Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýerli mineral çig mal serişdelerini rejeli we toplumlaýyn ulanmak uly ähmiýete eýedir. Çünki iri pudagara toplumlar bolan ýangyç-energetika, nebit we gazhimiýa, gurluşyk senagaty gönüden-göni şol serişdeleri öndürmäge, gaýtadan işlemäge hem-de ulanmaga esaslanýar. Agrar, dokma, azyk we beýleki öndüriji pudaklar-da olaryň önümlerini ulanýarlar. Senagatyň köptaraplaýyn ösüşi daşardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary öz baýlyklarymyzyň esasynda öndürmäge mümkinçilik berýär. Munuň sebäbini Türkmenistanda metal we metal däl, dag-magdan, gidromineral we beýleki gazylyp alynýan baýlyklaryň iri känleriniň bardygy bilen düşündirmek bolar.
Mälim bolşy ýaly, 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy, olarda täze, ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şonuň bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwuň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etdirmegiň wajypdygy, nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen meselelere aýratyn üns bermegiň zerurdygy nygtaldy.
Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegleriň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň önümçiligini çalt depginlerde ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bu babatda esasy gurluşyk serişdeleriniň biri bolan sementiň öndürilişini artdyrmaga uly üns berilýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda mineral baýlyklaryň dürli görnüşlerine baý künjekleriniň biri-de Köýtendag sebitidir. Bu sebit gazylyp alynýan himiki çig mallaryň, tebigy duzlaryň, gurluşyk materiallarynyň, bezeg daşlarynyň, seýrek duş gelýän metal magdanlarynyň we beýleki gymmatlyklaryň baý mesgeni hasaplanýar. Geologlaryň maglumatlaryna görä, sebitde şeýle baýlyklaryň 40-a golaý görnüşi jemlenendir. Olary senagat taýdan özleşdirmek uly ykdysady we ekologik ähmiýete eýedir. Bu ýerde kaliý duzlarynyň, selestin magdanlarynyň, kükürdiň, ýod-brom suwlarynyň, nahar duzunyň, gipsiň, dolomitiň, hek daşlarynyň we beýleki baýlyklaryň ägirt uly gorlarynyň bolmagy olary senagat taýdan özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Munuň üçin ulag-kommunikasiýa, energetika, gurluşyk materiallary senagaty hem ilerledilýär. Hususan-da, täze Kerki — Kerkiçi demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurulmagy Amyderýanyň sag kenarynda möhüm senagat pudaklarynyň ösdürilmegine şert döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 13-nji martda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Innowasion tehnologiýalar esasynda gurlan we enjamlaşdyrylan iri kärhananyň önümi ýurdumyzyň semente bolan islegini kanagatlandyrmaga, ony daşarky bazara eksport etmäge mynasyp goşant bolar.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Hususan-da, ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe bolan «PS-600» kysymly sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşuldy. Bu zawodlar toplumynda gurluşykda sementiň uly isleg bildirilýän we seýsmiki taýdan berkligi üpjün edýän görnüşlerinden başga-da, nebitgaz pudagy üçin zerur bolan tamponaž sementi, gidrotehniki desgalar gurlanda ulanylýan sulfata durnukly sement hem öndüriler.
Köýtendag sebiti tebigy baýlyklara we ýadygärliklere baý künjekdir. Bu täsin sebit ekologik taýdan arassalygy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary, halkara ähmiýetli paleontologik tapyndylary, howa şertleri bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin-de döwlet Baştutanymyzyň hem nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda täze tehnologiýalar diňe degişli talaplara laýyk gelen ýagdaýynda önümçilige ornaşdyrylýar. Şeýle bolansoň, täze zawodda önümçilikde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat berilýän derejelerden ep-esli azdyr, howa goýberilýän tozany toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüçler ulanylýar. Bu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, geljekde sebitde bir bitewi önümçilik, medeni-syýahatçylyk toplumlarynyň döredilmeginiň mümkinçilikleri ylmy taýdan esaslandyryldy. Elbetde, bu çäreleri amala aşyrmak, öz gezeginde, dürli ugurlar boýunça döwrebap hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär.
Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarynyň depginini has-da artdyrmaga goşmaça itergi berer. Şonuň bilen birlikde-de, Köýtendag sebitiniň geljekde toplumlaýyn ösdürilmegine täze şertleri döreder.
Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.