak bilen adam gowy zada ymtylýar, ony aňynda aýlaýar. Şeýdibem taryhy hakykaty göz öňünde janlandyryp bilýär. Şonuň üçin hem aýdylan pikirden kagyza geçirilenini okamak has gyzykly görünýär.

Aslynda, ýazmak, gündelik ýöretmek ata-babalarymyzdan bäri dowam edip gelýän, maşgalamyza mahsus aýratynlyklaryň biri. Ylym-bilime, ukyp-zehine aýratyn uly ähmiýet berilýän maşgalada önüp-ösemsoň, döredijilik ukybymyzyň kämilleşmegi üçin kakam bize hem gündelik ýöretmegi öwretdi. Muňa okuwçy döwrümizden başlap endik etdiripdi. Sebäbi günleriň kyssasy siňen setirler durmuşa düşünmek hem-de wakalardan many çykarmak üçin ähmiýetlidi. Gündelik ýöretmek sözleýiş, beýan ediş ukyplaryňy hem kämilleşdirýän zat. Söz baýlygyň artýar, ýazdygyňça, beýan etdigiňçe, pikiriňi dogry-dürs we täsirli ýaňzydyp bilmek başarnygyň kämilleşýär.

Halkymyzyň taryhyna, şu gününe we geljegine dahylly pikirlerimi, garaýyşlarymy, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişip, ilkinji toplan tejribelerim hakyndaky pikirlerimi şu günlerem gündeligime ýazmagy dowam etdirýärin. Bu gün seljersem, gündeliklerim, olardaky ýazgylar ep-esli bolupdyr. Olary okyjylar bilen paýlaşmak islegi döredi. Atam pahyryň maslahatyna eýerip, kitap ýazmak hakynda pikir edip başladym.

Terbiýe we tejribe — ynsan ykbalynyň goşa ganaty. Alan terbiýämiz ykbalymyza, alnymyza täsir edýär. Amal edýän her işimiz tejribämize öwrülýär. Tejribe bolsa diňe özüň gazanylýan, ýöne il-gün bilen paýlaşylýan hazynadyr. Gowy zatlar, il-halka ähmiýetli zatlar paýlaşyldygyça, olaryň berekedi artmak bilen bolýar.

Men bu kitabymda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylan beýik işler, olara ýaşlarymyzyň gatnaşygy, şeýle hem geçilen ýollar, toplanan tejribeler hem-de ýerlikli hasaplan maglumatlarymyň, esasanam, halkymyz, Watanymyz baradaky pikir-garaýyşlarymyň käbirlerini siziň bilen paýlaşmagy müwessa bildim.

Bu kitabym eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda bilelikde öňe ilerlemekde her birimize goldaw berer, gollanma bolar diýip umyt edýärin!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan.

09.01.2024